SERWIJAN

gpiň gysgasy ýagşy.   Habary   kimden  al?, Sapar mähremden al!

Görogly Handan batyr bilen kyrklaryň birnäçesini ýanyna alyp, awa-şikara gitdi. Sapar mährem bolsa Weli Hyrtman bilen Seýtek Gyrmany Genjim begiň surüsine iberip, iki sany semiz öweji getirdip, kebap-şara edip, ýahna edip, şüle bişirip, şerap içip, mes bolup, galan ýigitleri bilen meýhanada keýp çekip başlady.Birden erk galanyň agzynda gopgun-galmagal peýda boldy.    

 Köse:

— Ýigitler,  serediň,  bu galmagal  näme? — diýip gygyrdy.

Onýança birtopar daýhan dady-bidat edip,meýhananyň işigine geldi. Olaryn kimsiniň maňlaýlary ýarylypdyr, gan sarkyşyp dur, kimsiniň gollary döwlüpdir, elem-ebtat bolşup gelipdirler. Olar:

— Hany,Görogly bolsa,tiz bäri çyksyn!—diýip gygyryşdylar.

Köse çykyp:

— Agalar, Görogly ýok, ol şu gün   azykly-suwlukly awa gitdi. Üç gün aw awlajakdyr. Ýeri, bu bolup gelşiňiz näme, size kimden zorluk-sütem ýetdi?!—diýdi. 

— Sizem ýurda serdar bolan bolduňyz, kyrk serkerde bolan bolduňyz, başymyza iş getirdiňiz. Hünkär soltanyň, bir serkerdesi agyr goşun bilen gelip,biziň galamyzy çapdy, ogul olja, gyz ýesir edip, bar malymyzy sürüp gitdi! — diýip, ýerli-ýerden gygyryşdylar. 

Köse zaňňar tiz-tizden çilim täzeläp başlady, oduny söndürenok. Weli Hyrtmanyň, neşesi uçup, keýpi kellesinden göçdi.

Köse:

—Ýeri, ýigitler,bu adamlara näme jogap bereris?—diýip,ýigitlerine maslahat saldy,

Öwez:

— Urşuň geňeşi bolmaz diýenleridir, Köse! Atlanybermeli  bolar.Onuň başga maslahaty   bolmaz!— diýdi.

Weli Hyrtman bolsa:

— Aý, ýigitler, bu iş biziň çenimiz däldir, Görogly gelinçä galadan daşaryk çykman, gaýta Göroglynyň ýoklugyny aňdyrarys, onsoň, olar öwrülip gelip Çandybili çapar! — diýdi.

Daýhanlaryň ýaşulusy:

— Siz heniz geňeş-maslahatda gezip ýörsüňiz.Saňňarlar!  Göroglynyň özi bolanda, eýýäm atlanmazmydy, siziň haýsy biriňiz Göroglydan az iýýärsiňiz, siziň göwräňizem-ä şoňkudan pes däl, ýa ýüküňiz samanmy, zaňňarlar?! — diýip   gygyrdy.

Öwez hem bir gapdaldan:

— Sapar mährem aga, Görogly agam meni ýurt ogly edip getiripdir. Sen hem jan ynanýan mähremi, ýurdy bize ynanyp gidipdir. Biz şu işiň, ugruna çykmasak,başga kim çyksyn? — diýip goýmady.

— Öwez jan, bu işi Agaýunus öndä bir geňeşeli,ol näme maslahat berýär, hemişe Göroglynyň maslahatdary şoldur — diýip, Köse baryp,   Agaýunusa maslahat   saldy.

Agaýunus:

— Sapar mährem galalara çapar gönder, ýygnap bilen atlyny ýygna-da, Öwez oglum bilen ikiňiz serdar boluň-da, giden ýagynyň yzyndan kowuň! Göroglyny ýoksyratmaň, onuň ornuny tutuň! — diýdi.

Göroglynyň ornuny tutuň! diýen sözüne Sapar Kösäniň göwni hoş bolup, depesi gök diredi.

Ol  gelip:

— Ýigitler, atlary haýdan-haý eýerläň. Seýtek Gyrma, haw! Hajy Sumsar, haw! Galalara çapar gönderiň! Bedrüstem, azyk-suwluk, arak-şeraplary göter! Öwez jan, sen hem Gyraty eýerle! — diýip, erk galanyň içini ala-galmagal etdi. Özi hem Bozdumanyny eýerläp, horjunyny ýahnadan doldurdy.

Bular atlanyp, ugramakçy bolanlarynda, Agaýunus çykyp:

— Mährem aga, uruş ýerinde Öwez oglum zynhar şerap içmesin! — diýip, tabşyryp ugratdy.

Galalardan ýygnanan agyr goşuna Öwez bilen Sapar Mährem serdar bolup gidiberdi. Bular at salyp, pesden beýige çykyp, beýikden pese inip, giden ýagynyň yzyny alyp barýarlar. Şol barýarkalar, gaçýan ýagynyň atlarynyň yzy täzelenip, at tezekleri täzelenip görnup başlady, tezeklere heniz guş gonman-dyr.

Sapar köse atyayi başyny çekip:

— Öwez jan, gözleýän ýagymyz daş ýerde däl. Indi Göroglynyň uruş emellerinden birini tapmak gerek,ýogsa ýagynyň ýygyny kändir, Göroglynyň emelini salmasak,olar bize eýgertmez — diýdi.

Onda  Öwez  aýtdy:

— Mährem aga, Görogly agamyň uruş hünärlerini sen gowy bilýärsiň,sen tap!

— Men tapsam, Öwez jan, biz ikä bölunmeli, ýarymyz şu dagyn arasyndaky ýoda bilen ýagynyň ýeňsesine geçmeli, ýarymyzam ýagynyň yzyndan kowup etmeli,ýeten badyňa ýagy bilen gaça urşa başlamaly, ýagynyň ýüzi yzyndan ýetenlere baka öwruler,şol wagt onuň ýeňsesinden dökülmeli, ine, Göroglynyň «Gurt oýny» şoldur, Öwez jan!

Öwez   jan:

— Mährem aga, ýagşy tapdyň, bir bölek goşun bilen men ganymlaryň ýeňsesine geçeýin! — diýdi.

— Ek, Öwez jan, sen bir bölek  goşun bilen ýagynyň yzyndan ýet, gaça urşa başla, men ýeňsesinden döküleýin! — diýip, Köse bir bölek goşun alyp, daglaryň arasyndaky ýoda düşüp gitdi.

Habary kimden al? Hüňkär soltanyň ýygnyndan al.

