GÖROGLY BEG BILEN DAWUT SERDAR1

Görogly bilen Aýsoltan ikiçäk bolup: «In-di Gürjüstanyň halkynyň serdary kim bolmaly?» diýen meseläni çözmeli boldu-lar. Aýsoltan: «Aý, Görogly aga, bu pikiri köpçülige atmak gowy bolar. Biz indi Çandybile gideris. Soň hemişe bularyň halyndan habar alyp durup bilmeris.Şonuň üçin, özlerine ýolbaşçylyk edip, olaryň daşyna demir gala bolup durjak adamy özleri tapsynlar. Özlerine mährem hem batyr adamlary olaryň özleri gowy bilýändirler» diýdi. Görogly beg Aýsoltanyň aýdanyny dogry tapdy. Ondan soň bular tirkeşip, üýşen jemendäniň arasyna bardylar.

Görogly beg köpçülige garap: «Eý, jemagat, indi biz, rugsat berseňiz, ýurdumyza gitmekçi. Şoňa görä, siz özüňize baştutanlyk edip biljek adamy tapyp, serdar görkeziň. «Müň işçiden bir başçy» diýipdirler. Şeýle batyr hem adalatly ýigitler siziň aranyzda bardyr» diýdi.

-----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Bu dessan  Gurbannazar Artykowyň    ýazyp beren esasynda neşire taýýarlandy.

Şol günki toýa ýurduň, hemme ýerinden ýaşuly-ýaş kiçiler gelipdiler.Ondan soň, ýaşulular, bilgiçler üýtüp, maslahat edip, ýurtdaky asylly, edermen adamlaryň atlaryny ýatladylar.Olardan biri: «Wah, Bezirgeniň dogany ýa-da ýetişen ogly bolsa bolmaýamy,biz şony serdar tutardyk! Ol biziň uçin howandar bolardy» diýdi. Oturanlaryň ýene biri: «Ine, men tapdym bir asylly batyry. Bezirgen biçäre awa daga gidende, hemişe ony öz ýany bilen alyp giderdi.Oňa! «Sen geljekde meniň yzymy tutarsyňam» diýýädi. Ol häzir biraz ýaşrak,emma özi gaty batyr, mähriban adam bolup çykar. Onuň ata-enesem gaty gowy, köpçüligiň derdine ýaraýan adamdy» diýip, sözüni soňlaman-ka, gapdalyndan biri: «Eý, agam, sen onuň adyny beri aýt ahyry, bizem eşideli!» diýdi.

Ýanky adam: «Onuň adyna Dawut diýýäler. Ol özüniň güýç-kuwwatlylygy bilen bütin Gürjüstana bellidir.Özi ýaşam bolsa, ony göreşip ýykýan ýok» diýdi. Daşyndakylaram Dawudyň serdarlyga mynasypdygyny aýtdylar. Emma şu toýa gelenleriň içinde Dawut ýokdy. Dawudy Aýsoltanam tanaýady. Ol özüniň ýakyn dosty Bezirgenin öldürilenini eşidip, onuň ýasyny tutup, hiç ýere çykman, öýünde bolup ýördi.

Görogly beg bilen Aýsoltan birnäçe adamy çagyryp: «Siz Dawudy tapyp, ony jemagatyň serdarlyga giterýändigini buşlaň! Ony şu köpçüligiň öňüne ilyp geliň!» diýip buýurdylar. Iküç sany atly at çapdyryp gidip, Dawudy tapdylar-da: «Bütin gürji halky saňa ynam bildirip, özlerine serdar etmekçi bolýa. Özünem jemagat çagyrýa» diýdiler. Dawut bu çakylygy özüne uly hormat bilip, gelenler bilen gitmäge razydygyny bildirdi, çakylykçy bolup gelenlere gowy naharlap, egin-eşiklerini geýip, gitmäge häzirlendi. Ondan soň, üç-dört sany atly bolup, Bezirgeniň galasyna ýetip geldiler. Olar aňyrdan gelen badyna Dawudyň atyny tutup, ony hormat bilen atdan düşürdiler. Dawudam bularyň eden hormatlaryny ödsjekdigini aýtdy.

Dawut ýaňy ýigrimi bäşine ýeten etli-ganly, döşleri gapak ýaly, baldyrlary ineriňki ýaly berdaşly daýaw ýigitdi. Onuň ýüz-gözlerinden rehim-şepagat ýagyp duran ýalydy. Görogly beg eline sazyny alyp, Dawuda harap, bir gazal aýtdy, Dawudam jogap berdi!

Görogly beg

— Halkyň saňa ynanyp öz bagtyny,

Seni özlerine serdar saýlady.

Saňa rowa görüp täji-tagtyny,

Jemagat ýygnanşyp seni oýlady.


Dawut

 — Iliň ynamyny ödemek üçin

Çalyşaryn, gaýgyrmaryn janymy.

Il-günden aýrylyp bilmen hiç haçan,

Taýýar sarp etmäge herne barymy,


— Sahy bolup, ýoksullara nan berip,

Egni açyk sagyrlara don berip,

Duşman gelse, aş ornuna gan berip,

Bezirgeniň tutýan ýoly şeýledi.


— Köpçülik bir bolup, arkamy tutsa, 

Maňa hormat goýup, diýenim etse,

Meniň salgy beren ýolumdan gitse,

Ýagşyldaryn halkyň durmuş halyny,


— Sen bolup sen Bezirgeniň şägirdi,

Görmändim dünýäde onuň deý merdi,

Saňa ynanýalar bu uly ýurdy,

Seni üstlerine pena eýledi.


—Tä ölinçäm, ilim bilen bolar men,

Il ölen ýerinde menem öler men,

Kim ýagşylyk etse, ony biler men,

Syndyryn men duşmanlaryň bilini.


— Görogly diýr, gulluk et sen iliňe,

Guşagyňy ykjam guşan biliňe,

Göz ýetirgin herne gitjek ýoluňa,

Halkyň şuny senden tama eýledi.


— Dawut aýdar, halka öwürip ýüzün,

Diri gezse, gury gidermez sözün,

Ili üçin gurban eýleýir özün,

Arçaryn il-günüň gitjek ýoluny.

Bular sözüni tamam etdiler. Soňra Görogly bilen Dawut gujaklaşyp, örän mähirli görüşdiler. Görogly beg:

— Dawut beg, ikimiziň dostlugymyz ömürlik bolsun! Hiç bir duşman biziň aramyzy bozup bilmez, men Aýsoltany özüme uýa edinip aldym. Ony hor-homsy etmerin. Indiden beýläk biziň ýurtlarymyzyň arasynda aragatnaşyk, birek-birek bilen dostluk bolar — diýdi.

Ondan soň Dawut üýşüp oturan jemagat bilen mähirli görüşdi, özüne bildirilen ynamy ödemek üçin çalyşjakdygyny köpçülige aýtdy. Bu gün Bezirgeniň galasynda şatlyk üstüne şatlyk boldy. Berzeňňileriň küli göge sowruldy. Halk özüniň gowy görýän adamsy  Dawudy serdar saýlady, Dawut bolsa halk üçin gulluk etjekdigini ynandyrdy. Bu ýeňiş, şatlyk toýy üç gün dowam etdi. Toýa gelen jemagatyň göwnüniň islän zady bu toýda bardy.

Toý gutarandan soň, gelen jemagat wagty hoş bolup öýli-öýüne dagady. Görogly beg, Dawut serdar, Aýsoltan dagy hem öýli-öýlerine gaýtdylar. Görogly beg bilen Aýsoltan her haýsy öz jaýlaryna baryp, per ýorgan-ýassyklara çümüp ýatyp galdylar. Dawut serdar bolsa öz ýurdunyň men diýen ýigitlerinden özüna goşun düzüp, olary ýaraglandyryp, maşk geçmäge başlady.

Günleriň bir gününde Dawut öz düzen goşunlaryny ýygnap: «Indi biziň duşmanlara gaýtawul bermäge güýjümiz ýeter.Eger duşman güýji bizden üstün çykmakçy bolsa, onda Görogly begi kömege çagyrarys. Ol bize kömege geler. Eger ol bizi kömege çagyrsa, biz bararys. Indi biziň ýurdumyz ýeke däl!» diýip, ýigitlere garap, bir söz aýtdy:


Mert ýigidin gorky düşmez ýadyna,

Namys üçin gurban eýlär özüni.

Ol ysnat getirmez ýigit adyna,

Elmydama haklar ýen duzuny.


Öwreniň siz uruşmagyň tärini,

Gylyç urup, görkezeliň zoruny,

Köýdürmez ol il-halkynyň aryny,

Horlatmaz iliniň ogul-gyzyny.


Batyrlara batyr ýaran tapylar,

Söweş güni duşman başy çapylar,

At deminden gunüň ýüzi gapylar,

Gaýgyrman gyrmaly öňi-yzyny.


Dostlar häzir bize kömek bermäge,

Dag dek bolup arkamyzda durmaga,

Duşman bilen gurt oýnuny gurmaga,

Görogly beg çalyp geler sazyny.


Eşidiňler Dawut begiň sözüni,

Namart bolup, gyzartmaňyz ýüzüni,

Basmaz duşman iliň dagy-düzüni,

Gorarys biz halkyň gyşy-ýazyny.


Dawut beg sözüni tamam etdi. Onuň daşyna üýşüp duran ýigitler, olaryň halypalary bir adam ýaly bolup, halk üçin, serdaryn, abraýy üçin öz janlaryny aýamajakdyklaryny onuň öňünde kasam etdiler. Ondan soň, Dawut serdar özüniň goşunlaryndan göwni bitip, olara ullakan hoşallyk bildirip, ýene olara özleriniň tertip-düzgünli bolmak bilen, söweş tilsimlerini öwrenmegi dowam etdirmeklerini berk tabşyryp, özi bilen ýanyna iküç sany ýigit alyp,Görogly bilen Aýsoltandan habar almaga olaryň ýanyna ugrady. Görogly beg bilen Aýsoltan ertir çaý-paýlaryny içip, öz ýigitleri bilen daglara seýrana gitmegiň ugruna çykyp durdular. Şol wagt iküç sany ýigit bilen Dawut serdar ýetip geldi. Bular saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, Görogly beg Dawut serdara:

—Eý, Dawut beg, biz birnäçe gün ýatyp,dem-dynjymyzy aldyk. Indi biz öz ýurdumyza gitmeli bolarys. Şonuň üçin gitmezimizden ozal siziň ýurduňyzyň gözel daglaryna,çeşmeli  jülgelerine gidip,birnäçe gün gezip, göwnümizi açsak niçik bolar?! — diýdi.

Dawut serdar:

— Gadyrly myhmanym, ol pikiriň gaty dogry,asla özüm öňüňize düşüp, sizi gezdireýin!Men ýurdumyň hemme ýerine gaty beletdirin. Biziň obamyza-da baryp geçin! Sizi myhman almaga taýýardyryn. Men öz düzen goşunym bilenem sizi tanyşdyraýyn. Goý, siziň ýi-

gitleriňizem biziň ýigitlerimiz bilen tanyşsynlar.Siz biziň ýigitlerimiziň, ýaraglanyşy, söweş taýýarlygy bilen içgin tanşyň. Siziň bu işde tejribäňiz örän köp. Eger ýetmezçilikler bolsa,aýtsaňyz,ony derrew düzederis. Şu maslahaty nähili görýärsiň? — diýdi. Görogly beg:

— Juda ýagşy bolar, baş üstüne! Öňümize düş,siz ýurt eýesi, bizem ýigitler bilen yzyňyza düşmäge taýardyrys — diýdi. Görogly beg özüniň ýigitlerine,aýýar bolmagy buýurdy.

