ÖWEZ HEM GYRAT

Hatarda neri, sandykda zeri bolan Görogly beg alty aýlyk ýere soltanlyk ederdi. Munuň kyrk ýigidinden başga-da Haldar han diýen oýunçysy, Saky diýen aýýary, Esen diýen pälwany bardy.

Öwez günleriň birinde zerli kemerini guşanyp, täjini başyna geýip, atasynyň düýrme gylyjyny biline dakyp, Göroglynyň kyrk gez naýzasyny elins alyp, sary ýaýyny boýnundan asdy. Ol Esen pälwana:

— Eý, Esen baba, ýör, ikimiz awa-şikara gideli, bile gitmäge atamdan rugsat aldym — diýdi. Esen päl-wan hoşal bolup, bökup ýerinden turdy. Ol bir ýüz segsen goýnuň derisinden tikilen telpegini kellesine geýip, ýedi put zynjyrdan kemerini biline dakyp, kelterägede kyrk batman taýagyny eline alyp, şikara gitmäge taýyn boldy.

Agaýunus peri Öweziniň ýanyna gelip, ak pata berdi. Bular hoş bolup, şikara çykyp gidiberdiler. Şol sürüşlerine iki gije-gündiz ýol geçdiler. Ine, beýewan çöllük. Bulara hiç kim gabat gelmedi Bir  beýik çynaryň düýbüne  baryp, Öwez jylawy çekdi.

— Ah-ow, Esen baba, şu ýerde bir.dem-dynç    alaýsak nädýä?! — diýip, Öwez atdan agdy. Öwez jan atyň syrtyndan taňkasyny alyp, çaý goýdy, basym çaý içmäge   oturdy.  

Esen   pälwaň   Öweze:

— Sen çaý içseň iç bakaly. men-ä.   uklajak — diýip.kyrk gez belent çynaryň kölegesinde serrelip uka gitdi. Kölege onuň diňe üstki dodagyny, gözüni ýapdy.Galan ýeri, hol, günde  ýatyr. Öwez jan  çaýyny  içip,keýpini   kökledi.  Soň:

—  Ah-ow, Esen baba,  köp  ýatdyň,  munça  ýatmak bolmaz, ýatmak ölä ýagşy — diýip, muny turuzdy.

Esen pälwan:

— Öwez, şu mahal mana azar bermeseň, kem görjek däl. Men juda ýadadym. Heniz ukymy alamok. Sen özüň gidiber, men soň yzyňdan bararyn — diýip,   aňry ýüzüne   agdarylyp, ýene-de  uka gitdi.

Öwez jan muňa köp garaşdy. Oýanmady. Ahyry oýan-majagyna  gözi ýetip:

— Mundan bize ýoldaş boljak däl-ow — diýip, Gyrata   atlandy.

— Eý, janawar Gyrat! Sen atamyň baş ýoldaşysyň,şu gün meniň ýanýoldaşym borsuň, bu çölde senden başga hossarym, guwanarym ýok — diýip, atyň  jylawyny kybla tarap öwrüp, ýola rowana boldy.

Bir  gije-gündizläp Gyrat bilen   çöl içinde gezdi. Hiç bir yns-jyns duşmady. Aw-şikardan bizar  bolup, halys ugruny ýitirdi. Gyrat  Öweziň başyny  çaramajagyny syzdy. Jylaw basyp, daga tarap ugraberdi. Bir gije-gündiz  dag  içinde  gezdi.

Bu gep bu ýerde galsyn. Habary kimden al? Adyl şanyň, Göwdürgül diýen aýýaryndan al! Bu aýýar Adyl şanyň buýrugy bilen, assyrynlykda Çardagly Çan-dybile üç gezek gidip, jadylyk eden eken. Ol günler-de bir gün Öweziň üstünden geldi. Bir gysym topraga ismi-doga urup, gündizi gije etdi.

Öwez:

— Eý, gudratly huda, gündizim gije boldy. Eý janawar Gyrat, özüň bilmeseň, meniň akylym çaşdy —diýip, jylawy   elinden    goýberiberdi.Göwdürgül Öwezin jylawy elinden goýberenini  duýup, Gyratyň jylawyny öz eline alyp, jaýyna tarap idip gaýtdy.

Iki gije-gündizläp ýol geçip, öz jaýyna alyp geldi. Jaýa gelenden, jahany ýagtylyga öwürdi.

Öwez:

— Bu nä alamat boldy?! — diýip äň etse, görmedik, eşitmedik jaýlaryna gelipdir. Göwdürgül oňa:

— Essalawmaleýkim! — diýip,  ýedi  bükülip  salam berdi. Atyň   jylawyny tutup durşuna:

— Kenizler! — diýip, üç mertebe gygyrdy. Bu jadygöýüň, kyrk sany hyzmatkär  kenizi  bardy.

Olara ýüzlenip:

— Eý, kenizlerim! Men bir oňat ýigit getirdim, şona  hyzmat  edersiňiz — diýdi.

Kyrk keniz Öwezi atdan götergiläp, bir jaýa eltip, per ýassygyň üstünde goýdular. Kenizler Öweziň daşyna aýlanyp: «Bu ýigit ýadap gelipdir» diýip, haý-dan-haý hammama salyp, el-aýagyny ýuwup päkizelediler.

Göwdürgül kenizlerine:

— Bu ýigidiň atyny derrew bejermeli! — diýip buýurdy.  

Kenizler:

— Aty  nähili  bejermeli? — diýip soradylar.

Onda   Göwdürgül:

— Atyň  gulagyndan tä guýrugyna  çenli kyrk gez kendir ýüp bilen sarap, ýerzemin jaýa  salyň! —diýip buýurdy.

Kenizler Göwdürgülüň aýdyşy ýaly edip, Gyraty ýerzemine salyp, gapysyny ýarym  put gulp bilen gulpladylar.Göwdürgülüň ýanyna gelip:   «Buýrugyňyzy ýerine ýetirdik» diýip, habar berdiler.   

Göwdürgül olara:

— Kyrk güne çenli Gyrat  şol  gulpda ýatmaly,açylmaly däl — diýip tabşyrdy. Jadygöý kyrk kenizi bilen Öweziň ýanyna geldi. Onuň   ýanynda kenizlerine   garap:

— Bir ýigrimin  Öweze  çaý-çilim   bermek bilen meşgullanyň, bir ýigrimiň Öwezin hemişe el-aýagyny owkalap durmaly. Bir zatdan kem edilse, başyňyz kesildi biliň! — diýip, kenizlerine gözüni alartdy.

Öwez:

— Eý, hudaý-a, men bulardan Çardagly Çandybil-de enem-atamdan görmedik ýagşylygymy görjeg-ow — diýdi.

Ýedi gün geçenden son, Göwdürgül Öweziň ýanyna gelip, özüniň Adyl şanyň jadygöý içalysydygyny aýtdy.

— Men Adyl şanyň ýanyna baryp   gelýänçäm, keýpi-sapada boluber, Öwez!—diýip, gitmekçi boldy. Ol kenizlerini   üm   bilen   daşary  çykaryp:

— Men Adyl şanyň ýanyna  gitjek. Tä gelinçäm,  şu jaýyn agzy açylmasyn, derrew gulp getirip, meniň gözümiň alnynda gulp uruň! — diýip, gulp urduryp, guş bolup Adyl şanyň jaýyna uçup gitdi.    Adyl şanyň ýanyna   baryp:

— Göroglynyň Öwezini, baş ýoldaşy Gyratyny gola salyp, zyndana taşlandyryn,   şahym! — diýip habar  berdi.