Hüňkär soltan öz serkerdelerinden Şasepidi agyr ýygyna baş edip:

— Eşek ogrusy Göroglynyň ýurduny çapawullap gaýdyň!—diýip ugratdy.Şasepit gitmese, Hüňkär soltandan gorkýar, gitse-de, Göroglydan gorkýar. Şasepit gorka-gorka agyr ýygynyň öňüni çekip ugrady. Ol gelip, Göroglynyň ýurduna aralaşyp bilmän, bir beýik dagyň öňünde düşläp, çadyr-çemenini gurap ýatdy.

— Heý, bu eşek ogrusy Göroglynyň ýok wagtyna duşup bolmazmyka?—diýip, öz aýýarlaryny gedaý eşigine salyp ugratdy. Aýýarlaryň biri:«Göroglynyň şu gün awa ugranyny görüp gaýtdym» diýip, habar getirdi.Ýene bir aýýar; «Şol awa-şikara giden ýerinde üç gün boljak» diýen habary getirdi.Ine,Şasepit Göroglynyň ýurduna çozup girdi-de, ýeten ýerindäki galany  çapawullady,    «Hüňkäriň öňünde bir tutaryk boldy» diýip, şol ýerden hem howul-halat yzyna gaçdy. Ol şol galadan alan mallaryny,ýesirlerini sürüp bir gün gaçdy. Ikinji güni Sumbar çaýynyň aňry ýüzüne geçdi.

— Görogly awdan üç günden son, gaýdyp geljek, onýança biziň yzymyzdan kowgy gelmez! — diýip, şol ýerde düşüp, çadyr-çemenlsrini dikip, arkaýyn ýatdylar.

Öwez göwnüne hiç bir mekirlik, hile getirmän, ýagynyň yzyny yzarlap barýardy. Birden görse, Sumbaryň aňry ýüzünde al-ýaşyl edilip çadyrlar gerlipdir. Emma köpi gören Köse bolsa Şasepidiň ýygnyňyn ýeňsesinden çykyp, olaryň arkaýyn ýatanlygyny gördi, bir geriş ara goýup, Öwezden habar bolýança diýip garaşdy. Köse hemme goşuny bilen gylyçlary syrylgy taýýar durdy, Öwez gelip, töwekgellige salyp ýatan ýygynyň üstüne «Alla!» diýip at goýdy. «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýleni, ýatan ýygyn guw-da-çuw bolup, yzanda-çuwanlyk başlandy. Kösäniň ýeri geldi.

—Ýigitler, Öwez dagy gelip duşmanlaryň üstüne çozdy, biriňem yzymdan galmaň!—diýip, Bozdumanyny gylyjyň ýasysy bilen saýgylap, gerişden aşak indi. Pah, Bozdumanyň burny parryldap, dagy ýaraýyn diýýä.

Onuň burnunyň sesine Şasepidiň pilleri ürküp, zyr däli boldular, aýylganç-aýylganç gygyryşyp, dumly-duşy basgylamaga başladylar. Soňam her haýsy bir ýana dagaşyp gitdi. Kösäniň: «Uruň, çapyň! Öwez jan, ur!» diýen gykylygy hem onuň üstesine, gin jülge gy-kylyk-galmagal bilen ýaňlandy. Ine, «Guşguna bereket, gylyja hereket!» diýen ýaly, Köse gylyjyny dumly-duşa ülňeýärdi. «Duran tutular, gaçan gugular» diýen şekilli, Şasepidiň arkaýyn ýatan goşuny basgy tapdy. Köse gykylyk bilen gylyjyny dumly-duşuna talawladyp, at salýardy. Şasepit agyr ýygynyny gyrdyryp, on sany serkerdesi bilen özi zordan gaçyp çykdy. Agyr ýygyn syndyrylandan soň, Weli Hyrtman bir erden at salyp bir gapdaldan çykdy. Seýtek Gyrma:

— Geler welin, men muny çapaýyn, ýogsa bu bizin abraýymyzy   gaçyrýar — diýdi.

Onda Hajy Sumsar gylyjynyň baljagyny ýazdyryp:

— Ýok, ýigitler, ony men çapaýyn! Göroglynyn ýigitleri adyňyz bar, ol bu adymyzy ere saldy — diýdi.

Bedrüstem şemhalyň agzyny öwürdi-de:

— Size yetirmän, özüm onuň ýoguna ýanaýyn-la, ol halys biziň adymyzy ýitirdi — diýdi.

Sapar mährem:

— Ýigitler, duruň, munyňyz gowy häsiýetden däl! — diýip saklady. Weli Hyrtman  honuň ýaly ýeri ara goýup:

— Salawmaleýkim, ýigitler!—diýip  gygyrdy.

Köse gözüniň agyny köpeldip:

— Sen goşundan aýrylyp, nirä ýok bolup   gitdyň? — diýip, gygyryp başlady. Weli Hyrtman:

— Men hiç ýere ýok bolup gitmedim, Köse,eşider bolsaň, men yzy sakladym. Pah, Köse, men şeýle bir söweşdim welin, Görogly hem şeýle söweşen däl-dir. Ine, ýigitler, näçe içseniz, meniň atymyň  ýuki tulum-tulum arak-şerapdyr. Tüweleme, siz hem iş biti-

ripsiňiz!—diýip, zaňňar oljanydüşurmäge başlady.

Öwez bilen Sapar Köse bolsa Şasepidiň agyr Ýygynyndan galan oljalary ýygnadylar. Olaryň galany talap, alyp gelen zatlaryny eýelerine gowşurdylar,ýesirlerini boşatdylar. Soň arak-şerap içip mesçilik etmäge başladylar. Şerap içip mes bolan-dan soň, Öwez aýtdy:

— Köse, bu alnan zatlary ýurda baka ugradyp, özüm Şasepidiň yzydan kowjak. Ol on atlysy bilen gutulyp gitmesin!

— Öwez jan, «Gaçany kowujy bolma!»    diýip, Görogly agamyzyň sargydy bardyr,   bize şu abraý besdyr, yzymyza dolansak ýagşy — diýip, Köse töwella etmäge başlady.Emma  Öwez aragyň mesçiligi bilen:

— Meniň, ýanyma on iki atly besdir, Köse, sen gorksaň, galyber — diýip, on iki atlyny ýanyna alyp, Şasepidiň yzyndan kowgy gitdi. Köse-de ony ýeke ugradyp galyp bilmän, onuň yzyna düşdi. Bu gün uzyn gijesi bilen kowdular. Şasepid bilen gara alşyp bilmediler. Gijäň bir wagty baryp bir çeşmäniň başyna düşdüler. Ertesi daň bilen turup, şerap içmäge başladylar.