Dawut beg, Görogly beg, Aýsoltan dagy öňde, yzyn-da Göroglynyň kyrk ýigidi bolup, ýola rowana boldular. Dawut serdar bolsa, Görogla hem onuň ýigitlerine öz ýurdunyň taryhy zatlaryny salgy berip, görkezip, ol hakda gyzykly gürrüňler berip barýardy. Gö-rogly beg Dawut serdara garap:

— Dawut beg, seniň mekanyň nirede bolar?! Sen-ä bizi ýurtdan çykarjak... — diýende, Dawut beg eline saýayny alyp, Görogla hem onuň ýigitlerine garap, bir gazal aýtdy:


Ýakyn geldik, Görogly aga,

Gorgan1 göründi-göründi!

Serediňler beýik daga,

Daglar göründi-göründi!


Üsti garly daglarmyz bar,

Ir-iýmişli baglarmyz bar,

Duşman ýeňen çaglarmyz bar,

Görogly, ýör indi-ýör indi!


Myhmansöýer illerimiz,

Waspyň eder dillerimiz,

Uzak däldir ýollarymyz,

Külbäm göründi-göründn.


Ine, ýetip geldik bize,

Naz-nygmat seçeris size,

Ýüzüň düşer köp dost ýüze,

Dostum, ýör indi-ýör indi!


Dawut aýdar, bu sözleri,

Güldürdiň ýaşly gözleri,

Il-gün unutmaz sizleri,

Gyraty sür indi-sür indi!

.-----------------------------------------------------------------------------------------------------

Gorgan —gala, mekaw manysynda.


Dawut serdar sözüni tamam etdi. Oňa çenli olar eýýäm Dawudyň gorganyna ýetip gelen ekenler. Bulary garşy almaga öňünden taýýarlanyp duran jemagat ylgaşyp gelip, Görogly, Aýsoltan dagyny, ýigitleri hormatlap atdan düşürdiler-de, olaryň atlaryny daň-dylar. Ondan soň, Görogly begi, onuň ýigitlerini her dürli naz-nygmatlar bilen hezzetlediler. Dawut serdaryň daş-töwereginden köp märeke üýşüp, özleriniň duşmanyny ýok eden Görogly begi görüp, oňa alkyş okamaga gelendiklerini aýtdylar.

Ol günki zyýarat bir uly toýa öwrülip gitdi.Adamlar dagajak wagtlary Dawut serdara garap: «Dawut beg, ertir agşam myhmanlaryňyzy bize alyp bar! Birigün agşam bize alyp bar!» diýip, özleri çakylyklaryny gezegine uly tirkeg edip, birnäçe aýa ýetirenlerini Görogly beg eşidip, goluny gowşuryp, olara uly minnetdarlyk bildirip:

— Adamlar, çakylygyňyz üçin hemmämiz gaty minnetdar! Emma bu sapar pursat ýok, bagyşlaň! — diýip, gelenlere hoşallyk bildirdi. Ondan soň, gelen jemagatyň wagty hoş boldy, öýli-öýlerine dagadylar. Görogly beg ýigitleri bilen mes bolup, agşam ýatyp galdylar.


Ertesi turup, çaý-nan iýenlerinden soň, Dawut serdar Göroglyny, Aýsoltany, Göroglynyň kyrk ýigidini meýdana çykaryp, özüniň goşunlary bilen tanyşdyrdy. Olar bir-birleri bilen örän mähirli duşuşdylar. Göroglynyň ýigitleri ýaý atmagyň, naýza salmagyň, gylyç urmagyň birnäçe çylşyrymly ýollary hakynda Dawut begiň goşunlaryna gürrüň berdiler, Ondan soň, Görogly beg Dawut serdaryň täze düzen goşunlaryna aýlanyp görüp, olaryň sagdyn, örän daýaw, gujurly ýigitlerdigine göz ýetirdi. Soňra Görogly eline sazyny alyp, Dawut bege, onuň ýigitlerine garap, olara maslahat berip, bir gazal aýtdy;


Tartanyňda ýaýyň bili büküler,

Peýkama deň eder ýakyny, daşy,

Batly baryp, endamyna sokulsa,

Gan bilen garyşar ganym göz ýaşy.


Gylyç keser batyrlaryň elinde,

Gorkaklaryň galgar ýörer bilinde,

Tuta bilseň, ganym goýmaz ýoluňda,

Zarply ursaň, para eýleýir daşy.


Galkan pena bolar merdiň başyna,

Ugrun tapan gala eýlär daşyna,

Ol zäher gatdyrmaz içjek aşyna,

Galkan bolar edermeniň ýoldaşy.


Naýzany saklaly çenäp ýürege,

Goýbermez duşmany ýakyn araga,

Batyr ýigit şonda ýarar derege,

Ýiti çişe çydap bilmez hiç kişi.


Pyçak, hanjar ýakyn araň ýaragy,

Tutuşaňda ol ýigidiň geregi,

Jaý degse ýumrugam çykar garagy

Olary ulanmak batyryň, işi.


Ýaragy işletmek ýigide bagly,

Namysjaň adamyň ýüregi çogly,

Görogly diýr, bir gaýduwsyz mert ogly,

Iliniň başyna gonan bagt guşy.


Görogly bu sözüni tamam etdi. Ondan soň, Görogly, Aýsoltan dagy Dawut serdaryň goşunlary bilen hoşlaşyp, Dawut serdary ýolbelet edinip, dagystanlyga tarap seýran etmäge gidiberdiler.

Bular ýüzugra öňlerinden çykan gysyr keýikleri,jüjesiz ýaban towuklary awlap, baryp düşen ýerlerinde kebap edip, iýip barýadylar.

Şol gidip oturyşlaryna, bir çeşmäniň başyna baryp ýetenlerini hem duýman galdylarÇeşmäniň başynda düşüp,ýolugra tutan awlaryndan şara,kebap edip, yzyndanam çaý içip, ýagşy dem-dynç alanlaryndan soň, atlarynam otlamaga goýberip, özleri pyýadalap dag gerişlerine baka seýle gitdiler.Gojaman daglaryň üstlerinde seleň ýerlerde biten hoz, pisse,badam ýaly miweleri agaçlardan ýolup, ertirki çaý wagtynda iýdiler. Agşamky nahar üçinem aw awladylar,bular tämiz howaly dagyň eteginde, Aby-zemzem suwy ýaly süýji, sowuk suwly çeşmäniň başynda bu gije ýatdylar. Ertesi irden turup, çaý-nan iýip, Dawut serdaryň obasynyň üsti bilen Bezirgeniň galasyna baka gaýtdylar. Dawut begem ýakyn garyndaşlary hem ýigitleri bilen Görogly beg, Aýsoltan dagyny ugratdy. Gala gelip, her kim öňki öz bolýan jaýyna bardy.

Bir gije daň atyp barýarka, Aýsoltan düýş gärdi. Ol düýşünde Bezirgeni görüpdir. Bezirgen oňa: «Sen näme üçin meniň gabrymyň üstüne az gelýäsin.? Menin seni göresim gelýä!» diýip, gözünden gaýyp bolýa. Aý-soltan bu düýşi görgen,ýerinden syçrap tursa, onuň ýanynda agasy Bezirgen-de ýok, hiç zat-da ýok. Bu onuň düýşi eken. Muňa hapa bolup, aglap oturan wagty üstüne Görogly beg geldi. Aýsoltan Görogly bege ezüniň näme üçin aglaýanyny aýdandan soň, Görogly beg:

— Aýsoltan, onda biz tiz Çandybile gitmeli bolarys. Men Agaýunusa kyrk günden geleriň diýipdim.Möhlet bolsa geçip barýa. Hany, Aýsoltan jan, indi sen häzirlikçe ýurduňy goýup gidýäsiň.Ýör, sen önüp-ösen öýleriň bilen bir hoşlaş. Meni oňa belet et!» diýip, Aýsoltan bilen tirkeşip, ol tamdan bu tama geçip, görüp ýören wagtlary Görogly beg ammar tamynan baranda, ol tamyň çep burçuny pil bilen gazyp ugrady. Aýsoltan bolsa Görogly bege garap:

— Aga jan, sen bu jaýy ýykyp gitmekçi bolýamyň?! Degme, ýykma ony, jaýsyz garyp-pukaralar peýdalansynlar!» diýip, piline ýapyşmakçy bolanda, pili şaklap daşa degiberdi. Oňa çenli Görogly beg bir küýzäni çekip çykardy. Açyp görseler, onuň içi gyzyl, kümüş hem şolara meňzeş zatlardan doly eken. Aýsoltan bu wakany görüp, haýran galyp:

— Görogly aga, sen-ä biziň öýlerimiziň, binýadyny goýşan ýaly. Bu ýerde munuň ýaly zatlaryň bardygyny nädip bildiň? — diýdi.

Görogly beg:

— Aýsoltan jan, bu zatlaryň bu ýerde gömlendigini hut seniň agaň Bezirgen aýtdy. «Sen şol dünýäni Aýsoltan bilen tapyp al-da, meniň ýurdum bilen öz ýurduň arasyna köpri etdir,ýol saldyr, guýy gazdyr!Galanlaryny bolsa ýetim oglan, dul hatynlara,kör-şellere paýlap ber, ol baýlyk ýerde galmasyn!Ony menden başga bilýän adam ýokdur» diýipdi — diýende,

Ýene Aýsoltan gözüne ýaş aýlap, agasyny ýatlap, aglap başlady. Görogly beg onuň ýanyna ýakyn baryp, göwünlik berip, aglamasyny goýdurdy. Ondan soň, budar küýze doly dünýäniň hemmesnni öz jaýlaryna getirip,deň ikä böldüler-de, onuň ýarysyny Dawut begi çagyryp,berip:

— Bu saňa berlen dünýäni köpri salmaga,ýol gurmaga, guýy gazdyrmaga harçla! Ondan galanlary ýetim oglan, dul hatynlara paýlap berersiň. Şeýt-Bezirgen biçäre senden razy bolar! — diýip sargadylar.

Dawut  beg  begenjinden iki bolup bilmedi,şolaryň hemmesini ýerli-ýerine harçlajakdygyny aýtdy.

Görogly beg Çandybile gitmese, Aýsoltanyn rahatlanmaýandygyny aýtdy. Dawut beg Aýsoltanyň göwnüni ýykyp bilmän,özüniň razylaşýandygyny aýtdy. Görogly beg ýigitlerine gitmäge taýýar bolmagy tabşyrdy. Aýsotan özüniň Kazbek atly atyna mündi. Görogly beg Gyratyna atlandy. Dawut begem özüniň ýigitleri bilen Göroglyny ugratmaga  geldi. 

Ondan soň  bular niredesiň Çardagly  Çandybil? diýip, ýola rowana bolmakçy boldular. Dawut serdar eline sazyny alyp,

Görogly bege garap, bi;r gazal aýtdy:


Çandybilden bize gelen gardaşlar,

ÝOlunyz ak bolsun, siz hoş geldiniz!

Biziň dadymyza ýeten syrdaşlar,

Ýoluňyz ak bolsun, siz hoş geldiniz!


Hoş geldiňiz, hoşluk bilen gaýdar siz,

Çandybile bizden salam aýdar siz,

Barandan son, bize habar eder siz,

ÝOluňyz ak bolsun, siz hoş geldiňiz!


Şat gezsin siňlimiz Aýsoltan gyzam,

Wagt bolsa soraglap bararys bizem,

Myhman gelip duruň tiz-tizden sizem,

Ýoluňyz ak bolsun, siz hoş geldiňiz!


