BEZIRGEN

 Görogly Agaýunus bilen agzybir, mylakatly ýaşansoň, ol hem her bir işde öz heserdeşiniň sarpasyny saklardy.

Günlerde bir gün Görogly öz kyrk ýigidi bilen awdan-şikärden dolanyp geldi. Agaýunus Göroglynyň öňunden çykyp, hemişekisi ýaly onuň atyny tutdy. Soňra ony gujaklap atdan düşürdi, aýagyny ýere degirmän, haremhanasynyň içinde oturtdy: «Görogly, sen gök çaý içermiň, gara çaý içermiň, gant ezip içermiň, nabat ezip içermiň?» diýip, onuň daşyndan pyr-pyr aýlanyberdi. Munuň hoşama -dyna Görogly ýene birneme çişiberdi. Agaýunus:

— Alla, Görogly, sen meniň şujagaz hoşamadymam götermediň-ow! Gaýta ýene çişmäge aýlanyşdyň — diýdi.

Görogly:

— Haý, Agaýunus, men çişmän kim çişsin? Gyrýan,çapýan, äkelýän. Garaçygyma kakylman ýörun. Bu azada sohranyň erkana

--------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Gurbannazar Artykowyň ýazyp beren golýazmasy, bagşy Ak-jagül Myradowanyň aýdan nusgasy esasynda bu dessana käbir goşmaçalar girizildi.

bendesi men. Ýöne sen özüň bize zagypa bolup, çişýäsiň diýip aýtmaň dogrumy?—diýdi,

Agaýunus hem:

— Görogly, meniň günämi ötseň, saňa üç-dört agyz sözüm bar! — diýdi.

— Aýt, öteýin!

— Ötseň, saňa oba girrigi, juwansöýer, nirde bir Harmandäli ýaly juwan barka diýip, gözläp ýören juwanbaz diýerler. Saňa är diýmezler, ärjagaz diýerler!

— Haý, zaňňaryň zagypasy, seniň aýdýan gürrüňiň meýdan ýerde menden başga är görýän ýaly-la? Bizden başga ýalançyda är bolmaz! — diýip, Görogly:  «Bu zaňňar menden gaýram är küýseýän bolmasyn?!» diýip,murtuny towlap-towlap goýberdi.

— Görogly, murtuňy towlap, özüňe bat berme, hiç kimden artyk iş bitiren dälsiň!

— Meniň bitirmedik işim ýokdur, ýalançyda armanym bolmaz.

— Bitiren işleriňi habar ber, eşideli!

— Ine, meniň bitiren işlerim! — diýip, Görogly sazyny goluna alyp, bir söz aýdar boldy:


On sekiz arçyn at mündüm,

Atdan armanym galmady.

Niçe gerçeklerni tutdum,

Tutdum, armanym galmady.


Sedar bolup, ýol başladym,

Derbentden ylgar taşladym,

Çapdym, bedewler goşladym,

Çapdym, armanym galmady.


Söweş güni guýruk işdim,

Dag-dere, deňizden aşdym,

Duşman bilen gylyçlaşdym,

Ýykdym, armanym galmady.


Ysgaýyp gyzyl gülünden,

Sormuşam şirin dilinden,

Şähdi-şeker ak golundan

Içdim, armanym galmady.


Çillekeş ner kibi mesdim,

Işim söweş, duşman kasdym

Ganym görsem, üstün basdym,

Basdym, armanym galmady.


Ylgar etdim uzak gije,

At ýallaryn guça-guça,

Bu jany oka, gylyja

Tutdum, armanym galmady.


Birniçe sürdüm döwrany,

Janda goýmadym armany,

Gylyç urup, ýow ganyny,

Dökdüm, armanym galmady.


Goçaklarym bilen ýördüm,

Ýigitlik möwsümin gördüm,

Gyrat münüp, döwran sürdüm,

Sürdüm, armanym galmady.


Ömrüm ötüp, galmaz baky,

Keşt edip ýakyn-yraky

Ylgardan Şirwan-Şamahy

Ýördüm, armanym galmady.


Çandybilden at gaçyrdym,

Ýedi pilden ok geçirdim,

Beglere şerap içirdim,

Içdim, armanym galmady.


Adym çykdy giň jahanda,

Batyr ärler çohdur şonda,

Ýigitlerim bar bir ýanda,

Sürdüm, armanym galmady.


Köpler bilen söweş etdim,

Jeň bar diýse, durman gitdim,

Çillä mündürip ýaý atdym,

Atdym, armanym galmady.


Tylla jyga galpaklysyn,

Başy samyr telpeklisin,

Görogly aýdar, gulpaklysyn

Söýdüm, armanym galmady.


Görogly sözüni tamam etdi. Agaýunus:

— Görogly, «söýdüm, armanym galmady, tutdum, armanym galmady!» Bu hiç kimiňkiden artykmaç iş däl. Seniň çapyp, urup «alaý» diýip taşlan dünýäňi göremok. Görogly, men saňa äriň yşaratyny aýdaýyn. Är diýeniň boýlary minara kimin, kelleleri kümmez kimin, agyzlary ojak kimin. dişleri kürek kimin, sakrallary kelle urlan söwüt kimin bolsa gerek. Seniň ýaly üç-dört adamam onuň bilen gürrüňleşip otursa gerek.

— Aý, Agaýunus, şol aýdýan äriň, birmahal ötüp gidenmi ýa häzirem bar adammy?

— Bar.

—  Nirede?

— Sal-salyň neslinden bolan Akbeg ogly Bezirgen on sekiz ýyldan bäri üstüňi basyp söwdagärçilige geçip dur. Sen är bolýan bolsaň, ondan paç-zekadyňy almazmydyň? Sen beýle mert bolýan bolsaň, bar, şondan habar tut, şolar ýaly mertler bilen güýç synanyş, göwnüň ýetse, onuň bilen dogan okaş, olam özüň ýaly ýeke ýigitdir!

— On sekiz ýyl bäri şonuň o ýana-bu ýana ötenini bilip, näme üçin maňa aýtmaýasyň!

— Aýdamda eliňden bir iş gelýän bolsa, ine, aýtdym!  — diýýp, Agaýunus Görogla Bezirgeni habar berip, bäş keleme söz aýdar gerek;


Indi menden habar alsaň,

Dur-ha, Görogly, Görogly!

Bezirgenden biler bolsaň

Bar-ha, Görogly, Görogly!


Bezirgeniň özi mertdir,

Mertlere merdem ýigitdir,

Görogly, sen atyň ýortdur,

Bar-ha, Görogly, Görogly!


Ugra adamyň, merdine,

Gürjüstanyň, şir-gurduna,

Sapar aýnyň on dördüne,

Bar-ha Görogly Görogly!


Mes bolup özüňden gitme,

Çöl ýerde syýasat etme,

Muhannesiň pendin tutma,

Bar-ha, Görogly, Görogly!


On sekiz ýyl ötýär paçsyz,

Sen görünýäň ondan güýçsüz,

Güýç synanşgyn, bolgun öçsüz,

Sur-hä, Görogly, Görogly!


Ony görmän sen lap urma,

Özüňden hem asgyn görme,

Gelip meýhanaňa girme,

Bar-ha, Görogly, Görogly!


Namart bolup,ýolda galma,

Gaýdyp meýhanaňa gelme,

Ony özüňden kem bilme,

Bar-ha, Görogly, Görogly!


Ýalançyda bir ady ýok,

Nala tartsa, perýady ýok,

Özüň kimin zürýady ýok,

Bil-hä, Görogly, Görogly!


Sen bu gün etme gümany,

Diliňden goýma subhany,

Akbeg ogly Bezirgeni,

Gör-hä, Görogly, Görogly!


Atyňy mun-de, joş eýle,

Garyp göwnüňi hoş eýle,

Erkek bolsaň, söweş eýle,

Bar-ha, Görogly, Görogly !


Geler ýolunda sen ýatsaň,

Onuň bilen söweş tutsaň,

Asgynlygna boýun etseň,

Är-hä, Görogly, Görogly!


Görogly, eşitgin merdi,

Tirkişinde, uç ýüz nerdi,

Agaýunus habar berdi,

Sür-hä, Görogly, Görogly!


Görogly Agaýunusyň bu sözüni eşidip:

— Aý, Agaýunus, salgy bermän-ä bildiň, duş etmäni bilseň! — diýdi.

— Salgy beren adam duş hem eder — diýip, Agaýunus seýir dogasyny okap, dyrnagyna gözläp:

— Sapar aýynyň üçi güni ýa dördi güni geçýä, Görogly — diýdi.

Görogly bu habary eşidip, meýhanasyna geldi.

— Köse, bir gep bar eken!

— Nä gep bar, Görogly?

— Akbeg ogly Bezirgen on sekiz ýyldan bäri üstümizi basyp, söwdagärçilige ötüp duran eken. Onda on sekiz ýylky paç bar eken, Köse!

— Ony kimden eşitdiň, Görogly?!

— Agaýunusdan.

— Görogly, sen özüň meniň diýenimi etmeýäsiň! Meniň diýenimi etseň, şu perizadyň sylagyny, hoşamatyny ýetirip dursaň, her watrak çaý-temmäki puly tapyp berýä, sen onuň ýanyna barmaýasyň.

Görogly Gyratyny eýerläp, kyrk ýigidi bilen ugramýakçy bolanda, Agaýunus bilen hoşlaşyp, bir gazal iýtdy:


Biz ugradyk Bezirgene,

Agaýunus, hoş gal indi!

Bezirgen geçýän ýerine,

Ugradyk biz, hoş gal indi!


Görüşýänçäk hoş galawer,

Her zaman ýada salawer,

Gelmesem, habar alawer,

Agaýunus, hoş gal indi!


Galgyn, meniň süýji dilim,

Ter açylan täze gülüm,

Pata ber, açylsyn ýolum,

Agaýunus, hoş gal iidi!


Görogly diýr, men gider men,

Ärlerçe göreş eder men,

Gör, Bezirgeni näder men,

Agaýunus, hoş gal indi!


Görogly, bu sözüni tamam etdi. Agaýunus:

— Eý, Görogly beg, sen baryp Bezirgen bilen güýç synanyşsaň, synanyş, emma gaýtjak wagtyňda onuň bilen dogan okaşyp gaýt! Sen-de bir ýeke ýigit, ol-da bir ýeke ýigit. Öňküleriň aýdany: «Iki el birigip ýüz ýuwar».  Eger-de siziň güýjüňiz  birikse, dünýäde garşyňyza çykyp biljek ýow bolmaz. Emma sen ony aldap, ogryndan dagy bir zeper ýetirjek bolma! — diýdi.

— Bolýa, men seniň aýdanyňdan çykmaryn — diýip,Görogly baş egdi.

Görogly Gyraty seýishanadan çykaryp, ýalaňaçlap, "sypap-sypap, gaşap-garbap, zerteň-zeberteň eýerläp, guşgun synabendini mäkämläp, içeri girip, geýim-gejimlerini egnine geýip, egri gylyjyny bilinden asyp, sary ýaýy egnine ildirip, sagdaklary hatara gysdyryp, öňünden-ardyndan goşa hanjary urup, çakmagy telpegi başyna geýip, tylla nally ädigi aýagyna dartyp, otuz iki tüýsli uruş esbabyndan göterip, naýzany gapdalyndan kese taşlap, Gyrata galyp bolup, Sapar kösäni baş edip, kyrk ýigidi öňüne salyp, atlanyp çykyp gidiberdi.

Gelip bir dagyň derbendini saklap ýatybersinler.

— Köse, sen kyrk ýigit bilen şu ýerini saklap ýat!Men ýeke özüm Araz çaýynyň güzerini saklaýyn, ondan geçäýmesin.

Görogly Gyraty bu ýerde goýup, bir palanly ýabyny münüp, Araz çaýynyň güzerini saklap ýatybersin.

 

Iki keleme sözi Bezirgenden eşideliň. Bezirgen bir gün üç ýüz neri gymmatbaha matalardan ýükläp, Gürjüstan ýurdundan söwdagärçilige gaýtmakçy boldy. Emma bir dogany bardy, adyna Aýsoltan diýerdiler. Aýsoltan bu gün agşam ýatyp, bir düýş gördi. Düýşünde asmandan bir gara guş gelip, başynyň jygasyny kakyp alyp ötägitdi. Oýanyp, agasynyň ýanyna bardy. Görse, ol üç ýüz neri gymmatbaha matalardan ýükläp, ugrajak bolup dur. Aýsoltan agasyna ýalbaryp, şeýle dileg etdi:

— Aga jan, şu saparky söwdany goý! Men bir ýaman düýş gördüm—diýdi. Onda Bezirgen:

— Bahar aýynyň belli düýşi bolarmy? Arwahdyr, jyndyr, oýnap ýörendir seni — diýdi

Aýsoltan, her neme-de bolsa, gören düýşüni beýan edip, bir gazal aýtdy:


Aga jan, ýatyrdym bir ahwal gördüm,

Janym agam, gitme uzak ýollara!

Ýüregim ýaryldy, tisgindim, turdum,

Arkadagym, gitme uzak ýollara!


Mundan gitseň, girip dagy-daşlara,

Bilmen, ne söwdalar düşer başlara,

Rehm et gözümden akan ýaşlara,

Janym agam, gitme uzak ýollara!


Mundan gitseň, Araz çaýdan aşarsyň,

Çandybilde Göroglyga duşarsyň,

Bil tutuşyp, aşagyna düşersiň,

Arman bolar, gitme uzak ýollara!


Arzylum dagynda ýagmyrlar ýagar,

Melewşeler kaddy-biliňi eger,

Ýaýyň oky eziz teniňe deger,

Arkadagym, gitme uzak ýollara!


Aýsoltan diýr, aklym dargady, çaşdy,

Başyma ne söwda geldi-de geçdi,

Jygamy garaguş aldy-da gaçdy,

Janym agam, gitme uzak ýollara!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Aýsoltan köp ýalbardy, Bezirgen az eşitdi.Agasy diýenini etmänden soň, Aýsoltan aglap-eňräp, tylla desseli gazmany ak synasynyň üstünde goýup,  agasyna  garap,  bäş keleme Söz aýtdy:


Mundan gider bolsaň, jan ýalňyz agam!

Didar kyýamata galsa, neýlär men?!

Hesretiňden aglap, tutar men matam,

Läşiň çöl içinde galsa, neýlär men?!


Gapdalynda bardyr Sapar belasy,

Onuň ýoldaşydyr Handandyr ady,

Kyýamatlyk ogly Öwez zürýady,

Daşyň alyp öldürseler, neýlär men?!


Kyblasynda bardyr Käbe hudasy,

Muhammetdir onuň puşty-penasy,

Aly ermiş onuň dowam hemrasy

Şiri-huda destgir berse, neýlär men?!