Adyl   şa:

— Jadygöýüm,  meniň duşmanymy  ahmyrda  goýupsyn!—diýip, oňa  köp  sylaglar  berdi.

Jadygöý:

— Häli hem, şahym, bu size kem hyzmat boldy— diýip, başga ýurtlardan gizlin habar ýygnamaga gitdi.

Indi habary kimden al? Öwezden al. Onuň otuz sekiz gün bäri zyndanda ýatyşydy. Öwez kop hory-zar bolup, gije-gündiz ahy-pygan kyldy. Iýmek-içmekden hory-zarlyk çekenine çydaman:

— Eý, kyýamatlyk atam    Görogly! Eý, kyblam enem Agaýunus, siz hem   meniň bu hory-zarlygymy bilmen durmusyňyz? Eý, Saky jadygöýüm, sen ölümi ýa dirimi? Menden hiç habar almadyň? Eý, kyrk çilten, şiri-derga, atamyň, enemiň hümmetkäri, men hory-zarlyk-da, maňa siziň hümmetiňiz ýetişmedi. Bir jadygöýüň eline düşüp, Gyratym bilen zyndanda    ýatyryn. Eger sizden hümmet bolmasa, sizden närazydyryn — diýip, zar-zar   aglaberdi.

Görogly ukuda ýatyrka, oňa düýşünde Öweziň zaryn sesi eşidildi. Tarsa ýerinden turup, Saky jadygeýüni ýanyna çagyryp:

— Eý, Saky, Öwezden näme habar bar?diýip sorady.

— Men   Öwezden   hiç   zat   bilemok.

— Bilmeseň, Öweziň säher wagty maňa  zaryn sesi eşidildi. Bir ýerde  hory-zarlykda  bolmaga çemeli. Sen Öwez janyň  ölüdigini-diridigini    bilip gel!—diýip buýurdy.

Saky jadygöý   birsalym  özüniň  žady işlerine meşgul bolansoň, Görogla ýüzlenip şeýle diýdi:

— Eý, gurbanyň bolaýyn Görogly! Öwez jana zyýaň Adyl şanyň jadygöýünden ýetipdir. Adyl şanyň jadygöýünden meniň bilimim pesdir.    Dogrulap baryp, (Habar almaga güýjüm ýetmez. Ol menden ýetmiş iki sapar ýokarydir —diýdi.

Görogly:

— Bolsa-da, ýeke zürýadym  Öwezden, baş ýoldaşym Gyratdan habar tutmasaň, boljak däl, olary hory-zarlykda gördüm — diýip,   gaýtalap   aýtdy.

— Bolýar onda—diýip, Saky ýerinden turup, Göroglynyň önünde baş egip, gol gowşuryp durdy.

Soň Görogla:

—Siz, belki, öz hümmetiňizden maňa ak pata berersiňiz — diýdi. Görogly kyrklar bilen ýola çykyp, Saka garap:

— Bar, işiňi alla aňsat etsin! — diýip,   ak pata berdi.

Saky jadygöý Göroglynyň, pirinden medet sorady. Iki rekagat namaz okap, kybla  tarapa  bakyp,bir gysym topraga dem salyp, öz endamyna   urup, kiçijik garlawaç sypatyna girdi. Soň nirdesiň Adyl şanyň ýurdy diýip uçui  gitdi.Gijäniň bir wagty Öweziň bolýan jaýynyň  deşiginden sümlüp  girdi,girip «jyk-jyk» ses ediberdi. Muňa Öwez:

— Alla, bu näme boldugy, adam  sesi-hä däl bu, bolsa-da  arwahdyr — diýip, göwnüne  getirdi. — Ýa-da meniň halymdan habar aljak bolup, Saky jadygöýüm geläýdimikä? — diýende,Saky  ismi-agzam dogasyny özüne urup, salam berip, Öwez bilen görüşdi.

— Ýeri, Öwez, bu nä ýatyş? — diýip, sorady.

Öwez başdan geçiren görgülerini habar berdi. Saky özüni Göroglynyň iberendigini, kynçylyk bilen bu ýere gelendigini aýtdy. Öwez Saka ýüzlenip:

— Eý, Saky, sen munuň ýaly işleri köp   görüp gelýärsiň. Men nä wagta çenli şeýdip ýatarkam?Meniň ysgyn-mydarym   galmady — diýdi.

Saky:

— Eý, Öwez jan, Göroglynyň nesline   horluk bolsa-da, ölmek ýokdur, enşalla, iki gün möhletiň galdy.birgün çäş wagty, jadygöý gelip  senden habar alar.Sen şunça çydapsyň, ýene ikije gün gaýrat et, howlukma! Birigün jadygöý senden habar alyp, rugsat eder,

ýöne sen hiç göwne geler ýaly söz aýtmagyn, bir  hem şuny bilip goý: Gyrat özüňden hem beter horlugy görendir. Endamyna saralan ýüpler etinden geçip, süňüne ýetendir. Saňa Gyraty görkezenlerinde, sen: «Berekella, gowy seýis ekeniň» diýip, hoşamatly söz aýdarsyň. Birigun  çäş wagty    jadygöý    senden    habar alar. Sen özüň hakynda soralanda. «Maňa özüňiz bar wagtyňyzdan-da oňat gulluk etdiler» diýip aýdarsyň. Rugsat berlenden soň «Köp sag boluň!»    diýip, ýüzüňi demirgazyga tutup,  atyňy idip gidiber.   Şol ugraýşyňdan, Gyrat bilen bir dagy kesip geçersiň. Şol ýer-de ozal birwagt goýun ýatan çörli ýatak bardyr.  Gyrat şol çörluge basandan, ýöremäge ýaramaz. Özi şol ýerde ýykylyp ýatar. Soň çör iýip başlar. Sen muňa hiç geňirgenmegin,   howlukmagyn! —diýdi.

Indi habary kimden al? Adyl şanyň jadygöýün-den al! Jadygöý Adylyň ýanyndan öwrülip geldi. Işigi açyp, Öweze salam berip, hal-ýagdaýyny sorady:

— Hä, Öwez jan, nä hal, nä  ýagdaý?!

— Aýdyşyňyzdan-da gowy hyzmat etdiler. Enem--atamdan görmedik hezzetimi şu ýerde gördüm.Şunça ýatan günlerim, düýş ýaly bolup geçdi. Wagtymyts hoşlugy bilen nähili geçenini bilmedim.

— Köp ýagşy, Öwez, eger kenizler hyzmaty kem eden bolsalar,  satanlaryny üzüşdirdim. Hoş  bolsaň bolýar. Seni kyrk gün myhmanlykda sakladym. Atyňy kişmiş bilen bakdyrdym. Hiç bir  kemi-kösi ýokdur —diýdi.  

Soň: — Getiriň-aýt, Gyraty! — diýip,    kenizlerine buýurdy. Gyraty her ýanyndan dört adam bolup galdyryp, Öweziň ýanyna  getirdiler.  

Endamyna saralan ýüpleri Gyratyň, etiniň içinden yzlap tapdylar.Gyrat gulagy-guýrugyna  barýança    gyzyl gan. Gan garnynyň aşagyndaň syrygyp, damyp dur.Muny görüp,Öweziň ýüregi awady, damagy doldy. Sakynyň sözi üçin hiç zat aýtmady.  

Jady:

— Öwez jan, atyň, heý, kemi barmy?!—dpýdi.

—Ýok, atymyň  hiç  kemi  ýok.

— Şular ýaly akly-gyzyl reňk berlen at Çardagly Çandybilde   barmy?!