Guýjümiz birlesek, baş beýik bolar,

Şeýtsek, synan keňül tiz seýik bolar,

Başa iş düşende, dost aýyk bolar,

Ýoluňyz ak bolsun, siz hoş geldiňiz!


Dawut barar, sizem gelin kömege,

Teşne bolsam, suw damdyryň, damaga,

Ýol bermäliň üstden saýry-samaga,

Ýoluňyz ak bolsun, siz hoş geldiňiz!


Dawut serdar sözüni tamam etdi. Ol öz goşuny hem myhmanlary ugratmaga gelen gürji halky bilen birlikde Görogly beg bilen Aýsoltany tä Gürjüstanyň çygryndan çykynçalar hormat bilen ugratdylar.Aýsoltan gyz özüniň önup-ösen ýurduny, Bezirgeniň ösüp kemala gelen jaýlaryny taşlap gidişine göwni bozulyp,özüniň mähriban ýurdy, halky bilen hoşlaşmak üçin eline sazyny alyp, at üstünden yzyna garap, bir gazal aýtdy:


Göwsüňde bökjekläp kemala geldim,

Ilim, günüm, ösen ýerim, hoş indi.

Paýyzly jülgäňden kän bähre aldym,

Üsti garly belent daglar, hoş indi!


Ýurdum gözel keşbiň ýadymdan çykmaz,

Miweli baglaryň gözümden gitmez,

Ýürekde ýer eden söýgimiz ýitmez,

Häzirlikçe bolar ara daş indi!


Gitsem-de geler men sapaly jaýa,

Il-günsüz ömrümni geçirmen zaýa,

Dogan ilim deňäp Gün bilen Aýa,

Köňül küýsäp, gözum bolar ýaş indi!


Çandybilde ýatyr agam mazary,

Ony ýatlap çekýärin men azary,

Öwrülip öter men Bahry-Hazary,

Häzirlikçe ata ýurdum, hoş indi.


Watan, ýatdan çykmaz dury suwlaryň,

Saýýatlara owkat bolýan awlaryň,

Gözel jülgeleriň, syrly zawlaryň,

Dawut serdar illeriňe baş indi.


Indi Göroglydyr meň arka dagym,

Dadyma ýetişer horlanan çagym,

Reňbereň güllerim, bakjalam, bagym,

Azat ilim azatlykda joş indn!


Päsgel bermez duşman ýoldan geçmäge,

Çýandybilden gelip göwün açmaga,

Derde derman suwlaryndan içmäge,

Biz geleris, suwlar, joşup, daş indi!


Çapdybilde, Gürjüstanda gezer men,

Ötgen günlerime dessan ýazar men,

Başa näme gelse, oňa dözer men,

Türkmen, gürji boldy garyndaş indi!


Aýsoltan gyz sözüni tamam etdi.Görogly beg bilen Aýsoltan kyrk ýigide baş bolup: «Nirdesiň, Çardagly Çandybill?» diýip gidiberdiler.

* * *

Indi  habary Agaýunus periden eşidiň!Agaýunus peri Görogly hem Aýsoltan dagy gidenden soň, bir tarapdan,özüniň ýeke galanyna içi gysýan bolsa, ikinji tarapdan ol:  «Görogly beg dagynyň başyna bir agyr iş düşen bolmasa ýagşydyr.Bular Garahan berzengini  nätdikäler?  Haramy Garahan  Görogly dagyny horlamadyk bolsa ýagşydyr.Ýa-da Görogly beg ýigitleriniň aldawyna düşüp, gürji halky bilen dawa saldymyka? Öz  ýigitleriniň içinde-de Görogly begiň,duşmanlary bar eken.Weli Hyrtman dagy ýalylar,mesginsokar Zeýnel kempir dagy ant içip, awy ýalap,görolynyň kyýamatlyk dogany bolan Bezirgen biçäräniň,janyna kast etdirdiler.Eger-de  Bezirgen  diri bolup, Görogly bilen dogan  bolup gezip  ýören  bolsa,bu dünýäde bar bolan zalym hanlaryň, garakçylaryň hiç birisi  bulardan gorkusyna seslerini  çykaryp  bilmän  gezerdiler.  Dünýä  parahatçylyk bolardy. Eger olaryň ikisiniň güýji birikse, dag hem bolsa ýaryp bilerdiler» diýip, çuňňur oýlara batyp,gaýgy edip ýördi. Emma welin, Agaýunus peri Göroglynyň örän güýçli batyrlygyn -dan  başga-da  müňde-bir hilesiniň  bardygynam, ony ýerinde peýdalanmagyn hötdesinden  gelýändigenem  örän  ýagşy  bileni      üçin,eger başyna bir agyr howp abanaýanda-da, hile bilen sypyp bilýändigini bileni üçin,ýene öz göwnüne özi tesslli beren bolup ýördi. Agaýunus peri her gün diýen ýaly Bezirgeniň kümmedine baryp,ol ýerde düşläp geçýän  kerwenbaşylardan, ýolagçylardan Görogly beg, Aýsoltan gyz dagyny soraýady.

Bir gije daň atyp barýarka, Agaýunus peri birýaman düýş görýä. Onuň düýşünde Görogly beg iki elini gyzyl gana sokup, ýuwup oturanmyş. Agaýunus syçrap ýerinden tursa,onuň ýatan ýeri özüniň öýi bolup,onuň ýanynda Görogly-da ýok, gan-da ýok.

Bu düýşe Agaýunusyň haly perişan bolup, aglap daşary çykyp görse, ýoldan bir hatar kerwen geçip barýan eken. Agaýunus peri gaýgyly görnüşde kerweniň gapdalyndan çykyp,eline sazyny alyp, Göroglydan gördüňizmi?» diýip, bi;r gazal aýtdy:


Ýurt gezip gelen kerwen

Göroglydan bildiňizmi?

Ýaman düýşler gördum şu gün,

Göroglydan bildiňizmi?


Perişandyr akyl-huşum,  

Ýowuz işdir gören düýşüm,     

Gowga galdy ýalňyz başym,

Göroglydan bildiňizmi?


Aýsoltany alyp gitdi,

Nädip Gürjüstana ýetdi,

Ýa-da ony hudaý tutdy,

Göroglydan bildiňizmi?


Ýa berzeňňä duşdumyka,

Howply ýola düşdümikä,

Ýa alňasap, çaşdymyka,

Göroglydan bildiňizmi?


Agaýunusyň hossary,

Göz guwanjy, medetkäri,

Siz jahanyň habardary,

Göroglydan bildindzmi?


Agaýunus peri sözüni tamam etdi. Ondan soň kerwepbaşy goluny gowşuryp, tagzym bilen Agaýunusyň ýanyna gelip: «Guzym, sen Görogly begiň hakda gaýgylanyp oturma. Seniň Göroglyň Gürjüstana baryp,gürji halkynyň ganym duşmany bolan Garahan berzeňňi-niň özüni öldürip, onuň tutuş lek-lek goşunyny hem gyrypdyr. Bütin gürji halky hem Görogly begi gowy görýämiş. Görogly begiň ýolbaşçylygynda uly ýeňşiň dabarasyna ähli gürji halky üýşüp, ýeňiş toýuny edýämişler.Biz Gürjüstanda düşläp geçenimizde,biziň

ýanymyza gelenler şuny gürrüň berdiler.Asyl şol taýdan bize bir tabak ýagly palawam getirip berdiler. Bizem şol palawdan garnym -yzy doýrup, neşämizi tutdurdyk» diýdi.

Bu habary eşiden Agaýunus peri şady-horram  boldy. Ondan soň şatlyk habary getiren kerwenleri öýüne äkidip, üsti towuk etli, kä-

şirli palaw, ýapraklama çorba hem şoňa meňzeş naharlardan keýplerini kökläp,çyn kase-çäýneklerden çyn çaýyny demläp, çaý hem berdi.Çaý-nanlaryny iýip bolandan soň, olaryň arkalaryna serpaý don ýapdy,düýelerini  tirkäp ýola saldylar.Kerwenbaşylar-da Agaýunusdan minnetdar bolup, öz ýollaryna rowana bolup gidiberdiler. Agaýunus bolsa özüniň joralary bilen Görogly, Aýsoltan dagy gelende edilmeli toýa taýýarlyk görýärdi.

* * *

Indi  habary  Görogly  beg  dagydan   alyn!  Çandybile ýetmäge bir gije-gündizlik ýol galanda,Görogly öz içinden: «Şunuň ýaly ony getir, muny getir,öňa aýt, muňa aýda ýaraýmasa, başga-ha uruşda-sögüşde sen bize köp peýda bermediň» diýip, Weli Hyrtmany öz ýanyna çagyryp:

— Sen biziň duşmany ýeňip gelýänimizi Çandybile baryp, Agaýunusa habar berip bilermiň? — diýende,

Weli Hyrtman:

— Siz ony maňa ynansaňyz, men dessine baryp aýdyp, Agaýunusdan söýünjem alaryn — diýip, ýyrşardy. Onda Görogly beg:

— Eger öňüňden biri çykyp: «Ýaragyňy ber!» diýse,näme etjek? — diýdi. Weli Hyrtman:

— Görogly agamy çagyraryn diýsem, zat diýmezler. —  diýdi. Muňa daşyndakylaryň hemmesi birden jakgyldaşyp gülüşdiler.Weli Hyrtmanyň özi hem keýip edip güldi-de:

— Gerogly aga, siz gowy ýatlatdyňyz! Men özümiň ýaragymy, ýagşy geýimlerimi goýup, bir jinde geýip, bir ýyndam atam münüp gideýin, eger biri janyma howp salsa, gaçyp gutularym ýaly — diýdi. Görogly:

— Ine, munyn. boljak! diýip,ýene bir gülüşdiler-de, Weli Hyrtmany ýola salyp, aýak aldygyna at çapyp gidip, tizräk habar bermegi oňa ýene bir gezek tabşyrdylar.

Agaýunus peri agşamara daş çykanda, günüň aşagyndan bir ýeke atlynyň inçejik tozan turzup, hasanaklap gelýänine gözi düşdi. Agaýunus peri bu atlynyň buşlukçydygyny derrew güman etdi, ýakynrak gelende, onuň Weli Hyrtmandygynam tanady. Weli Hyrtman gele-gelmäne atdan düşägede howlugyp: «Buşluk, perizat!» diýip, sözüni soňlamaga ýetişmän, özüniň aljak söýünjisi ýadyna düşüp, begenjinden dili tutulyp, sesi kesilip galdy.