— Öwez jan, bu ýerlerde şerap kep içme, häli hem bir pille, yzymyza gaýdaly — diýip. Köse iňirdedi.

Şol wagt daşlaryny agyr ýygynyň gurşanyny duýup galdylar. Hüňkär soltan «Şasepit köp eglendi» diýip, yene goşun iberen ekeni.

Ine, ol goşun hem olara duşupdyr Öwez dagy şol agyr goşun bilen söweşmäge başladylar. On iki ýigit, göýä agyr sürä daran algyr gurt ýaly, girdiler agyr ýygynyň bir ýanyndan Agyr goşunyň içinde on-on iki adamyň çaňy çykýamy?! On iki ýigidiň öleni öldi, ölmedigi agyr ýaraly bolup ýykyldy. Öwezi ýaralanyp ýykylan ýerinde tutup, elini arkasy-na bagladylar. Sapar Mähremiň dokuz ýerinden ýara düşdi. Ol gana bulanan gylyjyny elinden taşlaman, dumly-duşa ülňeýärdi. Birden ysgyny gaçyp, gözi garaňkyrady. Ol atynyň boýnuny gujaklady. Atyň ýaly gyrmyzy gan bilen boýaldy. Bozduman burnuny parryldadyp, ýagynyň agyr ýygnyny böwsüp, bir tarapa baka gaçyp çykdy. Bir meýdan atyň ýalyny gujaklap gaçandan soň, Sapar Mährem tapdan düşüp, atdan agdy. Bozduman bir kişňedi-de, gerişden aşyp gaýyp boldy. Sapar Mähremiň gözleri zat görenokdy. Ol dagyň gaýalarynyň ýüzüni dyrnaklap süýşenekleýädi. Onuň gyrmyzy gany dagyň dereleriniň ýüzlerine seçelenýädi. Yz galdyrýardy. Şol wagt bir atyň kişňän sesi geldi.

Köse:

— Bu Gyratyň sesi! — diýdi.

Dogrudanam bu Gyratyň sesidi. Gyrat Öwezden aýra düşenden soň, ganymlara per bermeýärdi. Daşa-da gidip bilmeýädi. Çirkin-çirkin kişňeýädi, dumly-duşa çapýady. Ol Sapar mähremiň baş ujuna gelip kişňedi welin, dag-daşlar eňşeşen ýaly boldy. Sapar mährem gana boýalan başyny zordan galdyrdy. Gözlerini açyp, Gyraty gördi.

— Wah, asyl malym Gyrat, ýerimden galmaga rabgatym ýok. Janym,Gyrat, Görogly begime bir habar ýetir! — diýip, Sapar mährem bir nama  aýdar gerek, görbak, näme diýýä:

Janym   Gyrat,tiz ýet   Çandybiline, Görogly begime halym diýgeý sen!
Öwez  gapyl  düşdi ganym  eline, Gana boýalanym mälim diýgeý sen!
. .
Gyrat, gider bolsaň Çandybillere, Göýä şeýda bilbil gulden-güllere,
Tiz ýetir habarym ulus-illere, Birin-birin şum ykbalym diýgeý sen.
. .
Gyrat, sadaga men seniň başyňa, Däne-däne gözden akýan ýaşyňa,  
Ysgynym   ýok, turup barsam   gaşyňa, Ýowuz  ýerde  agyr halym diýgeý sen!
. .
Görogla habar ber dökülen gany, Gazap bilen alsyn polat  jyzanьt,
Alyp bilmän galdym  men Öwsz jany, Elden   gitdi   ýurt   oglum   diýgeý   sen!
. .
Ganymlar  Öwezi   gapyl  tutdular, Golun baglap, mundan alyp gitdiler,
Ýürek-bagrym   para-para   etdiler, Gana   boýap   ugrum-ýolum   diýgeý   sen!
. .
Öwez  ýaşlyk etdi  meniň  şanyma, Ganym oky sütem etdi   janyma
Arzymy  aýt  Görogly beg hanyma, Süňk  hossara  bu ahwalym diýgeý  sen!
. .
Sapar mährem, gurban tylla nalyňa Eňkim  ýok,  ýapyşsam  ýupek  ýalyna,
Ölmän galsam, güller düşäm ýoluňa, Gyratym, jan atym, malym, diýgeý sen!

Sapar mähremin bu söäzüni eşiden Gyrat ýene bir kişeňedi-de, ýyldyrym dek süýnup, beýik daglardan aşyp, çäýlardan, derýalardan böküp, ýüzin salyp, Çandybila ugrady.

Indi habary kimden al? Göroglydan al.

Görogly uç gün aw awlady, şikar etdi, uran keýik, gulanlaryny inerlere ýükläp, dördünji güni Çandybile dolanyp geldi.Ýigitleri öňünden çykyp, garşy aldylar,

Görogly

— Haw,  ýigitler, oba-gara  parahatlykmy? Ýurt abadançylykmy?! — diýip  sorady    Weli  Hyrtman gabaryp,  murtlaryny   towlaşdyryp:

— Pahaý, Görogla seret, näme ýurt ýerinde bolman, bizi ölüdir öýdýämiň biz ýagy  gaýtardyk,  ýagy! Biz alan oljalarymyzy, boşadan  ýesirlerimizi, mal-hallarymyzy sürüp bärik gaýtdyk, Öwez bilen Köse bolsa ýanlaryna on iki ýigit alyp, Şagepidiň   yzyndan kowup   gitdiler — diýdi.

— Alla, ýigitler, ýagy gaýtaranyňyz-a ýagşy welin, Sapar mährem bilen Öwezi on iki ýigit bilen ibermegiňiz gowy däl eken. Eger olar şu gün-erte gara bermeseler, yzlaryndan gitmek gerek bolar — diýip, Görogly getiren aw etlerinden kebap, şara, ýahna bişirip, meýhanasynda meýlis gurady, ýigigleri bilen arak-şerap içip, keýp etmäge başladylar.   

Bular keýp edip oturan wagtlarynda birden meýhananyň işiginde Gyratyn  sesi geldi.