—ýok. Men Gyratyň   gyp-gyzyl bolup, öňümden çykanyna gaty hoşal. Sizde hyna, renk köp-ow, meniň atyma çalybileniňizi   çalypsyňyz — diýdi.  

Gyrata eýer saljak boldular. Öwez:—Duruň, siz hynany ozal köp çalypsyňyz. Hynalar tylla eýere ýokmaz ýaly, aşagyna bir köneräk zat  taşlaň! — diýdi.   

Köneräk zat taşlap, alagaýyş bilen eýer çekdiler.Guýrugyny-da ýedi  öwrüm duwdüler.

Öwez:

— Eý, jadygöý, sizden eneden dogup, görmedik ýagşylygymyzy gördük. Atyma hem şeýle bir hyzmat edipsiňiz, şeýle bir hyzmat edipsiňiz, aýdyp soňuna çykar ýaly däl. Biziň ilde şeýle seýis asla ýokdur. Siz şu hyzmatlaryňyz üçin, menden näme alarsynyz? Häzir-ä ýanymdan çykaryp, berip biljek zadym ýok. Men şol aljak zatlaryňy ýazyp alyp gitjek. Soň atam Görogly berer.

Mana: «Mugt iýip-içip gitdi» diýmäň, enşalla, bu ýagşylygyň aşagynda galmarys!—diýdi.

Göwdürgül   jadygöý:

— Bizden dogry habar, Öwez jan, ataňy, babany,kyrklary çagyryp, uruş etmäge hetdimiz bolmady. Bu zulmy Adyl şanyň buýrugy bilen etdik. Biz bolsak onuň   ýumuşçysy — diýip,   çykyp   gitdi.

Öwez:

—Bu nä kysmat boldy, hernä soňy haýyr bolsun!— diýip, atyny idip, çykyp gaýdyberdi. Saky jadygöýün aýdan ýerine baryp, Gyrat halys ysgyndan düşüp ýykyldy. ÝAtan ýerinden  çör iýmek bilen boluberdi.

Adyl şa ýedi patyşalyga «uly toý etjek» diýip jar üstüne, jar çekdirdi. Bu toýa her patyşalykdan bir dagy penjesinde alma edip bökdürip, döwler gaýtdy.

— Alla, bu toýa gatnaşyp bolmazmyka?!—diýip,

Öwez-de Gyraty söýäp turuzdy. Idip toýa   ugraberdi.Bu toýa hindi ýurdundan kyrk sany galandar gelipdir.

Bularyň çapaýyn diýse, atlary ýok, göreşeýin diýse  kuwwatlary. Galandarlar şa derwezesine gelip, aýak çekdaler. Derwezäniň içinde alys ýerlerden gelen segsen adam toý maslahatçysy bolup, wezir-wekillere hat ýazdyryp, uly aýlawa gitjek atlaryň reňkini,  ýaşyny ýazdyryp otyrdylar. Maslahatçylaryň arasynda segsen ýaşlarynda bir pukara seýis bardy, Ýanynda dokuz ýaşly ogly-da otyr. Üç günlükde onuň öňünden toýuň at çapyşygynyň uly aýlawyna dört ýüz togsan dokuz at gitdi. Şol zaman Öwez-de şa derwezesine gelip etdi. Galandarlaryň Gyrata gözi düşdi.

Biziň adymyzdan seniň şu atyňy goýbereli, ýigit!—diýip, Öweze ýerli-ýerden ýalbardylar.

Öwez

— Entek derwezäň içine bir girmek alajyny edeliň, galanyny soň görübereris, galandarlar! — diýdi.

Galandarlar  muňa  hoş bolup, derwezebana:

— Derwezäňi aç! — diýip gygyryşyberdiler. Derwezeban  bir deşikden  Gyraty   synlap:

— Sizin atynyzy saraýa saljak däl, atlaryň çapyşyga gidenine eýýäm  üç gün boldy. Gaýtjak ýeri dokuz günlük, siziň çapuwa goşjak atyňyz şo bolsa, onuň jany bokurdagyna gelip dur.Ölse-de, derwezeden  aňyrrakda  ölsün! — diýip goýbermedi.   

Muňa galandarlaryň   gahary   geldi.

— Biz hudadan dileg edip, şu gün bir ata ýüzümiz düşdi. Muny goýbermejek bolup durlar, uruň derwezäni—diýip, derwezäni  ýerli-ýerden  urup, dözüp  içine girdiler. Derwezeban bulara  topuldy.  Galandarlaryň biri: «Aý seniň bir...» diýip, ýapdy ýeňse çukuryna taýagy bilen. Derwezebanyň kellesi  pyzlawuk   kädi ýaly,hol uçup gitdi. Jany jähennem bazaryna baryp, hoz satdy. Bu habar Adyl şaga baryp ýetdi. Adyl şanyň wezir-wekilleri  munça  märekede ölüm-ýitim bolman bolmaz,  şahym! — diýip, galandarlaryň günäsini diläp   aldylar.

Galandarlar Gyratyň jylawundan  tutup, ony Adylyň, wezir-wekilleriniň öňunden geçirdiler.

— Bu boluşly  aty kim getirdi bu ýere?—diýip,şa azgyrylyberdi.

Galandarlar  bolsa:

— Biz  getirdik — diýşip, ileri-ileri omzaşdylar.

Adyl  şa:

— Bu tapyndy at pellehana beýle-de dursun, atlaryň gaýtjak ýerine barmaga-da ýaramaýar. Aýaklary, durmuş sypaty ne bela  munuň? — diýdi.

— Şu aty  uly  aýlawa  goýberseňiz-ä  goýberiň,bolmasa tagtyny başyňa ýumyrys! — diýip, galandarlar Adyl şanyň töweregine aýlanyşyberdiler. Adyl şanyň Danaguly diýen bir akylly weziri bardy. Bu wezir kellesini ýalaňaçlap. Adyl şanyň ýanyna baryp:

—      Size bir sözüm bar, şahym! Siz Adyl şa, baýu--pukara deň bolmaly, hany sizde adyllyk? Bu iş hiç kime ýakmaz. Her kes toýa gelse-de, gelmese-de öz işi.Eger gelip — ata-babalardan  gelýän däp — aýlawa eşek goýberse-de  öz   ygtyýary — diýdi.

Muny oturan toý maslahatçylary, kazy-müftüler makul bildiler. Adyl şa bialaç razy boldy. Toý maslahatçylary «galandarlaryň atynyň reňki. gyr, aýagy çuwal ýaly çiş, art aýagy çuwal ýaly çiş, endam-jany ýüp tagmaly, toýnaklarynyň naly tylladan» diýip, depdere ýazdylar. Öwez galandarlara garap:

— Sizia bilen biz kyrk bir dogan bolduk. «Köpüň dilegi köl bolar» diýipdirler. Siz şu ýerde bolup, ak pata beriň, enşalla, men siziň dilegiňizden abraý taparyn — diýip, ýola rowana boldy.

Munuň,   bilen at çapyşygyň ulusyna giden bäş ýüz at boldy. Märeke,toý maslahatçylary   kim öň   gelerkä-de-kim öň geler» kä bolşup, ýola garap oturybersinler.  Kim ön gelse,serpaý, erkana döwlet. Adylyň seýsi murtuny towlap, sakgalyny sypalap, şa tarapyndan goşulan atlaryň tarypyny etdi.

