ARAP REÝHAN

habary kimden al, Görogly   begden al!

Ol Leke şanyň gyzy Gülruhy hile bilen alyp gaýdyp, birnäçe gije-gündiz  toý-tomaşa kylyp, Öwez jana nikalap beripdi.

Şu toý sowulynça, Handan batyr hemişe öz başyna hüňürdäp, galagoply boldy. Ol asyl toý sowlandan soňam birhilli gam-gussa basan ýaly, tukat oturdy. Şonda Görogly oňa:

— Haw, Handan batyr, saňa näme boldy, birhili gussaly ýaly görünýäsiň-le?! Mert ýigit göwnüne gaýgy-gussa getirmez — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:

Gaýgy-gussa getirmegin başyňa,

Handan batyr—esrik nerim, näm boldy?!

Sen  özün  belet  sen   agyr   goşuna,

Belent başym, eý, serdarym, näm boldy?!


Bü gün men bolaýyn  başyna  bende,

Diý  sözüň, ne üçin galdyň armanda,

Senden batyr bolmaz Rum, Ispyhanda,

Algyr guşum, boz şuňkarym, näm boldy?!


Diý sözüňi, näme akar göz  ýaşyň,

Giň jahanda aman bolsun bu  başyň,

Ok degende munça akmandy ýaşyň,

Aga begim, geňeşdarym, näm boldy?!


Bu janym diýmezdim, sizi  diýerdim,

Aýra duşsem,  oda ýanyp-köýerdim,

Görogly diýr, kyýamatlyk saýardym,

Kyýamatlyk, suňk hossarym, näm boldy?!


Görogly sözüni tamamlansoň, Handan  batyr:

— Men näme üçin gamlanmaýyn?! Sen degene-de degýäň, degmedige-de degýäň. Arap seniň  ýurduňy talap,uly ar-namysa goýup, ýeňňeňi alyp giden bolsa, Hünkär seniň ataňyň gözüni oýup, agaňy öldüren  bolsa, Ýusup şa bilen Leke şa saňa näme  edipdi?!Olara-da  gün bermediň, ine, Leke şanyň gyzynam alyp gaýdyberdiň — diýdi.  

Onda   Görogly:

— Handan batyr, ol şalaryň hemmesi   Hüňkär patyşa elgaramadyrlar, olar şonuň aýdayyndan çykyp bilýän däldirler. Şonuň üçinem  men kyýamatlyk  oglum Öwez jan üçin söz aýdyjy-sawçy   iberemde, Leke şa gyzyny bermän, sizi kowup goýberdi — diýdi.

Handan   batyr   hem:

— Sen «Kyýamatlyk oglum Öwez jan diýip, oglumy öýlendirdim» diýip söýünme, gyzylbaşlar ýygyn tartyp, üstüňe döküler — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


«Oglum!» diýip, söýünmegin bu zaman,

Üstüňe  köp myhman  geler, Görogly!

Nädeýin ozaldan  kysmatyň  ýaman,

Çar   köşäňi   ganym   alar,   Görogly!


Mergenleri dag başynda aw awlap,

Atyş bazy serkerdelerin  çawlap,

Kyrk müňli gyzylbaş geler lalawlap,

Gör, niçe gün uruş  salar, Görogly!


Säher  wagty agyr toplar  atylar,

Muhannes aşyna awy  gatylar,

At tozundan asman  ýüzi   tutular,

Ol gün halyň zabun bolar, Görogly!


Kyrk müň  begzat  geler zerrin guşakly,

Kyrk   müňi   arbatly,   kyrk   müň   uşakly,

Kyrk müň öküz münen, kyrk müň eşekli,

Burawlap daşyňy alar, Görogly!


Şol günde eňrär  sen ýere baş salyp,

Iýdijegiň zäher-zakgun aş bolup,

Hasan batyr baryp, çyn soweş salyp,

Üç ýüz müňün tutup alar, Görogly!


Handan batyr sözüni tamam etdi. Göroglyny az-kem gam basyp, köňli gubarlady, muny görüp, kyrk ýigidem hapa boldy. Görogly turup, meýhanadan çykdy-da, haremhana bardy. Agaýunus Göroglynyň bolup oturyşyndan, ýüz keşbinden onuň hemişekiliginiň ýokdugyny aňlap, ondan habar sorady. Görogly Handan batyryň sözüni aýtdy. Onda Agaýunus:

— Bular  ýaly  bolar-bolmaz  gürrüňleri  göwnüňe alyp, hapa bolup   ýörmezler — diýip,   Görogla  garap, oňa göwünlik berip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Gaýgy-hasrat   getirmegiň   seriňe,

Bedew atly, şir ýürekli, Görogly!

Sen  sygyngyn  erenlere, piriňe,

Hünäri  meýdanda belli, Görogly!


Görogly, kyblaga tutgun  ýüzüňi,

Belent tutgun, pes tutmagyn  özuňi,

Her ne diýseň, diýgin bize sözüňi,

Eý, Aly  murtuza   pirli, Görogly!


Mert ýigide  gaýgy-gamly  söz  nedir,

Mert ýigide gyşu bahar-ýaz nedir,

Är ýigide elli nedir, ýüz nedir,

Gylyç  ursa, bady  belli, Görogly?!


Ýunus diýer, ýalan  dünýä gelip sen,

Bu dünýäniň  puçlugyny bilip sen,

Sen eneden  dogan  günüň ölüp sen,

Mertden dogan ady belli, Görogly!


Agaýunus sözüni tamam etdi. Muny eşidip, Göroglynyň gam-gussasy egsilen ýaly, derdi ýeňlän ýaly bolup, az-kem şatlandy. Munuň üstesüne-de Agaýunus bir käse meý guýup, ony Görogla öz goly belen sundy. Görogly ony başyna çekip: «Ýene ber!» diýip, käsäni yzyna uzatdy. Agaýunus ýene bir käse uzatdy. Görogly onam içip, ýene sorady. Agaýunus ýene meý guýdy. Görogly onam içip, keýpi çag bolup:

— Agaýunus jan, meniň derdimi bölüşýän, ýükümi ýeňledýän ýalňyz senim bar, seniň barlygyňa şükür! — diýip, hoşwagt boldy. Agaýunus sazyny goluna alyp, Göroglyny kuwwatlandyrmak uçin, oňa göwünlik berip, ýene bäş keleme söz aýdar boldy:


Görogly, melul bolmagyn,

Melul muhannes işidir!

Gyratyň gözden salmagyn,

At   ýigidiň  ýoldaşydyr!


Ýigidiň   myrady   atdyr,

Atsyz   ýigitler   arbatdyr,

Ony   saklamak   döwletdir,

At ýigdiň goldaşydyr.


ýigide galkan  galadyr,

Taslyn   bilmese   beladyr,

Çyn   dostuň   dogan   boladyr,

Är   ogly   diwal   daşydyr.


Ýagşy  güiüň  birlik  eder,

Muşgülde muňkürlik eder,

Ýaman   günde   goýup   gider,

Muhannes   belaň   başydyr.


Bilbil bolan  çemendedir,

Tiri-peýkam  kemandadyr,

Ogul   jisimde-jandadyr,

Diýrler şol döwlet başydyr,


Ýunus diýr,  gudratdyr   daglar,

Öter bu sapaly  çaglar,

Ölsek   yzymyzda   aglar,

Gyzam  ýokdan  bar  ýagşydyr!


Agaýunus peri bu sözüni-de týamam etdi. Göroglynyn keýpi ýene biraz göterildi. Ol   munda wagty hoş bolurersin.

Indi habary kimden al, kyrk ýigitden al!

Görogly meýlishanadan çykyp gaýdandan soň, kyrk ýigit misli pata ýerine gelen ýaly, ýüzlerini aşak salşyp, her haýsy özbaşyna içini gepledip, gam basyp, dymyp otyrdy. Birden Köse bu tukat dymyşlygy bozup, dillendi:

— Ahaw, ýigitler, bilýäňizmi  näme?!..

—Ýok,   Köse, biz  hiç zat bilemzok.

— Bilmeýän   bolsaňyz, bilip goýuň! Ýadyňyza duşýän bolsa, baýak Gülruh gyza özümizi aldyrmakdan ögri görnüşe çykmak üçin, her haýsymyz bir söwdagärden nesýe-nowgan don, telpek, ädik, guşak hem gaýry zatlar alyp, ep-esli bergä batypdyk. Handan batyryň edip oturan gaýgysy il-ulusa ýygyn gelmegi däl, şol bergniiň astyndan nädip çykmanyň gaýgysy.