Aga, gider bolsaň teke iline,

Gylyç urar seniň näzik biliňe,

Haýpy gelmez seniň şirin diliňe,

Bagtymyza gara çekse, neýlär men?!


Aýsoltan gyz aýdar, ýekedir başym,

Hesretiňden akar boldy gözýaşym,

Ýamandyr ahwalym, şu gören düýşüm

Aýsoltana kysmat bolsa, neýlär men?!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Bezirgen onuň aýdanyna-diýenine gulak asman, Gürjustan ýurdundan çykyp gaýdyberdi, az ýöräp, köp ýöräp, aw awlap, gulan kowlap gelerdi. Şol gelşine, Bezirgen Göroglynyň üstünden geldi. Daňa ýakyn göýä dagyň ýarygyndan çykan ýaly kerwen sesi geldi. Gün çykdy, Bezirgen göründi. Gözlese, üç ýüz ineri biri-birine tirkäpdir. Dört ineri biri-birine zynjyr -bent edip çatypdyr. Üstüne altyn tagt taşlap, jülgäni ses bilen dolduryp gelýär. Mundan Göroglynyň howalasy basylyp, şatyr-şutur ýabydan düşup, ýabyny kowup goýberip, bir hyşanyň teýine gaýym girdi.

Bezirgen bärsinden baryp, inerleriniň toýnuklaryny ýazdyryp, ýüklerini düşürip, inerlerini ota-suwa kowup goýberip, ketde howuz ýaly bir çukur gazmaga aýlanyşyberdi. Göroglam hyşanyň teýinde görüp ýatyr. «Artykmajrak ýüki bar-ow, ýaramaz düýesi dagysy    bar bolmaga çemeli-dä.Şu ýerde gömüp gitjeg-ow. Bu gömüp giderem  welin,  agtaryp  alyp:  «Agaýunusyň ýanyna baryp: «Ine, pajymyzy almadykmy? diýerin» diýip ýatyr. Görogly görse, Bezirgen ol howuz ýaly çukury ojak üçin gazyp ýören eken. Onuň on sekiz gulakly gazany bar eken. Ol asyl sähel-mähel ojaga sygarly däl. Şony ataryp, çelek bilen derýadan suw alyp, dolduryp, ok-ýaýyny alyp: «Keýik-gulan tapylmazmyka atyp iýer ýaly» diýip, o ýana, bu ýana söltüldäberdi. Şol gezip ýörşüne oňa başga aw gabat gelmän, Göroglynyň ýaňky ýabysy duçar geläýse nätjek. Ýabyny tutup, gaňragada basyp, damagyny çalyp, bölüşdirip saldy gazana. ÝAkyberdi ody. Bäş-alty gezek gaýnandan soň, çalarak bişen mahalynda howlugyp, bilinden gamany sogrup alyp, somma-som hanjar bilen göterip, gazandan agzyna taşlamaga aýlanyşdy. Damaklary gulkuldap, aňry düşeni jüňk edip düşýä. Gaýym bir ýabynyň etini iýip, çorbasyny içip, meýdandan inerlerini äkelip, owlak-guzy göterýän ýaly, inerlerini derýadan göterip geçirmäge aýlanyşdy. Onsoň ýüklerini geçirmäge aýlanyşdy. At ýüzdürýän Araz çaýynyň kä ýeri uýlukdan, kä ýeri uýat ýerini ýa ýapýar, ýa ýapanok. Bu ýanyna geçirip ýüklerini urup, inerlerini tirkäp ýola rowana bolup gidiberdi.

Görogly: «Meniň Göroglydygymy nä bilýär şu. Şunuň bilen bäş-alty agyz gepleşip galaýyn-la!» diýip, bir mahaldan soň hyşanyň aşagyndan çykyp:

— Aý, Bezirgen aga, salawmaleýkim,bäri dur! — diýdi.

Bezirgen ineriň owsaryny burup durdy.

— Ine, durduk, han ogul, habaryňy ber!

— Bezirgen aga, meni Görogly agam iberdi.'

— Näme diýip iberdi?

— On sekiz ýyllyk paç boýnunda bardyr. «Özünden bilip bu ýyl getirip berer, geljek ýyl getirip berer» diýip, tama edip ýatdyk. Ol tamamyz-a Bezirgen-den çykmady. «Şol pajy senden berip ibersin! diýip, meni agam ibardi» diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Bu ýollardan näçe gezek geçipsiň,

Görogla pajYňy bergin, Bezirgen!

Bu ýerleriň süýji suwun içipsiň,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Araz derýasyndan köPrüsiz geçdiň,

Bilmeýin gelipsiň, sen merde duşduň,

Ajal şerabyny sen bu gün içdiň,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Dag üstünden iner, Gyrat astynda,

Sansyz leşger durabilmez kastynda,

Düýrme gylyç oýnar ganym üstünde,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Çandybiliň Göroglysy bellidir,

Sözleşeňde şähdi-şeker dildidir,

Ýaşyny sorasaň aýny ellidir,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Duman turar ýyldyz dagyň başynda,

Kyrk ýigidi bardyr degre-daşynda,

Dälimejnun, Gyraty hem gaşynda,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Aklyň çaşyp geldiň Çandybiline,

Neneň aýak basdyň merdiň ýoluna,

Indi düşduň Göroglynyň eline,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Dag üstünden geler, seri ellidir,

Sözleşende ýetmiş iki dillidir,

At-owazy kulli äleme bellidir,

Göroglyň pajyňy bergin, Bezirgen!


Görogly diýr, belent dagyň pestinde,

Seniň bilen garpyşmanyň kastynda,

Gylyç oýnar bu gün seniň üstüňde,

Görogla pajyňy bergin, Bezirgen!


Görogly sözüni tamam etdi. Bezirgen:

— Aý, han ogul, hepdelik, on günlük ileri ýanyn-dan, gaýra ýanyndan sowlup geçýädim hemişe. «Şu ýyl ygbalymdan näme bolsa göreýin» diýip dogrulap geldim. Zekat gerek bolsa, agaň özi gelip alsyn! — diýdi.

— Görogly agam bir ganhor adamdyr, mendenjik berip goýberibersene!

— Sen Göroglynyň nämesi?

— Men-ä ýylkyman çopany.

— Görogly bilen uruş edenimizde, seniň ýaly adam arada ölüp galar, ýok bol!

Görogly içinden: «Şunuň güýjüni bir synaýyn-la» diýdi.

— Bezirgen aga, meniň Görogly agamyň Yspyhandan getiren sary ýaýy şu. Muny başga adam çillä mündürip, atyp bilmeýä. Özem gaty agyr. Şu ýaýy çekseň-ä,agam bilen güýjüň deň gelýä. Bolmasa-da derrew düşüp, zekady sanaber!

— Alyp ber bu ýana ýaýy!

Görogly ýaýy onuň eline alyp berdi. Bu ýaýda bir doga bar. Şol dogany bilen adam çekýä. Bolmasa, kyrk pygamberiň güýji birikse-de çekebilmeýä. Bezirgenem bilýän ekeni muny. Dogasyny okap, ýaýy şatyrdadyp çekiberdi.Iki başy eplenip,bir-birine ýetip gelýä ýaýyň. Görogly:

— Aý,Bezirgen aga, agamyň töhmetine goýduň, taşlaweri ony bäri! — diýdi.

— Aý, agaň özi gelende, alar-da — diýip, Bezirgen ýaýy hataba gysdyraýdy.

— Bezirgen aga, meniň elimden ýaýymy alma!

— Alanda nädýä?

— Hemin zaman Görogly agam kyrk ýigidi bilen geler. Saňa aýdar: «Zaňňar Bezirgen, goç ýigidiň atyna,ýaragyna öldürip eýe bolarlar. Her gezip ýören dogmanyň elinden aldap ýarag alynçaň, toprak başyňa!» diýip aýdar. Sen oňa yza iýseň gerek?!

— Alla, rast aýtd-ow, bu, al-ow ýaýyňy! — diýip, zyňyp iberdi.

Görogly ýaýy aldy-da gaýdyberdi. Geldi ýigitleriniň ýanyna. Köse:

— Görogly, ajdar gördüňmi, şir gärdüňmi, ganyň gaçypdyr-la! Hany ýaby?! — diýdi.

—      Köse, ýabydan-da geçdik,ajdar-şir görençe-de bolduk. Aman-sag gaýdyberenden gowusy ýok.Köse! — diýip, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýtdy:


Uçradym Araz çaýynda,

Men Bezirgene uçradym!

Bisähet sapar aýynda,

Men Bezirgene uçradym.


Nerlerin çaýdan ötüren,

Kyn işi aňsat bitiren,

Akyl-huşumy ýitiren,

Men Bezirgene uçradym.


Näler berk etdim çaýymy,

Ýat edeýin hudaýymy,

Syndyrypdy tas ýaýymy,

Men Bezirgene uçradym.


Beýhuş bolup ýatyp-turdum,

Haknyň ajap sungun gördüm;

Tagaçjyp bir adam gördum,

Zor Bezirgene uçradyw.


Arazdan geçdi aýagy,

Şahana meňzär taýagy,

Döwlere meňzär syýagy,

Zor Bezirgene uçradym.


Ýükün derýadan ötürdi,

Bir merdiň işin bitirdi,

Nalyşyn alla ýetirdi,

Är Bezirgene uçradym.


Üç ýüz neri bar goşunda,

Altyn gupbasy başynda,

Bezirgen otuz ýaşynda

Ýaş Bezirgene uçradym,


Elimden aldy geregim,

Gorkuzyp ýardy ýüregim,

Bilebilmedim deregim,

Zor Bezirgene uçradym.


Ömrüm guşun tutabilmen,

Üstün basyp ötebilmen,

Waspyn aýdyp ýetebilmen,

Men Bezirgene uçradym.


Bu dünýäde ömür sürüp,

Ýagşy-ýaman baryn görüp,

Zor görmedim şunça ýörüp,

Är Bezirgene uçradym.


Geliň, begler, näden ýagşy,

Bir maslahat eden ýagşy,

Görogly aýdar, gaýdan ýagşy,

Zor Bezirgene uçradym.


Görogly bu sözi aýdansoň, Köse: — Görogly, sen ähtiýaçly ýigid-ow. Bir ýerde gorkaklygam gerek bolar diýip, öwrenip goýaýýaň-ow! — diýdi

— Köse, gorkaklygyň işi däl, aman-sag gaýdandan gowsy ýok!

— Munuň atasy Adybeg soltana-da hyzmat edip-Şular ýaly agzymyz aşa ýetende, onuňam bir gep bardy — diýip, Köse Öwez jana gep makullady.

— Öwez jan, bu seniň diýeniňden çykmaýa. Şuny bir atar.Bular ýaly olja, bular ýaly mal är ömründe ýa bir sataşýa, ýa iki sataşýa. Şuny bir almaň alajyny edeliň!

Öwez jan gelip, Görogla arz etdi:

— Aga, şuňa, her zat bolsa-da, bir atlanaly!

— Aý Öwez jan, gaňryşa tutýasyň!Atlansagam-a atlanarys welin, emma ol dest bermez.

Görogly kyrk ýigidini alyp,ýoluna çykyp gidibersin.gelip öňüni gabatlap, bir güzer saklap ýatybersinler.Gijäniň içinde Bezirgeniň «haýt» diýen owazy Kösäň gulagyna degiberdi.

— Görogly, ajdar barmy, şir barmy, bir ýakymsyz towuş bar-la?!

— Bezirgeniň-towşy bu, Köse!

— Oho, towşy nebela eken-ow!

Gün çykdy, Bezirgen göründi. Kösede ony gördi.

— Görogly,şunuň kaddy-kamaty, ýasalmyşmy ýa çadyr gurap gelýämi?!

— Ýasalmyşy, Köse.

— Alla, Görogly, aýdanyňça bar eken.Görünmän gaýdybersek näderkä hälem?!

— Zaňňar Köse, ozal aýdanymda näme gulak asmaýaň?! Indi düýä münüp hataba bukjak bolýamyň? Indi munuň gözüne görnüp gaýtsaň, indiki sapar galanyň içinden geçip, inerlerine garnyňy basdyryp geçer.Sürüň, munuň bilen bir ýanly bolmak gerekdir! — diýip.Yňdaryp ötägitsinler.

Bezirgenem gördi bulary. Ol: «Ýaňky ýylky çopanyny öldürsem boljak eken-ä, baryp habar beripdir.Gel her zadam bolsa bagt işidir-dä» diýip oýlandy. «Işiňi ýamana san, ýagşy, çyksa, ykbalyňa» diýenleri. «Bilip bolmaz, ajalym ýetip öläýsem, ýoluň üstünde läşim sarlip galmasyn» diýip, ineriň owsaryny Arzylum dagyna garşy aýlaberdi. Göroglam onuň garşysyna geçip: «Ýol beýlede, sen nirä barýasyň?» diýip, sazyny goluna alyp, Bezirgene garap, bäş keleme söz aýtdy:


Sapaýyn, sowuldyň ýoldan,

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!

At salaryn sagy-soldan,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!


Men bir şa men, täjim bardyr,

Almaly hyrajym bardyr,

On sekiz ýyl pajym bardyr,

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!


Meýdandan goýbermen seni,

Tanaman ötduňmi meni,

Gel, pajyň ber, ýöri göni,

Gaýt, Bezirgen, ýol mundadyr!


Şu gün seniň günüň batar,

Janyň jähenneme ýeter,

Bogazyňdan peýkam öter,

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!


Naýza sanjylar janyňa,

Hossaryň gelmez ýanyňa,

Tagtyň boýalar ganyňa

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!


Atdan duşsem, ýaman bolar,

Gutulmagyň güman bolar,

Demir donlar weýran bolar,

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!


Görogly beg, dünýe erkdir,

Han Öweze gelen görkdür,

Arzylumyň ýoly berkdir,

Gaýt, Bezirgen,ýol mundadyr!


Görogly bu sözi aýdany bilen Bezirgen kime diýýäsiňem diýenok, gidip barýa, tap düýelä it ürýän ýaly. Köse:

— Görogly, bu aýdanyňa-ha ol gulak asmady! Şuňa ýamaşgandan:  «Pajymy  ber!» diýip,  gatyrak bir söz aýt! Bers-ä bereni, bermese, basym gaýdaly! — diýdi.

Görogly ýoluň üstünde keserip durup:

— How, zaňňar Bezirgen, meniň gepime näme üçin gulak asmaýasyň?! Meni adam sanynda görýämiň, görmeýämiň?—diýip,   paç sorap, bir söz aýdýar. Bezirgenem  Paç bermerin» diýip jogap berýä.


Görogly:

— Men hem geldim Çandybilden,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!