Ol:

— Hawa,  seýisler, uly çapyşyga bäş ýüz atly gitdi. Her kim Adyl şanyň öňünde ýalan sözlese, derisini soýup, çişirip, halta edip, asyp goýmaly! Biziň sözümiziň   heniz iki çykan ýeri  ýok. Eý, şahym, döwletiň berkarar bolsun, siz uly aýlawa iki at goşduňyz, biri gara, biri mele. Siziň şol mele atyňyz dan  öň geljek at  ýokdur!   — diýdi.

Pukara  seýis  bolsa:

— Biziňçe, şol iň soňky giden at öň geler—diýdi,

Adyl şanyň muňa gahary geldi. Ol: «Wah, men ony  uly  aýlawa  goýbermejek  bolupdym» diýip, içini gepletdi.

— Hoz ýok, daş ýok, atlaryň  geleni ýok.Sabyr et,sakawyň soňuna seret — diýip,  toý maslahatçylary Adyl  şaga   göwünlik   berdiler.

Indi habary kimden al? Öwezden.Öwez jan üç gün ýol geçip, atlaryň aýlawa goýberiljek ýerine baryp ýetdi. Bir çägelik ýerde Gyratyň eýerini aýryp, gyşardy ýatyberdi. At iýmlemek wagty boldy. Çapandazlara:

— Her kim attorbasyny alyp gelsin! —diýip, jar çekildi. Çapandazlar  iým  alyp, atlaryny  iýmlediler. Öwez gelmedi. Yzyndan adam iberdiler. Öwez:

— Meniň atym kesel ýatyr, seýisler gelip, keselini görüp bilmezlermikä? — diýdi.

Ýedi seýis Gyratyň üstüne geldi. Görseler, Gyrat uzyn süýnüp ýatyr. Galdyrjak  boldular.Gyrat göterilenden, agdarylyp

ýykylýar.

Seýisleriň içinde biri: —  Aý, muňa azap çekmäň, boljagy bolupdyr — diýdi.

Bu  söze Öweziň gahary geldi:

— Sen mugtuna patyşalykdan iýip-içip ýatan hyrrym ekeniň, saňa seýis diýmezler, çekil    atyň ýanyndan! Men atymyň keselini özüm gowy  bilýän. Munuň dermany ot-iým — diýdi.

Seýisler Öweze ýerli-ýerden:

— Näme iýse ber, tapylar, ýigit — diýdiler.

Öwez:

— Bolýa — diýip, bir attorbanyň deregine bir ganar halta alyp geldi. Patyşalykdan çapyljak atlara ot-iým   paýlaýan   hyzmatçy:

— Aç haltaň agzyny, näçe guýaýyn? — diýdi.

Öwez:

— Aý, göwnüňden çykaranyňy  guýuber,   meniň atym heniz hasaply ot-iým iýenok — diýip, ganarynyň, agzyny giňden açyp berdi. Hyzmatçy ganary arpadan doldurdy. On towlam bede ýorunjany-da goltugyna berdi,

Öwez bulary alyp gaýdyberdi. Hyzmatçy munuň yzyndan: «Haý, zaňňar, at çapjak bahanasy  bilen atyny patyşalykdan bakmaga    gelen zaňňar-ow bu!» diýip içini   gepletdi.

Öwez getirenlerini Gyratyň öňünde goýdy. Gyrat ýatan ýerinden iým iýip başlady. Ozal hem zyndanda köp hory-zarlygy çeken Gyrat getirenleriniň baryny iýdi, doýmady, ýene-de hokranyp ýatyr.

— Atlar ertir ir  bilen çapyşyga gitjekdirler-how!— diýip, jar üstüne jar çekildi. Muny eşidip, Öwez han ýene baryp, öňki ýaly iým aldy. Gyrat muny-da garnyna gapgardy. Gije her kim öz atyny bejermek bilen meşgullandy. Öwez han atyny bejermeg-ä beýlede dursun, eýsem, ony ýerindenem galdyryp bilenok. Gijäniň birwagty boldy. Çapandazlar ýerli-ýerine girip ýatdylar.Şol zaman Gyrat    böküp ýerinden turdy. Ýaňky dört ýüz togsan dokuza ölçelip goýlan arpanyň girdi çetinden, ýagşy garnyny doýrup, bir-salym gezim edip, ýorunja bedeleriniň   ýanyna bardy. Mundan hem birkemsiz iýip, howuz başyna baryp, suw içdi. Hiç kime duýdurman, ýene-de öz ýatan ýerine gelip ýatyberdi. Gyrat ýatyp, dem-dynjyny aldy. Säher wagty, il örmänkä, bökup ýerinden turup, çapuwa duran at-laryň üstüne bardy. Gulagyny ýapyryp, agzyny hatap ýaly açyp, bäri çetde duran ata agyz saldy, ikinjisi-depdi. Şeýdip, atlaryň bäşisini boşatdy. Boşan atlar  biri-birini depişip, dişleşip,   beýleki aňylgy duran atlary-da boşatdylar. Turdy bir topalaň, Gyrat bularyň arasyndan sogrulyp, ýene-de ýaň-ýatan ýerine gelip süýnüp    ýatyberdi. Çapandazlar, sýisler:

— Bu nä ataňa nälet? — diýip, böküşip ýerlerinden turup, gyk-wak bolşuberdiler.

— Atly  atyny tutsun  how, gyrlyşdylar. haw! — diýip, jar üstüne jar çekiliberdi. Daňdan atlar tutuljak bolanda, üç adamyň aýagy döwüldi. Bäş adam öünden gidip ýykyldy. Persala bolşup, atly atyny tutdy. Ot-iým bermek üçin atlaryny iýdip,iým paýlaýan hyzmatçynyň ýanyna geldiler. Görseler, ot-iým ýeriniň iýleni iýlipdir, iýilmedigi .çaşyşyp ýatyr.

Suw çelekleri bolsa döwlüp, suwlary ýere siňip gidipdir. Muny görüp: «Kim etdi-de-kim etdi?—boldular.

—  Kim-de bolsa, Adyl şanyň ýanyna  alyp barmaly? diýip,  ýerli-ýerden  gygyryşdylar.  

Seýisleriň  içinde ulalyp oňalmadyk, baryp ýatan töhmetçi, gybatçy biri bardy. Ol: «Gel, bu töhmeti şu oglanyň üstüne ataýyn,  jezasyny  çekip, başaşyr  gitsin» diýip, içini gepletdi.

— Şol çetde ýatan at — diýip, Gyraty görkezdi.

Olar:

— Atyňy daňman, bu weýrançylygy eden senmi? — diýşip, ýumruk çenäp, Öweze dyzaberdiler.Öweziň atdan habary ýok.Geldi   muňa   gahary.

— Aý, siziň, bir...   haýsy bir  zaýaçylygy  meniň boýnuma atjak? Tapdyňyz bu ýerde aldap, ele saljak adamyňyzy! Bize Çardagly Çandybiliň Göroglynyň ogly Öwez diýerler. Göroglynyň kyrk müňlerçe duşmanyň, garşysynda durup, heniz namartlyk eden ýeri ýokdur. Men, bilseňiz, şonuň ogludyryn. Siziň meniň bilen gözüňiz öwrenişipdir. Eger meniň kellämi gyzdyrsaňyz, zaýaçylygy başga tüýsli görersiňiz, namartlar! Meniň hol çetde ýatan atymyň hemişe bir ýatan ýerinde ýatyşy. Düýn hol duran seýisleriňiz atymy ýatan ýerinden-de galdyryp bilmän gidipdi. Bu at meniň, atamyň — Göroglynyň baş ýoldaşydyr.