Onuň sözi bilen bizem gama batyp otyrys. Öwez jan, bar, agaňy çagyryp gel! Olam o taýda donuny bürenip, gaýgy-gussa çekip ýatandyr. Beýle bolmak bize gelişmez. Bar, çagyr, gelsin, wagty hoşluk edeliň! «Endişeden iş bitmez!» diýipdirler.

Öwez ylgap gitdi-de, bejit Göroglyny çagyryp geldi, Görogly bosagadan ätläp-ätlemänkä, Köse:

— Pahaý, Görogly, senem göwne almaz sözleri göwne alyp, bizem hapa edýäsiň-ow! Görogly bolanyň nire,beýle bolmak nire?! Handan  batyr zaňňar-a  öz eden

bergisini alada edip, gam çekýä, gam bir iş bitirýän bolsa, goý, çeksin! Ýeri, biz näme gama batýas. Gama batan batsyn!

«Mün gaýgy bir iş bitirmez» diýipdir.Geliň, şerap içip, wagtyhoşluk edeliň!

Kösäniň bu gepi Görogla-da ýakman durmady. Mundan soň olar döwre gurap, meýlis edip, käse aýlap şerap içmäge başladylar. Muňa göwni galkan Görogly elinesazyny alyp, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar


Goç ýigidiň   sytarasy

Açylar   meýdan   içinde.

Gylyjyndan gyrmyzy gan,

Saçylar   meýdan   içinde.


Gylyç  keser ýalap-ýalap,

Serdarlarym  eder talap,

Altyn käse, gülgün  şerap

Içiler meýdan içinde.      


Bedew  atlar demin saçar,

Goç   ýigitler   meýdan   açar,

Muhannesler   goýup   gaçar 

Ýoldaşyn meýdan içinde,        


Garşyda   dursa-da   goşun,    

Är   ýigitler   gerer   döşün,

Keserler   duşmanyň   başyn,

Çarh   urup   meýdan   içinde.


Goç   ýigitlem   içden-daşdan, 

Ýüregi   polatdan,   daşdan,     

Görogly dönmez söweşden,    

Döwüşer   meýdan   içinde.


Görogly bu sözüni tamam edip, kyrk ýigidi bilen öz meýhanasynda şady-horramlykda bolubersin.

Indi habary kimden al, Leke şadan al! Ol awdan-şikardan dolanyp gelse, gyzy keşgünde ýok. Muny. bilen patyşa:

— Munuň bagbany Saňsar babadyr. Muňa şondan bir hikmet ýeten bolaýmasyn, baryň barlaň!—diýip buýurdy.

Ýasawullar yňdarylyşyp gelseler, Saňsar baba kaýda, zat kaýda. Tamynda baýguşdan başga jandar ýok. Soňra patyşa Hopnyşany gyssap sorady, kenizleri gyssap sorady, bular-da asla boýun almadylar. Soňra ol dessine müneçjimini, gurrandazlaryny ýygnady,-

—Ýere girenem bolsa tapyň!—diýip, buýruk berdi.

Müneçjimler kitap açyp, gurrandazler gurra salyp:

— Tagsyr, seniň gyzyňy  Çardagly  Çandybilden Görogly sünni gelip äkidipdir!—diýdiler.

Bu   habara   patyşa   dergazap   bolup:

— Tagtymdan gyzym giden bolsa, men onda oturdym näme, oturmadym   näme — diýdi.

Leke şa şeýle diýip, gahar-gazapdan ýaňa hum ýaly çişip oturan wagtynda, Gülruhuň einesi Hopnyşan peri hem: «Habar bermesem bolmaz» diýip, özünden gorkusyna gelip, Leke patyşa garap, birnäçe keleme söz aýdar boldy:


Bir galandar gelip, nesibin haklap,

Arzylyňa gol uzatdy, soltanym!

Seniň   aw-şikara gideniň çaklap,

Gulruh gyzyň alyp gitdi, soltanym!


Astynda aty bar semender kimin,

«Däh!» diýse, dar köçe boldy ýol kimin,

Göýä garly dagdan  akan sil  kimin,

Arzylum dagyndan ötdi, soltanym!


Astynda  aty bar dutar boýunly,

Meýdana  girende, ýüz müň  oýunly,

Garyçgaý  bakyşly, arslan aýynly,

Dag, deňiz, çölünden ötdi, soltanym!


Hopnyşan peri diýr, zaryn aglaýyp,

Aýralyk oduna  bagryn  daglaýyp,

Gülruh janyň elin, dilin baglaýyp,

Özüni ýurduna atdy, soltanym!


Hopnyşan sözüni tamam etdi. Leke şa mundan soň, leşger ýygnap bir iş etjek boldy. Emma sypaýylary başga hilli geňeş berdiler. Olar: «Ilki bilen bäş sany atly-ýaragly adamy Goroglynyň iline   iberip bir onui ýol-ýodasyny bilip gelsinler, soň nähile bolýar göreli» diýdiler. Patyşa makul bildi.

Ana onsoň patyşa bäş ýigidi Çardagly Çandybile ýollady. Görogly hem şol mahal   awa-şikara çykan ekeni. Ol esewan etse, uzakdan bäş atly gelýär. «Men bularyň habaryny çopan lybasynda  alaýyn» diýip,görogly çopan lybasyna girdi.Olar hem ýetip geldi.

Görogly bulara osmançalap, öz dillerinde salam berdi.   Bular:

-- Haw, çopan, näme sen osman   dilinde  salam berýärsin, nä halk bolarsyň?! — diýdi.

-- Halkyny-palkyny   bilemok,   enem-agama   osmanly.

-- Pah, onda sen egençimiz ekenin-ä! — diýdiler.

-- Şeýlemi, daýylar? — diýip, olar bilen görüşdi,soňra ol: — Hawa, daýylar, siz  nireden gelýasiňiz ! — diýip   sorady.

Atlylardan biri:

-- Biz Leke patyşanyň ýurdundan gelýäs. Görogli onuň gyzyny alyp gaçypdyr. Şonuň ilçisi biz. Göroglynyn. dagyny, çölüni, ýoluny bilmek üçin gelýän ilçi biz — diýdi.

— Aý, örän gowy bolupdyr.

— Hany,  ýegençi, bilermiň sen mundan?

— Baý-bow, daýylar, bilmän näme, gaty gowy bilýändirin. Muny size saz bilen beýan edip bereýin — diýip, Görogly elindäki çokmar   taýagyny  saz edip, beş keleme   söz   aýdar   boldy:


Beg ogly, kandan gelersen,

Daşdyr bu dagyň  ýollary?!

Men aýtsam bu  rast sözi,

Puçdur bu dagyn ýollary.


Seniň bilen gardaş  bolar,

Başyň  müň  gowgaýa  salar,

Bäşiň gulak, burnuň alar,

Daşdyr  bu  dagyň  ýollary.


Seni, meni  dagdan ötir,

Maksat-myradyňa  ýetir,

Bäşiňi   tüňňerdip ýatyr,

Göçdür  bu dagyň  ýollary.


Gel, ýigitler, meý  içeýliň,

Meý içip, serden geçeýliň,

Baran  bolmanka  gaçaýlyň,

Daşdyr bu dagyň  ýollary.


Görogly, islegim hakdyr,

Allanyn keremi çohdur,

Men aýtsam, hiç närse ýokdur,

Daşdyr   bu   dagyň  ýollary.


— Haw, ýegençi! Seniň bu  aýdyp durşuňdan juda daş  bolmaga  çemeli-dä  bu ýollar?

«Gulagyň keser, burnuň keser» diýen ýerine duşmediler, diňe daş diýen ýerine düşündiler.

— Sen, ýegençi, eliňdäki keýigi soýup, bizi bir damaklasaň, bize şondan gowy olja ýok ýaly-la?!

— Pah, daýylar, ajygyp duran bolsaňyz, her haýsyňyz azajyk odun  äkeliň! Damaklamanyň gürrüňi bolmaz, enşalla.

Her haýsy öýüň gabarasy ýaly tozgaly akbaşy süýräp getirdiler. Burunlary ýer kakyp gelýär. Görogly çakmagy çakyp, ody ýakyp, gazanda et bişirip başlady, Bäş sany ýylgynyň çybygyny äkelip, keýigiň etini irirägede dograp, ýalna tutup, daşyny çirkizip, her haýsyna bir çybyk berdi. Bäş adama bir keýigiň eti ýokam bolmady. Görogly:

— Daýylar, nähili, damaklandyňyzmy?! — diýdi,

Atlylar:

— Aý bolýa-da — diýdiler.