Agaýunus peri Weli Hyrtmanyň ýanyna baryp, onuň egnine kakdy-da:

— Weli han, seniň maňa näme aýtjak bolýanyňa düşündim. Garahan berzeňňi ölüpdir, gürji ili zulum-dan azat bolupdyr. Aýsoltan janam ýene Çandybile gelýämi? — diýende, Weli Hyrtman baş atyp, üm bilen olaryň gelýänini düşündirdi. Ondan soň, Weli Hyrt-man  iki elini birikdirip goşawujyny  açanda, Agaýunus onuň söýünji  hantamadygyny  bilip,sandykdan özüniň haltasyny çykaryp, bir çeňňel pul alyp, Weli Hyrtmanyň goşawujyna guýdy. Weli Hyrtman ony sanap görse, elli teňňe eken. Ony az görüp,ýene elini serdi. Agaýunus ýene bir çeňňel pul  berende,Weli Hyrtmanyň sesi hem açylyp, bedene ýaly saýrap, hemme bolan wakalary birin-birin sanap berdi. Agaýunus oňa çaý-nahar berdi.Çaý-nahardan keýpini kökläp, Weli  Hyrtman  gyşaryp uklap galypdyr.Ol  asla daňyň atanynam bilmändir. Agaýunus  bolsa özüniň joralary,kowum-garyndaşlary bilen toýa taýýarlyk gördüler.Soň ýygnanan  jemagat  bilen, Göroglynyň, Aýsoltanyň hem kyrk ýigidiň önünden çykyp, garşy almaga  gitdiler.Weli Hyrtman ýerinden turup görse, daň  atypdyr.Göroglynyň  galasynda özünden başga adam galmandyr.Bu-da gözüni açalak-ýumalak edip, olaryň yzyndan ylgap zordan ýetdi. Görogly beg öz içinden: «Weli Hyrtman-a şu gezek öz wagtynda perizada habar beripdir-ow. Hol-ha, bütin jemagat bizi garşy almaga çykana meňzeýä» diýip pikir etdi.Aýsoltan gyz bilen öňde atlaryny ýanaşdyryp sürüp gelýärdiler. Görogly begiň başyndaky jygasy  uly gyzyň gupbasynyň üstünde dikilen otagasy ýaly bolup,ýaňy dogan günüň şöhlesine ýaldyrap, gözüňi gamaşdrýardy. Aýsoltan gyzyň başyndaky otagasy şemala baka yranyp, özüniň ýüz keşbine gelşik berýärdi, endamyna ýapyşyp duran köýnekleriniň daşyndan mese-mälim bolup duran goşa mämeleriniň ujy Taýmaz beg ýaly öýlenmedik nowça ýigitleriň ýüregine gezelen ýaý okunyň peýkamy bolşup durdy. Bugdaý reňk ýaňaklary bolsa gyzaryp, dogup gelýän güne meňzeýädi.Okara ýaly tegelsk mähirli  gözlerinde  şatlyk alamaty bolup, ýakut daşy ýaly ýitiligi bilen özüne çekýädi.

Agaýunus peri hem özüniň joralary bilen gowy geýnip,daşyndaky mähelle bilen bir çakrym ýerde Görogly bilen Aýsoltanyň öňünden çykyp, ony garşy alyp, atyň üstünde eline sazyny alyp Görogly bege, Aýsoltana hem ýigitlere garap, bir gazal aýtdy:


Şöhratyň göterlip, asmana ýeter,

Ýeňiş bilen gaýdyp gelen Göroglym!

Seniň at-owazaň älemi tutar,

Ýeňiş bilen gaýdyp gelen Göroglym!


Aýsoltan gadamyň bolsun mübärek,

Hoş sözüň agaňa bolsun tebärek,

Abraýňy gorapdyr agaňa derek,

Borjuny jaýyna salan Göroglym!


Batyr ýigitlerem gutlamak gerek,

Gaýduwsyz goçaklar tutupdyr derek,

Ýeňmek üçin merde gerekdir ýürek;

Söweşe serdarlyk kylan Göroglym!


Gürji halky size alkyş okandyr,

Dostlaşansoň, indi ara ýakyndyr,

Uruşda köp bolduň, ýürek bekändir,

Arslan dek ýürekli bolan Göroglym!


Agaýunus köp garaşdy ýoluňa,

Güller bitsin galkan tutan goluňa,

Özüň bilen abraý geldi iliňe,

Tükenmez abraýy alan Göroglym!


Agaýunus peri sözüni tamam etdi. Soň Aýsoltany gujaklap atdan düşürip, onuň bilen birnäçe wagtlap gujaklaşyp durup, mährini gandyrdy. Ondan soň,Görogly beg hem-de galan ýigitler bilen görşüp çykdy. Görogly dagyny garşy almaga çykan jemagat hem gol gowşuryp, başlaryny egip hormatlamak üçin gelendiklerkni bildirýärdiler. Ondan soň, Görogly beg, Aýsoltan,Agaýunus, ýigitler, garşylamak üçin öňlerinden çykan jemende — hemmesi Göroglynyň galasyna sürüp gelip, atdan düşdüler. Görogly beg eline sazyny alyp, köpçülpge garap, bir gazal aýtdy;


Mundan baryp Gürjüstanyň iline,

Berzeňňiň sülsadyn gyrdym-da geldim,

Duşmanlaryň gan çaýkaýyp ýoluna,

Gyratyma gamçy urdum-da geldim.


Pirim kömek etdi, sag boldy başym,

Ýowa gylyç urup, dagatdyk läşin,

Bitirip geldik biz tüýs merdiň işin,

Duşmana gaýtawul berdim-de geldim.


Ýekme-ýek göreşdim Garahan bilen,

Ýeňmek üçin topuldy ol jan bilen,

Tamamlandy guran oýny men bilen,

Onuň leşgerini gyrdym-da geldim.


Syladylar bizi Gürjüstan ili,

Tarypymyz etdi senaly dili,

Bile alyp gaýtdym Aýsoltan güli,

Hossar bolup, bile ýördüm-de geldim.


Göwun küýsär üsti garly daglary,

Maza berdi miweleri, baglary,

Ýene-de gideris derkar çaglary,

Sapaly jaýlary gördüm-de geldim.


Dawut begi Gürjüstana baş edip,

Bäri gaýtdyk halkyň göwnün hoş edip,

Görogly beg aýdar şuny joş edip,

Dostluk söwdasyny gurdum-da geldim,


Görogly beg sözüni tamam etdi. Ondan soň, gülli keçeleri uzynlygyna ýazyp, bütin toýa gelen jemagaty düşege hatara oturdyp, her dürli nahar berdiler. Ortada göreş tutuşdylar, at çapdyrdylar.Ýykanlara ozanlara uly baýrak berdiler. Bagşy aýtdyrdylar,toýuň şatlykly owazy bütin gün ýanlandy. Şol gün agşam Taýmaz beg bilen Aýsoltan ikisi bir-birine mähirleri gitdi. Olaryň bir-birlerine bolan mähir-muhapbetleri diňe olaryň ýüreklerinde gizlin syr bolup galdy. Olar bir-birlerine hiç kime bildirmän, diňe göz gyýygy bilen bakyşan bolaýmasalar, gepleşip, söýgülerini dilden beýan edişim bilmändiler.Saz-söhbet gijäniň bir wagtyna çenli dowam etdi. Gije ýarymdan agansoň, «Indi bir çak boldy» diýip, märeke dagamak bilen boldy. Gelenler Görogly begden hem beýlekilerden razy bolup,öýli -öýüne ugradylar.

Görogly beg bilen Agaýunus peri hem öz jaýlaryna baryp, aýşy-eşrete meşgul bolup ýatyp galdylar.Aýsoltanam gelip, öz otagynda ýatmakçy boldy, emma gözüne uky gelmedi. Taýmaz begem gözüne çiş kakylana döndi.

Aýsoltan gyzyň ýüz-keşbi, okara ýaly bal-kyldap duran gara gözleri, onuň edep-ekramly aýak basyşy gözüne görnüp duran ýalydy. Aýsoltanam Taýmaz begiň ýüz-keşbini, gapak ýaly dogumly döşlerini, berdaşly gollaryny, polat ýaly billerini göz öňüne getirip, gije ýatyp bilmedi.

Aýsoltan gyzyn ýüreginde yşkyň ody möwç urup, ol gije-gündiz Taýmaz bege bolan söýgüsini daşyna çykaryp bilmän, özüni horlap ýördi. Taýmaz begiň ýaşy otuza ýakyn bolup, onuň ýüreginde Aýsoltana bolan söýgi möwç urup, günde birki gezek Aýsoltanyň ýüzüni görmese, ýüregi takat tapmaýardy. Ol wagtlaryň däp-dessuryna göre, olaryň aralaryna ýaşulular düşüp, iki söýgüliniň, bir-birine duşmagyna kömek etmese, Görogly beg razylyk berip, ara düşmese, olar hiç wagtda bir-birlerine duşyp biljek däldi.

Aýsoltanam, Taýmaz begem Göroglyny özüniň agasy hökmünde görüp, ony sylaýardylar. Şonuň üçin, bularyň duşuşmaklary Görogly bege baglydy. Emma Görogly beg bularyň söýşüp, oda-köze düşüp ýöreninden bihabardy.

Aýsoltan gyz bir gün ertir irden turup Görogly beg bilen Agaýunusyň ýanyna baryp, uýalyp, bir zady aýtmakçy boldy. Agaýunus muny duýdy. Onuň ýanyna ýakynrak gelip, özüniň ýüregine düwenini beýan etmegi haýyş etdi. Ondan soň, Aýsoltan gyz ýüzüni aşak salyp:

— Görogly aga, siz meniň agam Bezirgeniň tabşyran  zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdiňizmi?!  — diýdi.

Görogly beg:

— Aýsoltan jan, men-ä  ýerine ýetirendirin  öýdüp ýörün.  Eger ýadymdan  çykan zatlar bar bolsa  aýdaýgyn, men ony ýerine ýetirmäge hemişe taýyndyryn. — diýdi.

Aýsoltan gyzyň utanjydan ýaňa ýüzi gyzaryp, ýüregine düwenini birdenkä açyk aýdyp bilmejegini mälim edenden soň, eline dutaryny alyp, ýüzüni aşak salyp, bir gazal aýdar boldy:


Eger açylsa bägül,

Ony näme etmek gerek?!

Güli küýsese göwün,

Neneňsi tapmak gerek?!


Gül bermeseň gerege,

Ýaratmasaň derege,

Yşky düşse ýürege,

Ýüregi nätmek gerek?!


Erik bişse ýolýalar,

Bazarlara salýalar,

Hyrydarlar alýalar,

Wagtynda satmak gerek.


Her zadyň wagty ýagşy,

Söwdanyň nagty ýagşy,

Jübütiň bagty ýagşy,

Bagta ýol açmak gerek.


Ýekäniň çykmaz çaňy,

Adynyň ýitýä soňy,

Hemmeniň bardyr deňi,

Öz deňin tapmak gerek.


Pähim ediň bu söze,

Sözümi diýdim size,

Uýaň Aýsoltan gyza,

Kuýsänin tapmak gerek.


Aýsoltan gyz sözuni tamam etdi. Görogly beg Aýsoltanyň sözlerini üns berip diňledi. Bezirgeniň öluminiň öň ýanynda: «Ýeke gyz doganym Aýsoltany sag-aman öz ýurduňa getirip,özüniň halanyna bergin!» diýeni ýadyna duşdi. Emma birdenkä Aýsoltana bir zat diýäýmäge çekinip, duşunmedik kişi bolan bolup:

— Agaýunus jan, sen Aýsoltanyň aýgjak bolýan zadyna, onuň  bizden  näme isleýänine düşündiňmi? — diýip sarady. Agaýunus peri:

— Men Aýsoltan janyň aýtjak bolýan zadyna gaty gowy düşündim. Men bu hakda öňräkden pikir edýädim.Aýsoltanyň özi dil ýarmasa, oňa bir zat diýmegi uslyp bilmän ýördüm. Ine, bu gün onuň özünin dilleneni gowy bolaýdy. Özüňiň göz astyna alyp ýöreniň, özüne  mynasyp saýyp  ýören  ýigidiň  bardyr,bize, ,ana, ony aýt! — diýdi.