Şol atly-owazly Gyratdyr bu at. Munuň tarypyny siz eşit-mänmidiňiz?! Indi meni ekirip, şeýle töhmeti üstüme atjak bolýanyzmy?! Aý, sizin bir!.. — diýip, agzyna gelenini  aýdyp haýbatlanyberdi.

Duranlar Göroglynyň adyny eşidenden, lal boldy duruberdiler. Öwez sözüni gutarandan, çapandazlaryň içinden bir ýaşuly adam saýlanyp, Öweziň ýanyna gelip:

— Aý, Öwez, «Haýwan ysgaşa-ysgaşa, adam soraşa, soraşa» diýipdirler. Synanyşman, soraşman tanşyp bolýamy?! Biz seni, Gyraty tanamandyrys, Öwgz han, näme-de bolsa, biziň günämizi geç!—diýdi.

Öwez:

— Aý, bolýa-da, geçilmeli töhmet, geçilmeli  günä däl öz-ä  —. diýip, Gyratyň ýanyna ugrady.

Dört ýüz togsan dokuz at bir hatar durup, çapyşy-ga taýýar boldy. Öweze «Atyny getirsin» diýip, uç gezek adam iberdiler, Öwez Gyraty şunça turuzjak boldy, bolmady. Halys ýadap: «Men atymy goşup biljek däl» diýip habar iberdi. Rugsat bolansoň, dört ýüz togsan dokuz atyň bary bir ugra güpürdi berip, yňdarylyp gidiberdi. Öwez jan muny görüp, Gyrata garap, göz ýaşyny paýradyberdi. Baryp, Gyratyň kelesinden göterip, şunça ýalbarsa-da galmady.

Seýisler  Öweziň  ýanyna   gelip:

— Öwez jan, sen bu çölde ýeke özuň galma. Şäher-den dokuz günlük ýoldur bu ýol. Atyň  ölse öler, galsa galar, ýör, gideli — diýdiler,

Öwez:

— Ýok, men gitjek däl. Ozal hem sizden hantama bolup ýola çykamok. Siz öz başynyzy çarap, öz ýoluňyz bilen gidiberiň, Gyratya ölenini gözum bilen görmesem, gidip biljek däl—diýensoň, seýisler:

— Bolýa onda, Öwez, maňlaýyňda näme kysmat bolsa, şony görübirsin — diýip, oba göçen ýaly bolup gaýdyberdiler. Öwez Gyrat bilen ikiçäk galdy. Gyratyň ýanynda «Heý   galmazmyka?»   diýip, birsalym oturdy.

Gyrat galmady.  Gyrat kellesini galdyrandan yzyna gaýdyberýär. Kellesi şalkyldap, ýene ýere degýär. Öwez halys boldy. Gyrat   galmady. Erte çäş galýança garaşdy, galmady. Dem-düýt ýok ýaly ýatyr. Öwez tamasyny üzüp, gözünden ýaş paýradyp aglady. Gyratyň tylla eýerini, seçek jullaryny arkasyna daňyp:

— Eý, janawar Gyrat, razy bol!—diýip, ýola rowana boldy. Gyrat gözüniň gytagy bilen Öweziň yzyndan seretdi. Görse, Öwez kiçižik bir tumşuk dagdan geçip, görünmez bolup, hol gidip barýar. Gyrat böküp, ýerinden turup, goltugyndan goşa ganat    çykardy. Al-howa uçup, Öweze ýene seretse, onuň hol  yrgyldap, aýagyny suýräp barşy. Gyrat asmandan bürgüt ýaly inip gelip, Öweziň öňunde gondy. Goşa ganatyny  ýygnap, dört aýagyny ýere dikip, hoş bolup, bir kişňedi, dag-dereler  sarsyp gitdi.  

Öwez:

— Eý,  hudaýym,  düýşüm bir bolmasyn — diýip, gözüni  ýumup-açyp,  içgin-içgin  seredip, haýran galdy duruberdi.  Begenjinden   aglajagyny-da, güljegini-de bilenok. «Alla, men, Gyratym, senden tamamy üzsem ýene-de yzyma öwrülip, saňa gaýdypdyryn-ow» diýip pikirlendi. Soň:

Eý, janym, kuwwatym, diriligim  Gyrat, sen meniň nalyşyma  ýetişdin! — diýip, begenjinden  gözýaş etdi. Gyrat guýrugyny syrtyna göterip, Ьir ýuz otuz iki mysaldan oýun etdi. Gyratyn wagty hoş bolup, burnuny Öweziň etegine sokup, uýan küýsäp   duruberdi. Öweziň wagty hoş bolup , Gyratyň   maňlaýyndan ýedi gezek ogşap, ýallaryny sypalap, tylla eýerini üstüne atyp, tylla uýan bilen    uýanlady.Öwez janyn sekiz käkili bardy. Käkillerini orap, telpegine saldy.

— Eý, kuwwatym, geregim, mydarym Gyrat! Atlaryň çapyşyga gidenine bir gije-gündiz  boldy. Sen şol giden atlaryň yzyndan ýetip, hasabyny mana berersiň. Meni azaba salanyň üçin, sen hem azap çekme1i borsuň! — diýip, agdarylyp ata mundi.

Gyrat artKy aýagynyň üstüne galyp, öňe zyňyp, ýyldyrym ýaly süýnüp gitdi. Bir çaý içim salymda atlaryň yzyndan Kowup ýetdi. Öwez yzyndan ýeteniniň. bir çetden börugini kakyp. börük sanap   ugraberdi.  

Giç öýläne çenli dört ýüz togsan ýedi börük toplady. Ýene  birsalymdan Dört ýuz togsan sekizinjiniň yzyndan ýetip,at jylawyny   çekdi.

— Senden öň  giden  kim  bar? — diýdi.

— Eý, ýagşy ýigit, ýerden ýörän atda  menden öne Çykan at ýok, ýöne Adyl şanyň mele aty asmandan uçup Gitdi.

— Hop, ýagşy! — diýip, Öwez Gyratyň   jylawyny öwürüp, basdy oňa gamçyny.

Ýeriň tanapyny kulterläp, ýene süýndi gidiberdi  janawar.Ýolunyň ugrunda bir dag keserip geldi. Gyrat aýaklaryny jüp basyp, bir zyňdy, at bu dagyň kyrk gez ýokarsyndan geçip, bir göç ýol aňyrsyna duşdi. Öwez muna kanagat etmän, ýüzüni sallady. Bu Öweziň Gyrata asmandan uç diýdigi-di. Gyrat bir silkinip, goşa ganat çykaryp, al-asmana galdy. Bulut arasyndan süýnüp, ýokarsyna geçdi. Öweze hiç bir jandar görünmedi. Çar tarapa seretdi. Birden, hol uzakda bir garlawaç ýaly garamtyl zat göründi.

— Haý, bar eken-ow, zaňňar! — diýip, Gyratyň jylawyny gowşadyberdi. Gyrat aýaklaryny galdyryp, ganatyna güýç berip, şa atynyň yzyndan ýetdi. Agzyny hatap ýaly açyp, atyň sagrysyna agyz urdy. At segsen gez okdurylyp, yzyna gitdi. Adyl şanyň atçapary:

— Bu ne bela?! — diýip, Gyratyň yzyndan ýene kowup ýetdi, Gyrat ýene-de agyz urjak boldy. Emma oglan ýetip, edep bilen salam bereni üçin degmedi, Oglan Öweze:

— Size birki agyz sözümiz bar, ýigit! — diýdi.

—  Aýdyberiň,   sözüňiz   bar   bolsa!

— Aýtsam, size kim diýerler, nirden   düşdüňiz bu ýere?