Görogly:

— Daýylar çaýam içermisiňiz?! — diýip sorady.

Onda olar:

— Pah, ýegençi, olar ýaly ýagşylyk etseň, söz bormy? —diýdiler.

Görogly:

— Onda, şu ýerde, çopanyň goşunda suw  bar, äkeleýin — diýip, ýüwrüp gitdi. Suw äkelip, bir kündük gaýnatdy. Içine beýhuş dermanyndan bir gysym guýdy, her haýsyna bir käse-bir käse dolduryp berdi. Içensoň, gözlerini agdaryp, sandyraşyp ýykyldylar. — Aý, işiniz bitäen bolsa gerek — diýip, Göragly bäş adamyň biriniň, kellesini o ýana, biriniň aýagyny bu ýana goýup, haýsy uzyn, haýsy kelte — anyrsyna geçip bir gözläp, bärsine geçip, bir gözläp,  mes bolup durdy. Göroglynyň üç gulaç ýaly ýüpi   bardy. Birden  ýadyna düşdi-de, ýüpi alyp, ýeten ýerine  barynça, ýaňkylary biri-birine   kökerip çatyberdi. Birine çaý azyrak ýeten ekeni. Gözüni açyp  gözlese, ýegençi çyrpynyp ýör. Ýanky:

— Nädip ýörsüň, ýegençi? — diýdi.

— Ýüpe düzdi oýnap  ýörün,  daýy.

— Tur-a, zaňňar! Şundanam  bir ýüpe düzdi bolýamy?

Onýança ýene biri gözüni açdy-da:

— El-aýagymyzy çöz! — diýdi.

Üçünji   biri   bolsa:

— Çözsen-ä çöz, çözmeseň, kelläňi ýerinde görmersiň! Diýip, abaý-syýasat etdi. Şeýdip, bular ýatan ýerlerin|de deprenişiberdiler. Görogly bolsa:

— Eý, daýylar, çözjegimi, çözmejegimi bileriniz, bir bäş keleme söz aýdaýyn, şundan  geregiňizi alarsyňyz, zannarlar! — diýip, eline çokmar taýagyny alyp saz edip, bir nama aýdar gerek;


Gezer  idim  Çandybilýň düzünde,

Birde görsem, peýda  boldy bäş gidi.

Habar  alsam, dördüsiniň   birinden,

Biri   baýat,   dördi   gyzylbaş   gidi.


Biri aýdýa: «Binowadyr, eýse  nä?!»

Biri aýdýa: «Çek ýakasyn, ýoýsana!»

Biri aýdýa: «Süýr depesin oýsana!»

Bir-de gördüm, häzir boldy bäş gidi.


Laçyn kimin çölden-çöle gezer men,

Sona kimin  süýt  kölünde ýüzer  men,

Otly gürzi bilen depäň  ezer men,

Dogmaz indi meniň deýin  mert  idi.


Görogly aýdar, rastymyzy seýlär men,

Gazap etsem, derýalary boýlar men,

Gorkmaň, eý, namartlar, azat eýlär men,

Dogmaz   indi   meniň   deýin   mert   idi.


Görogly sözüni tamam etdi. Bular:

— Gidiňi-pidiňi bilemzok, biziň elimizi-aýagymyzy çözjekmi, çözjek dälmi?! — diýip, ýene-de deprenişiberdiler. «Hezzeti eşek bilmez, sylagy sygyr» diýenleri. «Sizi oňaryp sylamasam bolmaz» diýip, Görogly hem kesesinden pereňi çakgyny alyp, ýeke-ýekeden gulaklaryny düýbünden kesip goýberdi. O ýanyna geçip ol gulaklarynam aldy. «Ýaňy odun götereniňizde, burnuňyz ýere kakyldy» diýip, burunlarynyň uçlaryndanam az-maz aldy. Soň olary ýabylaryna ters mündürip, garnynyň teýinden ýüp bilen sarap, atlaryň uýanlaryny sypyryp, elindäki taýak bilen atlaryň syrtyna ura-ura goýberdi.

Ýabylar gidiberdiler. Çaýyrlyrak ýeri gelse, ot-ladylar. Suwlurak ýerden suw içdiler, topur ýere gelse, ýatyp agynadylar. Öz bezimleri bilen niçe ýollary söküp, ahyrsoňy Leke şanyň ýurduna ýetdiler. Şol öňki ot iýen ahyrlaryna baryp, her haýsy bir ahyra kellesini sokuşyp duruberdiler.

Adamlar görseler, ynha ulag dur, üstünde-de gulagy ýok, burny ýok bir zat dur, ýöne ziňkildeşip durlar. Birisi aşagraga eglip gözledi. Görse, baýaky bäş batyr. Haw, adamlar, patyşa habar etmek gerek! Ilçiler gelipdir! — diýip, biri söýünjä gitdi.

Patyşa bu habary eşidip, ýüwrüp gaýdyberdi «göreýli» diýip, Gelip görse, öz adamlary. Patyşa:

— Haw, batyrlar, habaryňyzy beriň! — diýdi.

Olar:

— Habarymyzy  durşumyzdan  alaýmaly  ahyry — diýdiler.

— Düşnükli aýdyň, näme boldy ahyry?!

— Göroglynyň  ýurdunyň önünden  barypdyk. Bir dogma bizi şunuň ýaly edip goýberdi.

— Tanadyňyzmy?

— Tanamzok.

— Özi bir adammy?

— Hawa, bir adam.

— Onda gowy bolupdyr. How, ýasawul!

— Hä, patyşahym, näme hyzmat?!

— Bulara hezzet-zyýapat ber!

— Näme bermeli?

— Bularyň  her haýsynyň  garnyna  kyrk gamçy, ýaşrnysyna kyrk gamçy ber!

Mundan soň patyşa ýene sypaýylaryny ýygnap, geňeş saldy.

Olar:

—  Tagsyr, indi bolmady, gowusy, araplara hat ýollaň,  şolaryň biri gitse, ähli şaýy messep gidençe bolar, tagsyr! — diýdiler.

— Haýyr, ýagşy — diýip, patyşa Reýhan  Araba hat ýollady. Haty getirip berdiler. Haty okap görüp,ol: «Men Görogly bilen  uruşmazlyga kasam  etdim, men onuň bilen urşup bilmen» diýip jogap berdi.

Ondan kiçisine Aman Arap diýýädiler. Oňa gelip aýtdylar. Bu-da haty okap görüp: «Uruş-galmagaly goýup, sopy bolup ýörüs» diýdi.

Mundan kiçisine Arap Reýhan diýerdiler. Üç aga-ini eken bular. Haty getirip, şol iň kiçisine berdiler. Bu hem haty okap görüp:

— Hany, ýaşulular gitmedimi? — diýip sorady.

— Ýok, olaryň biri kasam edipdir, birem sopy bolupdyr.

— Hiç haýsy gitmese, biz ötägideris.

— Sen  gitseň,abraý alyp berseň,  patyşa  ýurdy deň soraşmaga söz berýär — diýip aýtdylar.

Bu gylyjynyň destesine kakyp, uruş küýsäp ýören arap ekeni, Derrew ýarag-şaýyny düzedip, pil münüp, Leke şanyň gaşyna ýöriş etdi. Sürüp, patyşanyň galasyna gelip, pilini baglap, arz jaýynda gol gowşuryp, salam berip durdy.

Bu arabyň boýy minara kimin, kellesi gümmez kimin, agzy ojak kimin, dişleri kürek kimin, sakgaly kelle urlan söwüt kimin, munuň katdy-kamatyny görüp, patyşa ejizläp, gözünden ýaş goýberiberdi.

Arap Reýhan bolsa patyşanyň gaşynda bat urup: — Eý, tagsyr, meniň saglygymda, sen näme üçin gamgyn bolýasyň ahyry?! — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Gamgyn olma, gözel şahym,

Şol sünnini mat eýlärin!

Ýar bolsa bize hudahym,

Ahyrynda at eýlärin!


Keserin akyzyp ganyn,   

Oljalap gyzu-juwanyn,

Gassap ogly Öwez janyn,

Saňa jylawdar eýlärin!    


Buýraram men Zülpükara,

Sünni olar ýüzi gara,

Adam başyndan minara,

Göwresinden dag eýlärin!


Ýok ederin mirasyny,     

Berem suniniň dadyny,

Söýgüli perizadyny,

Saňa hyzmatkär eýlärin!


Meniň adym Arap Reýhan

Zamanymda içer men gan,

Çandybili kylyp ýegsan,

Öz göwnümi çag eýlärin!