At salynar sagy-soldan,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!


Bezirgen:

— Sen hem gelseň Çandybilden,

Saňa mal bermen, Görogly!

Eliňde abraýyň barka,

Saňa git diýr men, Görogly!


— Çandybilinden bolar men,

Senden hyrajyn alar men,

Başyňa oýun salar men,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!


— Zekat derwüşe bererler,

Hudanyň emrin görerler,

Ýamany ýagşa ýorarlar,

Saňa paç bermen, Görogly!


— Kyrk ýigit birden at salar,

Eglendirmeý seriň alar,

Üç ýüz neriň bize galar,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!


— Kyrk ýigit meýdan işidir,

Gaýgy bilen endişedir,

ýigitler göýä peşedir,

Saňa zat bermen, Görogly!


— Goç ýigidiň bir sözünden,

Gel, gulak tut pyganyndan,

Bolmasa, ber zekadyňdan,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!


— Allanyň keremi çohdur,

Sagdagymda segsen okdur,

Zekat ýerine hüşür ýokdur,

Saňa zat bermen, Görogly!


— Özüm Görogly bolar men,

Senden zekadym alar men,

Basyp damagyň çalar men,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!


— Goç ýigidiň meýdan mesdi,

Seni öldürmekde kasty,

Bezirgeniň ýeke desdi,

Saňa paç bermen, Görogly!


— Diýr Görogly, soňky sözüm,

Gara gana dolar gözüň,

Gan aglaşar seniň yzyň,

Gel, pajym ber, Akbeg ogly!


— Bezirgen iki sözlemez,

Ýalan sözlini gözlemez,

Dogry diýer, hiç gizlemez,

Saňa paç bermen, Görogly!


Göroglynyň bu sözi aýdany bilenem Bezirgen zat bermedi. Görogly:

— Köse, aýdan-diýenimiz bilen berjek zady ýok munuň! — diýdi.

— Bolmasa gaýdyberýäs-dä, Görogly!

— Ýok, gaýtmag-a bolmaz, Köse!

— Bolmasa, näme iş etjek?

— Meniň etjek işim: ýigrimiden-ýigrimiden iki bölünip, naýza bilen ieýerden bir agdaralyň! Onsoň,ýere düşensoň, bir göreli-bakaly. Neriň üstünde dest berjek däl.

Kyrklar ýigrimiden-ýigrimiden iki bölünip, ýarsy bu ýana, ýarsy ol ýanyna geçiberdiler. Deslap Köse ýigrimi ýigit bilen gygyryp at goýdy. Naýzany ýapyryn ýakyn geliberende, Bezirgen ineriň üstünde gulajyny bir köwlendirdi. Ýigrimisiniň naýzasyny epläp gol-tugyna salaýdy. Bu ýandan Göroglynyň topary geldi. Muňa-da bir elini aýlady. Munuňam ýigrimisiniň naýzasyny goltugyna aldy. Göroglynyň aty çekdirmän, ineriň ýanyna ýakyn geldi. Bezirgeniňem iki gözi Göroglyda. Ineriň üstünden Göroglynyň üstüne dikine zyňyberdi. Derrew atdan agdaryp, teýine basdy. Kyrk ýigit basylyp ötägitdiler. Öwez jan at goýup, Kösäniň yzyndan ýetdi.

— Aý, Köse, agaam galdy-la, atyň jylawyny çeksene!

— Baý, Öwez jan, senem jynly bolupsyň. Şu Bozdumanyň şowlumdygyny häli bileňokmy?

«Arap daňanda» otuz bir taýakda gyzýan Bozduman şol wagtlar şowlum bolupdyr.

— Seýtek gyrma, sen çeksene atyňy!

— Biziň atyň suwlugy çykypdyr.

— Billigimiz, kellekimiz üzülipdir — diýip, herhaýsy bir gep tapyp dagap ötägitdiler.

Bezirgen-de Göroglyny teýine salyp:

— Haý, zaňňar  Görogly, ertirden bäri:  «Pajymy ber, onymy ber, munymy ber!» diýip, ýoluma çykyp,egläp dursuň! Ine, saňa paç! — diýip hanjaryna ýapyşdy.Görogly bir görse, Bezirgeniň hanjary bogazyna ýetip gelýär.Görogly çalasynlyk bilen gapdala çekilip

bar güýjüni ýygnap,Bezirgeniň bilinden berk ýapyşyp,bir zyňdy welin, ol pil agdarylan ýaly bolup, honda zyňlyp düşdi. Onýança Görogly gylyjyny çykaryp, gazap bilen Bezirgeniň üstüne howala boldy.

Bezirgeniň ýüz-gezi birhili boldy. Ol:

— Dur, Görogly, saňa bir gep bar! — diýdi.

— Ine, durdum, näme gepiň bar?

— Görogly, men seni öň tanamaýardym, indi seniň güýçli är digiňi bildim.Öz syrymyň hemmesini başdan-aýak aýdaýyn. Gürjüstan patyşasy Leke şa bilen Hüňkar patyşa meni seniň kastyňa ibermekçi boldulir. Men seniňem özüm ýaly bir atadan eke-ýalňyzdygyňy, seniň gerçek goç ýigitdigiňi eşidýädim.Şonuň üçin men seniň kastyňa çykmakdam ýüz dönderdim. Men ýalňyz başymy ekläp bilmän söwda edip ýöremok. Men maly-dünýäni nädeýin, men seýri-syýahat edip gezmegi özüme maksat edindim. Şonuň üçinem «Bezirgen» 1diýen ada eýe boldum.Ine, Görogly,  mal-dünýä gerek bolsa,hemmesini al, maňa mal-dünýä gerek däl. Emma gorkup berýändir öýdüp göwnüňe getirme, zoram görkezip bilerin.Ýöne senem bir atadan ýalňyz, menem bir atadan ýalňyz, ikimiz kyýamat -lyk dogan bolaly!

----------------------------------------------------------------------------------------------

Peýeirgen — söwdagär manyeynda.


Munuň mertlik bilen eden gurrüňini diňläp duran Göroglam gaharyndan düşüşdi. Agaýunus periniň: «Bezirgen bilen güýjüňi synaşsaň synaş, ýöne gaýtjak wagtyňda onuň bilen dogan okaşyp gaýt, sen-de bir ýeke ýigit, ol-da bir ýeke ýigitdir» diýen sözlerem güpbe ýadyna düşdi. Görogly:

— Bolýa, Bezirgen, «El eli ýuwar, iki el birigip ýüzi» diýenleridir, ikimiz dogan bolaly! — diýip, Bezirgen bilen el alşyp görşüp, dogan boldular. Olar özara eden ähtlerini beýan etmek üçin, ellerine sazlaryny alyp, bäş keleme söz aýdar boldular, gör bak näme diýýäler:


Görogly:

— ýürek bilen bolduk dogan,

Her zaman ýadyňa sal sen,

Sen öler ýerde öler men,

Aýtjak sözüm şu, Bezirgen!


Bezirgen:

— Beren sözümde duraryn,

Dogry sözümi diýerin,

Seniň duşmanyň uraryn,

Arkaýyn bolgun, Görogly!


— Başyňa bir iş düşende,

Derdiň hetdinden aşanda,

Üstüňe gaýgy düşende,

Maňa habar ber, Bezirgen!


— Sensiň meniň zor diregim,

Içwmde urýan ýüregim,

Iki dünýäde geregim,

Ýalňyz doganym, Görogly!


— Eý, dost, basym gaýdyp gelgin,

Meýhanama nazar salgyn,

Serpaýdan paýyňy algyn,

Her haçan alsaň, Bezirgen!


— Bildirmez, ol ýol işidňr,

Köp eglenmek teşwüşlidir,

Aňyrsy aýyň başydyr,

Dolanyp gerin, Görogly!


— Wadaňda dur, gelmän galma,

Meniň gözüm ýola salma,

Çynym diýdim, ýalan bilme,

Gelmän gitmegin, Bezirgen!     


— Aman bolsam geljekdirin,

Meýhanaňda boljakdyryn,

Hezzetiňi biljekdirin,

Arkaýyn bolgun, Görogly!


— Görogly beg, bakar ýola,

Gözün diker saga-sola,

Bir ýörmesem seniň bile,

Karar tapman hiç, Bezirgen!


— Bezirgeniň sözi birdir,

Halypasy güýçli pirdir,

Ýalan sözlemeklik ardyr,

Hökman geler men, Görogly!


Mundan soňra olaryň ikisi bir ýerde bile oturdylar,çaý-nahar edinip, keýplerini kökläp, gürrüňdeş boldular.

Görogly:

— Bezirgen, biz bilen dogan okaşdyň, indi biziň galamyza degmän geçme, biziň galamyza  gideli, bäş-alty gün biziň hezzet-hormaty -myzy görüp,dem-dyňjy alyp git! — diýdi. Emma Bezirgen ýolundan sowulmany kyp görüp:

— How, Görogly, men her zadam bolsa,ýola çykyp-indi gapdala sowulmaýyn! Yzyma dolanyp geçenimde geleýin, Agaýunus periňe, kyrk ýigidiňe, baş-serpaýym bilen abraýly bolup geleýin — Diýdi.

Görogly:

— Bolýa, Bezirgen, ýöne gaýdyp geçeňde geleweri! — Diýip, hoşlaşyp, turubermekçi boldy.

Bezirgen:

— Görogly, entek otur birsalym! — diýdi.

Görogly:

— Ýok, Bezirgen, menem özüň ýalydyryn, dünýä talan adam däldirin, şu günlügimi tapsam, ertirligimi gaýgy etmäm bolmaz, ýöne soragsyz  üstümden ötüp-geçip ýörmäňi äsgermezçilik bilip, seniň öňüňden çykyşym şu.Seniň bu mert sözüňden soň, paç almakdan geçdim! Diýdi.

Onda-da Bezirgen etmän, bäş ýüz tyllany harjuna atdy. Görogly Bezirgen bilen hoşlaşyp, atlandy.

Ýolda ýigitleri Görogla:

— Görogly, seniň Bezirgen bilen dogan okaşanyň gowy boldy! Ol saňa dogan bolmaga mynasyp ýigit — diýdiler.


Habary kimden al? Zeýnel kempirden!

Göroglynyň bir ýerde bir mahal ene-ogul bolup giden kempiri bardy. Her wagt oljaly bolanda, bir teňňe,iki teňňe nas puly taşlap geçýärdi. «Oljam kän bolmasa-da, şuňa birki teňňe taşlap gideýin-le. Kän mahaldan bäri habar almandym» diýip, kempiriň üstün-den sürdi. Bu kempiriň ýagyrnysy hökgi, boýny bokur, iki dyzy gulagyndan geçip duran, özi şor tumşuk,betnyşan, bimaza, şer işi tapsa, haýyr işe dahyl bolmaýady. Adyna-da Zeýnel kempir diýerdiler.

Görogly sürüp geldi üstünden, atyny baglap, salam berip, Zeýneliň çatmasyna geldi. Kempir amanlyk-esenlik soraşyp:

—  Haý, oglum, ýol bolsun! — diýdi.

—  Hudaý berse, bol bolsun.

—  Nirden gelýäsiň?!

—  Bezirgeniň üstünden gelýän.

—  Näme iş edip gaýtdyň Bezirgen bilen, oglum?!

—  Bezirgeniň bäş ýüz tümen tyllasyny alyp, dogan bolup gaýtdym.

Şeýle diýeninden kempir hemme ýerlerinden burup-burup alyberdi:

—  Oglum, bagtyň ýatdy diýsene, işiň gaýtdy diýsene, ýurt gitdi diýsene!

—  Näme boldy, ene jan?!

—  Oglum, almasaň, ynjalmarsyň! — diýip, on sekiz çarhyň perriginden bir dutary bardy. Dutaryny alyp, tarry emjegiň üstünde goýup, Görogla garap, bäş keleme söz aýtdy:


Ol duşman aslynyň ygrary bolmaz,

Gelse, ýurduň, harap eder Bezirgen.

Onuň ygrarynda durary bolmaz,

Gelse, ýurduň harap eder Bezirgen.


Çandybile gelse, ahyrzamandyr,

Indi seniň diriligiň gümandyr,

Özi duşman, onuň päli ýamandyr,

Gelse, ýurduň harap eder Bezirgen.


Bir güni geldi ol Çaşdybil ýana,

Perizadyň aşyk boldy gaýybana,

Ony ibermegil ol Gürjüstana,

Gelse, ýurduň harap eder Bezirgen.


Bedewiň harladyp yzyndan bargyn,

Nesibe-tagdyry ýetensoň görgün,

Özüni öldürip, malyny algyn,

Gelse, ýurduň harap eder Bezirgen.


Zeýnel kempir diýrler meniň adyma,

Ol duşman gitmesin göwün şadyna,

Ýaýyň oky ýeter şonuň dadyna,

Gelse, perizadyň alar Bezirgen.


Kempir bu sözi aýdandan soň, Göroglynyň göwni bölündi.

— Alla, şeýle bolaýarmyka, ene?!

— Gümansyratma, oglum!

Kyrk ýigit Göroglynyň, göwnüni bölenini bilip: «Men aýtmadymmy-da, men aýtmadymmy?» bolşuberdi.

Görogly kempiriň diýenine gidip, kyrk ýigidi bilen ýamaşgandan kowup gidibersin. Aýlanyp, Bezirgeniň ötsüni gabatlap ýatybersinler.

Görogly:

— Köse, dogan bolup, göz-görtele gözüne görnüp öldürip bolmaz. Aldaw bilen alma alajyny edeýli — diýip ýatyberdiler.

* * *

Adama näme gelse men-menlikden gelýär. Bezirgen-de: «Ýalançyda bir duşmanym Göroglydy. Onuň bilenem dogan bolduk. Indi men inerden ýykylyp öläýme-sem, ajal ýok» diýip ineriň üstünde gursagyny şemala tutup uklap gelýärdi. Görogly Bezirgen üçin üç oky jemledi. Bir oky ýaýa doldurdy, bir oky ýaý bilen bile tutdy, bir oky agzyna dişledi. Görogly ýaýa dolduran okuny çekdi-de: «Kempir dogry aýtdymyka ýa nädogry aýtdymyka?!» diýip sägindi. Köse oňa: «Näme säginýäň?» diýdi. Görogly ýaýa dolduran okuny atyp goýberdi.

 Bezirgeniň gursagyndan degdi, ol oýanmady. Ýaý bilen bile tutup barýan okuny atdy, o-da degdi. Agzyna dişläp duran okunam atdy üç ok bir ýerden degdi. Bezirgen minara gaýdan ýaly ineriň üstünden gaýdyberdi. Ok ata-ok ata Görogly neriň ýanyna ýakyn baran eken. Şol kelemenläp gelýärkä, Bezirgeniň eline Görogly ýene iläýdi. Gabyr-gubur ineriň teýine saldy. Kyrk ýigit gorkup ötägitdi şarpa-şarpa. Bezirgen Göroglyny geýine salyp, tanaman, bäş keleme söz aýtdy:


Bimahal geldiň ýanyma,

Her bir başda ölüm bardyr!