— Adyma Öwez  diýýäler. Atamyň ady Görogly.Çardagly  Çandybilli. Teke türkmen, ýumut ilim bar.

Size   kim   diýýäler?

— Men  Adyl  şanyň ogly.

— Adyl şanyň ogly bolsaň, ýedi  patyşalykdan adam toplap, dokuz gije-gündizlik bu toýuň uly aýlawynyň  näme  baýragy  bar?

— Dogrusyny aýtsam, bu toýuň uly aýlawyna meniň aýal doganym  bagyş edilýär, adyna-da Garagöz aýym diýilýär. Özümden uly aýal doganym.

— Öz süýtdeş doganyň bolsa, bu çapyşykda seniň näme işiň bar? Bu nähili düzgün, heý, şeýle-de bir iş bolarmy?!

— Eý, Öwez  jan, mende  ol niýet ýok. Ýöne bu toýa ýedi patyşalykdan, her milletden gelen adam bar. Doganym öz ýurdumyzdan, il-günümiziň   birine durmuşa çyksa gowy boljak.Bolsa-da,sen atly-owazly ýerden ekeniň Sen Çardagly Çandybilli Görogly begiň og-

ly bolsaň, saňa rugsatdyr! — diýip, Öweze ýol berdi.

Gyrat   ganat kakyp, uçup gidibersin. Habary kimden al? Adyl şadan. Adyl şa pellehananyň ýanynda wezir-wekilleri bilen maslahat edip otyrdy. Garagöz aýym-da kenizler bilen özbaşyna bir jaýda seredip otyr. Adyl şa:

— Her kes öň gelse, top atyp, surnaý  çalyň, garşy alyň!— diýip höküm etdi. Ertir ir bilen Gyrat arlap, Adyl şanyň tylla suwy berlen   gümmeziniň üstünden indi. Dört aýagyny ýere dikip, yzly-yzyna üç gezek   kişňedi.   Adylyň   seýsi   ylgap   gelip:

— Bu  syry gizle, şahym,  hiç  kim bilmesin! — diýdi, Adyl şa hiç hili dabara   etdirmedi. Garagöz aýymyň Nusaýjan diýen enesi bardy. Ol Adyl şanyň bäşinji aýalydy.Nusaýjanyň bu şerti  ýerine ýetiren   Öweze gözi  düşdi:

— Görmegeý ýigit ekeni... — diýip„ ol muny öz öýüne çagyryp alyp gaýtdy. Garagöz aýym kyrk kenizi bilen kah-kah urup, enesini, Öwezi garşy aldy. Nusaýjan gyzyna  ýylgyryp;

—   Razymyň, gyzym?! — diýdi. Garagöz aýym görse, ine, bir hoşsurat ýigit. Ol  enesine   garap:

— Ene jan, siz bir gezek razy bolsaňyz, men muň gezek razy! — diýip, Öweze göz güldürip, gaş kakdy. Nusaýjan Adyl şanyň gylyk-häsiýetine ýetikdi. Onuň  sözünden dänmezligi üçin, goltuk depderçesini çykaryp, Gyratyň gelen wagtyny belledi. Soň molla çagyryp, gyzyna gizlin nika gyýdyryp, öz aralarynda kiçiräk toý-şagalaň etdiler.

Aradan bir gije-gündiz geçdi. Asmandan pel-pelläp patyşanyň mele aty indi. Top atyldy, surnaý çalyndy. Adyl şanyň mele aty öň geldi — diýip, jar üstüne jar çekiliberdi. Adyl şa gabarylyp:

— Ah-ow, il-halk! «Iň soňky giden at öň geler» diýip ýalançy seýsiňiziň ömrüni mübärekläň... jellat! — diýip gygyrdy. Jellatlar ylgaşyp ýanyna geldi.

— Şol garry nejisiň derisini soýup, halta edip, çişirip goýuň!    —diýip    buýurdy. Bu pukara seýsiň ýanyndaky dokuz ýaşly çagasy muny eşidip, kakasynyň syýyndan tutup çyrlaberdi.   

Nusaýjan bu wakany eşidip, ylgap, Adyl şanyň ýanyna geldi:

— Eý, akmak şa, gyzyň bir gije-gündizläp, Çardagly Çandybil  soltany Göoglynyň ogly Öweze aşyk bolup otyr. Kim seni patyşa diýip, tagta çykardy, tüf ýuzüne! Senden bir salpy  gulak eşek hem gowudyr. Eşek hem senden akyllydyr!—diýdi,

Köp akylly Danaguly weziriňem Adyl şanyň bu ötmişine gahary geldi. Onun ýanyna gelip:

—  «Gep—manysy bar, çöp—dänesi» diýipdirler. Sende jüýje horazyň  akylyça-da akyl ýok ekeni, şahym! Men ozaldan «Bu işiň iru-giç üsti açylar» diýip aýdypdym. Maňa gulak asman, töhmetçi seýsiň gepine  gitdiň — diýdi.

Nusaýjan goltugyndan Gyratyn gelen wagty bellengi haty alyp, wezire uzatdy. Wezir ony Adyl şaga okap berdi.

Adyl şa utanjyndan girere deşik tapman, gaýta dan «jellat!» diýip gygyryp:

— Meniň at seýsimin derrew derisini soýup, halta edip asyň! —diýip buýurdy. Seýsin garnyna «Kimde-kim ýalan sözläp, şer işe baş goşsa, boljagy şu-dur!» diýip, syýa bilen ýazyp goýdular. Pukara seýse bolsa, boýy bilen serpaý, erkana döwlet berdiler.

Indi habary kimden al? ÝeEdi patyşalykdan gelen döwlerden. Döwleriň baştutanyna Hebeşi döw diýerdiler. Ol:

«— Ah-ow, döwler, bizin bu ýere gelip, toý-tomaşa-dan gören zadymyz bolmady. Uly aýlawa giden atlar geldi diýdiler, çykdy diýdiler, galdy diýdiler. Il-halk tomaşada. Bu ýatyşymyz bolanok. Geliň, şaga at ýollalyn! — diýdi:

«Eý, Adyl şa, biz dokuz Gýje-gündiz mugtuna iýip-içip ýatyrys. Sen şu hat baran badyna, pälwanyňy biziň bilen göreşdirjegiňi-göreşdirmejegiňi aýt! Eger pälwanyňy göreşe çykarmasyň, gyzyň Garagöz aýymy eliňden gaňryp alarys, garşylyk görkezseň, täji-tagtyňy başyňa ýumyrys!» diýip hat ýazdy lar...

Adyl şa bu haty okap gorkdy.   Wezir-wekillerini çagyryp, maslahat ediberdi. Danaguly weziri:

— Eý, şahym! Mertden hem gork, hem ýagşylyk tamasyny et. Ýylanyň ulusynyň-kiçisiniň zäheri bir bolar. Bu oglan at-owazasy dünýä dolan merdin ogly. Munuň bir alamaty bardyr. «Göroglynyň nesline horluk bolsa-da, ölüm ýokdur» diýipdirler. Sen her zadam bolsa, delalaty Göroglynyň şol Öwez oglundan tama et —diýdi, Adyl şa Öwez janyň ýanyna gelip, salam berip, saglyk-amanlyk soraşdy. Görse, Öwez gyzyndan-da bäş-beter owadan, görmegeý bir hoşsurat, Muňa haýran galyp durdy. Garagöz aýym öňürtiläp:

— Näme habar, ata? — diýdi.

Adyl şa Öweze döwleriň hatyny görkezdi.