— Be, ýigitler, bu Gyratyň sesi ýaly-la!;— daýip,Görogly eline sazyny alyp, bir söz diýdi:

Bilmen  oýalykda,  bilmen  düýşümde, Peleňde  Gyratym  owazy  geldi.
Ýaman  günler  bardyr  meniň  başymda, Peleňde  Gyratyň  owazy  geldi,
. .
Peleň dagy on  bäş  günlük  ýol  bolar, Arasynda   menzili  ýok,  çöl  bolar,
Indi  meniň  her  bir  günüm  ýyl  bolar, Ýyglaýьş,  Gyratyň  owazy  geldi.
. .
Açylan gül bir gün solmasa erdi, Aýralygyň   güni   gelmese   erdi,
Şum   kysmat  alladan  bolmasa  erdi, Peleňde   Gyratyň   owazy   geldi.
. .
Söýünjim,  hol,  gitdi  şanyň  iline, Biz  ýöräris  Peleň  dagyň  ýoluna,
Öwez  jan  düşendir  ganym  goluna, Peleňde  Gyratyň  owazy  geldi.
. .
Ne  kylaý,  başyma  ýazylan  geldi, Gurbatda  ýüregim-bagrym  gan  boldy, 
Janym  yrak  gitdi,  jeset  boş  galdy, Iyglaýyp,  Gyratyň  owazy  geldi.
. .
Eý,  Görogly,  Gyratyňy  ýat  eýle, Gyratsyz  baglara  barmagyn  seýle,
Perişan   kysmatym  ýazyldy  şeýle, Ýyglaýyp,  Gyratyň  owazy  geldi.

Bu aýdymy aýdyp, Görogly syçrap daş çykdy, Hemme ýigitlerem onuň yzy bilen çykdylar. Görseler, ynha, Gyrat iki gözünden ýaş döküp, aglap dur.

— Öwez bilen Sapar mährem-ä bir bela duçar bolupdyr, ýigitler, ýaragyňyzy dakynyň, tiz atlana-lyň! — diýip, Görogly gazaba münüp, bir nama aýdar gerek, gör-bak, näme diýýä:

Gulak salyn, diňläň ahy-zarymy, Atlanyň, beglerim, ganym üstüne!
Men ertä goýmanam namys-arymy, Atlanyň, beglerim, ganym üstüne!
. .
Muhannesler   söweş  tälimin  almaz, Namart  ogly  merdiň  gadyryn  bilmez,
Mähremim  bolmasa,  göwnüm  jem  bolmaz, Atlanyň,   beglerim,   ganym   ustüne!
. .
Sapar mährem kyrklaryma ýaz idi, Daglaryň  peleňi, algyr  baz  idi,
Bu  söweşde  ýigitleri  az  idi, Atlanyň,  beglerim,  ganym  üstüne!
. .
Öwez  oglum  on  dört-on  bäşden  geçdi, Şerap  içip,  huşy  başyndan   uçdy,
ÝA, bilmen, ganymyň goluna düşdi, Atlanyň,   beglerim,   ganym   ustüne!
. .
«Däh!»  diýende  at  guýrugny  işeliň, Bady-saba  ýel  dek  bolup  süýşeliň,
Üsti   belent   garly   dagdan   aşalyn, Atlanyň,   beglerim,   ganym   üstüne!
. .
Ala   polat,   almaz   gylyç   dakylsyn, Surnaýlar   çalynsyn,   tebil   kakylsyn,
Boz   meýdanda   ganym   gany  dökulsin, Atlanyn,   beglerim,   ganym   üstüne!
. .
Jylawynda  ýörär  erenler-pirler, Gyratyň   zarbyndan   titreşer  ýerler,
Ar-namysly  beg  Görogly  diýerler, Atlanyň,   beglerim,   ganym   üstüne!

Görogly sözüni tamam etdi. Kyrklar dessine atlaryny eyerlemäge, azyk-suwluklaryny taýýarlamaga aýlanyşdylar. Görogly beg Gyrata atlandy. Kyrk ýigidiniň öňüni başlap, daglara baka ýüzüni tutdy-da gidiberdi. Daga ýeten ýerlerinde görseler, ine, Sapar Mähremiň Bozdumany otlap ýer.

— Haw, ýigitler,ol gezip ýören  at Kösänin  Bozdumany ýaly-la! — diýip, Görogly ýakyn baryp seretse,  janawaryň  ýaly  gana  boýalypdyr.

Görogly:

— Atam-babamyň mähremi pakyr Köse ölmedik bolsa ýagşydyr! — diýip, Kösäniň   Bozdumanyny hem ýigitleriň  biriniň  goşuna  berip  gidiberdi.

Gepiň gysgasy ýagşy, Görogly at başyny çekmän, uruş bolan ýerlere aralaşdy. Ine, ýaraly ýykylyp ýatan ýigitler duşup başladylar. Görogly olary barlaşdyryp, bogazlaryna suw damdyryp, agyzlarylaryna şeker-şerbetler çalyp, ýaralaryna melhem edip geçýär. Gyrat ýol yzlap, ahyry bulary Sapar mähremiň ustünden eltdi. Ine, görseler, Sapar mährem baýryn ýüzünde, demi-düýdi ýok ýaly, ýüzin düşüp ýatyr. Düşüp, barlap görseler, demi bar. Görogly Kösäniň bogazyna şeker-şerbetler damdyrdy. Ýaralaryny saraşdyrdy. Birden Köse özüne gelip, gözüni açdy, ýapynda oturan Görogla gözi düşenden, Kösäniň gözlerinden paýyrra ýaş döküldi.

Görogly:

— Köse, indi sen hiç gam çekme, agşam ýyldyz göreňde ölmänsiň, bu ýaraňdan hiç wagt ölmeýäň! — diýdi.

— Wah, Görogly, ölsem, owarram-la, ar-namys gitdi,  ar-namys, Görogly, ar-namysyň astynda galdym!..

Gapyl otyrkak, üstümize ganymlar döküldi.  Görogly,giden ar-namysy gaýdyp  almasaň,  men ölemde-de, görümde  dik  oturyp  gargaryn!

Görogly:

— Köse, ölmeseň-ä görersiň, ölseňem  görüňde aýagyňy uzyn sal-da arkaýyn  ýatyber,  ar-namysyňy ertä

goýman! — diýip,  Kösäni, başga ýaraly  ýigitleri kejebeler   bilen  Çandybile   ugratdy.  Weli    Hyrtmany baş edip,  ýanlaryna-da   birnäçe ýigit  goşdy,özi   kyrklar   bilen   sürüp   gidiberdi.

Ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy. Az ýöräp-kep ýöräp, Görogly sürüp, Huňkär soltanyň kyrk dört derwezeli galasyna ýetişdi. Görogly kyrk ýigidini galandar lybasyna salyp, ona bölüp, gala goýberdi, özem şagalandar bolup, gala girdi Kyrk galandar Hüňkär soltýanyň köşgüniň töwereginde peýda bolup, onda-munda aýlanyp, topar bolşup ýörler.