Arap Reýhan bu sözi tamamlandan soň, patyşa aýtdy:

— Haw, Arap,  ýalançyda  näme  göwün-maksadyň  bolsa., menden dile!

— Tagsyr, meniň nämämi gördüň häli, hyzmat biti rip, dilegi onsoň ederler. Enemden dogup, gaýgysyz garnym doýanok, patyşalykdan bir garnymy doýrup, ýumşuňy onson buýur!

— Baryň, garnyny doýruň — diýip, aşpezlerine buýrup goýberiberdi.

Munun nahary ähli şaýymessebe bellidi. Juwazçynyň gartan düýesini getirip, soýup saldylar gazana, çalarak bişirip çekdiler öňüne, Çaňnallap urýar welin, kä ýarym batman, kä bir batman göterýär, ganara taşlan kimin şol agzyna atyp otyr. Maýdarak süňkler-ä ýüzugruna  gybyrdaşyp  barýa, bokurdagyna-da degmän geçýä. Şeýdip, tutuş bir düýäniň   etini iýip, Arap Reýhan patyşanyň gaşyna geldi. Patyşa:

— Haý, Arap, bir çilim nahar edindiňmi?! — diýdi.

— Tagsyr, ýedi ýyldan bäri ýüregim hyltlyrak, keselbendräk bolup ýördüm. Hawa, garaz, bir çilim nahar-a edindim.

— Hany, onda aýt göreýin, saňa güýç gerekmi, kömek gerekmi, asla sen Göroglynyň üstüne nähili gitmekçi?!

Iýgiden-içgiden, çaýdan-çilimden mes bolan Arap Reýhan Göroglynyň üstüne nähili gitjegini beýan edip, patyşa garap, agzyny köpredip, bäş keleme söz aýdar gerek:


Gözel şahym, biziň bilen

On iki müň pälwan ýörsün!

Gazabym bar Çandybile,

Şah ogly Mahmyt jan ýörsün!


Begler ýörisin baz bilen,

Pasly bahary-ýaz bilen,

Namadyr Dawut saz bilen,

Kyrk bäş bagşy oglan ýörsün!


Çekerem ýaýyň çillesin

Gözlärin söweş pillesin,

Ýüklärin sünni kellesin,

Üç ýüz iner mestan ýörsün!


Gezlerne sürme goýmaly,

Aç adam görse, doýmaly.

Hüýr gyzyn goýup söýmeli,

Uç ýüz altmyş juwan ýörsün!


Meniň adym Arap Reýhan,

Barsam, bolar ahyrzaman,

Bezm gurup, sürsem döwran,

Kyrk käsedar oglan ýörsun! :


Arap Reýhai sözüni tamamlansoň, patyşa aýtdy:

— Aý, zannar arap, munça ýygyn gitse, munça alaman gitse, sen nämä derkär? Näme etjek bolup getirdim men seni?

— Weý, tagsyr, men asyl senden ýygyn diläp durynmy eýse?

— Ýygyn dilemeseň, düýşürgäp, samrap durmuň näme?! «Pälwan ýörsün, juwan ýörsün, bagşy ýörsün, oglan ýörsun...» Bu diýýänleriň näme?

— Aý, tagsyr, bu wagt bizden zady gaty görmäň, biz bir patyşalykdan garny doýan  adam. Aýtsak, aýdaýanlarys-da, tagsyr. Indi bolmady, Göroglynyň  ustüne ýeke-täk özüm gitjek! Öldürip    äkel diýseň, öldürip äkeleýin. Diri äkel diýseň,diri äkeleýin.Nähili edip äkel diýsen, şol hil edip, äkeleýin, tagsyr!

Arap Reýhan şeýle diýidi-de,   ýamaşgandan   haýbat urup, bir söz aýdar boldy:


Şahym, gider bolsam Çandybiline,

Belki, Göroglyny basyp getirem!

Gazap edip, şonuň özün öldürip,

Başyn ganjygadan asyp getirem!


Höwes bilen al şerapdan içerem,

At oýnadyp daşgyn çaýdan geçerem,

Gylyjymdan gyzyl ganlar saçaram,

Diri, gulak-burnun kesip getirem!


Niçe mün ýygyna bolmasam-da baş,

Çandybil ýurdunda eýlärin söweş.

Görogly beg bilen kylyp men talaş,

Belkäm, şu penjäme gysyp getirem.


Bu sözleri ýaýdýan men Arap Reýhap,

Şahym, bize dönse döwletli döwran, 

Göroglynyň ýurdun eýleýip weýran,

Mal talap, hazynasyn susup getirem!


Bu sözi aýdandan soň, patyşa Arap Reýhana:

— Nähili edip getirseň, özüň bil, ýöne sen maňa gerek-ýaragyňy aýt! — diýdi.

Onda Arap Reýhan:

—Tagsyr, özüm müner ýaly pil ber. Dagyň berkräk-berkräk ýerinde gerek bor ýaly, sary diş, sary daban

alaşa ber. Ok-ýaýy, harajaty ýüklär ýaly iner ber! — diýdi.

Arap Reýhanyň bu aýdan zatlaryny derrew taýýar edip, eline berdiler. Ol pili münüp, alaşany, neri biri-birine tirkäp, «Niredesiň Çardagly Çandybil» diýip, çüw diýdi-de, ýol rowana boldy gidiberdi.

Çandybiliň orta ýoluna ýetmänkä, ol azyk-suwlugyny 'iýip-içip tüketdi. Ýene birneme ýöredi, çaý-temmäki-sem tükendi. Onsoň, gaýgy Reýhanyň, başynda. Özi--özüne zeýrenip gelýär-dä! «Men bir akylsyz, kewek bolmasam, munuň ýoluna çykarynmy?! Görogly äkitse, patyşanyň gyzyny äkidipdir. Meniň gyzymy äkidip-mi?» diýip, ýol boýy şol özüne gargynyp gelýär, zaňňar.

Indi «Çandybiliň bir çetinden baryp, garnymy bir doýursam, aman-sag gaýdaýyn» diýip, göwün ýüwürdýär.

Şol gelşine Araz çaýynyň boýuna geldi. Pili bir ýerde bent etdi, alaşany bir ýerde daňdy. Özi ok-ýaýyny alyp, o ýana, bu ýana aýlanyberdi. Içinden: «Heý, bir keýik-gulan tapylmazmyka, atyp iýer ýaly» diýip, pi-kir öwürýär.

Araz çaýynyň boýunda Göroglynyň ýylkysy elkin ýatardy. Arap gelip, şu ýylkylara duçar boldy. Ýuwaşlyk bilen ýylka aralaşdy. Içinden semiz, gartaň bir baýtaly tutakgada, gaňraga basdy-da, tarsa damagyn çalyp, bölek-bölek edip, san-san edip, bir küde tokaý agajyna ot berip, şara-kebap edindi. Bu bişýän kebap etiň ysy meýdandaky gezip ýören janawarlary bimaza etdi. «Hä-äk, bizlere hem bir zat ýetmezmikä?» diýşip, galyň möjekmi şagal, tilkidir beýlekiler yk tarapdan gelip, durup-durup, burunlaryny dik asmana tutýadylar. Görseler, ýaňky Arap etleri iýip, süňklerini hem ýüzüniň ugruna ýuwudyp, zat goýmandyr. Hälki duran haýwanlar: «Aý, doganlar, uzak durman gideliň, bizi bir iýäýmesin bu zaňňar, şu taýdan bir gideweräliň diýşip, pakyrlar damak bolup, yzlaryna gitdiler. Gijara Arap ýene bir gulajyny soýup iýdi.

Ýylkyban  çopan   ýylkyny  tükelläp   görse,  jeren baýtal bilen bir gulajyn ýok.

—Alla,  batga  batdymyka,  ýolbars  atdymyka?! — diýip, ýylkynyň töwereginden yz kesmäge aýlanyşdy.

Bir adamynyň yzy gabat geldi. Her ädimini öz ädimi bilen denäp görýä. Her ädimi çopanyň  ädimine bäş Ýarym ädim çykýar.

— Hudaýa  şükür,  meniň  özüme  gabat  gelip,  meni iýmändir! — diýdi.

Aý, garaz, çopanyň ýüregine howp düşüp, höwür atyny münüp, bilbagyny nogta edip: «Niredesiň gala?!» diýip gaýdyberdi.

At derledip bardy bärden. Görogly dagy;

— Haw, ýylkyban çopan, eýgilikmi?! — diýip soradylar.