Boýadyň gyzyl ganyma,

Ýalňyz başda zulum bardyr!


Arzylumda kowup ýeten,

Ýaka bir ýan çalyp tutan,

Doganlyk aradan öten,

Görogly atly agam bardyr.


Gijeler dogan aý bolan,

Aty-esbaby şaý bolan,

Uruşda müňe taý bolan,

Aýsoltan diýen siňlim bardyr.


Mert bolup meýdanda dursam,

Goç ýigidiň gadryn bilsem,

Ajal ýetip, bu gün ölsem,

Yzlap geler kimim bardyr.


At salyp meýdan girmäge,

Ganyma dogry durmaga,

Meniň ganygmy sormaga,

Sapar mährem şirim bardyr.


Arzylumda onuň ady,

Haka ýetişer perýady,

Jümle peri soltanzady,

Agaýunus apam bardyr.


Armanly öldüň, Bezirgen,

Dogry gelseň, ýeter men gan,

Bize boldy ahyrzaman,

Orta ýolda kazam bardyr.


Bezirgen bu sözi aýdansoň, sorady: Sen kimsiň?

— Men Göroglydyryn.

— Zaňňar-a, deslapda göwnüme gelipdi, saňa ynanmandym.Şol göwnüme geleni boldy,Görogly, meniň wilen dogan bolanyňa aradan ýyl geçenok, ýa aý geçenok, Ýa bir hepde geçenok, ýa bir günem-ä geçenok. Bolsa bir sagat, iki sagat boldy, häli meniň bilen dogan bolup gaýdanyňa. Heý, şu işi adam edermi?!

— Ýok, Bezirgen inim, men seni bilmän, Osmanlynyň söwdagärimikä diýip atdym.

— Bilseň-de etdiň şu işi, bilmeseň-de!.. Görogly, seni öldüreýin diýsem, häli öldirlik tabym bar. Bir şabatda öldürýän seni. Seni öldürenim bilen men dirilmeýän. Meniň boljagym boldy.Ýüzügaraçylyk Saňa galsyn! Men şu mertligimde duraýyn. Bir iş etdiň. Saňa diýjek sözüm, Görogly! Ýoluň üstünde läşim serlip galmasyn! Ýoldan çykaryp topraga dulaweri! Onsoň-da, Aýsoltan diýen siňlim bardyr. Onuň Garahan döw diýen ýagysy bardyr. Şoňa peýdaň degip,şol belasyny dep edeweri. Onsoňam, meni taryp edip, bir nama gaýraweri!

Bezrgeniň teýinde ýatan  ýerinden Görogly  bir  gazal ýaýtdy:


Ugrap geldiň Gürjüstanyň ilinden,

Agallr agasy — bezirgen!

Gürjüstan iliniň, hany-soltany,

Daglaryň arslany-şiri Bezirgen!


Bedewiň ugradyp, peleň kastyna,

Bakman ýoluň belendine, pesdine,

At oýnadyp geldim özüm üstüne,

Bizi merde saýmaz, oýnar Bezirgen!


Bady-saba ýeller gelip ösüldi,

Bagrym başy para-para bolup kesildi,

Duşman hilesinden gözüm gapyldy,

Gözüm ýaşy gana döndi, Bezirgen!..


Egnine geýipdir samyrdan görki,

Başyna geýipdir bekdaşy-berki,

Görogly beg, doganlygymyň örki

Duşmanlar kast edip, syndy Bezirgen...


Görogly bu sözi aýdanda, Bezirgeniň gözüniň agy-garasy gatyşdy. Görogly üç oky deňine  çekip aldy.Ok çykdy, Bezirgeniň jany-da çykdy. Görogly ýerinden turup, beýik depäniň üstüne çykyp, ýigitlerini çagyrdy. Bular-da munuň towşuny eşidip:   

«Bezirgeni alip, özi aman-sag galypdyr.Munuň towşy belentden gelýä.» diýşip, sürüberdiler.Gelip görseler, Görogly Bezirgeni  alypdyr. Köse Bezirgeniň mallaryny  dolap bozdumany o ýan, bu ýan çapýa.

Görogly:

— Köse, dogan  bolup namartçylyk edip öldürdik.Munuň bize aýdan iki agyz wesiýeti: şu ýoluň üstünde läşi serlip  galmasyn! Aňyrraga    çykaryp    topraga dolaň! — diýdi.

Köse:

— Görogly, sen jynly bolupsyň. Bu eýle-beýle çukura sygýamy? Işiňi tükedipsiň-ä sen! — diýdi. Köpçülik özüňe  belli.  Göroglynyň diýenini etmän, mal-dunýäsini alyp gaýdyberdiler.

*******

Habary kimden al? Agaýunusdan.

Agaýunus bolan işleriň hemmesini dyrnagynda görüp otyrdy. Görogly bir ýerden gelende, gujaklap atdan düşürýärdi. Bu gezegem atdan düşürjek bolup,gaprgasyndan gatyrak gysyberdi. Görogly:

— Haýt-haýt, Agaýunus! — diýdi.

— Näme boldy, Görogly?

— Agaýunus, şu Gyratyň gylygyny bilýämiň? Ýolda ürküp ýykdy. Üç-dört gapyrgzm döwüldimikä diýýän.

— Görogly,Gyrat üçünde-dördünde ýykman, aýlanyp gelip, sary diş, sary daban bolansoň ýykýamy seni?Bezirgen bilen dost bolduň, dogan bolduň. Şor tomşuk  kempiriň diýenine gidip, ähdiňi bozup, ol biçäräni uklap ýatyrka,namartlyk edip atyp öldürdiň. üstüňe ýykyldy, gapyrgalaryň, ana, şonda syndy seniň.

Görogly ýer dyrmalap otyr.

—   iň, soňunda seniň ýaly adam şolar ýaly biçäräni şeýder,  Görogly! — diýip, Agaýunus bäş keleme söz aýtdy:


Sadagaň bolaýyn Çandybil hany,

Bezirgen deý biçäräni neýlediň?!

Gürjustan ýurdunyň hany-soltany

Bezirgen deý biçäräni neýlediň?!


Sal-salyň neslidir, Bezirgen ady,

Onuň ýüreginde goýduň köp ody,

Atam diýp galmady ýeke zürýady,

Bezirgen deý biçäräni neýlediň?!


Akbegin, ogludyr, ady Bezirgen,

Onuň ýüreginde goýduň köp arman,

Agam diýip aglap gezer Aýsoltan,

Bezirgen deý biçäräni neýlediň?!


Agaýunus, Jahan patyşaň gyzy,

Dost-dogan bolsun diýp aýtdym köp sözi,

Kör bolsun, örtensin duşmanyň gözi,

Bezirgen deý biçäräni neýlediň?!


Agaýunus bu sözüni tamam etdi. Görogly gamgyn bolup:

— Agaýunus, garaz, bir erbetlik boldy-da! — diýdi

— Görogly, munuň mal-dünýäsini galaňa salma! Bütün bir bolup gelse, ertir on bolup çykar. Şu durşuna  ýurduna  goýber. Bezirgeniň maslygyny-da galanyň kybla ýanynda ýerleşdir, üstüne kümmet saldyr, altyndan tyg dik. Ol kempiri ýene birentek zatlara sebäp bolmanka, syha oturt! Bolmasa seniň bilen kän agzybirligimiz ýok! — diýdi.

Görogly kyrk ýigidiniň ýanyna gelip:

— Köse, biziň ol aýdanlarymyzy Agaýunus etjek däl. «Mal-dünýäsini ýurduna gowşurma alajyny ediň» .diýdi.

Görogly kyrk ýigidinden mallaryny şu durşuna iberip, Bezirgenem getirip, galanyň kybla ýanynda jynaza okyp, ýerleşdirip, kümmet saldyryp, altyndan tyg dikdi. Kempiriň saçyndan tutup, yzgydyp-yzgydyp, bir ullakan bazar ýoluň üstünde, köpriniň agzyn-da syha dikdi: «Her kim şugulçylyk etse, şular ýaly bolýa!» diýip, görene göz, eşidene gulak edip, dik aşaklygyna syha taşlady. Kempiriň jany jähennem bazaryna gitdi.

Geldi Görogly galasyna, Agaýunus:

— Hany, Görogly, bitirdiňmi şol aýdanlarymň?! Diýdi.

— Bitirdim, Agaýunus.

— Hany, bitiren bolsaň, mertligiňi-namartlygyny indi bir habar ber, eşideli!

— Ýagşy bolar — diýip, Görogly Bezirgeni mert edip, özüni namart edip, perizada garap, bir söz aýtdy :


Sözüm aýtsam, perizadym,

Muzzyr Görogly men boldum!

Hile ýakdy meniň ädim,

Namart Görogly men boldum.


Dagystanda kowup ýetdim,

Ýaka birýan çalyp tutdum,

Dogan diýip, aldap atdym,

Muzzyr Görogly men oldum.


Duşman tenine ten berip,

Baryp, ýolda gizlin durup,

Eziz jana oklar urup,

Namart Görogly men boldum.


Baş çykarman bu dünýeden,

Duşman sözün unap giden,

Ötülmejek günä eden,

Gandar Görogly men boldum.


Goç ýigitler sürsün döwran,

Bu pany dünýä bipeýan,

Öldüremsoň, etdim puşman,

Namart Görogly men boldum,


Owal-ahyr huda kyldy,

Bir şum kempir sebäp boldy,

Pygan tartyp, kaza doldy,

Gandar Görogly men boldum.


Gepe gidip, göwnüm syndy,

Ýüregim agzyma indi,

Bir bigünä ýyldyz süýndi,

Namart Görogly men boldum.


Bilmedim, etdim, öldürdim,

Gözümi gana doldurdym,

Altyn kümmetler saldyrdym,

Jomart Görogly men boldum.


Hiç takat ýok indi mende,

Garaşdym, ygtyýar sende,

Öldür meni uşbu günde,

Gandar Görogly men boldum.


Görogly, panyga geldim,

Pany öterini bildim,

Aýsoltana gandar boldum,

Ganhor Görogly men boldum.


Görogly bu sözüni tamam etdi. Agaýunua

— Görogly, gözuň ornuna düşei ekeni... — diýdi.

Bular bu ýerde karar tutup bolubersinler.


* * *


Habary kimden al? Kyrk ýigitden.

Olar az ýörip, köp ýörip, ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy, sürüp, Bezirgeniň ýurduna bardylar. Bäri ýanyn-dan baranlarynda ýigitler:

— Köse,  munuň maslahatyny tap! — diýdiler.

— Munuň maslahatyny tapdyk. Meniň diýenimi etseňiz, eliňizi ýüzüňize tutup, uly il bilen aglap baryberiň!

Bezirgeniň saraýyna ýakyn baryberende, kyrk ýigit elini ýüzüne tutup, ses edip bardy.


Indi habary kimden al? Aýsoltandan al!

Aýsoltan: «Bu nä galmagalka?!» diýip, daşary çyksa, agasynyň mallary. Aýsoltan öňünden çykyp:

— Aý, ýigitler, goýuň sesiňizi, beriň habaryňyzy! Hany bu mallaryň eýesi! — diýip, kyrk ýigitden sorap, zar-zar ýyglap, bir söz aýtdy:


Gurbanyň bolaýyn eziz myhmanlar,

Malymyň eýesi — Bezirgen hany?!

Şirin janym bolsun seniň gurbanyň,

Mulkümiň eýesi — Bezirgen hany?!


Agşam ýatanymda birje düýş gördüm,

O düýşümden gorkup, tisginip turdum,

Agam, gitme! diýip köp perýat kyldym,

Mallaryň eýesi — Bezirgen hany?!


Men ozal gorkardym gören düýşümden,

Bilmen, ne söwdalar geçdi başymdan,

Men aýryldym ýalňyz şuňkar guşumdan,

Mülkümiň eýesi — Bezirgen hany?!


Meniň agam bir ýerlerde öldümi,

Saralyban gül meňizi soldumy,

Çöl ýerlerde mazar bolup galdymy,

Janymyň eýesi — Bezirgen hany?!


Gerçek goç ýigitdi dünýä ýüzünde

Gylaň bolmaz ykrarynda, sözünde,

Bir nyşan galmady onuň yzynda,

Gözümiň röwşeni — Bezirgen hany?!


Aýsoltan gyz diýrler menin adyma,

Bir ah ursam, älem ýanar oduma,

Zar ýyglaýyp, agam düşer ýadyma,

Başymyň eýesi — Bezirgen hany?!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Köse:

— Sen kim?! — diýdi. Aýsoltan:

— Men Bezirgenin Aýsoltan diýen naçar dogany — diýdi.

— Sen naçar dogany bolsaň biz Göroglynyň kyrk ýigidi. Seniň agan Görogly bilen dost boldy, dogan bolly. «Dem-dynç alaýyn» diýip, Göroglynyň galasyna bardy. Bäş-alty gün bolandan soň, şol ýerde agana jum jüme diýen kesel degip, kazasy ýetip öldi. Onsoň, Görogly «eltip beriň» diýip, bizden mal-dünýäsina berip goýberdi. Ynha, agaňyň mallary, Aýsoltan!

Aýsoltan görse, mal-dünýä gozgalmandyrOnson, muňa göwä boldy-da duruberdi. Aýsoltan bu habary eşidip, bir nagra çekip, essinden gidip, bir sagatdan essine gelip, naçarlyk bilen Kösäniň mekirine aldawyna ynapyp, bir myhmandarçylyk edip, Görogla-da salam aýdyp, bulary ataryp goýberdi.


* * *


Köse dýagy Çardagly çandybile dolanyp geldiler

— Köse, aman-Sag geldinizmi?! — diýdi.

— Geldik, Görogly!

— Näme gep, näme söz bar?!

— Gep, Görogly hile-mekir bilen-ä mallary gowşurdyk. Emma Aýsoltan diýen bir dogany bar eken. Meniň şu gepim bilen duýman galsa galany, eger duýaýsa,galamyz başymyza zyndan boljak...

— Ýagşy, Köse, gowşuryp gelen bolsaň, alajy bolar-da.


Bular bu ýerde karar tutubersinler. Habary kimden al? Aýsoltandan al!