Görogly aýlanyp ýörkä, gözüne bir çarbag ildi. Ol çarbagyň beýik diwarlaryndan syçrap aşyp, bagyň içine özüni atdy. Esewan bolsa, bagyň ortarasynda bir köşk görünýä. Şol köşkden aýdym-saz sesi gelýä. Görogly özüňe belli, aýdym-saz bolsa geçip bilýämi! <Mundan bir habar alaýyn» diýip ugrady. Ýakynrak baryp seredip görse, köşgüň eýwanynda bir bölek gyz oturyp, aýdym aýdýalar, saz çalýalar, hemmesiniň ortarasynda bir perizat otyr. Esewan bolsa, olardan bär-de, bagyň içinde boýdan-başa gara geýnen bir gyz gamgyn bolup, ýeke özi otyr.

Görogly;

— Bu nämäniň hekaýatyka, bu gyz   näme üçin  gara geýnip, özüni pynhan ýere baka çekdikä, mundan bir ogryn habar alyp bolmazmyka? — diýip,    ogrynlyk bilen  ol  gyçyň   ýanyna   bardy.

— Eý gyz, özge gyzlar saz-söhbet edýäler, sen bolsaň bu ýerde gara geýip ýalňyz otyrsyň, bu nämäniň hekaýaty? — diýip, Görogly bir nama aýdýa, gyz   hem jagap   berýä:

Görogly: .
— Gözeller   içinde   sen-sen   bikarar, Eý,   perizat,   näçün   geýdiň   garany?!
Tenimde   galmady   külli   ygtyýar, Eý,   perizat,   näçün   geýdiň   garany?!
Gyz: .
-- Öwez bendi bolup düşdi bu jaýa, Onuň  üçin   menem   geýdim   garany.
Bu   çeken   nalyşym  ýetgeý   hudaýa, Onuň üçin menem geýdim garany.
. .
-- Eý,   perizat,   aslyň   aýan   eýlegiýn, Başyňdan öteni   bir-bir söýlegin,
Meniň gerçekligim güman eýlegin, Eý, perizat, näçün geýdin garany?!
. .
-- Özüm naçar, hiç iş gelmez golumdan, Gan eňredim Zeýnep jady dilinden,
Bendi bolup düşdüm Çandybilimden, Onuň   üçin   menem   geýdim   garany.
. .
-- Şagalandar   säzüň   takygyn   bilsii, Gol göterip, haka dogalar kylsyn,
Ne myradyn bolsa, dilegiň gelsin, Rast sözle näçün geýdin garany?!
. .
— Bezirgen   gyzy   men,   adymyz   Güljan, Islegimdir — azat bolsun Öwez jan,
Çandybilden   gelse   Görogly   soltan, Onuň   üçin   menem   geýdim   garany.

Hüňkär soltanyň gyzy Serwijanyň okumyş jadygöýdigini, Zeýnep jadygöý diýen bir garry mama-nyň hem Serwijanyň goragçysy goýlanyny Görogly ozaldan bilip ýördi. Indi Görogly bu bagyň Serwi-janyň bagydygyny aňlap. «Bu gyzyň gara geýip oturyşam jadygöýleriň hile-mekiri bolaýmasyn» diýip, özüni şagalandar edip:

— Şagalandar  agaňa dogryňy aýt, sen   Çandybil-denmi, her nä dilegiň bolsa, men doga etsem,   myradyňa   ýetersiň! — diýdi

— Wah, men Çaidybilden, Çandybiliň erk galasynyň ileri agzynlaky uly howly biziň howlymyz, men Bezirgen hojapyň ýalňyz gyzy, meni Zeýnsp jadygöýlik bilen ogurlap alyp, şu ýere getirdi.

Şondan   soň   Görogly   ynandy.

— Uýam,  demiň  içiňde  bolsun,  şu agşam senem, Öwez janam  bendilikden  boşadaryn! — diýdi.

Ýeriň aşagykda ýylan gäwüşese duýýan Zeýnep jadygöý bir del aýagyň baga gadamynyň düşenini aňlap, ylgap eýwana çykdi Onuň gözleri şakäse ýaly, burny susak ýalydy. Ol töweregine ýalt-ýult ediberdi. Zeýnep jadygöý gözi düşen badyna, Göroglyny tanady, elin-de baryny edip, owsun urup, jadyçylyga başlady.

Habary  kimden  al?  Serwijandan  al!

Öwez bendi bolup, Hüňkär soltanyň ýanyna getirilende. Hüňkär Öweziň köp sözlerine düşünmedi. Serwijanyň bolsa düşunmeýän dili ýokdy Şonuň üçin, Hüňkär Serwijany dilmaçlyk üçin çagyrdy. Şonda Serwijan Öwezi görüp, onuň mertligine, owadanlygy-na jan-dili bşiln aşyk boldy, emma bu syry pynhan saklady.

Serwijan esewan bolsa, bagyň içinde bir adam bar. Zeýnep jadygöý ony jadylamaga başlapdyr. Serwijan Göroglyny tanap, Zeýnep jadygöýin garşysyna jadysyny ýöredip başlady. Zeýnep jadygöý ot bolup, Göroglynyň üstüne sowrulyp başlady. Görogly: «Bir bela duşdum gerek» diýip, gylyjny sogrup, töweregine bulaýlaberdi, gylyjy ýumşak zatlara degýän ýaly boldy Bir görse, töwerek-daşy gyzyl gül, üstüne ýagyp duran hem gül. Serwijan Zeýnep jadygöýiň oduny güle öwrüpdir. Birden Zeýnsp jadygöý Göroglynyň üstüne derýa bolup eňdi. Görogly: «Gark boldum gerek...» diýip gyssandy. Şol wagt bir dag bölegi gelip, derýanyň öküne böwet boldy. Indi Zeýnep žadygöý gyrgy bolup, Göroglynyň, üstüne eňdi, gözüni çokmak pikirine düşdi. Görogly gylyjyny bulalady, gyrgy ýeňsesinden, öňünden gelip, ganaty bilen urýar, Göroglyny aljyradyp barýar. Şol wagt bir ýerden bir bürgüt şaglap indi, ýaňky gyrgyny bir urdy welin, gyrgy tas ýere sokulypdy. Bürgüt ýere düşdi-de, bir togalandy. Görse, bu şol eýwandaky gyzlaryň or-tasynda oturan perizat — Serwijan eken. Ol gyrgy — Zeýnep jadygöý ýere ýazylyp, agzyndan gan gelip ýatyr, jany bireýýäm çykyp, saňgaty bolupdyr.