Çopan ýüregi ýarylan ýaly bolup:

— Görogly aga, eýgiligiňi, buýankyňy bilemok.yýlkyňa bir bela  düşünipdir, iýip   tükedip barýa.Özüň  barmasaň, indi meniň bakarym bolmaz! Her ädimi on bäş ädim, aga — diýdi-de, eline sazyny alyp, diline sözüni alyp, Görogla garap, bäş keleme söz aýdar gerek :


Salam berdim, Görogly aga,

Bu salamy aldyňyzmy?!

Gara daga ýagy geldi,

Nämeligin bildiňizmi?


Menem bu sözümi aýtjak,

Jogap berseň, häzir gaýtjak,

Çandybiliň bilen ýuwutjak ,

Bu ýagyny bildiňizmi?!


Yzy gara daga geldi,

Çopan görüp, haýran boldy,

Gelip size äşgär kyldy,

Bu belany gördüňizmi?!


ýylky içinde ýoly bar,

Iýip ýörmek hyýaly bar,

Bilmen niçiksi päli bar,

Bu ýagyny bildiňizmi?!


Özüm çopan, adym Çary,

Eşitsin Çandybil bary,

Külli türkmeniň soltany,

Bu ýagyny bildiňizmi?!


Çopan sözüni tamam etdi. Görogly çopana: «Näme diýýäň, aňygrak aýt!» diýdi.

Çapan ýene-de bir nama aýdar boldy.Gör, bak, näme diýýär:


Sadagaň bolaýyn, Görogly aga,

Gara daga ýagy geldi, beglerim!

At goýup gelmişem habar bermäge,

Bu ýagydan habar alyň, beglerim!


Kim mysapyr bolsa, garyp gul bolar,

Ýatan ýeri dagy-daşdyr, çel bolar,

Taňry saýa salsa, çopan gül bolar,

Artyk-egsik bolmaz, biliň beglerim!


Ynsaniýet yzyna meňzeş yzy bar,

Eşitmedim onuň niçik sözi bar,

Agzy-burny neneň, nirde gözi bar,

Bu ýagydan habar alyň, beglerim!


Ýylkyban çopanyň eýleýir zary,

Tiz atlan, türkmeniň ýalňyz serdary,

Araz çaý boýunda pili, ineri,

Bu ýagydan habar alyň, beglerim!


Çopan munuň synyny aýdandan soň, Görogly nämäniň-nämedigini aňlady-da:

— Haw, Köse, munuň diýýäni şol araplaryň biri-dir ol! Muny agtaryp tapmasak, ýurdy harap eder. Ony Leke şa biziň kastymyza iberendir — diýdi.

Ana, onsoň, meýhanada päkize palawdan, ysly çaýdan, garşy temmekisinden mes bolup oturan ýigitler: «Atlan-ha, atlan!» bolşuberdiler. Şeýdip, olär Araz çaýyna tarap at salyp gaýdyberdiler.

Gelip ýylkynyň töwereginden yz kesip, bir ýerden Arabyň yzyny tapyp, yzarlap alyp ötägitdiler. Şunça ullakan hem bolsa, ol öz yzyny ýitirip ýatyr ekeni. Arap Reýhanyň yzy gelip, gyra urdy, soňra hem yz ýitdi.

Görogly aýtdy:

— Köse, şu ýerde goş tutup oturybereli. Her haçan ajygandan soň, ýene ýylka geçer bu zaňňar.

Şu ýerde  goş tutup oturybersinler. Çaý içip, çilim çekensoň, Görogly:

— Haw,  Köse, sen  kyrklary  alyp,  awa git, keýik bormy, gulan bormy, atyp äkel, şara edip iýer ýaly, Bizler Öwez jan bilen goş saklap otursak niçik bolýar? — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Bir sözüm bar, Sapar märem,

Bize kyrk dürli aw getir!

Ýaýraşyp girin meýdana,

Bize kyrk dürli aw getir!


Bu sözümi ýaman görme,

Täsgenşip, hiç ýerde durma,    

Aý, garaz, aw alman gelme,

Bize kyrk dürli aw getir!


Gyrat bar meniň astymda,

Düýrme gylyjym destimde,

Bir duşman geldi kastymda,

Bize kyrk dürli aw getir!


Görogly diýr ýatar erdim,

Düýşümde geň, ahwal gördüm,

Goşa örküç maýa sürdüm,

Bize kyrk dürli aw getir!


Görogly sözüni tamam edenden soň, Köse:

— Ýagşy! — diýip, kyrk ýigidi alyp, awa gidiberdi.

Bular gidensoň, Görogly:

— Öwez jan, hudaý abraý bere-dä, meniň ýeňse damarym çekýä,  boýnuma  arkan düşmese ýagşydyr. Iki çignim çekýä, çignim daňylmasa ýagşydyr. «Duşmany düşek teýinde gör diýenleri. maňa birki käse şerap ber, şerap içmesem, urşa bararym bolmaz! — diýdi.  Öwez jan bir  käsäni  ýarsyndan edip,  Görogla  şerap berdi, Görogly ony içdi-de:

— Öwez jan, ýene bir käse ber!— diýdi.

— Aga,  akyl-huşuňy, ysgyn-deramatyňy  alar,besdir indi!

— Haý, ber diýdim, bersene!

Ýene bir käse berdi. Ony içdi-de ýene sorady. — Öwez jan, ýene bir käse ber!

— Aga, bes etsene, bolýa-da şu içeniň!

— Gaýtalama, alyp ber diýlende, alyp ber derrew! Ýene bir käse alyp içdi. Üç  käse şerap   içip, gyzyl  jynly mes boldy.

— Haý, Öwez jan, men  näme diýsem, sen rastdyr diýiber!  Eger garyşyma  gaýtsaň, seniň derrew kelläňi alaryn!

Öwez jan simap  kimin  sandyrap,   gamyş kimin galdyrap dur.

— Haý, Öwez jan!

— Lepbeý, aga.

— Nowşirwan   adylam   meniň  ýaly  adyllyk  bilen ýurt soran däldir gerek?!

— Rastdyr, aga!

— Hatam Taýam  meniň ýaly ýurda  aş beren däldir gerek?!

— Rastdyr, aga.

— Hezreti  Alam  meniň    ýaly iş bitiren däldir gerek?!

— Haý,  aga,  gatyrak  gitdiň-ä.Kärhana gol saldyň, aga!

—Öwez  jan,    gatyrak    giden  bolsam,  kyrklaryň kyrk ýapynjasy  bilen meni basyr. Men derläp aýňalmasam, asyl  aýňalmaryn.   Ýaraglarymy-da  Gyrata bent et, atymyň özüni ahmalrak gazyga çalarak baglap goýaý!  Duşmana  ýaragym   duşenden,  özum  duşenim  ýagşydyr, Gyrat  duşmana  ýaragymy  bermez. Özüňem kyrklaryň  yzyndan  git-de, derrew   tapyp   geleweri!

Duşman bir ýan gapdalymda bardyr, Öwez jan!

Öwez jan ýaňky aýdanlaryny edip, kyrklaryň yzyny alyp, olary agtarmaga gitdi. Öweziň garasy ýitdi.

Habary kimden al, Arapdan al! Ol bir dagyň julgesinde ogrynça gezläp ýatan ekeni.

— Haý, indi bize bir abraý bolmazmyka, janym?!—diýip, ol dagyň jülgesinden çykyp, göni Görogla garşy selkildäp gaýdyberdi. Gelşine-de mündi Göroglyiyň üstüne. Kyrk ýapynjaiyň agramy,mähnet göwreli  Arap Reýhanyň agramy  birleşipdir-de, Göroglyny ýere sokup barýa.

— Alla, duşman häzir bolanda, Gyrat oýatjak bolup üstüme agynardy. «Atymmyka?» diýip, «çüw-kiş»diýýä.  Peýda  berenok.    Ýapynjanyň gyrasyny syrkp garasa,bir tüýsi bozuk  zaňňar üstüne münüpdir.

Görogly gorkujygyna   gözüni  ýumaýdy. Onynça Arap ýapynjany  serpip  taşlap, Göroglynyň,  goluny arkasyna  aýlap, daňmak bilen boluberdi.

Görogly:

— «Batyr ölse, bir batman göş» diýenleri boldy gerek — diýip, pikir etdi.Ýene-de öz ýanyndan: «Şuňa ýalbaryp bir söz aýtsam, öldürmese, bu-da bir ganymat, öldürse-de, goý öldürsin!» diýip, Arabyň teýinde, oňa, ýalbaryp, Görogly bäş keleme, söz  aýdar boldy.


Laçynam, düşdüm toruňa,

Arap gardaş, aman-aman!