Bäş-on gün geçensoň, ol ýerden, bu ýerden gulagyna sowuk-selkiräk gürrüň degiberdi.Onsoň, galama-gala jar çekdirmäge aýlanyşdy: «Bezirgeniň öz ajalyna ölenini, adam öldurenini bilýän barmy?» diýip, jarçy gygyrmaga başlady. Muny Aýsoltanyň ýurdunyň ýene bir söwdagäri bilýän ekeni. Görogly muny öldüren mahalynda, gapdalyndan görünmän, bukup geçen ekeni. «Sowuk habary aýtmak kyn bolýar» diýip gezip ýören ekeni. Jar çekilensoň, geldi Aýsoltanyň ýanyna.

Aýsoltan ondan agasyny sorap, bäş keleme saz aýdar boldy:


Sözle-sezle, gurban bolaý dillere,

Görseň-bilseň, Bezirgenden habar ber!

Soraglap gideýin ilden-illere,

Görseň-bilseň, Bezirgenden habar ber!


Nerleri ýygylyp ýanyna geldi,

Ony görup ahyrzamana boldy,

Bagrym başy bölek-bölek bölündi,    

Görseň-bilseň, şol agamdan habar ber!       


Agamdan aýrylyp men munda geldim,

Ganatym gyryldy, jül ýeke galdym,

Agamyň ugrunda sergezdan boldum,

Görseň-bilseň, şol agamdan habar ber!


Agamdan aýrylyp, köp mende arman,

Galmady ýürege bir zerre derman,

Aglaman neýlesin ýalňyz Aýsoltan,

Görseň-bilseň, Bezirgenden habar ber!


Aýsoltan sözüni tamam etdi. Söwdagär:

— Aý, Aýsoltan, sen agaňy jar çekdirip sorap azara galyp ýörme. Seniň agaňy Çardagly Çandybilde Görogly sünni pylan dagda atyp öldürdi! — diýdi.

Aýsoltan bu habary eşidip, nagra çekip, essinden gidip, soňra huşuna gelip, ýyglap oturdy.Onsoň,oýlandy: «Köp ýyglanymda, agam gaýdyp gelýämi?»Aýsoltanyň ýurdunyň hepdelik gaýra ýanynda Hind şäheri diýen bir şäher bardy. Onuň häkimine Garahan döw diýýädiler. Bu-da Aýsoltana aşykdy. Bezirgenden gorkusyna gelebilmän ýördi. Aýsoltan: «Agamyň öleni-ni eşitse, bir sagada goýmaz-da meni alar, oňa razy bolanymdan, asmana uçanym ýagşy. Men-de şu ýanda agamyň ganyny ýa alaýyn, ýa öleýin» diýip agasynyň kyrk ýigidiniň ýanyna gelip, kyrk ýigidiň başlygy Genjame garap zar-zar aglap, bir gazal aýdar boldy:


Genjim begim, sensiň meniň ýoldaşym,

Taşla meni Göroglynyn ýurduna!

Uzak ýolda, düz meýdanda syrdaşym,

Taşla meni gandarymyň ýurduna!


Niçe daglar, derelerden öteli,

Suw ornuna gan şerabyn ýutaly,

Göroglynyň ajal donun biçeli,

Taşla meni gandarymyň, ýurduna!


Bu pany dünýeden peýan bolmady,

Ýekelikden köp aglady, gülmedi,

Agam diýre hiç bir nyşan galmady,

Taşla meni gandarymyň ýurduna!


Aýsoltan diýr, agam bolupdyr pida.

Ýalňyz doganymdan eýledi jyda,

Arym alsam derdim bolardy eda,

Taşla meni gandarymyň ýurdupa!


Aýsoltan gyz bu gazaly aýdyp, agasynyň atyndan päkize bir aty getirip, bir gyldan bezäp, eýerläp, özi erkek lybpsyny geýip, aty münüp, batyr ýaraglaryny dakynyp: «Nirdesiň Çardagly Çandybil» diýip, çüw gitdi. Az ýöräp, köp ýöräp, Minewwer dagyna geldi. Ýol-da agasynyň dem-dynç alyp giden ýerini görüp tanydy Şonda daga ýüzlenip, bäş keleme söz aýtdy.


Men çykmyşam Gürjüstanyň ilinden,

Dag, üstüňden ýalňyz agam geçdimi?!

Meniň bu halymdan habar almady,

Dag, üstüňden ýalňyz agam geçdimi?!


Kyrk gün boldy, meniň agam gelmedi,

Perişan halymdan habar almady,

Ýalňyz ejizäniň göwni bolmady,

Dag, üstüňden ýalňyz agam geçdimi?!


Men bir naçar, özüm ýola çagladym,

Kesip-kesip ýürek-bagrym dagladym,

Minewwer dagyny görüp, agladym,

Dag, üstüňden ýalňyz agam geçdimi?!


At ýörütsem Çandybiliň düzünden,

Şahymerdan habar almaz özümden,

Gan akdyrsam Göroglynyň gözünden,

Dag, üstüňden ýalnyz agam geçdimi?!


Agam diýip, matamyny baglasam,

Kesip-kesip ýüregimi daglasam,

Minewer dagyny görüp aglasam,

Dag, üstüňden ýalňyz agam geçdimi?!


Aýsoltan diýr, ylgar etsem özüne,

Ganymym tabşyrsam şemşer demine,

Bir ah ursam, gider ruhy-zemine,

Dag, üstüňden ýalňyz agam geçdimi?!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Ol at goýup, Melewşe dagyna çykdy. Ol sürup gelibersin. Şol gelşine Çandybile etdi. Şu ýerde Bezirgen agasyny ýatlap, bir gazal aýtdy:


Men hem geldim Gurjüstanyň ýurdundan,

Agam mazar bolan ýere etişdim.

Bu dünýäde namu-nyşan görmeýin,

Açylmaýyn solan ýere ýetişdim.


Bu ýerlerde garyp bolup öldüňmi,

Ymamlar dek teşne bolup galdyňmy,

Otuz ýaşda açylmaýyn solduňmy,

Agam şehit bolan ýere ýetişdim.


Gitme diýdim, kän ýalbardym etmediň,

Ýalançyda meniň pendim tutmadyň,

Bu dünýäde bir perzende etmediň,

Agam şehit bolan ýere ýetişdim.


Aýsoltan gyz diýrler geldim bu ýere,

Seni görmek üçin tapmadym çäre,

Kümmediň göründi, boldum awara,

Agam şehit bolan ýere ýetişdim.


Aýsoltan bu gazaly tamamlap, sürüp gidiberdi.


* * *


Indi habary kimden al?! Göroglydan al! Ol Bezirgen bilen dogan bolup, ähdini bozup öldüreniniň hapaçylygy bilen ýatyşyna aradan kyrk gün geçiren eken, Görogly Sapar Kösä ýüzlenip:

— Köse, hapaçylykdan köp ýatdyk, guşa-şikäre gideliň! — diýdi.

Görogly kyrk ýigidini alyp guşa-şikäre çykdy. Bir agşam dagystanda boldular. Ertesi gün çykanda, ýene atlandylar. Bir mahaldan gün çykardan bir atly göründi. Hajy Sumsar gördi muny. Ol:

— Haw, ýigitler, beýläňize gözläň, bizin at-owazymyza bu ýandan bisakgal oglan gelýä — diýdi.

Taýmaz beg:

— Ýigitler, biderek geplemäň, özi dagystan, gün çykan mahaly, bu wagtlar Hydyr—Ylýas, Kowus—Kyýas gezse gerek bu ýerlerde — diýdi.

Onda Köse:

— Hydyr—Ylýas, Kowus—Kyýas diýdiň Şu päkizeligi bilen bize hudaý berdi muny!— diýdi.

Aýsoltan-da sesýeter ýaly meýdana geldi. Atyn jylawyny çekip, salam berip duruberdi. Görogly salamyny alyp:

— ÝAgşy ýigit, habaryňy ber! — diýdi.

Şol ýerde Aýsoltan arkasyndan dutaryny alyp,Görogla garap bir söz aýtdy.


Garşym alyp duran ýigit,

Göroglyny bilermi sen?!

Arzym eşit, reýhan ýigit,

Şol zalymdan bilermi sen?!


ýüregim odun öçüren,

Akyl-huşumy gaçyran,

Agamyň ýurdun göçüren,  

Göroglydan bilermi sen?!


Atym meýdana ugratsam,

Bir merdiň etegin tutsam,

Ýa utulsam, ýa-da utsam,

Şol zalymdan bilermi sen?!


Duşmanlarymy güldüren,

Gyzyl ýüzümi solduran,

Ýalňyz agamy öldüren,   

Şol zalymdan bilermi sen?!


Aýsoltan diýr, arzy-halym,

Öldürsem, sowumaz janym,

Bardyr Göroglyda ganym,

Gandarymy bilermi sen?!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Göroglynyň süňňi sowady. Zat bilmedik kişi bolup:

— Aý, ýagşy ýigit, «Aýsoltan» diýýärsiň, «Görogly» diýýärsiň, sen habaryňy maňa dilden beýan et, sen kim?! — diýdi.

— Men Bezirgeniň Aýsoltan diýen naçar dogany.

— «Bezirgeniň Aýsoltan diýen naçar dogany bar diýip eşidip ýördük, şolmy sen, ýagşy ýigit?

— «ÝAgşy ýigit!» diýip, kän agzyňy sozuberme!

— Näbileýin, donly-telpekli, atly-ýaragly bolaňsoň, ýagşy ýigit diýýäs. Aýsoltandygyňy indi bildik.Hany, Aýsoltan, nä jaýly çykdyň?

—   Şol Görogly meniň agamy öldüripdir. Şondan ganymy almaga çykdym — diýip, Aýsoltan bäş keleme söz aýtdy


Ýitigçi men bu ýollarda,

Ýiten zadym yzlaýyr men.

Bilebilmen nirde ekenin,

Gözüm görmän sözleýir men.


Görsem alar men janyny,

Bermes idim imanymy,

Agamy awlan zalymy,

Göroglyny gözleýir men.


Bu nä apat, bu nä külpet,

Bu gün bolupdyr kyýamat,

Meniň özüm Mejnun sypat,

Şol agamy gözleýir men.


Aýsoltan diýr, ýalňyz başym,

Gözden akdy ganly ýaşym,

Başdan uçdy döwlet guşum,

Giden ýolun yzlaýyr men.


Aýsoltan bu sözi tamam etdi. Sapar Köse; «Eý, doganym Aýsoltan, atdan düş, çaý iç, nan iý, çilim çek! Göroglam tapylar, hiç ýana gitmez, geler. — diýdi. Görogly  Sapar Kösä garap, gözüni gypyp:

— Köse! — diýdi.

— Hä!

— Biz-ä onuň bilen kän gepleşmedik. Sen birneme  mydy-mydy gürrüň edýädiň? Ol alamançylyga gidipdi niçe günden gelerin diýipdi? Aýt şony Aýsoltana. Köse:

—  Aýsoltan, Göroglynyn kyrk ýigid-ä biz! Görogly agaň bilen dost boldy, dogan boldy. Ähdini bozup öldürdi. Biz-de, onsoň, öýkeledik. Hemişe  nirä gitse-de yzyndan galmaýadyk.  Bize gahar edip, ekeje alamançylyga gitdi. Seniň-de şondan şuňa heläk

bolup gelşiň, onuň-da öýde bolmyşy — diýdi.

— Niçe günde geljek diýipdir?!

— Olja gyzybersem, altmyş gün, bolmasa kyrk-elli gün diýipdi.

— Altmyş ýyllap ýatyşym şu. Haçan gelse, gelibersin.

Görogly içinden:«Gaçyp, bir ulkä çykmasam boljak däl-ow!» diýdi-de:

— Görogly galasynda bolanda, agaň ganyny alybiljekmi?  — Diýdi.

— Alabilmesem, agamdan gowumy, ölmäni-hä başararyn!

Aýsoltan barha mert söz aýdýa. Görogly içinden:

«Şunuň güýjüni bir synaýyn-la» diýip oýlandy-da:

— Aýsoltan, Görogly bilen at üstünde naýzabazlyk ederdik! Naýzanyň ökjesi bilen kä ol meni atdan agdarardy, kä men ony. Ikimiziň güýjümiz deňdi. Ikimiz bir at üstünde naýzabazlyk edeli. Menden güýjüň zor gelse, ýatsan ýat, tursaň tur, ygtьgaryň! Menden ejiz

gelseň, ýatyp-da ýörme, turup-da, dos-dogry gaýdyber yzyňa! — diýdi.

— Gel bäri! — diýip, Aýsoltan taýýar boldy. «Sen gaç-ha, sen gaç!» boluberdiler. Görogly öňüni başlap gaçyberdi. Aýsoltan yzyndan ýetip urdy naýzanyň ökjesi bilen. Göroglyny atdan agdardy.

Aýsoltan öňüni başlap gaçyberdi. Görogly yzyndan ýetip urýa naýzany. Bir gymşasyn-da, eýere çüýlenen ýaly.

— Aýsoltan, at üstünde-hä güýjüň zor ekeni. Ikimiz ýerde göreşem tutup göreli!

Ikisi gujaklaşyp göreşip gidiberdiler. Aýsoltan Göroglyny syrtyna çekip, aýlap-aýlap urdy ýeriň ýüzüne. Görogly:

— Aýsoltan, agaň gany mendemidi?! — diýip, çaňyny kakyşdyryp turdy.

— Haw, ýigit,  at çapmakda, göreş tutmakda göwün görmek bolmaz!

— Eýse agaň ganyny aljak ekeniň, tüweleme!

— Ýigitler, meni agamyň ölen ýerine  bir eltin!

— ÝAgşy — diýip, ony tirkeşdirip, alyp  gaýdyberdiler.  Kümmediň bäri ýanyna  baranda, Aýsoltan:

— ýigitler, meniň agamy şu öwlüýäde goýdularmy? — diýdi.

— Aýsoltan, bu ýeri bir ýatan meýdandy. Görogly seniň agaňy öldürdi. Onsoň, eden işine puşman edip,agaňy şu ýerde ýerleşdirip,    bu jaýlary, kümmetleri agaň üstüne özi saldyrdy.

— Ýigitler, henek edip oýnamaň, kast edip öldüren adam munuň kimin jaý etmez!

—Ýok, ynanmasaň, atdan düşüp barla!

Aýsoltan atdan düşüp, kümmediň işigini açyp gördi. Agasynyň guburyny tanap, bir nagra çekip, çaşyp ýatyberdi.Üç sagatdan essine gelip, agasynyň baş ujunda ony ýat edip, bir söz aýtdy :


Senmi bu ýerlere gelip,

Şehit ölen agammy sen?!

Hakyň buýrugyn bitirip,

Şehit ölen agammy sen?!


Men galdym aga-inisiz,

Halym niçik geçer sensiz,..

Yzyň galdy bir nyşansyz,

Munda ölen agammy sen?!