— Bu melgun garrynyň maslygyny  alyp  gidiň,gyzlar, hol  burçdaky  köne gurruga   taşlaň! — diýip,

Serwijan   kenizlerine   buýurdy.

Görogly öz ýanyndan: «Şu ýeser garry jögülig-ä edäýýän däldir-dä hernä?» diýen pikire düşdi-de:

— Duruň entek, men ony  çapym-çapym edeýin.   Ol galandar agaňyzy gaty horlady — diýip, Göroglý ýene-de özüni tanatmajak bolup, galandar   bolan   boldy.

Serwijan   bolsa:

— Aý, Görogly, sen indi arkaýyn  bol, ol gaýdyp bu  dünýä  gelmez! — diýdi.

Görogly:

«Pah, bu-da meni tanaýan eken-ow, indi mundan nähi-li syparkam, her näme-de bolsa aýal maşgaladyr, saz bilen, nama bilen muny ýumşadyp bolmazmyka?» di-ýip pikire düşdi. «Jadygöýler adamlary it edýär, eşek, gatyr edýär diýýärdiler welin, şu meniň jynsymy üýtgedip ýören bolmasyn?» diýip, Görogly ýalt--ýult edýär, endamlaryny çümmükleşdirip görýär, ellerini silkişdirýär, endamyndan gögöýin dişleýän mal ýaly, kakynjyrap dek duranok.

— Görogly beg, hormat; bizin. diýarymyza    hoş gelipsiň sapa gelipsiň, köşge gir, men seni myhmanlajak!—diýip, Serwijan ony  myhmançylyga  ündedi.

Görogly: «Şu meni içerik salyp, bir belanyň üstünden eltjekdir-ow, men mundan öňürtiläýin» diýip oýlandy.

— Alla,  Serwijan,  sen içeri  gir diýýäsin, men siziň aýdym-sazyňyza  höwes,  ynha, bizem barymyzy orta atarys, menin ýagşy namalarym, ýagşy  sazlarym bar, Serwijan, şolary bir diňleseň, içerik onsoň girilge, niçik bolar? — diýdi. Onda Serwijan:

— Köp ýyllardan  bäri adyňa  aşnadyryn,  Görogly, ine, öz aýagyň bilen gelipsiň Meniň   dilejek bir myradym bar, meni myradyma ýetir, Görogly! — diýdi

— Menden bitjek myrat ertä galman  biter, Serwijan! Ýöne senden bitmeli  myrat  bitjekmi,  şol belli  däl...

— Meniň, ýanymda   müşgil iş bolmaz, Görogly, hany  bir  içeri   gireli,  soňkusyny şonda   göreli!

— Girsek   giräeli,   Serwijan!

Görogly töwekgelçilige salyp, jaýa girdi. Serwijai köşgüň   töründe   goýlan   tylla   tapy   görkezdi:

— Görogly,  geç,  şu   tagtda   otur!

Görogly oz içinden «Şu salatynyň meni oýnap ýören-ow, bu ahyr yaňa etjegini etjek-dä» diýip pikir etdi.

—Ýok, Serwijan, men asyl bular ýaly  tylla tagtlarda oturyp  gören däldirin. Serwijan, türkmenler-de: «Gyzyl görse. Hydyr azar» diýen bir söz bar, men

onda otursam,  dälirärinmi-näderinmi. Bize, ine, şu ýüpek halyň üsti bolar — diýip, özüni lampa aşak goýberip, aýbogdaşyny gurap, gylyjyny  öňüne kese basdy-da  oturyberdi.

— Görogly, sen meniň göwnüm üçin şonda bir oturmaly,  soň   halan  ýeriňde oturyber!

Görogly:

«Munuň jadypy tagty şumuka?» diýip pikir etdi. Serwijan «geç-geçi» köpeldensoň, näme bolsa-da, Görogly tylla tagta gsçip ogurdy.

— Ýagşy'— diýip,  Serwijan, soltanlaryň   önüne gelen arzyman ýaly, tagtyň öňünde çök düşdi, bil bükdi:

— Görogly soltan, arzym bar, aýdaýynmy?

— Aýt, Serwijan, näme arzyň bar bolsa.

— Aýtsam, Görogly, seniň bir Öwez ogluň bar, onuň at-owazyny eşidip, men  gaýybanasyndan aşyk bolupdym. Bir hepde boldy, men onuň özüni gördüm, men indi onuň ýüzüni görüp durmasam takatym ýok, giň jahan gözüme zyndan bolupdyr, aýdym-saz bilen zordan jan saklaýan. Atam ony zyndana salyp, her hili   görgüler bilen gynaýar, dardan asmakçy bolýar. Her sapar men bir delil tapyp, ony dardan asdyrman saklaýan, onuň yzyndan seniň geljegiňi bilýädim. Indi sen geldiň, Öwez ogluňy alyp çykmaly, sen meni   indi şona niklap ber-de, meni myradyma ýetir, ine, meniň, saňa etjek arzym,   Görogly!

— Wah, Serwijan, meni tylla tagta çykaryp aýtjak  arzyň  şumudy?

— Hawa,  Görogly, myradym  şol.

— Onuň ýaly myratlara men gury ýerde oturanymda-da  ýetirip  bilerin,  Serwijan!

— Ýetirip bilseň, Görogly, şu gün öýle   namazyn-dan soň, Öwez jany asdyrjak   diýip,   atam    şähere jar çekdiripdir, men ony ýene bir söý bilen  sypdyrjak bolaýyn, eger  sypdyraýsam, onda şu gün agşam ony zyndandan alyp gaçaly, eger sypdyryp bilmese-

mem, sen ony daryň aşagyndan alyp gaçmaly bolarsyň,  men  sana  kömekçi  bolaryn.

— Bu  zatlaryň  işi  aňsat-la,  Serwijan — diýip,

agşamlary bilen ýatman şöwür çeken, ajygan Görogly: — Bu myradyň biter, Serwijan! Ýöne biziň ýurdumyzda gelen-giden myhmana nahar-şor hödürlegen bolýalar, siziň  ýurduňyzda-da  beýle däpler  bardyr-a?!

Serwijan derrew aşpez kenizlerine nahar getirmegi buýurdy. Dürli-dümen naharlar getirdiler, arak-şeraplar getirdiler. Görogly iner ýaly iýip, nahar edindi. Soň Görogly Hüňkär patyşanyň köşgüniň töwereginde duşuşmagy Serwijan bilen wadalaşyp çykyp gitdi.