Öwez:

— Olar-a alty döw eken, eger on iki döw bolup, göreş tutsalar-da uruş tutsalar-da, biz bar! — diýdi;

Adyl şa Öwezden hoşal bolup, çykyp gitdi. Ikindi boldy. Öwez Garagöz aýyma garap:

— Meniň Esen pälwan diýen bir  pälwanym bardy.At-abraý oňa-da gerekdir. Hemme abraý  maňa bolmasyn, sen meniň ýanyma eneňi çagyrdyp   bilmermisiň?! — diýdi.

«-Bor, Öwez jan!» diýip, haýdan-haý enesini Nusaýjany çagyrdyp getirtdi, Öwez Nusaýjana ýüzlenip:

— Aýdere dagynyň golaýynda bir uly çynar bardyr. Şonun saýasynda biziň Esen pälwan diýen birimiz bolmaly. Onuň alty aýlap ukuda  ýatyşydyr. Şony ertir  ýetişer ýaly  etjek  boluň! — diýdi.

Nusaýjan bu ýumşy Göwdürgül jadygöe tabşyrdy. Göwdürgül jadygöý bir gysym topraga ismi-agzam dogasyny okap, özüne urdy. Bir bürgüde öwrüldi. Uçup Esen pälwanyň ýanyna gondy. Gygyryp oýatjak boldy. Bolmady. Jadygöý dogany özüne urup, içýan bolup, Esen pälwanyň dabanyndan çakdy. Esen pälwanyň piňine-de däl, arkan düşüp, hor çekip ýatyr. Göwdürgül gaýtadan çakyp, ýylan zäherini goýberdi. Zaher kem-kemden ýüregine ornaşansoň, Esen pälwan ýerinden galdy. Göwdürgül:

— Tur, Esen pälwan, Öwez seni öýlendirdi!-- diýdi.

Esen   pälwan:

— Maňa taý boljak aýal jahanda  ýokdur, Meni ýer göterenok, aýal  neneň  götersin?! — diýdi,

Göwdürgül:

—   Seni gäterjek aýal tapyldy, pälwan! -- diýdýa

— Çynmy?!

— Çyn.

Esen pälwan bir ýüz segsen goýnuň derisinden edilen telpegini geýip, ýola rowana boldy. Bir göçüm ýoly bir ädende alýar zaňňar. Şol gidişlerine, Ajdar dagyna baryi ýetdiler. Birden Esen pälwan;

— Aý, men-ä gitjek del! Alan heleýi-de gerek däl, zady-da! —diýip, syrtyny ýerde goýdy oturyberdi.

Göwdurgül bir gysym topraga dem salyp, Esen pälwana urdy. Esen pälwan bir esre gamyş boldy-da ýatyberdi. Özi bürgut bolup, ony penjesine alyp pel-pelläp, zordan asmana galdy. Iň soňky deminde, ütülen towuk ýaly, ganat-elekden düşüp, Esen pälwany alyp bardy. Doga okap, öňki göriüşine getirdi. Muny görenler gorkup, haýran galdylar. Esen pälwan Öweze:

— Ah-owez, men-ä , şol alty aý bäri ýatyşym — diýdi.

Öwez:

— Sen edil toýuň üstüne geldiň, Esen pälwan! Nahar näçe diýseň tapylar — diýidi.

Kyrk öküzi öldürip, kyrk gazanda asdylar.

Öwez:

— Her gazanyň aşagyna saman  salyp, tüsse çykarsaňyz, bu zaňňara  boldugydyr! — diýip, hyzmatkärlere aýtdy. 

Esen   pälwan   Öweze:

— Bu tusse  näme? — diýdi.  

Öwez:

— Seniň naharyň, Esen pälwan!—diýdi.

Esen pälwan gazanlaryň bir çetinden başlap, aňry çetine çykdy. «Bir çilim nahar-a boldy» diýip, elini owkalaşdyrdy, dodagyny ýalady. Aşaky dodagy dagysy ustükde oglan oýnaşyp ýörmeli. Öwez Göwdürguli ýanyna çagyryp:

— Muny aldap-ogşap getirdik. Indi:«Hany, maňa alan aýalyňyz?» diýse, özüň doga-jady bilen bir zat   edeweri!—diýdi.

Bir haýukdan soň, Esen pälwan: «Hany maňa alan aýalyňyz?!» diýip sorady. Göwdurgül ismi-agzam dogasyny okap, ullakan göwreli aýal boldy. Muňa Esen pälwanyň gözi duşüp:

— Gel, sadagaň bolaýyn! — diýip, üstüne abanyp gaýdyberdi.   Göwdürgül   gaýra   gaçyp:

— Dur entek, Esen  pälwan, häzir ikimiziň aramyzda nika ýok, zat ýok — diýdi. Bolsa-da,Esen pälwany gylawlandyrjak bolup, bir posa berdi.

Bazar saý diýen üly saýyň içine märeke ýygnandy. Wezir-wekilleri bilen şa-da geldi. Garagöz aýym segsen kenizi bilen, Öwez jan galandarlary bilen gelip, bular bir ýerde oturdylar. Esen pälwan bir ýuz ýetmiş put zynjyrdan biline kemer baglady. Hebeşi  döw ilki bilen «gel» diýip, Esen pälwany orta çagyrdy. Göwdürgül Esen pälwanyň elinden tutup, orta alyp çykdy. Esen pälwan aýal hantamaçylygy bilen orta çykýar, bolmasa çykjak mähnet däl zaňňar.

Pälwan döwleriň iň ulusy Hebeşi döw bilen tutluşdy. Göwdürgül-de Öweziň ýanyna gelip oturyberdi.

Esen pälwan:

— Aý, men-ä munuň bilen göreşjek däl, dile-zada düşenek bu — diýip, Hebsşi döwi silkeleşdiriberdi.

Öwez   Göwdürgüle:

— Özüň bir  gylawlandyrmasaň,  «göreşjek däl»diýip, syrtyny ýere goýup oturybermäni hiç zatça görmez   bu   zaňňar—diýdi.

Göwdurgül jadygöý başyna  şal bürenjek  atyp, pälwanlaryň ýanyna baryp, Esen pälwana garap:

— Eý, Esen  pälwan, sen: «Döwleriň   baryny bir şapbatda   ýatyryn»   diýip, menden posa  aldyň. Heý, alan posaň—keseliň bolsun! Bolup durşuň şu bolsa, senden maňa är bolmaz, getir guşagy, men özüm tutuşjak! — diýdi. Esen pälwan äňedip görse,   ýanynda şol posa   alan   aýaly   zeýrenip   dur.

Esen   pälwan   öz-özüne:

— Aý, nädip dursuň-aýt, namart?! — diýdi. Soňrada   Göwdürgüle:

— Meniň dogabitdi  kärim pälwanlyk, Göroglynyň uruş, göreş tärlerinden habarym bar, hany sen çete çykyp, syn edip dur! —diýdi.

Göwdürgül:

— Bolýa, eliňden bir zat gelýän bolsa,   göreýli — diýip, çete çykyp durdy. Esen pälwan  Hebeşi döw bilen çekeleşip  gidiberdi. Döw güýç berenok.

Göwdürgül: —Nädip dursuň, namart, beýdip duraňdan, gel, meniň   börügimi   geý! — diýdi.

Esen   pälwan:

— Sen entek howlukme bakaly, meniň muny edişime bir seret!— diýip, tutdy gaýtadan. Hebeşi döwüň bilinden şatyrdadyp. Kyrk çilteni çagyryp, Göroglyny ýat ýetdi. Şol zaman kyrk çilten üstünden gaýybana gelip, Göroglynyň haky üçin Esen pälwana:

— Göter, köşegim, ýedi berzeňňi güýjüni  berdim! — diýdi.