Goýber-hä gidem ýoluma,

Arap gardaş, aman-aman!;


Bu meýdanlar bize ýardyr,

Ýapynda kyrk ýigit bardyr.

Şahymerdan maňa pirdir,

Däli gardaş, aman-aman!


Gerçe sözüň ýalany bar,

Gözi ýolda galany bar,

Ülkämiziň talaňy bar,

Zalym gardaş, aman-aman!


Hakdan şum nesip bolandyr,

Ýa-ha Öwezim ölendir,

Nurbat Alydan galandyr,

Reýhan gardaş, aman-aman!


Serhowuz galdy saýasyz,

Öwez jan galdy daýasyz,

Çandybil galdy eýesiz,

Arap gardaş, aman-aman!


Elim arkama baglydyr,

Synam çaprazly daglydyr,

Armanlyja Göroglydyr.

Arap gardaş, aman-aman!


Bu sözi aýdandan soň, Arap Reýhan Görogla garap-.— Zaňňar Görogly,  barynçak gynaman gitseň, bir diýenimi iki aýtdyrman, hyzmat etseň, öldurmerin!—diýdi.

Eli daňylgy adam, boýun bolmakdan başga alajy näme?

Görogly :

— Elimden gelen hyzmaty edeýin!— diýdi.

Arap Reýhan Göroglynyň elini syrtyna daňyp,boýnuna arkan salyp, bu ýerde bent edip goýdy-da, bir ýerden pilini, alaşasyny, inerini äkeldi. Gyratam gazygynyň töwereginde aýlanyp dur. Pikir etdi: «Alla, bu at şalyga mynasyp at ekeni. Atynam äki-deýin munuň». Şeý diýip, ata garşy ugrady. Gyrat agzyny açyp, gulagyny ýapyryp topuldy. Arap zordan pliniň teýinden muňedekläp geçip, gaçyp gitdi. Bir ýere baryl durdy-da:

— Paý, zaňňar-eý, «Özi bäş adamyň kellesini alanda, aty on adamynyň kellesini alýa» diýip, eşidýädim welin, çyn eken-ow!—diýdi.

Soňra onuň at bilen işi bolman, Göroglynyň boýnuna tanap salyp, getirip inere tirkedi, ineri getirii. alaşa tirkedi, alaşayy getirip, pile tirkedi, pilem münüp, Reýhan ýola rowana bolubersin. Ilki pil ýöredi, onuň  yzyndan  alaşa, onuň yzyndan iner, onuň yzyndanam  sozulyp,  Görogly  ýöremeli boldy.  Gapdalyndan  bolsa  gözünden  ýaş döküp,  tanapyny süýräp, Gyrat barýa. Arabyň gahary gelip,  Gyraty atar bol dy. Eline  ok-ýaýyny    alyp, çenäp  durdy welin, Görogly gorkup:

— Aý, zalym Arap, mert bolsan, atyma degme, ol  janawarda nä günä bar?—diýip, araba ýalbaryp, bir bäş keleme söz aýdar boldy:


Sana diýrem, Arap Reýhan,

Atym atma, özüm öldur!

Maňa dar bolandyr jahan,

Atym atma, meni öldür!


Gyrat Duldüliň! zürýady,

Söweş güni göwnüm şady,

Maňa köpdür ygtykady,

Atym atma, özüm öldür!


Gözüm aç, atym göreýin,

Öz ýurduma göndereýin,

Ýa saňa tutup bereýin,

Atym atma, özüm öldür!


Gamgyn boldy eziz başym,

Gündiz hyýal, gije düýşüm,

Görogly diýr, baş ýoldaşym,

Atym atma, özüm öldür!


Arap görse, Görogly bilen Gyrat biri-biriniň diline düşüp dur. Arabyň mertligi tutup:

— Gel, goç ýigidiň özi ýaly ýigidi naçarladyp durmakdan näme çykýar. At janawarda günä ýok diýeni dogrudyr — diýip, Göroglynyň gözüni açdy.

Görogly esewan etse, howanyň ýüzi gerdi-gubar, ümür-duman bolupdyr. Bu ümür-dumana Arap: «Biziň bagtymyz geldi» diýip, şol gaçyp gidip otyr.

Kyrklar bolsa  aw  kaýda,  gulan  kaýda,  aýlanyp ýörler, goşam tapanoklar, galany-da.

Arap bilen Görogly şu gidiwüne bu güni ötdi, bu gijesem ötdi, ertesi çäş galanda, Görogly aýylyp, essine geldi. Esewan etse, eli arkasyna daňylgy, boýnunda arkan, inere tirkelgi barýar. Gapdalyndan  gözünden ýaş döküp tanapyny süýräp, Gyratam barýa,  Görogly oňa garap: «Syrdaşym, başdaşym, ýaman  günde ýoldaşym, Gyrat! Meniň işim agdyk bolan ekeni... Meniň bu bolup barşymy ulus-ile, Çandybile, kyrk ýigide, Agaýunusa, Öwezjžana habar ber, olara  sslamymy ýetir!» diýip, golunda sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş keleme söz andar boldy:


Gyrat, gider bolsaň Çandybillere,

Didar kyýamata galdy diýgeý sen!

Arzymny ýetirgil ulus-illere,

Çandybil eýesiz galdy diýgeý sen!


Uzak galdy meniň menzil-mekanym,

Oda köýer boldy bu şirin janym,

Arzymny eşitse ol Öwez janym,

Agaýunus perä salam diýgeý sen!


Bu şum rakyp meniň ýolum tusdy, gör,

Ýatyr idim, gapyllykda basdy, gör,

Gara bagrym hijr oduna kesdi, gör,

Beg ogly zürýatsyz ötdi diýgeý sen!


Bu şum rakyp meniň golum baglady,

Ýüregimi hijr oduna daglady,

Ylahydan berlen Gyrat aglady,

Dunýäden armanly gitdi diýgeý sen!


Han Öwezim galdy bagyň gülünde,

Perizadym ýyglar, gözi ýolumda,

Ýaragsyz, sagdaksyz Reýhan golunda

Görogly biajal öldi diýgeý sen!


Görogly bu sözi aýdyp bolansoň, Gyrat ýuwaş-ýuwaş yza galdy. Bular birki menzil ýöräp-ýöremänkäler Gyrat ýene tasap yzlaryndan ýetdi. Reýhan ony görüp:

— Haw,  Görogly,  seniň  atyň  aýdanyňdanam  artyk ekeni!  Sen onuň dilini tap-da, yzyna gaýtar, bu bolup barşyna näme-de bolsa, men ony ýa tutmaly, ýa-da bir iş etmeli bolaryn!—diýdi.

Görogly Gyrata garap:

— Eý,  janawar Gyrat,  men senden  razydyryn, saňa  berenlerim  halal  bolsun! Sen  yzyňa  gaýdyber!—diýip, gözüne ýaş dolduryp, bäş keleme söz aýdar boldy.


Çoh döwranly Çandybiller,

Gyrat, saňa halal olsun!

Zer-zerbapdan bolan jullar,

Gyrat, sana halal olsun!


Bedewler içinde türpe,

Iýmitiňe berdim körpe,

Her menzilde on jam arpa,

Berenlerim halal olsun!


Üstüňe salardym esbap,

Müner edim gaşap-garbap 

Juluň mahmal, torbaň zerbap,

Edenlerim halal olsun!


Jyda boldum indi senden,

Sen-de umyt etme menden,

Görogly, razyýam senden,

Berenlerim halal olsun!


Gyrat bu sözden soň, Çandybile garap, bir kişňedi-de, gulaklaryny gargy ýaly edip, «niredesiň Çandybil galasy»diýip,ýeriň tanapyny külterläp barşyna gözden ýitdi.Gyrat Göroglydan aýrylanyna bagry paralanyp,her depä çykanda, bir kişňeýärdi,Gyratdan aýrylansoň, Görogly-da iki gözi yzynda, käwagt bir Gyratyň sesini eşidip, piliň yzynda bendiwan bolup barybersin.

Habary kimden al? Çandybilden, Agaýunus periden ! Agaýunus periiiň ýüregine düşdi bir howul, düşdi bir howul, durup bilmän, ýanyna kenizlerini çagyryp, baga seýil etmäge gider boldy. Gülşirin bilen gol boýna salşyp, kenizleriň öňünde jilwe döküp girdiler baga, bardylar bir goýy saýaly, gülli-gülzarly ýere, gurdular oýun-gülkini. Nädersiň Agaýunus periniň dişi görünse, kenizler oýna-gülkä başlasa, ol ota zada seredýär, iki gözi bolsa sary ýagdan doldurlan okara ýaly, ýaşdan dolup dur. Gyzlar Agaýunusa gatdylar, onda-da bolmady. Gülşirin peri Agaýunusyň ýanyna gelip:

— Eý, janym, bu ýer adamzadyň şatlyk edýän ýeridir.Seniňem  şatlanmagyň gerek.Näme üçin gözüň ýaşly hapa bolup otyrsyň?!