Serwijanyň hemme kenizleri ýesir alnyp getirilen çorulardandy. Olaryň arzuwy bendilikden azat bolmakdy. Serwijan töweregine kenizlerini ýygnap:

— Gyzlar, gudraty guýçli taňry ýar  bolup,  işler şowuna düşse, men siziň baryňyzy  Çandybile alyp gitjek!  Baranyňyzdan  soň, özüňiz razyçylyk  bilen galsaňyz galarsyňyz, öz ýurduňyza gitmek isleýäniňizi hem azat edip, myradyňyza  ýetirerin. Siz kejebe bilen elmaýalary taýýarlap,  atamyň beren gara  atyny taýýarlap, saraý  hyzmatçylaryna  «Serwijan  seýle çykjak diýip aýdyň!» diýip buýurdy. Çorular jany-dil bilen şatlanyşyp, işe başladylar.

Habary   kimden   al?   Hüňkär   soltandan   al!

Bir hepdeden beri Hüňkär soltgna Öwez iş boldy. Hüňkär Göroglydan, onuň ýigitlerinden, onuň ýurdun-dan habar biljek bolýar. Öwez bir zatlar sanaşdyrýar, oňa-da Hüňkär düşenok. Ahyry ol öz gyzy Serwijany dilmaç edinip habarlaşdy:

— Eger sen Göroglydan dönseň, men seni ogul edineýn, ýalňyz gyzymy saňa bereýin! — diýdi.

Öwez   bolsa:

— Kesişdirip para-para etseňem,  men kyýamatlyk atam Göroglydan dönmen! — diýdi.

Şondan soň Hüňkär ony zyndana salyp, ýok azaplar bilen gynady. Emma Öwez dönmedi. «Şu gün Göroglyň Öwez ogluny Hüňkär dardan asýamyş» diýip, şäher ähli Hüňkär soltanyň koşgüniň öňüne ýygnanypdyr. Ine, goly bagly Öwezi köşgüň   eýwanyna  alyp geldiler. Hüňkär  soltan  ýanynyň  wezir-wekili  bilen geldi. Serwijan olaryň ýany bilen geldi. Görogly galandar  eşiginde,  adamlary  eýläk-beýläk   itişdirip, märekäniň öňüne geçdi. Märekä göz aýlap duran Öwez Göroglyny  gören  badyna   tanady.

Hünkär   soltan:

— Heý, oglan, henizem bir pille, janyňa haýpyň gelsin, pälinden gaýt! — diýdi. Öwez güle-güle bir nama aýtdy:

Bir   arzym   bar,   Hüňkär, saňa, Zalym, meni  çekme  dara!
Bu   kylmyşyň  nedir  maňa, Ganym,  meni   çekme  dara!
. .
Iki-ikiden  gelen  kazy, Barmydyr  gyş  günün  ýazy,
Menem  biriniň   ýalňyzy, Ganym,  meni   çekme   dara!
. .
Bu  galanyň   müň  burçy  bar, Her   burçunyň   perraçy  bar,
Gyzylbaşyň  nä  güýji   bar, Ganym,   meni   çekme   dara!
. .
Galaň   başyňa   ýykylar, Tebil,   nagra  köp  kakylar,
Ýüzüňe   gara   çekiler, Zalym,   meni   çekme  dara!
. .
Habar   düşse   Çandybilden, Kyrklarym  geler  on-ondan,
Ar-namysym  alar   senden, Ganym,   meni   çekme   dara!
. .
Giň   jahan   gözüme   dardyr, Görogly beg agam bardyr,
Öweze   hudaýym   ýardyr, Ganym,   meni   çekme   dara!

Öweziň başda gülüp başlanyny gören Görogly: «Bu zaňňaryň meniň şu galandar eşigini gösnine gülüp durdug-ow» diýip gaharlandy. Soň Öwez namasynyň bir erinde «Bu galanyň müň burçy bar, her burçunyň perrajy bar» diýende Görogly: «Bu-da özüniň daşynyň saklawynyň kändigini aýtdyg-ow» diýip, pikir etdi. Hüňkar gazaba çykyp:

— Bu akmak oglanyň jany bokurdagyna gelip durka, ýene gülýär, tiz  dardan asyň bu   iti! — diýip , gygyrdy.

Serwijan atasynyň garşysyna geçdi-de, ýüzüniň dokuz gat perdesini syrdy.

Ata jan. ol sözlerinde saňa ýalbarmakdan başga zat aýtmady, ölüminiň öňinçäsi gülmegi bolsa, ýa ol özüniň mertligini gorkezjek bolup etdi ýa-da, belki, zyndanda azap çekmekden onuň akylyna zyýan ýetendir, ony bir rahat ýerde-de saklap görmek gerek — diýdi.

— Şol biçeme däl,  beýle bolsa, şu oglany çarbagdaky köşge eltip, bakyň-bejeriň!  Onsoň hem bir görelin, emma bagyň içini-daşyny leşgerlerden dolduryň, ol eşek ogrusy Görogly gelip, bir iş edäýmesin! — diýip, serkerdelerine   buýurdy.   

Serkerdeler Öweziň goluny çözüp, Hünkäriň çarbagyna  alyp gitdiler.  Hüňkär  wezir-wekillern  bilen    köşgüne girdi.

Märeke dargap gidenden soň, öz kenizleri  bilen köşgüň eýwanynda galan Serwijan:

— Galandar  ata, sen  keramatly  pire  ogşaýasyň,meniň hakymda dileg et!—diýip,  Görogla    ýakynlaşdy.

— Keramat gylyçdadyr,  Serwnjan! — diýip,   Görogly jogan berdi. Serwijan özüniň Öwezden ölse-de,dänmejegine Göroglynyň öňünde kasam edip, bir nama aýdar   gerek:

Jan   tenimde   myhmandyr, Eşreti   dilär   göwnüm.
Yşka   pyrak   ýamandyr, Wysaly   dilär   göwnüm.
. .
Tutsun   inçe   bilimden, Sorsun   şeker   dilimden,
Meý   içsin   ak   golumdan, Öwezi   dilär   göwnüm.
. .
Serwijan — bagyň   güli, Öwez   şeýda   bilbili,
Goç   Görogly — bir   weli, Hajatyn   dilär   göwnüm.

Serwijan sözüni tamam etdi. Görogly ikisi Hünkärin uly çarbagynyň derwezesinde agşam  tapyşmagy wadalaşyp  aýrylyşdylar.  Görogly  bolan   wakalary hbardar   edip:

— Atlaryňyzy   daňan   saraýlaryňyzdan  alyň-da,garaňky gatlyşar welin, çarbagyn derwezesinde häzir boluň, biliňizi  berk guşaň, bagyň daşynyň, içiniň saklawy   güýçludir!— diýip   tabşyrdy.