Ataň bolup men yzlaýyn,

Eneň bolup men bozlaýyn,

Ölinçäm waspyň sözläýin,

Mazar bolan agammy sen?!


Dünýäde gezdi mert bolup,

Ganymyna aç gurt bolup,

Meniň janyma dert bolup,

Mazar bolan agammy sen?!


Dünýäde birje bolmady,

Aýdan sözleri gelmedi,

Yzynda zürýat galmady,

Ýalňyz öten agammy sen?!


Bagtyma gara bagladyp,

Jigerim oda dagladyp,

Aýsoltany zar agladyp,

Şehit olan agammy sen?!


Aýsoltan bu sözüni aýdyp, ýyglap oturdy. Görogly Aýsoltan,  ýyglama!  Ýyglamak aýyp  bolar  — Diýidi.

—  Ol niçik aýyp bolar?! Näme, bu Göroglynyň ýurdunda dawa etdimi, tagtyna dawa etdimi? Öz hoşuna, öz keýpine gezip ýören adamyny kast edip öldürip, onsoň,ýyglamamyz aýyp bolýa?! ýigitler, menin ýyglamamy aýyplaşmaň! — diýip, bulara garap, bir     söz aýtdy :


Kyrk ýigit, aýp etmän, ýalňyz naçar men,

Sebäp nädir, men agamy öldürdi?!

Onuň uçin synalary kebap men,

Sebäp nädir, meň agamy öldürdi?!


Bir ok atyp, işin hata eýledi,

Bimyrat agamdan jyda eýledi,

Şehit kylyp, iman ata eýledi,

Nä sebäpden meň agamy öldürdi?!


Dost-duşman içinde güler ýüzüm ýok,

Agam ýok, inim ýok, aýdar sözum ýok,

Men hem ölsem kowum-hyştym, yzym ýok,

Sebäp nädir, meň agamy öldürdi?!


Uçaý diýsem, ganatym ýok, perim ýok,

Agam ýok, inim ýok, aýdar sözüm ýok,

Agam diýp aglasam esrik nerim ýok,

Ne sebäpden meň agamy öldürdi?!


Daglary sil aldy, ýolum galmady,

Duşmana bakna men ilim galmady,

Atam diýre birjik oglam galmady,

Sebäp nädir, meň agamy öldurdi?!


Bipeýan dünýäde jana ynam ýok,

Hak ýolunda öldi zerre güman gök,

Aýsoltanam, hakdan gaýry penam ýok,

Sebäp nädir, meň agamy öldürdi?!    

— Görogly diýenleriniň ärligi-de bar eken, itligi-de. Ozal muny kast edip öldürip,ýene puşman edip ýerleşdirip, munça çykdaýjylar edip, jaý edip, ýeri-ýerine gezek gelende, ärligi-de, itligi-de bar eken.

Aýsoltan mert söz aýtmaga aýlanyşýar. Görogly ýere giribilenok. Görogly oýlandy: «Haý, Görogly, Görogly, sen niçe araplaryň destinden çykýasyň, kyrk müň leşgeriň destinden çykýasyň. Şu ýerde bir naçardap gorkyňa aslyňdan dänip otyrynçaň, toprak başyňa seniň! Amanady iru-giç bermejekmi?» Bir mahaldan Görogly bilindäki jöwher pyçagy, düýrme gylyjy gyndan çykaryp Aýsoltanyň önükde goýdy.

— Aýsoltan, «Görogly onda gitdi, munda gitdi» diýip, sapalak atyp otyrys. Görogly diýeni tap biz. Seniň agaňy öldüren biz. Şu ýaraglary al-da, meni öldur. Öldurmeseň, sen namart. Tyg uraňda wah diýsem, men namart! — diýip, bir gazal aýtdy :


Dünýe sen, dünýe sen, ahyryň pany,

Her kimi bir gaýga goýan dünýe sen!

Sen neýlediň Adam bilen Howany,

Agmaly, dönmeli pany dünýe sen!


Kimsäni aglatdyň, kimi güldürdiň,

Kimseleri ýetimlikde soldurdyň,

Dawudyň kyrk oglun gapyl öldurdiň,

Agmaly, dönmeli pany dünýe sen!


Her kimsäge şat berip sen bu döwran,

Üç ýüz ýyl patyşa bolan Süleýman,

Ahyrda ajyndan öldi Benijan,

Agmaly, dönmeli pany dünýe sen!


Gerogly beg aýdar, bagtym garadyr,

Bu nähak iş üçin synam ýaradyr,

Ajal goýman, bir-bir alyp baradyr,

Agmaly, dönmeli pany dünýe sen!


Görogly bu gazaly tamam etdi. Aýsoltan:

Alla, Görogly, seniň mertlik edip, bu jaýlary edişiňe görä, halka meňzeş edip, bu ýerde ýerleşdirişiňä, iň soňunda ýaraglaryňy çykaryp goýup, dogurlanşyňa görä, men agamyň ganyny ötdüm! Seni öldirenim bilen agam direlmez. Meniň agam-inim, hiç

kimsäm ýokdur. Men bir ýeke-ýalnyz men. Indi agamyň ornuna sen maňa aga bolaý! — diýdi.

—  Aýsoltan, hudaý kabul etse, seniň agan bolaýyn! diýip, Göroglam Aýsoltana garap, bir gazal aýtdy :


Seriňe deneýin, gül ýüzli jenan,

Sen aglama, seniň agan bolaýyn!

Onuň üçin synalarym kebabam,

Sen ýyglama, seniň agaň bolaýyn!


Dolup derýa kimin daşdym, sem boldum,

Sadranç oýnap, arwat bilen deň boldum,

Ölüm hak buýrugy, sebäp men boldum,

Sen ýyglama, seniň agaň bolaýyn!


Bir şert bilen seniň agaň öldürdim,

Ok atyp, gözüni gana doldurdym,

 Puşman edip, altyn kümmet saldyrdym,

Sen aglama, seniň agaň bolaýyn!


Oýnaýyp-güldürip göwnüň çag etsem,

Bir bat urup, duşmanlaryň ýok etsem,

Doganlyk eýleýip, göwnüm ak etsem,

Aglama, Aýsoltan, agaň bolaýyn!


Görogly diýr, algyn meniň janymy,

Ýere akdyrmagyn katra ganymy,

Alladan dilesem nur-imanymy,

Aýsoltan, aglama, agaň bolaýyn!


Görogly bu sözi aýdandan soň, Aýsoltan:

— Görogly aga, maňa aga bolanyň ýagşy! Meniň ýurdumyň hepdelik gaýra ýanynda Hind şäheri diýen şäher bar. Onuň häkimine Garahan töre diýýä. Men enemden bolalym bäri, meni almak arzuwynda. Agamdan gorkusyna gala gelebilmän ýördi. Agamyň ölenini eşitse,gelip meni alar diýip, ondan gaçgy bolup gaýtdym. Meniň şol belamy dep etseň, onsoň, maňa aga bolýasyň.

— Aýsoltan, biziň  gala  gideli, dem-dynç  alaly.Onsoň, eňegimden janym çykýança, hyzmat edeýin! Men bu ýerde öldüm näme, ol ýerde öldüm näme!

Görogly  galasyna  geldi. Agaýunus olaryň önünden çykyp, Aýsoltana garap, bir bäş keleme söz aýtdy:


Gürjüstan ilinin hany-soltany,

Gel, ikimiz görüşeli, Aýsoltan!

Seniň deý näzenin inmez ýalança,

Gel, ikimiz görüşeli, Aýsoltan!


Bezirgen öldi diýp matam baglama,

Kesip-kesip ýürek-bagryň daglama,

Bezirgen dirilmez, indi aglama,

Gel, ikimiz görüşeli, Aýsoltan!


Görogly agaň bolsun, men — garyndaşyň,

Gözüňden sil kimin akdyrma ýaşyň,

Ölinçäm men hyzmatkäriň,ýoldaşyň,

Gel, ikimiz göruşeli, Aýsoltan!


Agaň syrat köprüsinden geçendir,

Ol aby-köwserden şerap içendir

Agaýunus söz manysyn seçendir,

Gel, ikimiz görüşeli, Aýsoltan!


Agaýunus bu sözüni tamam etdi. Görogly Aýsoltany Agaýunusa tabşyrdy. Agaýunus Aýsoltan bilen Bezirgeniň gubruna gitdi. Ol ýerde gubra garap,bir gazal aýtdy:


Gürjüstan ilinin batyr arslany,

Topragyň bu ýere çekendir seniň!

Näçe wagtdan bäri Bezirgen bolup,

Öz dostuň ganyny dökendir seniň.


Sen bir mert sen, pälwan adyny aldyň,

Bütin yer ýüzüne owaza saldyn,

Bu günki gün gelip, bu ýerde öldüň,

Ajalyň Görogla çekendir seniň.


Näme bolsa, boljak şu gün bolupdyr,

Maňlaýyna ýazylany gelipdir,

Gürjüstanyň onda haňlap galypdyr!

Ganyňy Görogly dökendir seniň.


Agaýunus sözün sözledi dilden,

Mert ogly Bezirgen aýryldy ildin,

Zäherli üç peýkam girendir soldan,

Nesibäň, bu ýere çekendir seniň.


Agaýunus bu sözüni tamam etdi. Aýsoltan Agagonus ýeňňesini gujaklap, hapa bolup, bir gazal aýtdy :


Arzymy eşitgin, perizat ýeňňem,

Bezirgenim — meniň agam ölüpdir!

Ýüregim kuwwaty, güýjüm, myradym,

Bezirgenim — meniň agam ölüpdir.


Arzy-halym saňa beýan eýläýin,

Bagtymyň çyrasy söndi, neýläýin,

Uýaň bu gün sepil boldy, neýläýin,

Bezirgenim — meniň agam ölüpdir.


Agam ýok, inim ýok — kaýda baraýyn,

Agam ýok, enem ýok — kimi göreýin,

Ýeňňe jan, syrymy saňa dieýin,

Bezirgenim — meniň agam ölüpdir.


Aýsoltan diýr, arman bilen gidipdir,

Ok atylyp, gyzyl gana batypdyr,

«Ýalňyz men» diýp, zary-girýan edipdir,

Bezirgenim — meniň agam ölüpdir.


Aýsoltan bu gazaly tamam etdi.Görogly bäş-on gün dem-dynç alyp,erte ugrajak diýen  mahalynda, kyrk ýigit Kösäni  aýlandyryberdi:

— Köse, bu zaňňar-a ertir gitjek diýýä.

— Nädeýin gitse?

— Nirdäki Garahan döwuň maslygynyň teýinde biz ýaly kyrk adam  galmaýamy? Şu sapar bir galma alajyny görsene, Köse!

— «Kyrk ýigidi alyp galaýyn» diýsem, Göroglydan käýinç eşiderinmi, näderinmi?!

— Elbetde.

— Birki gamçysyny-da iýerinmi?

— Iýersiň.

— Men sögünç eşidip, gamçy iýip, nämämiň azary!Her kim özüne güýji ýetýä,özümiz-ä alyp galaryn.

— Meni alyp gal-ha, meni alyp gal! — boluberdiler.

— Alyp galaýsam, näme berersiň, ýigitler?!

— Köse, näme diýseň bereli!

— Sizden kän dilemäýin, her  haýsyňyz bir teňňe beriň. Kyrk teňňe çaý puly bolýa.

— Alyp galsaň, bereli! — diýip, gaýym wada etdiler.

— Köse, galmanyň alajyny tap!

— Meniň diýenimi etseňiz,hemmäň kesel bolun!

— Neneň kesel  bolaly?  Keselçiligin şertini öwret!

— Kesellä çaý-çilim, nahar ýakmaz. Bir gün,iki gün ýatanyňyz bilen öleris diýýämisiňiz?! Onsoň, Aýsoltany alyp özi gitmeýämi?

Ertesi Görogly gelse, hemmesi ýatyr.

— Haw, ýigitler, nädip ýatyrsyňyz, turuň!

— Ýok, Görogly, biz kesel bolupdyrys. Ysy ýakanok, çilimi meýdanda çek! — diýýäler.

Kösäniň öwredenini bildi-de, Görogly: «Indiki sähetde gidenimde bolmaýamy?» diýip, çykyp ögägitdi.

Şu ýatyşyna aç-suwsuz üç günläp ýatdylar. Dördülenji gün Görogly: «Bar,Öwez, meýhana ot gala, çäýnekleri  demle!  Işdäsine gelendirler, turarlar özler».diýdi.

Öwez gelip, çäýnekleri demläp, külçe-gatlamany Goýup: «ýigitler, turuň çaý içelin!» diýdi. Hajy Sumsar başlyklaýyn donuň içinden gözläp ýatyrlar. Ol ýatan ýerinde oýlandy: «Ýene bir gün-iki gün ýatsam-a,aç-suwsuz ölýän. Ondan öz günäm öz boýnuma. Ondan Meýdanda sanjyşyp öleýin». «Öwez jan, menin-ä kel. dim ýagşy boldy» diýip turdy. Çaý içip, çilim çekip: «Aşyk görse gyzar» diýenleri ýeke-ýekeden turup geldiler. Birinden başgasy turup geldi. Däli Mätel gyra galmady. Köse: «Mätel, sen-de tur-da geläý! Bu-lar kör bolsun, ikimiz meýdana çyksak, ýene alajy-ny göreris!» diýdi. Görogly kyrk ýigidine garap, baş! keleme söz aýtdy:


Saparym bar Güjüstana,

Biziň bilen aşan ýörsün!

Namart girmesin meýdana,

Merde başyn goşan ýörsün!


ýigidiň myrady atdyr,

Aty saklamak döwletdir,

Kesgir gylyç — ýanar otdur,

Özün oda uran ýörsün!


Çandybilden aldym sany,

Gezip ýördüm begi, hany,

Suwsaýanda gara gany,

Şerap diýip, içen ýörsün!


Galkanyn tutup ýüzüne,

Garaman köpu-azyna,

Köpen köýnegin özüne,

Öz-özüne biçen ýörsün!


Goç ýigit girer haý bilen,

Kim ok bilen, kim ýaý bilen,

Ujy ýiti jyzaý bilen,

Ýüzbe-ýüz sanjyşan ýörsün!


Beg Görogly, dem şu demdir,

Söweş leşgere hemdemdir,

Goç ýigide toý-baýramdyr,

Gamgyn göwnün açan ýörsün!


Görogly bu sözüni tamam edip,kyrk alyp, Aýsoltanyň ýurduna gidibersin.

Aýsoltan Bezirgeniň kümmedine gelip, onuň, bilen hoşlaşyp, bir gazal aýtdy:


Gider boldum Gürjüstana,

Bezirgenim, hoş gal indi!

Sen diýp geldim çölüstana,

Aga janym, hoş gal indi!