Esen pälwan muny eşidip, hoş boldy, göwni göterildi. «Ýa, Şahymerdan!» diýip, döwi ýokary göterdi. Esen pälwany ýer  götermän, ol dyz   boýy aşak gidiberdi.   Göwdurgül   Esen   pälwana— Gaýrat et, pälwan! — diýip göwünlik berdi. Esen pälwan aýagyny ýerden çykaryp, «Ýa, pirim» diýip, döwi gaýtadan ýokary göterip, kyrk gezek daşyndan aýlap, on sekiz gez ýokary göterip, ýere urdy. Hebeşi döw gara malyň patjasy ýaly «palç» edip, ýaryldy ýatyberdi.

Muny gören beýleki döwler: «Toýuňdan-da bizar, baýragyňdan-da!» diýşip, gaçmak bilen boluberdiler. Adyl şa döwlerden dynanyna hoş bolup, toý üstüne toý berdi. Märeke sowuldy. Hemmeler öýli-öýüne gaýtdy. Esen pälwan-da Öweze:

— Hany, meniň aýalym nirede?! — diýip, onuň yzyna duşüberdi.

Öwez:

— Howlukma, Esen pälwan,  jaýyňy-şaýyňy tutuber, aýalyň  hammamda tämizlenýär, soň seniň ýanyňa barjakdyr!—diýdi.  

Esen   pälwan, Öwez  şeý diýensoň, bir dagyň gerşini tirsekläp ýatybersin. Öwez Göwdürgüle:

— Bu zaňňar bir iş  goparaýmasyn, bu gün, erte güýmäweri muny! — diýdi.   

Göwdürgül   jadygöý   onuň ýanyna   gelip:

— Hany, Esen pälwan, indi bile ýaşamak üçin, jaýy  nirden  gurarys? — diýdi.  

Esen   pälwan:

— Ine, şu ýerden gurarys! — diýip,  bir at gaýtarym  ýere  goluny salgady.  

Göwdürgul:

— Aý, bu ýerden-ä, bilmedim, pälwan! — diýdi.

Onda   Esen   pälwan:

— Bolmasa, Adyl şanyň  tagtyny hol ýere göterip getireýin, söýgülim!—diýdi.

Göwdurgul:

— Aý, ýok, Esen pälwan, bu bi-edeplik bolar! Maňa  ýaşamaga  seniň  goltugyň-da boljak — diýip,

göwunlik  berdi. Muňa Esen  pälwan köp hoşal boldy.

— Haý boldy, boldy! Sen tuýs maňa gerek maşgala ekeniň. Maňa seniň bir goltugyň-da jaý bolar — diýip, hoş bolup, kah-kah guldi.

Soň: — Maňa, häzirlikçe azyk bolar ýaly, bir posa ber, sadagaň gideýin! —diýip, pakladyp ras aldy bir posany. Göwdurgul gözüni   güldurip:   

— Enşalla, basym toý  ederis, pälwan! — diýip, öwrülip   gaýdyberdi.

Bu gep bu ýerde galsyn.   Habary   kimden  al? Adyl şadan.   Adyl   şa   Öweziň   ýanyna   gelip:

— Ine, täji-tagtym, mal-mülküm, Öwez jan, tagtyma çyk-da  şalyk ediber  özuň! — diýdi.  

Öwez:

— Eý, şa, beýle etmek biziň üçin uslyp däl. «Müsürde şa bolandan, öz ýurduňda   geda bolanyň   ýagşydyr» diýipdirler. Men Çandybile gideýin, enem, atam yzymda intizar bolup, ýolumy garap oturandyrlar.Meniň Gulruh atly ýarym bar. Garagöz   aýymy Esen pälwana  bagyş  ediň! — diýdi.  

Adyl   şa:

— Öz ygtyýaryň, Öwez jan! — diýip, ýol harajatlaryny taýynlamak bilen boluberdi. Garagöz aýymdyr Öwez kyrk ner getirip, şa hazynasyndan ýigrimýa nere zer-zerbap şaý ýüklediler. Ýigrimi nere kejebe gurap, Garagöz aýymy mündürdiler. Adyl şa bularyň ýanyna nökerlerini goşup:

— Tä Çardagly Çandybile çenli garawullap, Görogla gowşurmaly, barýançaňyz, ägä boluň!—diýip, hökum etdi. Bular niredesiň türkmen sährasy, Çardagly Çandybyl diýip, sazy, söhbedi bilen ýola rowana boldular.

Esen   pälwany-da:

— Ine, basym ýurda bararys. Garagöz aýym bilen toýuňy tutarys — diýip, alyp gaýtdylar.  Dokuz gije-gündiz ýol geçip, Ýyldyz dagyna baryp  ýetdiler. Çardagly Çandybiliň  altyn gümmezi  asmandan  ýalkym atyp göründi.

— Ýyldyz dagy tarapda bir gara bar — diýip, Köse dagy kyrklar bilen atlaryny ýüzin   salyp gaýdyberdiler. Köse Bozdumany ura-ura ilki baryp   garşy aldy. Bular dabara bilen Çandybile geldiler.

Agaýunus  peri Öweziň  öňünden  çykyp:

— Gözümiňröwşeni, ýeke didäm, geler ýerde gelmediň— diýip, Öwezi gujaklap atdan duşürdi. Daщyndan üç gezek aýlanyp, maňlaýyndan öpdi. Öwez Görogla salam berip, edep bilen görüşdi. Garagöz aýym-da, eglip, Görogla salam berdi. Görogly aleýik-salam  aldy. Öwez başyndan geçiren wakalaryny, Gyraty çapuwa  goýberenligi, Garagöz aýym hakynda gurrüň berdi. Ony Esen pälwana bagyş edendigini aýtdy.

Görogly:

— Köp ýagşy iş bitiripsiň, Öwez jan! — diýip wagty hoş boldy Görogly Garagöz aýyma garap:

— Gelin, indi sen hem bizin   perzendimiziň birisiň! «Ýagşydan at, ýamandan set galar».  Çardagly Çandybilde, enşalla, gözüň horluk görmez! — diýdi.

Agaýunus peri Garagöz aýymyň elinden tutup «Ýör, Garagöz aýym jan!» diýip, jaýyna alyp gýýtdy. Bular gaýdansoň, Göroglynyň kyrk galandara gözi düşdi. Ol ýylgyryp:        

— Bular   kim,   Öwez   jan? — diýdi.

Öwez:

— Bular meniň güýjüm-kuwwatymdyr, bular bilen şol   toýda   tanşyp,   dogan   bolduk — diýdi.

Görogly:

 — Köp ýagşy, «Gelen — döwlet»    diýipdirler — diýip, hoşamaý sözler bilen bularyň göwnüni  awlady.

Dokuz gije-gündiz toý boldy. Galandarlar   Göroglynyň erkana-döwletinden gelen-gidene dik durup hyzmat etdiler, serpaý etdiler. Sazandarlar saz çalyp, sakylar şerap paýlap, bagşylar aýdym aýdyp, surnaýçylar surnaý çalyp, uly dabara etdiler.

Çandybil halky   Görogla:

— Döwletiň berkarar bolsun! Tä kyýamata çen adyň ýitmesin, «Ýagşydan at, ýamandan set galar». Toýuň kemi ýok! — diýip   alkyş okap, her kim öýli-eýüne gitdi.

Esen pälwan bilen Garagöz aýym maksat-myratlaryna ýetip,hoş bolup ýatybersinler.        :