Serwijan   bolsa:

— Bular   asgynjan   bolzr — diýip,   kenizeklerini kejbeli-geregeli   elmaýalara     mündürişdirip, seýle çykýas bahanesy bilen, irgözinlen  galadan çykaryp ýola saldy. «yzyňyzdan ýetinçäk gidiberiň» diýip ugratdi.

Gün ýaşar wagty ýakynlaşdy. Hunkäriň serkerdeleri  bir-birlerine   söz   atýarlar.

— Aý.  Apbasaly!

— Bäli!

— Habardar   bol!

— Gulamaly!

— Bäli.

— Japaraly!

— Bäli!

— Habardar boluň, garaňky düşüp başlady?

Bular  irgözinden bir-birine gygyryşyp, bir-birine pent berip başladylar. Gün ýaşyp, garaňky gatyşdy welin, bularyň, üstüne suw sepilen towuk ýaly,hiç birinii sesi çykanak, hemmesi kelläni ýere goýupdyr. Görogly kyrk ýigidi bilen bagyň derwezesine geldi, esewan bolsalar, hemme goşun ýatypdyr. Görogly:

— Bu zalymyn gyzy bizi aldaýdymykýa? — Diýip, duran wagty bir tarapdan Serwijan hem bir ata atlanyp, bir aty-da goşlap geldi.

Ol.

-- Görogly, men seýir dogasyny okap, ähli goşuny, köşk hadymlaryna dem urdum. Olar erte günortana deňiç kirpiklerini hem gymyldatmazlar, ýüzüň ugruna sur-de! giriber! — diýdi.

— Bolýar,  Serwijan, giribiris!— diýip,   Görogly ýalaňaç gylyjyny öňüne kese basdy-da, Gyratyny sürüp, baga girdi. Handan beg bilen Taýmaz begi bir bölek atly bilen bagyň derwezesiniň daş agzynda goýdy. Özi bir bölek atly bilen Serwijany ýanyna alyp,

bagyň ortarasyndaky köşge bardylar. Görogly bilen Serwijan köşge girip, Öwezi  alyp  çykdylar. Ony Serwijanyn. getiren  atyna  ataryp,  bagdan  saýlandylar. Galanyň kybla derwezesinden çykyp, sag tarapa baka  aýlanyp ýola düşdüler   Bularyň çykanyny Hüňkärin galasynyň itlerem  duýman  galdy. Bular şol sürüp baryşlaryna  Serwijanyn iberen    kerwenleriniň yzyndan ýetdiler. Elmaýalaram gyssap sürüp başladylar.

Habary kimden al? Hüňkärden al.

Serwijanyň eden dogasy, uran demi Hünkäriň özüne gowy ýöremän eken. Ol ertir turdy welin, hemişekisi ýaly, töwereginde hyzmatkärleriniň hiç biri tapylanok. Ol ýatan ýerinden gygyrmaga başlady. Onun gykylygyna-da gelýän ýok. Ahyry ol:

— Bulara ne bela urduka?! — diýip, özi turup aýlanmaga  başlady. Görse, köşk adamlarynyň   hemmesi süýji ukuda  ýatyrlar.  Hyzmatkärlerini   depip turuz makçy  boldy, gygyrdy. Olar öldürseňem turjak däl Görse, hemme wezir-wekillsri-de ýatyr, turar ýaly däl Huňkär bir hikmetiň bardygyny   bilip, etek alty, eňedi, baga baka ylgady. Baryp görse, tamam goşun süýji ukuda ýatyr.Öwez-de ýok, zat-da ýok. Hüňkär   goşun serkerdeleriniň gulaklaryna birin-birin  agzyny tutup

— Gulamaly   serheň!

— Hasan   serheň!

— Şasepit   serdar!

— Aly Haýdar mirşep! — diýip, her serkerdesiniň gulagyna  agzyny tutup, birýan ujundan gygyryp başlady.

— Aý, Öwez gaçypdyr, üstesine gyz hem gidipdir! — diýip, gygyra-gygyra Hüňkäriň bogazy tüýduge döndi. Eger-eger ýatanlaryň birem gymyldanok. Hüňkäriň ýeke özi şol dumly-duşuna ylgap ýörşüne, gün günorta   boldy.

— Pah, ýagşy ýatypdyryn-ow!—diýip, Şasepit bir ýerden başyny göterdi . 

Hüňkär ylgap gelip:

— Ine, ýagşy ýataan, köpeý ogly! — diýip, onuň gulagynyň düýbüne bir şapbat  çekdi.   

Şasepit  tarsa ýerinden  turup-  «Buýrugyňyza  häzirem, soltany-älem!»diýdi .

— Ol eşek ogrusy Görogly gelip, köşgi talap gidipdir, bäş müň atlyny al-da, şu wagt yzyndan ugra.

Ozalam heniz ukusyndan açylyp bilmedik Şasepidiň Göroglynyň adyny eşidende, jany çykdy. Şasepit bäş müň atlyny azygyny-suwlugyny jemläp ýola düşýänçä, gün ikindi boldy. Şasepit galadan çykyp, bir meýdan ýöränden soň, garalky düşdi. Ol goşuny bilen bir tokaýda düşläp ýatdy .Ertir turup, ýene atlanyp ugrady. Näme, indi bu golaýda Görogly durýamy, o1 eýýäm ala daglardan aşyp gidipdir Şasepş o ýan-bu ýan sereden bolup, iki-üç gün ýatyp, yzyna dolandy.

Görogly kyrk ýigidi bilen Öwezi, Serwijany, altyn kejebeleri, elmaýalary bilen Çandybile alyp bardy.

Gorogly Çardagly Çandybile gelip, dem-dynjyayny alyp , Agaýunus ikisi öýlenmedik ýigitlerini Serwijanyň öňünden geçirdi. Serwijan Göroglynyň Mirim diýen ýigidini halady «Agaýunus ýeňňe, men Öwezi halppdym. Onuň Gülruh atly ýary bar eken. Mirim-de Gowy ýigit eken. Meniň toýumy şonuň bilen tutaýyň!» diýdi. Bu söze Mirim köp hoş boldy. Ol syratly, dogumly, akylly, sazanda ýigitdi.

 Görogly Serwijany Mirime nikalap berip, myradyna ýetirdi. Üç günläp toý berdi, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, baýraklar, Çandybiliň pakyr-pukaralaryna engamlar berdi. Çandybiliň ili şat boldy, duşmanlary mat boldy.