Görogly beg ýoldaş boldy,

Seni ýaýnap ýada saldy,

Kyrk ýigidi bile geldi,

Aga janym, hoş gal indi!


Agam, gitdiň jiger daglap,

Men gezer men munda aglap,

Gaýdarga men bilim baglap,

Bezirgenim, hoş gal indi!


Aýsoltanam gider boldy,

Öňki derdim beter boldy,

Aglap günüm öter boldy,

Janym agam, hoş gal indi!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Görogly kyrk ýigidi bilen bäş-alty gün ýol ýöredi. Bir gün säher mahaly Görogly ýigitlerini tükellese, Mätel bilen Köse ýok. Buýankylaryna: «Siz sürüberiň!» diýip, bir meýdan yzyna ýöredi. Bir ýere gelse, Köse atdan düşüp, donuny kölege edip, gyşaryp ýatyr.

— Haý, Köse, nädip ýatyrsyn?

— Baýaky  köne ysytma  gozgady.Danyň çygly şemaly bilen derimi-de berenok.Aldym-berdime salyp ýatyr. Gala ýakynmy, bu ýany?!

— Köse, ysytma tutan mahaly, maňa aýdaýmazlarmy, mende dermany kändi.Ýör, özüm gutaraýyn seni!

Köse atlanyp ugraberdi. Görogly yzyna düşüberdi.

Kose-de ysytma tutan kişi bolup, gurluşyp barýar,yzyndan habary ýok. Görogly şeşmeri alyp, rast ýagyrnysyna bäş-altyny ondurdy. Gaňrylyp gözlese, ýene gezäp gelýä. Köse Bozdumanyň jylawyny deň tutuberdi.

— Görogly,  ysytmanyň dermany arkada ekeni, onuň-da emi şeşmer ekeni. Gutuldym, Görogly!

—   Eýse ölinçäň gozgamasyn! — diýip,ýene bäş-altyny gondurdy. Mätel nirede? — diýip gygyrdy.

Köse :

— Mätel aňyrrakda bar — diýip, Köse gaçýar. Görogly ony kowup goýberip, bir meýdan ýene yzyna ýöredi. Bir ýere gelse, Mätelem eýeriň gaşyna maňlaýyny urup dur.

— Mätel, saňa näme boldy?!

— Kellämiň çakyzasy bardy. Şol tutdy,gözüm çikyp barýa.

— Çakyza tutan mahaly, maňa aýdan bolsaň, eýýäm gutarardym. Ýör, özüm gutaraýyn!

Muny-da ataryp, öňüne salyp gaýtdy. Gözüni ýumup barýar. Görogly gylyjy syryp alyp, gylyjyň pyşdasy bilen Mäteriň kellesine bäş-alty gaýra ýapdy.

— Görogly,  çakyzanyň emi  gylyjyň pyşdasy ekeni, gutuldym!

— Öwrendikli bolmasyn! — diýip, ýene bäş-altyny ýapdy.

Görogly kyrk ýigidini öňe salyp sürübersin. Köse|

— Görogly, bular ýaly ýigitleri kowup barýasyň, barýan ýerimiziň ýoluny-yzyny salgy berip, nama gaýryp — diýdi.

Görogly kyrk ýigidine garap, bir söz aýtdy :


Mundan barsak Gürjüstana,

Kyrk müň öýli ili bardyr!

Kyrk ýigidim, wehim etme,

On bir günlük çöli bardyr!


Sürüň bedewi messana,

Oýnadyp giriň meýdana,

Mundan barsak Gürjüstana,

Elli müň begleri bardyr!


Hemme bendesi allanyň,

Aryn alsak Aýsoltanyň,

Hind şährinden Garahanyň,

Bilmen, nä hyýaly bardyr.


Görogly beg, gapyl ýatma,

Namardyň sözüne gitme,

Kyrk ýigidim, gorky etme,

Pirim hezret Aly bardyr!


Bu sözi aýdandan soň, ýene sürüp gidibersinler. Aýsoltanyň galasyna bir günlük ýol galanda, onuň ýurdunyň adamsynyň birki-ýarymy goş-kötelini araba ýükläp,öňünden çykyberdi. Aýsoltan olardan habar aldy.

— How, il-ilat, gelşiniz niräk?!

— Aýsoltan, Garahan döw segsen  müň goşun bilen gelip, galanyň arka ýanynda tug dikip ýatyr! Biz gala-da durabilemzok — diýip, çozup gelýärler.

Göroglynyň ýigitleriniň önki gorkmagy gorkmakmy? Köse galdyrap başlady.

Görogly ýigitleriniň gorkanyny bilip, «Gork-maň!» diýip, «kyrk ýyl gyran geleninde-de, ajally öler, biajala ölüm ýokdur!» diýip, ýigitlerine göwünlik berip, bir gazal aýtdy:


Teblesinde bedew aty baglynyň,

Onuň göwni gaýnap-gaýnap joş olar.

Daň elinde ylgar eden ýigidiň

Arap aty tupan bolar, sil bolar.


Uzak ýollar düşse bedew öňüne,

Bir mahlukat gorky berer göwnüne,

Gaýgy gelmez goç ýigidiň serine,

Ýaraly gaplaň deý depe düz bolar.


Muhannesler gorkar, söweşe gelmez,

Seweşe gelenler hergiz gam iýmez,

Hak saklan ýigide hiç zowal bolmaz,

Ajal oky namartlara ýol bolar.


Söweş güni goç ýigitler saýlanar,

Mertleriň astynda bedew köwlener,

Ýigidiň kibtinde galkan aýlanar,

Golunda naýzasy, gylyç bar bolar.


Görogly beg aýdar, kemine bende,

Pirim Şahymerdan, destgirim sende,

Goç ýigitler söweş eder meýdanda,

Kelleler kesilip, ganlar sil bolar.


Görogly bu sözüni tamam etdi. Ol kyrk ýigidi bilen Aýsoltanyň galasynyň günbataryndan baryp, kybla derwezesinden girdi. Gelip Aýsoltanyň saraýyna düşdüler. Çaý içip, nahar edinip Görogly:

— Aýsoltan, hany söweşiň geňeşini ber! — diýdi,

— Munuň geňeşini özüň bilersiň.

— Muny men bilmen, Aýsoltan, «Her ýurdun towşanyny öz tazysy bilen awlarlar» diýleni. Sen ber geňeşini!

— Munuň geňeşini  men bersem,Görogly,Garahan döw şu wagta çenli gelibilmän ýören adam.Agamyň ölenini eşidip, gaýgysyz bolup gelendir. Ertir galaga geler. Meniň gelenimi eşidip, özge ýygynlary-ha köçede, meýdanlarda bolar.Ýekeje özi meniň ýanyma ge-

ler. Şu ýerde özüni alabilsek, özge ýygnyň goýundan parhy ýokdur.

Aýsoltanyň jaýy uzynlygyna giden bir däliz, bir-birine garşy garap duran hüjre. Görogly şu jaýlar-da kyrk ýigidini ondan-ondan bölüp goýdy. Özem gapdalyndaky hüjrede boluberdi.

Ertesi daň atanda, Garahanyň ýygny gala girmä-ge başlady. Gelip dur, gelip dur.Yzy-ardy tükenenok. Giç peýşin ýygnyň yzy gelip sap boldy.

Garahan-da Aýsoltany toý berip äkitjek bolup, kyrk ineri tüwüdei, ýagdan ýükläp gelipdir.Garahan döw sazandalaryna: «Sazy guruň!» diýdi. Pälwanlaryna: «Garnyňyzy doýrup, ukyňyzy alyberiň!» diýdi. Seýislerine: «Atyňyzy gezdirip, şöwür beriň!» diýdi. Aşpezlerine: «Derrew nahar bilen boluberiň!» diýdi. Hemmesini jaýma-jaý goýdy. Gün batdy. Atyny goýup, pyýadalap,ýeke öýliniň horazy ýaly bolup, Aýsoltanyň ýanyna ugrady. Ýaňky däliz bilen geçip barýar. Her gadam uranda,ýer sarsdyrýar. Kyrklaryň biri işigiň deşiginden gözledi. Görüp:

— Muny gör, muny gör,döwmi, perimi, ne bela,how! — diýdi.

— Bu jaýda ýatmalyň! «Aýsoltan barmyka» diýip gelip barlap, onymyzy-da bogup goýaýmasyn

— Eýse nireden çykjak?

— Meniň diýenimi etseňiz, meniň teýimde ýatyň. Men tüýnügi giňeldeýin.

Biri teýinde ýatyp, biri tüýnugi giňeldip, biri ýokaryk çykyp, guşagyny sallap, biri-birini çekip aldy.Ýandagyň teýine giren haýsy, samanhana giren haýsy. Seýishanada ahyra bukulan haýsy.

Garahan Göroglynyň-da gapdalyndan geçdi. Görogly gördi muny. Bu-da gorkdy. Tüýnügi giňeldip çykaýyn diýse, munuň ýeke özi. Naýzasy bilen işigi gaýym temmeledi. Onynça Garahan-da gelip, Aýsoltanyň saraýynyň işigini açyp, içerik girmän duruberdi.

Aýsoltan-da kyrk ýigidiň, Göroglynyň hüjresine gözleýä. Dem-nyşan ýok. «Bulardan maňa haraý bolmajak boldy-da. Men duşmana rowa bolmaly boldum-da. Agam bolsa, beýle bolmazdy...» diýip, agasyny ýat edin, Aýsoltan bir söz aýdar boldy:


Ýowuz gün duşdi başyma,

Ýat edeýin, agam, seni!

Bir duşman geldi gaşyma,

Ýat edeýin, agam, seni!


Güýçli duşman geler boldy,

Jana otlar salar boldy,

Zorluk eýläp alar boldy,

Ýat edeýin, agam, seni!


Zar eýlesem, zarym ýetmez,

Hiç kim nesihatym tutmýaz.

Men bir naçar, güýjüm ýetmez,

Ýat edeýin, agam, seni!


Şum pelek elinden aman!..

Geçer eglenmeýen döwran,

Gaýrat et, Görogly soltan,

Ýat edeýin, agam, seni!


Gutulman munuň destinden,

El tapman ýeriň astyndan,

Haraý görmedim dostundan,

Ýat edeýnn, agam, seni!


Daşyma duşman düzüldi,

Ganym mes bolup gezildi,

Ýüregim-bagrym ezildi,

Ýat edeýin, agam, seni.


Ýykyldy eýwanym, tagtym,

Neçün gara boldy bagtym,

Aýsoltan diýr, öler wagtym,

Ýat edeýin, agam, seni!


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi.

Garahan töre: «Baý enegaryň gyzyny-aý! Meniň gelenime aşyk bolup, men gelsin diýip oturan eken-ow. Maňa giriftar bolup, nama gaýyrdy» diýip gülüp goýberdi, dişi ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi. Dişinden başga agarýan ýeri ýokdy. Içeri girip, Aýsoltanyň gaşynda çök düşüp oturdy. Aýsoltanyň öňki gysylmagy-da gysylmakmy? Ýer ýarylmaýa, ýere girmeýä.

— Haý, Garahan töre!

— How!

— Men entek agamyň yzasynda otyryn. Meniň bilen dowran sürjek bolsaň, howlukma! Meýdana çykyp, galanyň ýagşy-ýamanyna serenjam berip gel!

— Aýsoltan, men seniň galaňa serenjam bermäge geldimmi?

Bu aldany bilen-de Garahan gitmedi. «Bu aldawyma-da gitmedi. Göroglydan-ha haraý bolmady. Şuňa nede bir söz aýdaýyn. «Goç ýigide bat-da bir kuwwat-dyr» diýip, Aýsoltan bir söz aýdar boldy:


Söweş meýdanynda atlar salanda,

Arap atyň, goç ýigidiň günüdir.

Gylyç parlaýanda, gan dökülende,

Arap atyň, goç ýigidiň günüdir.


Goç ýigitler sep-sep bolup döküler,

Namart gaçar, goç ýigitler topular,

Duşmanlaryň sakgalyndan tutular,

Ýylan dilli dal hanjaryň günüdir.


Goç ýigide gelse bir pasyl döwran,

Üstüme garaman geldi Garahan,

Dar köçäni aldy berzeňňi duşman,

Şeşper bilen aýpaltanyň günudir.


Ganym bilen garşylaşyp durmaga,

Biçäre naçaryň göwnün görmäge,

«Alla!» diýip depesinden urmaga,

Şeşper bilen aýpaltanyň günüdir.


Gözde ýaşym suw deý bolup dökülse,

Nalyşym, perýadym allaga ýetse,

Aýsoltan diýr, bize doganlyk etse,

Gyrat bilen Göroglynyň günüdir.


Aýsoltan bu sözüni tamam etdi. Garahan:

— Haý, Aýsoltan, sen Görogly diýýäsiň, ony nirede görduň? — diýdi.

— «Nirede gördüň?» diýip abaýlaberme! Seniň maňa aşyklygyň asla ýalan.

— Niçiksi ýalan?

— Ýalan bolmasa, Çardagly Çandybilde meniň agamy Görogly öldüripdir. Şondan meniň ganymy alyp bermezlermi?!

— Aýsoltan alyp bermezlermi diýýäsiň. Men seniň agaňdan gorkyma bu wagta çenli galaňa gelebilmän ýördüm.Görogly seniň agaňdan zor bolup,seniň agaňy öldüripdir. Görogly handa, men handa?

Görogly: «Özümden adym uly» diýenleri diýdi. Ýanky gepe hüjräniň içinde Görogly bir gez ýokary galaý-dy. Aýsoltan içinden aýtdy: «Erkek damaryň bar bolsa, gozganarsyň. Gel, şuny aldap-ogşap bir meýdana çykaraýyn-la».

— Gara töre!

— Hä.

— Ýurduňdan çykalyň niçe gün boldy?

— On sekiz gün boldy.

— Şondan bäri el-aýagyňy ýuwduňmy?

— Ýok.

— Ajap azada ýigit ekeniň! Namazyňy kaza goýmaýan ekeniň! Garahan, at tozundan her gulagyňda batman çaň bar. Meýdana çykyp, suwa düşüp arassalanyp gel!Men oňa çenli bu ýere çymylgan düşäp goýaýyn — diýdi.

— Ýagşy — diýip, Garahan turdy.

Bezirgen söwdagärçilige gatnaýarka, bäş batman suw tutýan çelegi ineriň gapdalyna goýup äkiderdi. Şolaryň biri suwdan dolup duran ekeni. Ýüzüniň ugruna Gara han kakyp alyp ötägitdi. Däliziň aňry çetine geýim-gejimini çykaryp, çelekden üstüne suw guýmaga aýlanyşdy. Görogly towsup çykdy hüjreden. Görogly özüne özi: «Sen Göroglydygyňy bildirip öl-namartçylyk edip  adam  öldürme»  diýýä.Bäri ýanyndan birsellem tomaşa edip durdy. Ýüwrüp baryp depdi. Garahan:

 — Haý, gyssanýasyň-a, Aýsoltan! — diýdi, ýeňsesine welin, gözlänok, Aýsoltanmyka diýýä. Görogly ýene bir depdi.