Aýsoltan gyz uýalyp, hiç bir zat aýdyp bilmän, aşak bakyp oturdy. Ondan soň, Agaýunus peri Aýsoltany öz bolýan jaýyna alyp baryp, ondan sorady. Aýsoltan gyz:

— Men Görogly agamyň şägirdi Taýmaz begi söýýän. Emma onuň bilen şu wagta çenli dil ýaryp sözleşip  bilmän  ýörun.  Taýmaz  janam  gizlinlikde  maňa gözüni gypyp,  gaşyny  kakyp, ýürek-bagryma ot berip ýör. Ol meni ýürekden söýýän bolsa gerek. Biz Gö-rogly agamy sylaýas. Eger ol razy bolmasa, onda biz bir-birimize ömürlik düşünip bilmeris — diýdi, Ondan soň Agaýunus peri Aýsoltana gewünlik berip:

— Görogly agaň seniň söýgiňe böwet bolup bilmez. Özuň halaýan bolsaň, sen Taýmaz bege gowşup bilersiň.Ýöne weli Taýmazyň seni söýýän-söýmeýänini bilmek gerek — diýdi. Soňra Agaýunus peri Görogly begiň ýanyna baryp, Aýsoltanyň Taýmaz beg bilen halaşýandygyny mälim etdi.

Mundan soň Görogly begem, Taýmazy özüniň ýanyna çagyryp, onuň öýlenmek pikiriniň bardygyny ýa ýokdugyny sorady. Taýmaz beg:

— Görogly aga, ol size bagly! Siz jogap berseňiz, göwne ýakan gyz tapsak, öýlenmän durmarys.Ýöne welin,öýlensek, aýagymyz duşakly bolar. Bir uzak ýere sapara dagy gitsek, gölesi galan sygyr ýaly, iki gözuň bolup, tiz gaýdasyň geler durarmyka diýýän— Diýidi.

Görrogly beg munuň gürrüňine hezil edip güldi:

— Taýmaz beg, meniň Agaýunusym bar.Ol hiç wagt meniň aýagyma duşak bolmaýa. Gaýtam onuň özi maňa akyl berip,meni ýola salyp iberýä. Gelinçäm bolsa bütin mal-mülküme hem eýelik edip oturýa.

— Görogly aga, seniň Agaýunusyň peri ahyry. Onuň ýaly akylly,batyr, edepli-ekramly gyz  biziň ýala tapdyrmaz. Ol seniň bagtyňa bagt goşýan bir akyldar ahyryn!

— Taýmaz beg näme, Aýsoltan gyzy sen akylsyz, gurkak ýa-da bedroý hasap edýämiň?!

Taýmaz begiň kiçiräk gözleri teglendi-de:

— Wah, agam jan, ol bolsa gaty gowy bolardy! Ýöne welin, siz ony maňa rowa görermisiňiz? Onuň  göz asty bilen gizlinlikde maňa garamasy-ha bar. Menem oňa käte göz güldürip garap, gaş kakýan — diýdi.

Görogly beg Taýmaz bege garap:

— Onda men seni Aýsoltan gyz bilen jübüt edeýin.Olam seni ýürekden söýýändigini Agaýunusa aýdypdyr.siziň söýgiňize  meniň  garşylygym  ýok. Aýsoltan  seniň aýagyňy duşamaz. Ol örän sabyrly, edepli, akylly, owadan gyz — diýende, Taýmaz beg ylgap gelip, Göroglyny gujaklap, onuň ýüz-gözlerinden ogşap:

— Siz maňa ata bolduňyz, sizde tüýs atalyk mähri bar! — diýip, begenjinden gözi ýaşardy. Şol wagt Agpýunus  içeri girdi.  Taýmaz  beg oňa tagzym  edip,Aýsoltan  gyzyň söýýändiginiň  dogrudygyny, däldigini sorady. Agaýunus şonuň dogrudygyny hut onuň öz

agzyndan eşidenini aýtdy. Taýmaz beg özüniň şatlygyny ýigitlere buşlajak bolup, çykyp gitmekçi boldy.

Görogly beg Taýmaz bege:

— Sen entek şatlygyňy birnäçe gün içiňde sakla!Entek dost-ýarlaryňa aýtmaga  wagt  köpdur.Edilmeli toýa taýýarlyk görmeli.Biz   halkyň öňünde özümiziň jomartlygymyzy görkezmelidiris   —  diýdi.

Görogly beg Taýmazyň Aýsoltany jany-teni bilen soýýänini, özüniňem söýgülileri bir-birine duşurmak üçin razylygyny habar bermek üçin, Agaýunus perini, Aýsoltanyň ýanyna ýollady. Agaýunus bu habary Aýsoltýana aýtdy. Aýsoltan şatlygyndan ýaňa iki bolup. bilmedi. Ol Agaýunusy mähirli gujaklap ogşady.

Bir gün agşam Görogly beg Sapar Kösäni,Agaýunusy, Aýsoltany, oba ýaşulularynyň birnäçesini öz bolýan jaýyna çagyrdy. Aýsoltan jaýa girenden, ýüzüni aşak salyp, Görogly begden uzagrakda oturanyny kem görmedi. Görogly beg şu oturanlara ýüzlenip, eline dutaryny alyp, bir gazal aýdar boldy :


Toýumyzda jomartlygy joş eýläp,

Geliň, dostlar, toý üstüne toý bolsun!

Batyrlary bir-birine duş eýläp,

Toýumyz toý ýaly, göwne jaý bolsun!


Gyz çykaryp, ogluma toý etmedim,

Zürýat diläp mydaryma ýetmedim,     

Owlak gapyp, altyn gabak atmadym,

Bu toýum üýtgeşik, täsin toý bolsun'


Ilim-günüm toýy toýlap şatlansyn,

Söhbet eýläp, öten-geçen ýatlansyn,

Owlak gapmak islänler-de atlansyn,

Göwün açýan tomaşaly toý bolsun!


Jarçylar jar çekip, çagyrsyn ili,

Bu toýda sanaman harçlajak puly,

Bagşylar saz çalsyn, saýrasyn dili,

Gurulan toý il göwnüne jaý bolsun!


Aýsoltan, Taýmaz beg ýetsin myrada,

Alty ganat agöý tutuň gyrada,

Sala salyň Agaýunus perä-de,

Görogly diýr, tomaşaly toý bolsun!


Görogly beg sözüni tamam etdi.

Soňra Agaýunus peri-de öz nobatynda tylla sazyni eline alyp, märekä garap, bir söz aýdar boldy :


Halaýyk, başlalyň bu gün toýmuza,

Söwer gelin bolup, Aýsoltan gelsin.

Rehnet nurun çaýsyn mydam öýmüze,

Toýa külli türkmen, Gürjüstan gelsin!


Çapar ýollaň ähli oba-kentlere,

Garry-ýaşa, danalara, tüntlere,

Il teşnedir aýdym-saza, pentlere,

Külal, zergär, nöker, serdar, han gelsin!


Toýdan öň awçylar awlasyn awy,

Beriň Bezirgene ýene aş-suwy,

Dag-deňizden aşyp bu toýuň çawy,

Eýran, Häzirbegjan hem Turan gelsin!


Sapar mährem kyrk ýigide baş bolup,

Hyzmat kylsyn, at çapdyrsyn joş bolup,

Bedöwlermiz göýä uçar guş bolup,

Başdan burun Gyrat, Öwez jan gelsin!


Alty, sekiz ganat öýler tutulsyn,

Owlak gapyp, altyn gabak atylsyn,

Aýsoltanym Taýmaz bege çatylsyn,

Olaryň bagtyna guwanan gelsin!


Agaýunus aýdar, mydarym şudur,

Ölä hormat, dirä goýulsyn gadyr,

Çarwadyr, çomurdyr, gedadyr, şatyr,

Görogly soltany sylaýan gelsin!


Agaýunusam sözüni tamam etdi.Ýaşulular Görogla, Agaýunusa-da berekella aýtdylar.Oturanlaryň hemmesi diýen ýaly Göroglynyň zürýatsyzlykdan ýanyp-köýýändigini eşidenden soň,oňa göwünlik berdiler. Görogly beg oturanlara ýüzlenip:

— Halaýyk,  siz  jemagatyň  wekilleri,  toý  etmek üçinem bir bahana gerek. Ine, şu ýaşlaryň, toýy maňa ýana boldy. Bularyň ikisiniň menden başga hossary ýok.Şonuň üçin, men şulara ata bolup, uly toý tutup, bulary maksat-myratlaryna ýetirjek.Şu toýy bir kemsiz dabaraly edip geçireliň. Toýa öz ýurdumyzyň, ilatynyň-a hemmesini çagyrmakçydyryn. Jarçylar bazar-okaçlarda sesiniň ýetdiginden gygyry bersin« Gürjüstandan Dawut serdara habar etmeli.Ol özüniň  adamlaryny,Aýsoltanyň kowum-garyndaşlaryny alyp gelsin! — diýdi. Oturanlardan biri:

— Kimleri çagyrmalydygyny molla Maşrykdan sorasak, nähili bolarka?!  — diýdi.  Ondan soň,Görogly beg daş çykyp, ýigitlere gözüni aýlady. Weli Hyrtman özünin mollany çagyrmaga taýýardygyny bildirdi. Weli Hyrtman köp eglenip, molla Maşrygy getirdi. Görogly beg mollaga:

— Molla  aga, özüňi näme üçin çagyranymyzy bilýäňmiň?! — diýdi:

— Hawa, maňa Weli Hyrtman ýolda gelýärkäk aýtdy.

— Aýdan bolsa, ýagşy edipdir. Onda biziň. şu toýmyza kimleri çagyrarys?

Molla Maşryk barmaklaryny büküp, Çandybilde bolan bütin hanlaryň, mollalaryň, baýlaryň atlaryny sanap ugrady. Görogly beg mollaga:

— Men öz ýurdumyň baýyny, garybyny hemmesini çagyrjak. Emma goňşy ýurtlaryň haýsylaryndan toýumyza adamlar çagyrmalydy -gyny soraýas — diýdi.

Molla Maşryk uzyn kirpikli gözlerini gyrpyldadyp, uzyn ak sakgalyny sypady-da:

— Eýran-Turandan, Soltandan1 adamlar çagyrmak gerek. Siziň Wellek hakyňyz özüniň soltanly garyndaşlary bilen görşer — diýdi.


Görogly beg öz içinden mollanyň Wellek han diýeniniň Weli Hyrtmandygyny we Weli Hyrtmanyň aslynyn bolsa soltanlydygyny bildi. Şu wagta çenli onuň özüni Çandybilli diýip aldap ýörenini aňap soň, Weli Hyrtmany göz astyna almaga ýüregine berk duwdi. Görogly beg molla Maşryga ýüzlenip:

— Gurjüstandan adam çagyrsak nähili  bolar? — diýdi. Molla Maşryk Görogly bege:

— Olar Muhammet ymmaty däldirler.Olaryň dini hem biziň bilen bir däldir — diýdi.

Görogly beg:

— Molla aga, olaryň dini bilen biziň işimiz ýok!Gürjüstanlylar Aýsoltan uýamyň garyndaşlary.Özüniň hem örän sada, gowy halky bar — diýdi.

Molla Maşryk aýdanyna puşman edip:

— Beýle bolýan bolsa çagyraweri! — diýip, daşay çykyp, öýune gitdi.