— diýdi.

Onda Agaýunus peri Gülşirine garap:

— Eý, janym,Gülşirin jan,  Görogly geler wagtynda gelmedi, oňa  bir zat bolandyr.Görogly bolmasa,  bize bu ýerler,  bu ýagty-ýalançy haramdyr — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Ot saldy bu jana aýralyk gamy,

Ýary menden, meni ýardan aýyrdy.

Indi gana döndi gözümiň nemi,

Ýary menden meni ýardan, aýyrdy..,


Indi ýat edeýin kowum-gardaşy,

Ah ursam, örtener pelegiň başy,

Başyma ýagdy-la aýralyk daşy,

Meni bu gün hoş dildardan aýyrdy,


Bu gun aýralyga ugrady başym,

Aglap-aglap, gana döndi gözýaşym,

Gündizler hyýalym, gijeler düýşüm ,

Görogly dek esrik nerden aýyrdy.


Çardaglyda hazan urdy gülleri, 

Zar aglaşar Çandybiliň illeri,

Bedew atyň zerbapdandy jullary,

Zülpükär eýesi şirden aýyrdy.


Oraşan gördügim düýşlerim şeýle,

Ýazgydymy ýaman eýledi beýle,

Agaýunus Göroglyny ýat zýle,

Aly şägirdini ýardan aýyrdy...


Agaýunus bu sözüni gutaranda, iki sany guş gelip, Agaýunusyň garşysynda gondy. Ol guşlaryn birisi beýlekisine:

— Şu ýurduň eýesi Görogly diýen merdana ýigitdir.

Ony şu wagt el-aýagyny baglap, Leke patyşanyň ýanyna alyp barýalar — diýdi.

Onda beýlekisi:

— Beýle bolsa, ýer, bileje baryp, ony görüp bir galaly!— diýdi.

Bu sözleri aýdyp guşlar uçup gitdiler. Agaýunuo aglap, iki gözde bir ýaş bolup, gije ýaryma çenli uklaman oturdy. Gije ýarymdan geçensoň, ol uka gitdi, Duýşünde onuň elinde bir laçyn guşy barmyş, ol guş birden uçup ötägidýär. Agaýunus gorkup oýandy. ()l Gülşirini ýanyna çagyryp, eline sazyny alyp, iki keleme söz aýdar boldy: ...


Niçe gundür gan agladym, gülmedim,

Çandybilden döwran gaçdy, Gulşirin!

Ne habaryn, ne nyşanyn bilmedim,

Laçynym golumdan uçdy, Gulşirin!..


Aglaý-aglaý ömrüm hebes geçirdim,

Kyrk ýigide gülgün şerap içirdim,

Golumdaky algyr guşum uçurdym,

Bilmedim ne söwda geçdi, Gulşirin!


Kadyr alla, meni ýetir dermana,

Aglaý-aglaý indi geldim amana,

Ýunus aýdar: aglap barsam meýhana,

Beg Görogly gola düşdi, Gulşirin!


Agaýunus peri sözüni gutaryp, gören düýşüni hem  guşlardan eşiden sözuni Gulşirine aýtdy. Onda Gülşirin:

— Eý,bibim, ýör,meýhana baryp, kyrk ýigide,Öwez hana aýdaly,olar  yzyndan gidip, belki, Görogla bir peýdaly iş görkezerler!—diýdi.

Mundan soň,  ikisi tirkeşip, meýhana tarap gidi berdiler.

Gyrat şol gaýdyşyna bir sagada galyp-galmai, Çandybil galasyna gelip ýetdi. Galanyň derwezesi içinden bent eken. Gyrat derwezäniň aldynda bir haýkyryp kişňedi. Şol wagt Agaýunus- bilen Gülşirin ikisi tirkeşip, meýhananyň agzyna gelipdiler. Agnýunus Gyratyň aýak sesine gulak asyp, onuň üýtgeşik bir terzde kişňänini eşidip:

— Gülşirin jan, bir gep bolupdyr gerek. Gyratyň owazy ýaman bozuk çykdy-la?!—diýdi.

Olar derrew derwezäni açdyryp, ylgap daşary çykdylar. Görseler, Gyratdan tabagyň agzyndan dökülýän agaran ýaly, parça-parça ak köpükler saçylýar.Özem edil adam ýaly gözýaş edip, kellesini aşak salyp, gamgyn görnüşde sortduryp dur. Agaýunus eline ýalygyny alyp, Gyratyň gözýaşyny süpürip: «Hany, janawar, eýäň?!» diýip, Gyratdan Göroglyny sorap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Janym Gyrat, malym Gyrat,

Görogly begi neýlediň?!

Zabun boldy halym,

Gyrat, Görogly hany neýlediň?!


Indi bizden geçdi nobat,

Çandybilden döndi döwlet,

Her ýanyňda goşa ganat,

Görogly begi neýlediň?!


Alty aýlyk ýoly kesip,

Ganjygadan kelle asyp,

Sen geleýdiň mestan basyp,

Görogly hany neýlediň?!


Ne dereden ýoluň saldyň,

Gözýaş edip, kandan geldiň,

Neçün höwrüňden aýryldyň,

Görogly hany neýlediň?!


Mes bolup, akly çaşdymi,

Reýhan goluna düşdümi,

Ýa-da älemden geçdimi,

Görogly begi neýldiň?


Ýunus diýr, ýazgydym ýaman,

Bu gün bize ahyrzaman,

Görmekligim boldy güman,

Görogly hany neýlediň?!


Bu sözüni tamamlandan soň, Agaýunusiň göwni bozulyp ýüregi takat bermän, ýene bäş keleme söz aýdar boldy:


Galam kimin gulaklaryň gatyla,

Sözle, Gyrat men gurbanyň bolaýyn!

Nalyşymdan Aý bile Gün tutula,

Sözle, Gyrat, saňa gurban bolaýyn!


Çandybilde gardaşym ýok, ilim ýok,

Meniň bilen sözleşmäge diliň ýok,

Indi meniň gam çekere halym ýok,

Sözle, Gyrat, men gurbanyň bolaýyn!


Gyrat, indi girdiň on bäş ýaşyňa,

Ajdarha dek agyz saldyň daşyňa,

Kyrk müň ýesir gurban bolsun başyňa,

Sözle, Gyrat, men gurbanyň bolaýyn!


Göroglydyr meniň ömur ýoldaşym,

Indi gam-gussadan gutultmaz başym,

Bu gün ýordum düýnki gören ters düýşüm,

Sözle, Gyrat, sana gurban bolaýyn!


Agaýunus peri sözüni gutaryp, ýene el ýaglygy bilen Gyratyň gözýaşyny supürdi. Janawar Gyratyň indi gözýaş etmekden başga çäresi ýok, geplemäge dili barm?Şol wagt kyrk ýigdem galanyň kyblasyndan ülker ýaly bolup göründi. Agaýunus tamasyny üzeňkirlänem  bolsa garaz, olýaryň, arasynda artlaşyklysy barmyka diýip, kyrk ýigidi gözetläp durdy. Kyrklaram alkymlap geldiler, geldiler.ýöne, olaryň arasynda artlaşyklysy nirde, zat nirde, özleri gala zordan geldiler. Bu ýadaýa näumyt bolan Agaýunus peri ýenede zar-zar ýyglap töweregindäkileri gözläp, bäş keleme söz aýdar boldy;


Gyrat, geldi jylaw basyp,

Göroglyny bildiňizmi?!

Ganjygadan kelle asyp,

Beg ogluny bildiňizmi?!


Bar eken, akly çaşdymy,

Beýik daglardan aşdymy,

Arap goluna düşdümi,

Goç ýigidi bildiňizmi?!


Gala ýykyldy, kendi ýok,

Kyrk ýigidiň peýwendi ýok,

«Atam!» diýen perzendi ýok,

Namyrady bildiňizmi?!


Gyratyň üsti boş geldi,

Ýa-ha Görogly beg öldi,

Çandybil eýesiz galdy...

Bizürýady bildiňizmi?!


Öwez jan, sen gaşy gara,

Ýüregim boldy set-para,

Agaýunus bir biçäre,

Ahy-zary bildiňizmi?!