— Haý, henek edýänsiň-ä, Aýsoltan. Görogly bada gidip, ýüwrüp baryp. Garahanyň biliniň inçelen ýerine bir depdi, bili eplenäýdi. Gara töre gözlese, ýeňsesinde bir pyýada häzir bolup dur. Garahan çelegi ýerde goýup, Göroglynyň ýakasyndan şapba tutaýdy.  Görogly tutara ýer tapanok. Ýalaňaç   adamyň haýsy ýerinden tutsa, elinden sypyp barýa. Bir mahaldan Görogla sakgal  oňaý  geldi.  Garahanyň sakgalyndan orap aldy. Bu munuň sakgalyndan, ol munuň ýakasyndan , goýuberdiler ýumrugy, düňkede-düňk. Bu düňküldi kyrklaryň gulagyna ýetdi. «Garahan Göroglyny ýumru-bilen öldürýä öýdýän. Aşak bukul-ha-aşak bukul»; Garahanyň boýy uzynrak gelip, Görogla ýumrugy üstünden düşmäge aýlanyşyberdi.Görogly towsup sypanyň üstüne çykdy.  Boýy deňleşdi.  Inderiberdi  ýumrugy.Bir meýdan ýumruklaşansoňlar  Görogly:«Duýdurmak durmakdyr-da» diýdi-de, düýrme gylyjy çykaryp, Garahanyň depesinden inderdi. Düýrme gylyç gassaplaryň oňurga söküşi ýaly edip, deň bölüp goýberdi.Ýarysy bu ýana ýykyldy, ýarysy beýläk.

Görogly Aýsoltanyň ýanyna baryp, gol gowşuryp gulluk aýtdy. Aýsoltan:

— Görogly, saklasaň çoryň men, satsaň puluň, men.Ýör indi meýdandaky ýygnyň üstüne, goýundan parhy ýokdur — diýdi.


Aýsoltan-da bir gylyç alyp, gijänia içinde ýalpdap ugrap ötagitsinler. Bir çetinden gyrmaga  aýlanyşdylar ýygnyň. Bir ýere gelseler,  uly galmagal: Sen yssy suw äkel, sowuk suw äkel! Bürünç nirede; ýag nirede?» Aşpezleriň üstünden gelen ekenler. Görogly gygyrdy: «Goýuň naharyňyzy, agaňyz öldi eýýäm!» Kime diýýäsin hem diýenoklar. Her kim öz işi bilen. Bularyň-da girdiler bir çetinden. Birki ýarymynyň gy lyçbilen kellesini kakyp, birki ýarymyny oduň içine taşlap, bulary gyryp, ýene bir ýere gelseler, zenzele asman-pelege çykýa. Sazandalaryň üstünden gelen ekenler. Bulara-da gygyrdy: «Goýuň sazyňyzy, aganyz öldy. Haý gulak asan kim? Bularyň öz ýaragy özünde , ýüwrüp gelip kerneýçini kerneýi bilen, surnaýçyny surnaýy bilen urdy depesine.Bular biçäre bolýa. diýip, bagşy bilen gyjakça degmediler.

Görogly şunça uruşsa-da, hiç ýerde kyrk ýigit ýok.Bir beýik jaýyň üstüne çykyp, sazyny alyp, kyrk ýigidini çagyryp, bir söz aýtdy:


Geliň begler, tomaşa eýläň,

Bu gije söweş üstüne!

Ýekme-ýek girdim meýdana,

Şeşmer urdum baş üstüne.


Beg -ogly bu gün at etdi,

Bir gamly göwni şat etdi,

Aýsoltan gyz perýat etdi,

Ýaşyn dökdi ýüz üstüne.


Ýa pirim diýip, göge bakdym,

Ýezitlere gülle dökdüm.

Kyrk ýigidim, nagra çekdim,

Säher wagty daş üstüne.


Garahanyny öldürdim,

Niçesine dogry durdum,

Berzeňňiniň baryn gyrdym,

Baş kesiler läş üstüne


Berzeňňini baryn ýykdym,

Gylyç urup, ganyn dökdum,

Kyrk ýigit diýp zarlyk çekdim,

Säherler nalyş üstüne.


Dolup derýa kimin daşdym,

Güýçli duşmana uçraşdym,

Görogly, şir deý söweşdim,

Aýsoltan gardaş üstüne.


Görogly bu sözüni tamam etdi. Göroglynyň towşuşý eşidip: «Aý, munuň owazy belentden gelýä. Garahany alypmyka  diýýän. Turuňha-turuň!»  boluberdiler,  Köse bilen Görogly bir ýerde garşy gelýädi.

— How, nirede gezip ýörsüň, Köse?

— Görogly her haçan uruşjak bolsa, özi habar berer — diýip, biz kyrklar bilen köçelerde gizlenpeçek oýnap ýördük.

— Köse, ýagşy oýun tapan ekeniň — diýip, Görogly bäş keleme söz aýdar boldy:


Eý ýaranlar, musulmanlar,

Sena islär göwnüm meniň.

Ölinçä, Şahymerdandan

Pena islär göwnüm meniň.


Gutulmadym garly gyşdan,

Ondan, kyrkdan, müňden, bäşden,

Tä ölinçä, gyzylbaşdan

Gowga islär göwnüm meniň.


Ganym sepme-sep durmaga,

Jyda silkip ok urmaga,

Meniň bu işim görmäge,

Hossar islär göwnüm meniň.


Gyratym parlaýyp uçar,

Kyrk ýigit her ýana gaçar,

Özüm ölsem, ýurdum göçer,

Zürýat islär göwnüm meniň.


Goç ýigitler bolar günde,

Duşmandan ar alar günde,

Beg Görogly öler günde,

Iman islär göwnüm meniň.


Görogly bu sezüni tamam etdi. Sapar Köse, kyrk ýigit, kyrk ýerden atlanyp çykdylar. Sapar Köse Görogla garap:

—  Görogly, zäher etdim, merez etdim diýsene! Bize duýdurman, Garahany özüň öldürip, ýekeje özüň gyryp, bizi betgüman edip, senden aga, bizden hyzmatkär bolmaz — diýdi.

—  Köse, uruşjak bolsaň, seni humardan çykararyn, bularyň beýlesi köp — dnýdi, Görogly Kösä garap bäş keleme söz aýtdy:


Dört bir ýandan, bäş bir ýandan,

Dönmeýin muhannes bolsun!

Aty ýykylan ýigide

Durmaýan muhannes bolsun!


Atly geler uçdan-uja,

Ne jahyl galar, ne goja,

Syrylan ýalaň gylyja,

Urmaýan muhannes bolsun.


Atly geler gypa-gypa,

At ýalyndan öpe-öpe,

Toply, zemmirekli tüpe,

Dönmeýin muhannes bolsun.


Göroglynyň nagrasyny,

Dolduryber pyýalasyny,

Öz eli öz ýarasyny.

Gikmeýin muhannes bolsun!


Görogly bu sözüni tamam etdi. Aýsoltanyň saraýyna gellip, çaý içip ýatdylar.

Garahanyň inisi  galanyň aşak  ýanyna  gelip ýatan eken.Aýsoltanyň ýurdundan  batyr  ýigitlerden  nöker alyp,serdar alyp, onuň bilen uruşmaga gitdiler. Baryp uruşmaga aýlanyşdylar. Bir gün, iki gün uruşdylar.Asla aldyrmady.Aýsoltanyň  ýurdunyn  adamsyndan Görogly sorady:

— Ýygnyň aňyrsyna geçer ýaly ýol barmy?

— Atdan duşüp, atyňy idip, ýeke-ýekeden geçseň, ýol  bar.

— Kim atdan düşüp, heläkçilik edýä şuňa? — diýip, ýene uruşmaga aýlanyşdylar.On günläp uruşdylar,aldyrmady.

Görogly ýigitlerini  tükelläp görse, Köse başlyklaýyn on ýigidi ýok. «Alla, bu uruş kän uruş boldy.Bular ýaly uruş bolmaýady. On ýigidim öldimikä ýa diri ele düşdümike?» diýip, sazyny golunýa  alyp bir söz aýdar boldy;


Ýigitlerim, ne maslahat?

Bu gün uruş ýaman boldy.

Gol basylyp at tozundan,

Daglar başy duman boldy.


Ýetip bolmaz Çandybile,

Döwüşiň berzeňňi bile,

On ýigidim düşdi gola,

Bir bozuklyk nyşan boldy.


Habar al handan-töreden,

Hakdyr barçany ýaradan,

Top atylyp gumparadan,

Dag ýykylyp weýran boldy.


Çillekeş ner kemin mesdim,

Ganym gördüm, kelle kesdim,

Däli Mätel Rustem Zalym,

Goly bagly haýran boldy.


Goç ýigitler abraý tapar,

Kim öldurip, kimler çapar,

Görogly beg tuga deper,

Begler ahyrzaman boldy.


Bu sözw aýdyp, çaý içip uka galyp boldy.Şiri-huda piri gelip duýşüne girdi: «Oglum, sen hapa bolup ýatma! Azan bilen muňa bir şowhun görkez sen, özünden özi dep bolup gider». Tisginip oýandy. Gözlese — düýşi, Ýigitlerini jemläp, namaz mahaly «alla» diýip, gygyryp at goýdular. Görogly dogry tuga at goýdy. Gylyç bilen çapyp tugy ýykdy. Tug ýykyldy, sap boldy. Gübürt-de basgy bolaýdylar. Araba-eýere hümmet, guşguna bereket. Assa gaçan — namart. gaçan — gutular, duran — tutular.Görogly Aýsoltana ýüzlendi.

— Galaňda galjakmy, ýa menin bilen gitjekmi?

— Ony, Görogly aga, özüň bilýäsiň.

— Men bilsem, Aýsoltan, sen bir ýeke-ýalňyz naçar.Seni bu ýerde ynjaltmazlar. Biziň ýurda gideýli!— diýip, Aýsoltana garap, bir söz aýtdy:


Ylgar urup barsak Hinde,

Dostlaryň göwni şat gerek.

Gol basylyp ýaman günde,

Goç ýigide kuwwat gerek.


Arap atlar her ýan gözlär,

Goç ýigitler ganym yzlar,

Muhannesler gaçyp sözlär,

Harlaýan arap at gerek.


On gün uruş boldy ýaman,

Berzeňňi çagyrdy aman,

Şol gün gopdy ahyrzaman,

Pirlerden keramat gerek.


Ýigit gerek güler ýüzli,

Şir biçimli, laçyn gözli,

Alp ýürekli, at agyzly,

Bilinde zor kuwwat gerek.


Ganym bilen döwüşmäge,

At salyşyp ýörüşmäge,

Dönüp-dönüp söweşmäge,

Harlaýan arap at gerek.


Ýigidiň gerek gaýraty,

Duşmana salar haýbaty,

Bedew bolsun münen aty,

Goç ýigide hümmet gerek.


Görogly sözlär, şäherde,

Ölinçäň, yhlas et merde,

Seni goýmazlar bu ýerde,

Çandybil dek ýurt gerek.


Görogly bu sözüni tamam edip, Aýsoltanyň ýurduna han-hekim goýup, wezir goýup, göwnüne makul etdi. Aýsoltan-da Görogly bilen «Nirdesiň Çandybil» diýip çuw gitdi.

Serçemeniň  garasy  görnende, Serçemende düşüp dynç almak, çaý-nahar häzirlemek üçin, iki atly öňden gaýtdy. Bu iki atly ýakyn gelip görseler, Serçemen atlydan  hyryn-dykyn  doly.Şo ýerde durup syn etdiler. «Biziň ýokdugymyzy bilip, gyzylbaşlaryň goşuny inen bolmasyn» diýip saklandylar.Onýança Görogly dagy-da ýetdi, Görogly gaty uzakdan görýärdi. Eýäm bulary tanapdy. Bular Çandybil halky, Agaýunus peri başlyklaýyn Görogly begi garşylamak üçin Serçemen bagyna gelipdiler. Görogly beg bulara ýakynla şanda, töwereginde gyz-gelinler, ortada Agaýunus periniň sallanyp gelşine keýpi tutup, bir bäş kelemo söz aýtdy:


Garşymyzdan gelen gyzlar,

Bir mahy-tabana meňzär.

Seýrana çykmyş gözeller,

Birisi soltana meňzär.


Birisi jeren bakyşly,

Hurşyt ýüzli, helal gaşly,

Boz ýörişli, sona başly,

Billeri murçäýe meňzär.


Perim sag bolsun jahanda,

Zerre arman bolmaz mende,

Agzyň piste, lebiň handa,

Bir güli-handana meňzär.


Beg Görogly sözlär ýene,

Dert ýokmaz bu jana-tene,

Bu oýnagyr köne dunýä,

Biziň Nyýazhana meňzär.


Görogly bu sözuni tamam etdi. Onýança Agaýunus peri hem ýetip geldi. ýüz näz-kereşme bilen gelip,eglip Görogla salam berdi, gujaklap göterip atdan duşurdi. Turkmen halky, aýal-erkek Görogly dagy bilen salamlaşdylar. Sonra Görogly beg, Agaýunus peri, Aýsoltan uçusy öňe duşup, paýendozyň üsti bilen ýöräp, Serçemen bagyna girdiler. Çaý içip, nahar iýip, dem-dynjyny alandan soň, Görogly:

— Aýsoltan, senden ýagşy görýän adamym ýok.Şu jaýy saňa bagyş etdim diýip, bir gazal aýtdy:


Eý ýaranlar, musulmanlar,

Janlar saňa nowa bolsun!

Zerewşanly köşgi-eýwan,

Öýler saňa nowa bolsun!


Hemme esbabyň şaý etdim,

Gyryp ganymyň jaý etdim,

Kyrk gije-gundiz toý etdim,

Toýlar saňa nowa bolsun!


Öldi diýp Bezirgen agam,

Onuň üçin iýmegin gam,

Bu dunýäniň soňy ýalan,

Oňa imaýa hemra bolsun!


Görogly aýdar, asyl zadym,

Ölinçä, ýitmesin adym,

Galmady birje zürýadym,

Bize destgir huda bolsun.


Görogly bu sözi  aýdyp  bolandan  soň,Agaýunus!

«Ýör, Görogly, öz işimiz bilen bolaýly!» diýdi. Olar atlanyp Çandybile bakan gaýtdylar.