Ondan soň, Görogly beg oturanlardan toýuň edilmeli gününiň sähedini sorady. Oturanlar üýşüp, köm pikir edenlerinden soň, toý Meret aýynyň 29-nda edilse, gowy bolar diýdiler.Oňa çenli ýene bir aý wagt bardy. Şu bir aýyň içinde Gürjustana, Eýrna, Turana hem düýekeşleriň, galandarlaryň üsti bilen  habar ibermeli. Gerogly beg ez içindek: «Soltanlaryň ýurduna-da hökman habar ibermeli,

---------------------------------------------------------------------------------------------------------

Bu ýerde türk soltanlygy göz öňunde tutulýar

 

şolardan gelen adamlar bilen Weli Hyrtmany aňlaşmaly. Ine,şu ýerde biz içimizde bildirmän gezip ýören duşmanlaryňam üstüni açarys. Ondan soň bolsa, olaryň ýoguna ýanyp, öz aramyzy arassalarys» diýip pikir etdi.Soltanyň ýurduna-da düýekeşleriň üsti bilen habar ibermeli diýip oturanlara ýüzlendi. Öz Çandybilimizde bolsa şu bir aýyň dowamynda bazar-okaçlarda: «Meret aýynyň ýigrimi dokuzynda Görogly beg ogluny öýlendirip, gyzyny hem äre berip, goşa toý edýändir. Şoňa ýerden ýörän jemagaty çagyrýa!» diýip, jarçylara aýdyň. Men olaryňam arkasyna serpaý ýaparym. Çandybiliň halky meniň ogul-gyzymyň ýokdugyny bilýä. Meniň adamlary aldamaýanymam olar ýagşy bilýäler. Şonuň üçin bu çakylygy olar geňirgenip, ol toýuň kime edilýänini bilmek üçin, halk köp geler. Men muny hemme halkymy şu toýa üýşürmek üçin edýän.» diýip, eline sazyny alyp, oturanlara ýüzlenip, bir gazal aýtdy:


Jar çeksinler bazar-okaja çykyp,

Dostlarmyz şatlanyp toýa gelsinler!

Ýaňlansyn sesiňiz ýol bilen akyp,

Göroglynyň toý edýänin bilsinler!


Ýygnalsyn ilimiň garyby, baýy,

Toý bilen gutaryn bu Meret aýy,

Bol bolsun şerbetler, içsinler çaýy,

Göwün açmak islän toýa gelsinler!


Şatlyga begensin kowum-gardaşlar,

Toýa gelsin biziň bilen syrdaşlar,

Eşitmän galmasyn ýakynu-daşlar,

Ýerden ýörän halkyň bary gelsinler!


Görsün dostlar Aýsoltanyň boýuny,

Toýlasynlar Taýmaz begiň toýuny,

Beslesinler Çandybiliň oýuny,

Kejebeli gyz-gelinler gelsinler!


Göroglyň sözüni halka ýetiriň,

Aýsotan, Taýmazyň göwnün bitiriň,

Külli iliň baryn toýa getiriň,

Çagyryňlar baryn toýa gelsinler!

* *

Aşyklar üçin örän uzak görünen Meret aýynyi 29-y hem ýetip geldi. Dawut serdar Aýsoltanyň kowum-garyndaşlary, dost-ýarlary hem-de özüniň birnäçe ýigitleri bilen toýa geldi. Görogly beg dagy öňlerin-den çykyp, olary garşy aldylar. Soltanyň ýurdundan Myrat hanyň neberelerinden Osman beg, Hasan beg dagynyň baştutanlygynda birnäçe atlylar geldiler. Eýran-Turandan, hem başga ýurtlardan myhmanlar gelip düşdüler. Edilýän adata görä, uzakdan toýa gelep myhmanlary Çandybiliň myhman saklamaga güýji ýeten adamlary öýlerine alyp gidýädiler.

Görogly beg Aýsoltanyň ýanyna baryp:

— Uýam, Aýsoltan  jan,sen şu toýuňy öz dessuryňyzça  gurarys diýseň,ygtyýar eliňde,  men gullugyňda taýýar! — diýdi.

Aýsoltan:

— Ýok, Görogly aga, men häzir siziň iliňizde. Taýmazam şu taýly ahyryn. Siz toýy öz dessuryňyza görä tutuberiň! Men siziň edeniňize razydyryn — diýdi.

Toý türkmen dessurynda edilmeli boldy. At çapjak çapandazlar atlaryny gezdirip: seýisläp ýörseler, göreş tutjak pälwanlaram özlerini tijäp ýördüler. Aýdym aýtjak bagşylar dutarynyň kirişlerini çalşyryp, dutaryň eşegini barlap görýädiler.Göroglynyň ýigitleriniň köpüsi Çandybiliň halky, gelen myhmanlaryň birnäçeleri Görogly begin näme üçin toý edýänini entek açyk bilmeýädiler. Emma şony bilmek üçin örän howlugýadylar. Göroglynyň özüniň ogul-gyzynyň ýokdugy bolsa Çandybile bellidi.

Ertir daň atdy. Bütin Çandybiliň ýerden ýöräni topar-topar bolup toýa gelýädiler.Garyp-gasarlar, oglanlar elleri okaraly, çanakly gelipdiler. Olar halkyň iýip bilmän galdyran naharlaryny, galan-gýaçanlary toýuň jomart beýemçilerinden diläp hem nahar alyp, öýde galan garry-gurrulara, ýaş çagalara nahar eltip berýädiler.Göroglynyň galasynyň töweregindäki päkize ýerlere uzynlygyna palas, keçe, haly ýazyidylar. Gelen myhmanlary düşegiň orta çeminde oturdýardylar.

Görogly beg Agaýunusa, Sapar Kösä ýüzlenip: «Men ilime jar çekdirenimde, «Oglumy öýlendirýän. gyzymy äre berýän, toýuma geliň!» diýip gygyrdyp-dym. Çandybiliň halky meniň öýlendirmäge oglumyň ýokdugyny, çykarmaga gyzymyň hem ýokdugyny gowy bilýärdiler. Olar meniň kim üçin toý edýändigimi hem açyk bilýän däldirler. Şonuň üçinem siz Aýsoltan bilen Taýmaz bege şahana geýimlerini geýdirip, halkyň ortasyna alyp çykyň. Jemagat bulary görüp, kime toý tutulýanyny bir bilsinler!» diýip buýurdy.

Agaýunus bilen Sapar Köse bolsa bularyň ikisinem gurjak ýaly bezäp, şalym geýimlerini geýdirip,Aýsoltanyň başyna otaga, Taýmazyň başyna jyga oturdyp, Agaýunus bolsa ýeňňe hökmünde Aýsoltanyň çep gapdalynda, Sapar Köse hem Taýmaz begiň sag gapdalyndan ýöräp, dördüsi hatar bolup oturan köpçüligiň öňünden geçip gitdiler. Görogly beg oturanlaryň öňüne çykyp:

— Halaýyk!  Ine, meniň oglum diýenim ildeşiňiz, meniň batyr ýigidim Taýmaz beg, gyzym diýýänim hem özümiň kyýamatlyk uýam bolan Aýsoltan jan.Bulary ata hökmünde bir-birine duşurmak,bagtly etmek meniň paýyma düşdi.

Bularyň menden başga  ata-enesi ,dogany ýok — diýip, kime toý edýändigini  aýtdy.

Oturanlar Aýsoltan gyzyň husny-jemalyny synlap:

— Bu Taýmaz bege tüýs mynasyp eken!Bularyň ikisine uzak ýaş bersin! Özlerem agzybir ýaşasynlar! Bulara bir dokuz ogul-gyz bersin! Şu toýy guran Görogly bege hem uzak ömür bersin! — diýip pata berdiiler.

Weli Hyrtman etek alty,ýeň ýedi bolup, öz ýurtdaşlary bolan Osman bege, Hasan bege hem başgalaryna hyzmat eden bolup, töweregine göz aýlap, çolarak wagty  nämelerdir bir zatlar hakda  içgin gürleşýädi». Emma welin, Görogly begiň gizlin tabşyrygyna

görä, öz  ýigitlerinden Mirem bilen Gammar Weli Hyrtmanyň yzyna düşüp, onuň eden gürrüňlerini, her bir hereketini aňtaşyp ýördüler.

Toýa gelen jemagat Görogly begiň öz toýunda özüniň bir joşup aýdym aýdyp bermegini isledi. Görogly beg:

— Köpüň göwnüni ýykyp bolmaz! — diýip, eline dutaryny alyp, mes bolup, bir gazal aýtdy:


Bu günki gün Taýmaz begiň toýunda,

Mes bolup, al şerap içeliň, dostlar!

Hoşal bolsun Aýsoltan jan öýunde,

Onuňam göwnüni açalyň, dostlar.


Toýuň dabarasy gitsin daşlara,

Uzak ömur dilälin biz ýaşlara,

Döwlet guşy gelip gonsun başlara,

Dillerden hoş sözler saçalyň, dostla.


Hasylsyz ekini ekmek gorkudyr,

Bala-çaga adamzadyn görküdir,

Göwnüniň söýegi, ýürek erkidir,

Pirden zürýat diläp geçelin, dostlar!


Dilegmiz duş bolup, önsün zürýady,

Zurýat bolsa çykar ýigidiň ady,

Çaga deňäp bolmaz dünýäni,

zady, Pata üçin eli açalyň, dostlar!


Zürýat önse,ýene uly toý bolar,

Ogul bolsa, hossar göwnejaý bolar,

Ýekiz bolsa, bir-birine taý bolar,

Tamakin donuny biçeliň, dostlar!


Taýmaz beg, Aýsoltan myrada ýetsin,

Myhmanlar gidende, hoş bolup gitsin,

Başaranlar şunuň ýaly toý etsin,

Näz-nygmaty orta saçalyň, dostlar!


Görogly diýr, çaga ata bolmadym,

Altyn aşyjagy oýnap bilmedim,

Gül-gunçanyň hoş ysyny almadym,

Zürýatsyz dowzahdan gaçalyň, dostlar!


Görogly beg sözüni tamam etdi. Toýdaky şatlykda oturan adamlaryň ýüzlerinde birdenkä gaýgy alamaty peýda boldy. Olaryň arasynda uludan demlerini alýanlary-da köpdi.

Toýa gelenleriň arasynda Baba Gammar diýen bir ýaşuly bardy.Ol ýerinden turup, orta çykyp:

— Görogly beg, sen çagam bolmady diýip, göwnüňe melal getirme. Bolsa bolubyr. Entek siz ikiňizem bir degnasyna degen garry däl. Ine, aňrysy bir ýyl-dan bärde Taýmaz beg bilen Aýsoltan uýaňdan ogul bor. Senem agtykly bolarsyň! — diýip, Görogly beginň  arkasyna kakyp göwünlik berdi.

Bir görseler, eýýäm gije ýatar wagty hem bolan ekeni. Taýmaz beg bilen Aýsoltana nika gyýmagy molla-Maşryga tabşyrdylar. Molla Maşryk hem bir tabak suwda nabat ezip, oturanlaryň hemmesine bir owurtdan süýjülik suwuny içirip çykandan soň, öz ýanyna iki sany pyýada kazy bilen Taýmaz begi hem alyp, ak öýüň dulunda oturan Aýsoltan gyzyň ýanyna girdiler. Şol wagt öňünden belleşenleri üçin, Weli Hyrtman bilen soltanly myhman Hasan beg öýüň aňry taýyndan gelip,olaryň nikalaryny baglamaga synanyş -dylar. Eger olar nikany baglap bilseler, Aýsoltana gep berip,ony Taýmaz begden aýryp,Weli Hyrtmana alyp bermegiň pikirini edip gelipdiler. Molla Maşryk bu işden habarsyz däldi. Molla Maşryk bilgeşleýin gaty ses bilen «Bismillahy rahman ar-rphymy» gutarandan soň, özüniň şaýatlaryny (pyýada klzylaryny) ýakynynda oturdyp:

— Pylan baýyň gyzy, siz pylan baýyň ogluna özüňiziň wekilçiligiňizi berdiňizmi?! — diýende, Weli Hyrtman elindäki düýe ýüňünden egrilip edilen bir arçyn çemesi ýüpüň ortasyndan: «Ýok, bermedik» diýip bir düwdi. Hasan beg hem elindäki gaýçyny bir açyp-ýumup, şol «bermedik» diýen sözi gaýtalady.Ýene molla Maşryk Taýmaz bege ýüzlenip:

— Pylan baýyň ogly, pylan baýyň gyzy bilen nikalaşmaga razymy?! — Diýendede, «razy däl» diýip, Weli Hyrtman ýüpüni düwmäge ýetişmänkä, bularyň üstüne Mirem bilen Gammar galdy. Şol wagtda Weli Hyrtman bilen Hasan beg hem köw-söw edip turp gitdiler.


Bu habary Mirem dagy Görogly bege ýetirdiler. Molla Maşryk nika gyýdym edip gidenden soň, başga bir molla tapyp, Taýmaz beg bilen Aýsoltany baglan dogany açmak üçin okadandan soň,ýene gaýtadan nika gyýdyrdylar. Şol baranlarynda, Mirem Weli Hyrtmanyn, elindäki ýüpüni hem tapypdy. Olar howul-halatlykda ýüpi hem galdyryp giden ekenler. Köne däp—düýe ýüňünden

edilen ýüp kyrk gezek düwlüp, kyrk gezek hem gaýçy çalnanda, nika daňylýa;r eken. Üstüni aldyran Weli Hyrtman zordan ýekeje gezek ýüpi düwen eken. Nika-zat gyýlyp, indi Taýmaz beg bilen Aýsoltany ak öe salmazlaryň öň ýanynda, Görogly beg eline.sazyny alyp, Aýsoltan bilen Taýmaz bege hem şol agşamky üýşen jemagata ýüzlenip, bir gazal aýtdy:


Sürmeli döwranyň wagty ýetende,

Süruň, eşretli döwran siziňki!

Bägüller açylyp, başyn atanda,

Ysgaşyp ýörmeli döwran siziňki!


Aýsoltany Taýmaz bege tabşyrdyk,

Jüp aşygy bir-birine gowşurdyk,

Bu öý bilen ol öýmüzi ýabşyrdyk,

Guçuşyp ýörmeli döwran siziňki!


Aby-zemzen suwun içsin Taýmaz jan,

Maksat-myradyna ýetsin Aýsoltan,

Ýagşylygmyz ýada salyň her zaman,

Indi eşretli döwran siziňki!


Ýürekde bolmasyn yşkyň daglary,

Açylsyn köňlünde Erem baglary,

Söhbetli geçiriň bütin çaglary,

Şatlykda gezmeli döwran siziňki!


Eşdiň, balalarym, Göroglyň sözün,

Eşretde geçiriň gyşy hem ýazyn,

Ýere basyň, duşmanyňyzyň ýüzün,

Mert hem batyr ýaşaň, döwran siziňki!


Görogly beg sözüni tamam etdi. Ondan soň, ýaşlar Taýmaz begiň guşagyny berk guşap, ädigini hem köp dolak orap, zor bilen geýdirmekçi bolanlarynda, oňa Taýmaz beg razy bolmady. «Men özüm bilimi guşaryn, ädigimi hem geýerin» diýip, bilini halka edip, gowşak guşady, ädiginem dolak oraman,gowaldaň geýdi.

Daşyndakylar: «Sen gelinligiňi gowy gerýäsiň» diýip, gyjyt berseler-de,ony ýüzüne almady-da:  «Dostlar, meniň  Aýsoltanymyň  örän   güýçludigini  menem  bilýän, sizem bilýäsiňiz. Eger ol maňa rehim etmese, guşagy çözmän, özüne garşy çekse, ýa meniň guşagym üzüler ýa-da bilim döwler. Ädik hem çykmasa, ýa ädigiň gonjy gopar, ýa-da  meniň injigim sogrular»diýdi, Ondan soň Taýmazy Aýsoltanyň ýanyna saldylar, Aýsoltan emgenmän,Taýmaz begiň guşagyny çözdi,ädigini çykardy.Başgada çykarmaly geýimlerini çykaryp,öz bäbegi ýaly edip gujaklapkyrk gat körpeçäniň üstünde ýatyryp öpüp, agzyny oýkap, göwsuniň mährini gandyrandan soň, aýyş-eşrete meşgul bolup ýatyp galdylar. Bagşylar: «Aý, indi gije-de ýaryma ýakyn, Taýmaz beg bilen Aýsoltanyň keýpi-sapasyna zelel bermäli» diýip, aýdym-sazy goýup, her kim öýli-öýüne dagap gitdi.

* * *

Ertesi irden turup, Dawut beg dagy Göroglynyň, Aýsoltanyň ýanyna gelip, indi öz ýurtlaryna gaýtmaga jogap bermeklerini soradylar. Ondan soň, Görogly beg olara: «Myhman-ataňdan uly» diýipdirler, gitseňiz, baş üstüne, sizi ugratmaga taýýar» diýip, hemme ýigitlerine, Aýsoltana, Agaýunusa atlaryny münüp taýýar bolmagy buýurdy. Dawut beg daga söwüş etmegi, serpaý ýapmagy buýurdy. Gelenleriň hemmesine serpaý ýapdylar. Birnäçe goýny soýup, döşi, guýrugy bilen bişirip, gatlakly nanlaryň üstüne paýapyllap gudalaryna ibermek üçin taýýarlap, atyň horjunlaryna saldylar. Ondan son, atlara atlanyp ýola rowana bolup baryşlaryna, Dawut beg Görogla, Aýsoltana ýüzlenip! «Dostlar, siz meni ýurtdaşym Bezirgeniň gabry duran kümmede eltiň. Men onuň bilen erän köp tirkeşipdim. Ol meniň halypamdy. Men onuň bilen bir hoşlaşaýyn. Men gelen dessime, onuň gabryna gelmeý pikirim bardy. Nähili hem bolsa, toýa diýip çagyrylyp gelenimizden soň, däbe görä, ozal toýa baryp, toý gutaryp ugrandan soň, ýasa barmak mümkindigini bilýädim. Indi, eger siziň göwnüňize melal gelmese, men Bezirgeniň üstüne baryp, özümiň dostluk borjumi ödemek isleýän» diýende, Görogly beg bilen Aýsoltan onuň önünde baş egip makulladylar.

Dawut beg, Aýsoltan, Görogly beg dagy öňde, olaryň yzyndan Dawut begiň ýanyndakylar,Görogly begiň ýigitleri hatara düzülip, gün bilen bäsleşýän altyn kuňreli kümmedin bäri ýanynda atlardan düşüp, gaýgyly bir halda kümmediň içine girdiler. Dawut beg eline sazyny alyp, zaryn ses bilen bir gazal aýtdy.


Niýet edip geldim seni görmäge,

Gürji iliniň batyrydyň, Bezirgen!

Arzuw bardy seniň bilen ýörmäge,

Senden tälim almalydym, Bezirgen!


Görmek üçin geldim dag-düzler söküp,

Baş ujuňda durup, göz ýaşym döküp,

Aýsoltan, Görogly baş egýer çöküp,

Gözýaşlar üstüňe akýa, Bezirgen!


Kümmediň içinde rahat ýatgyn,

Jaýyň behişt, öz halanyňy tutgun,

Ol dünýäde beri myrada ýetgin,

Kyýamat magşara gitdiň, Bezirgen!


Bir başa bir ölüm hemişe bardyr,

Didaryň görmäge hossaryň zardyr,

Öleňsoň, mekanyň şum gara gördür,

Topragyň şu ýere çekdi, Bezirgen !


Dawut ýöretjekdir seniň yzyňy,

Basdyrman duşmana dagy-düzüňi,

Özuň bolup, sözlärin seň sözuňi,

Dowam eder men däbiňi, Bezirgen!


Dawut beg sözüni tamam etdi. Ondan soň, kümmetdäki gabryň daşyndan üç gezek aýlanyp, daşyna çykyp, onuň daşyndaky çarbaglara, serhowuzlara, şasypala-ra aýlanyp görup bolandan soň, Görogly beg dagy bilen baryp,ýene atlaryna mündüler. Aýsoltan atyň üstünde eline sazyny alyp, özüniň dogan-garyndaşlaryna, iline salam gönderip, bir gazal aýtdy:


Dawut serdar, barsaň ene ýurduma,

Kowum-gardaşlara salam diýgeý sen!

Dilden sözleriňi saçyp dürdäne,

Hormatly dostlara salam dnýgeý sen!


Habar ediň, kowum gelsin ýanyma,

Salam ýetir gordum-mähribanyma,

Onuň mähri şypa bolar janyma,

Ata watanyma salam diýgeý sen!


Ýatlaýyp barar men gezmäge ilim,

Görmesem, dilgirdir eken bägülüm,

Baryp saýrar ilde bu süýji dilim,

Häzirlikçe ile salam diýgeý sen!


Görogly beg dostdur indi siz bilen,

Dogan bolarsyňyz siz hem biz bilen,

Gatnaşyp durarys gyşu-ýaz bilen,

Salam bilen şu sözleri diýgeý sen!


Ýüregmiz bir bolsa, ara daş bolmaz,

Güýjumiz birgesek müşgil iş bolmaz,

Agzybire kynçylyklar duş bolmaz,

Salyhatly sözüm halka diýgeý sen!


Bahry-hazar päsgel bermez geçmäge,

Seýil edip bagynda göwün açmaga,

Aby-köwser suwlaryndan içmäge,

Bararys biz şuny ile diýgeý sen!


Meniň sargytlarym aýdarsyn onda,

Razy bolaryn sizden men şonda,

Salamym gönderip galjak men şunda,

Aýsoltandan ile salam diýgeý sen!


Aýsoltan sözüni tamam etdi.

Dawut beg sag elini gursagyna goýup, Aýsoltanyň diýenlerini artygy bilen onuň kowum-gardaşlaryna,Gürji halkyna aýtjakdygyny Aýsoltýanyň öňünde söz berdi. Özi hem eline sazyny alyp, Aýsoltana, Görogly bsge garap, bir gazal aýtdy:


Uzadandan ýoldaş bolmaz,

Görogly beg, hoş gal indi!

Dostlugmyzyň güli solmaz,

Aýsoltan jan, hoş gal indi!


Gezip baryň görüşmäge,

Hal-ahwaly soraşmaga,

Dagdan-daga ugraşmaga,

Häzirlikçe hoş gal indi!


Bizler indi dogan bolduk,

Hossar — daýy, ýegen bolduk,

Bir-birimiz ýagşy bildik,

Dosty-ýarlar, hoş gal indi!


Eger gerek bolsak size,

Habar edersiňiz bize,

Kömekli gul çökmez dyza,

Dostlarymyz, hoş gal indi!


Dawut gider Çandybilden,

Hiç howatyr etmän ýoldan,

Suhanyňyz datly baldan,

Şirin sözler, hoş gal indi!


Dawut beg sözüni tamam etdi. Ondan soň Dawut serdar dagy «Kandasyň Gürjüstan?» diýip, ýola rowana boldular. Görogly beg, Aýsoltan, Agaýunus peri dagy Görogly begiň ýigitleri bilen bile tä Çandybiliň çygryndan çykýançalar bulary ugradyp, ondan soň öýlerine gaýtdylar.

Dawut serdar dagy hem on gün diýende, Gürjüstanyň bir çetinden girdiler. Dawut begiň kowum-garyndaşlary, Aýsoltanyň garyndaşlary Gürjüstanyň halky bilen birlikde Dawut beg dagyny gariş aldylar. Dawut beg özüni hormatlap öňünden çykyşlaryna örän şatlanyp, eline sazyny alyp, Gürjüstanyň halkyna Aýsoltanyň, Görogly begiň, bütin Çandybiliň halkynyň iberen salamyny öz dili bilen beýan edip, bir gazal aýtdy:


Çandybil halkynyň, Aýsoltan janyň,

Gönderdigi salamyny getirdim.

Olar söýýä sizi jan bilen tenden,

Şolaryň salamyn size getirdim.


Dostluk bilen bizi garşy aldylar,

Serpaý diýip, her kime don saldylar,

Türkmen halky bize dogan boldular,

Olardan doganlyk salam getirdim.


Toýlap geldik Aýsoltanyň, toýuny,

Alyp geldik halkynyň toý paýyny,

Gördük Göroglynyň, ajap jaýyny,

Göroglydan size salam getirdim


Guda diýip, gaty sylady bizi,

Myhmansöýer eken gelini, gyzy.

Gördük ýyldyz dagy, takyry,düzi,

Giýowimiz tarapdan salam getirdim.


Agzymyz bir bolar Çandybil bilen,

Duşmanlar aldamaz bizi al bilen,

Dostlugmyzy çalşyrmarys mal bilen,

Dawut diýer, dostdan salam getirdim.


Dawut beg sözüni tamam etdi. Ondan soň, Dawut beg bilen gürji halky mähirli görüşdiler. Dawut beg Agaýunus bilen Görogly begiň Aýsoltanyň, Dawut beilen dogan-garyndaşlaryna söwüş diýip iberen etli-nanly saçaklaryny paýlap berdi. Olar «Toýdan topukça» diýenleri ýaly, üýşen jemendä dadyryp çykdylar. Ondan soň, ýigitleri bilen Dawut serdar öz galasyna baka gitdi.

* * *

Indi habary Görogly beg dagydan eşidiň. Görogly beg dagy Dawut beg dagyny ugradandan soň, öýlerine baryp, eýranly-turanly, soltanly myhmanlary hem ugratmagy ýüreklerine  üzüp oturan  wagtlary,Weli hytman  göz astyndan daş-töweregine  garan bolup, Osman bilen Hasan begiň ýaşaýan jaýyna girip gitdi.Göroglynyň, tabşyrmagy  bilen olaryň yzyna düşüp ýören Mirem bilen Gammar hem tamyň aňry tarapyndaky derejäniň  agzyna  baryp,gulaklaryny dereje baka öwrüp oturyberdiler. Weli Hyrtman usullyk bilen gapynyň agzyna çykyp seretdi, emma hiç kime gözi düşmänsoň, adam ýok diýip, arkaýyn bolup, tama girdi-de, ýuwaşrak ses bilen    gürrüňe başladylar.

Osman beg Weli Hyrtmanyň arkasyna ýepbekläp aýtdy,

— Wellek han, sen iş onarjak adam ekeniň! Meniň senden eden tamam çykdy. Görogly beg bilen Bezirgeniň arasyna çöp atyp, Görogla Bezirgeni öldürtmegi başardyň. Zeýnel garry hem biziň adamymyz.Olam saňa Gýty ýagşy kömek beripdir. Sen molla Maşrygy hem gözden salma! Olam biziň adamymyz bolmaly.Ýöne welin,Aýsoltan bilen Taýmazyň nikasyny daňmakbaşardan bolsady,onda söz berip, Aýsoltany Taýmaz-dan aýryp,saňa göwnedip alyp berip, Aýsoltanyn üsti bilen Gürjüstana-da eýelik etmek bolardy. Ol iş häzirlikçe başa barmady. Ony başa eltmediklere geljekde özüň çäre gör! Göroglynyň ýigitleri bilen bile urşa dagy gitmeli bolsaňyz, Taýmazyň soňuna çykyp bilseň, ondan soň, Aýsoltany özüňe alsaň, Aýsoltanyň üsti bilen Gürjüstany özümize gul edip bolar. Ýene-de Görogly bilen Bezirgeniň agzyny alardyşyň, ýaly, Dawut bilen Göroglynyňam agzyny alardyp biriniň başyna etip bilseň, örän ýagşy bolardy. Olaryň ikisi örän dostlaşan ekenler. Bularyň ikisiniň agyzlary bir bolsa, güýçlerini birgeseler, onda dün-ýäde bularyň öňlerine çykjak ýow bolmaz. Sen Aýsoltan bilen Göroglynyň arasyny bozup bilseň, Görogly bilen Dawudyn arasynyň bozulmagyna kömek eder. Aýsoltana: «Görogly beg seniň aganyň güýç-gaýratyny bilip, gorkusyna bilgeşleýin öldürdi» diýip aý-dyber. Gürjuleriň dinleri bizinki bilen bir däl. Saňa şol hem bir bahana bolup biler. Sen şony ýigitleriň arasynda gowy düşündirip bilseň, ýigitleriň Görogly begden sowaşmaklary mümkin» diýip, sözüni tamamlamanka, Mirem bilen Gammar: «Şu eşidenlerimiz besdir» diýip, ýuwaşlyk bilen ýerlerinden turup, ylgap baryp eşidenleriniň hemmesini Görogly bege birin-birin gürrüň berdiler.


Bu gurrüne Görogly begiň örän ýaman gahary gelip, gözleri gyzardy, ýüzleri bozardy, ýumruklary bark düwlüp, endamyndaky tüýleri dagy syh-syh bolup, geýimlerini deşip çykaýyn diýiberdý. Ol öz-özüne: «Molla Maşrygyň aýdany dogry eken. Onuň özi hem only adam däl welin, ýöne bilmezlikde agzyndan sypdyran sözi Weli Hyrtmanyn üstüni açmaga kömek etdi» diýip, içini gepletdi.


Görogly beg gaharyna ozal-a Osman begi, Hasan begi hem olaryň ýanyndakylary tutup, zyndana salmagy ýüregine düwüpdi. Soň biraz pikirlenenden soň: «Ozal olary toýa çagyryp, ondan soň, olary tutup, zyndana salmak namartlyk bolar. Hemmeler seniň üstüňden güler. Şonun üçin häzirlikçe olara syr bildirmän, öýlerine ugradaýyn. Indi olaryň kimdigi bize belli boldy. Soňundan çemi gelende, görübereris-dä» diýen pikire geldi. Mirem bilen Gammar hem: «Häzirlikçe kiç kime hiç zat duýdurmaly däldir» diýip berk tabşyrandan soň, eýranly, turanlylary, soltanly Osman beg hem Hasan beg dagyny ugratmak üçin, olaryň ýanlaryna bardylar.

Emma ugramakçy bolýan myhmanlar Görogly begiň ýüz-gözünden onuň bir zada ýaman gaharynyň gelendigini bilip, Görogly begden onuň sebäbini soradylar. Görogly beg olara belli jogap bermedi.

* * *

Toý sowuldy, Göroglynyň galasy dyp-dynçlyk boupdy. Mirem bilen Gammar hiç kime bildirmän, Weli Hartmany göz astyna alyp ýördüler.

Görogly beg özüniň hemme ýigitlerini ýygnap, Weli Hyrtmany öňe çykaryp, aýak üstünde durzup, Görogly begiň ýigiteriniň arasyna jansyz bolup gelendigini dogry aýtmagy soradylar. Emma ol ilki boýun almady. Mirem bilen Gammar Osman beg hem Hasan beg dagy bilen eden gürrüňlerini ýüzüne basansoň, Weli Hyrtman özüniň bütin eden günälerini boýun aldy, geljekde hem özüniň hojaýynlaryna köp işleri edip bermek üçin söz berendigini aýtdy. Weli Hyrtman özüniň adynyň Wellek handygyny, soltanyň ýurdunda ata-ene-siniň bardygyny, gelen wagtynda öz adyny Weli diýip aýdyp,doly Wellek han adyny bolsa gizlin maksatlar üçin ýaşyranyny boýun aldy. Asliýetinde, ol ilki gelende, adyny Weli diýipdi. Hyrtman sözünn bolsa onuň adynyň yzyna Görogly begiň ýigitleri ýuşup, onuň ady Weli Hyrtman bolup galypdy. Sebäbi gelen wagtynda, onuň başynda ýokarsy çüri gytyk tüýli telpegi bolup, özi-de kiçiräk gözli argymam adamdy. Kellesi hem kelräk bolany üçin, tiz-tizden telpegini bir ýaňa gyşardyp, hyrt-hyrt etdirip, kellesi- -ni gaşardy. Ana, şonuň üçinem onuň ady Weli Hyrtman bolup galypdy. Weli Hyrtmany şeýle bir ýigreneni üçin, Taýmaz beg bilen Sapar Köse gylyjyny gyndan syryp çykaryp, öldürmekçi boldy.

Görogly beg olary saklap:

— Eý, ýigitler, muny öldürsek, öz wagtynda bir öler-goýar. Muny şol kyrk gulaç zyndana taşlaň! Ölmesinem, gülmesinem. Ömri ötinçä, şonuň içinde gynalsyn!— diýdi.

Ýigitler Weli Hyrtmany eltip, kyrk gulaç zynda itelediler. Ondan soň, Zeýnel garryny hem tapyp gelip, zyndana taşladylar. Molla Maşrygy bolsa getirip, sorag edenlerinde, özüniň hemme bilýän zatlaryny dogry aýtdy. Molla Maşryk Weli Hyrtmanyň üstüniň açylmagyna-da kömek etdi.Ýene-de ol in-diden beýläk Görogly bege garşy dil düwüşmäge gatnaşmajagyna kasam edeni üçin, ony zyndana taşlaman, boşadyp öýüne iberdiler.

Görogly beg öz-özüne: «Sen ýüňsakgal, seniň kelläň nirede? Sen Weli Hyrtman ýaly, Zeýnel kempir ýaly jansyzlaryň gepi bilen özüňi aldadyp, Bezirgen ýaly ak ýürekli, kyýamatlyk doganyňy öldürdiň! Agaýunusyň hem sözüni diňlemediň. Köpbilmişlik edip,öz diýeniňi etdiň!» diýip, özüniň gursagyna urup, gözýaş edip, eline sazyny alyp, bir gazal aýtdy:


Zynhar gitmäň jansyzlaryň sözüne,

Göz ýetmedik işi ediji bolmaň!

Sizi aldap, perde tartar ýüzüňe,

Ikiýüzliň sözüne gidiji bolmaň.


Bular ýaly zatlar pent bolar maňa,

Ýüregim ýanypdyr duşmandan ýaňa,

Weli Hyrtman, rehim etmerin saňa,

Ganymyň aşyny dadyjy bolmaň!


Gizlin gelen duşman jana beladyr,

Pähimlilik daşa demir galadyr,

Adamyň mojugy içi aladyr,

Şolar bilen ädim ädiji bolmaň!


Ýamanlaryň bolmaz ýagşy sürüsi,

Gezmäge giň bolmaz onuň örüsi,

Pula geçmez soýsaň haram derisi,

Dönügiň ýanynda ýatyjy bolmaň!


Görogly men-menlik etdi özüne,

Ynandyň her kimiň aýdan sözüne,

Körlük edip depdi iýen duzuna,

Ganymyň lukmasyn dadyjy bolmaň!


Görogly beg sözüni tamam etdi. Ýigitlerine ýüzlenip: «Ýigitler, sizem şu günden başlap örän ýiti gözli boluň! Weli Hyrtman ýalylar araňyza sokulyp girmesnn.Onuň duşmançylygyny öňden bilip,maňa aýdan bolsaňyz, onda şol wagt ýok ederdim. Belki, Bezirgenem ölmezdi» diýdi. Şol wagt Aýsoltan Agaýunus Görogly begiň ýanyna baryp: «Agam jan,öz,içiňdäkiki duşman  daşky  duşmandan   ýaman  bolýandyr, boljak iş boldy. Gelejekde dost-duşmany ýagşyseljermäge sapak bolar» diýip göwünlik  berip, Agaýunus peri bilen goltugyna girip, Agaýunusyň jaýyna alyp gitdi. Ýigitlerem öz bolýan jaýlaryna baka gitdiler.