Agaýunus bu sözi aýdandan soň, aňyrdan ýetip gelen kyrklaram Göroglynyň Arabyň eline düşenini inda bilip galdylar.

Pylança gunden bäri çaýsyz-çilimsiz gezip ýören adamlar özüňe belli, Agaýunusyň bu gepine gulak gabartmaga-da kän bir mejallary bolman, sortduryşyp durlar.

Ýigitleriň käbiri bolsa!    ...

— Görogly ýaly adamy ele duşuren bolsa, biziň o ýere baran bolup oturmamyzyňam näme nepiniň boljagy belli däl, her kim öz başyny çarasa-da är boldugy-la — diýdi. Käbir gorkagrak, nan ýagysy ýigitler bolsa bu gepe güp ynandylar, olara bu söz taýynjý bahana boldy. Agaýunus görse, ýigitleriň içinde göw ni bölegi-de ýok däl ýaly. Onsoň, ol derrew sazyny eline alyp, ýigitlere göwünlik berip, bäş keleme söz aýdar boldy :


Kyrklarym, sözüm aýdaýyn,

Güýçli-gujurly ýigide!

Serdarlarym, arz edeýin,

Beýik keşwerli ýigide!


Ganym gelse bölek-bölek,

Är dek söweşmezlik telek,

Gaty ýaý, peýkam, ok gerek,

Goly kuwwatly ýigide!


Muhannesler çeker azar,

Söweş gün bolar bikarar,

Bäş ýüz tumen toýlugym bar,

Synasy joşly ýigide!


Ýunus diýr, sözüm diýesi,

Gitdi başymyň saýasy,

Hakdyr Çandybil eýesi,

Her belent serli ýigide!


Agaýunus bu sözi gutaransoňam, ýigitler lam-jim bolup, ümsum durlar. Şol wagt akylly-paýhasly ýigit Handan batyr Agaýunusa garap:

— Eý, Agaýunus, «Guş diline guş düşer» diýip-dirler, Her zat-da bolsa, öz ýurdunyň adamsydyr, diline düşer, göwnüni tapar, şuňa Öwez hany iberäýsek, niçik bolar?! —diýdi.

Hedüre mähetdel, Öwez han «Ibereli» sesini eşiden badyna ýaragyny dakynyp, taýýar bolup gelen eken. Gyratyň üstüne böküp mündi-de, Agaýunusa, Handan batyra hem kyrk ýigide garady. Şol wagt Agaýunus Öwez hana:

— Eý, oglum, Öwez jan, men seni emdirmesemem, saňa gol süýdüni berip ulaldandyryn. Oglum, sen gidip, agaňyň ölüdigini ýa diridigini bilmän gelseň, beren duzuma razy däldirin. Ýöne sen häli ýaşsyň, ýanyňa diýen eden ýigitlerden birküç sanysyny alyp git! — diýdi-de, Öwez hana gylaw berip, ýene bäş keleme söz aýdar boldy:


Sensiň, kyýamatlyk, oglum, Öwez jan,

Zynhar, döwüş, döndermegin ýüzüňi!

Şekerim, şerbedim, balym Öwez jan,

Zynhar, döwüş, döndermegin ýüzüňi!


Ýigit arman çeker meýdan mestinde,

Söweş etgin Göroglynyň üstünde,

Özüňi ezber tut duşman kastynda,

Zynhar, döwüş, döndermegin ýüzüňi!


Seniň kimin ýigit bolmaz jahanda,

Isleseň, tapylmaz Rum-Ispyhanda,

Aly pirim saklar seni amanda,

Oglum, döwüş, döndermegin ýüzüňi!


Är ýigitler at-ýaragyn şaýlarlar,

Tylla sagdak, almaz gylyç baglarlar,

Muhannesler söweş güni aglarlar,

Zynhar, döwüş, döndermegin ýüzüňi!


Ýunus diýer, erkim aldyň, Öwez jan,

Kyýamatlyk oglum bolduň, Öwez jan,

Çandybile patyşa bolduň, Öwez jan,

Oglum, döwüş, döndermegin ýüzüňi!


Agaýunus peri bu sözüni gutaransoň ene: — Eý, Öwez oglum, gözümiň   guwanjy, kyýamatlyk perzendim, dünýäden alan paýym sendiň, bu gün Göroglynyň aýralygyna näderimi bilmän otyrdym, onuň üstüne sendenem  aýrylsam, Göroglydan galan nyşana Gyratdan hem aýrylsam, günüm neneň geçer?!—diýip, Öwez jana «Gitme!» diýip, aglady.Onda Öwez han Agaýunusa göwünlik berip, bäş keleme söz aýdar boldy.


Adam ogly üç ýaşynda

Dil çykar, zybandar olar!

Üçden dördüne girende,

Pişesi bazygär olar.


Ýedisinde düşer dişi,

Guwanşar kowum-gardaşy,

On ýaşynda gyz ýoldaşy,

Bir-birinden dildar olar.


On altyda segräp böker,

Oky-ýaýy jiger söker,

Ýigrimide ganlar döker,

Iline howandar olar.


Ýigit gerek öz ilinde,

Kesgir gylyjy bilinde,

Ýigrimi bäşi dolanda,

Göýä bir gaplaň-şir olar.


Ýetişmez jepa çekmeýen,

Gözden ganly ýaş dökmeen,

Halal-harama bakmaýan,

Kyrkdan agsa, ganhor olar.


Öwez bu gün gaýnap joşar,

Joşgunym başymdan aşar,

Haýsy adam ýüz müň ýaşar,

Bir gun ol häkisar olar.


Öwez han sözüni gutardy-da, Agaýunus perä bakyp:

— Eý, kyýamatlyk enem, Görogly ýaly adam duşman eline düşüp, gözgyny bolanda, men olardan gowumy?!

«Bir başa — bir ölüm»    diýipdirler, Maňa ak pata ber-de, ioluma goýber! —diýdi.

Agaýunus bilen Öwez jan bäş-on agyz gepleşinçä, kyrklar meýhana gelip, ody belentden gallap,tüňçäni dury suwdan dolduryp, çaý-nahar bilen bolşup ýörler, zaňňarlaryň çakgysy galança-da ýok. Arkaýyn keýp çekişip otyrlar zaňňarlar.

Öwez meýhananyň gapysyndan gelip, ýigitlere garap:

— Haw, ýigitler! Görogly ýaly ýigit Arabyň eline düşer-de, heý, biz şeýdip oturyp bilerismi?! Siziň bu bolup oturyşyňyz niçik?! Mundan oturyş bolmaz. Turuň, atlanyň Arap üstüne! — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Eşidiňler ahy-zarym,

Atlanyň Reýhan üstüne!

Kyrkymyza gurban janym,

Atlanyň Reýhan üstüne!


Merde meýdanda düz gerek,

Ganyma ýüzbe-ýüz gerek,

Gaýdyp gelende söz gerek,

Atlanyň duşman üstüne!


Daglaryň arslany gitdi,

Çölleriň gaplaňy gitdi,

Çandybiliň hany gitdi,

Atlanyň Reýhan üstüne!


Han Öwez diýr, dünýä pany,

Döküldi mert ýigit gany,

Ýat edeliň Murtuzany,

Atlanyň ganym üstüne!


Bu sözi aýdandan soňam, olaryn hiç haýsyndan ses çykanok. Öwez ýene-de olara:

— Haw, ýigitler, biziň bilen gitjegia ýokmy?! — diýip ýüzlendi.

Hajy Sumsar aýtdy:

— Aý, Öwez, sen jynly bolupsyn, jynly!   Görogly Arabyň eline düşer-de, ony gaýtaryp alarça kim bolupdyrys biz?! Maslygy ýykylanda, biz ýaly kyrk adam teýinde galmyýamy onuň?!

Onda Äwez:

— Hiç haýsyňyz gitmeseňizem, biz-ä  gidýäs, ýigitler! — diýdi.

Ýigitlerin käsi:

— Gitseň ýoýluber-dä ýoluňa, kime geneşip dursuň indi?! — diýişdiler.

Habary kimden al, Köseden al! Ol oýlanyp otyr «Alla, hiç kim gitmese-de, tenha özi-hä gitjek munuň,' Men gideýin diýsem, Mirim, Gammar —bu iki oglanam meniň sözümden çykmaz, bular-da gider. Men gitjek diýsem, Agaýunusam ýol harajatymy bol berer, Bilip bolmaz, Görogly ölmän galsa, yzymdan barlamaga çykypdyr» diýip, ol-da minnetdar bolar. Harajaty bol alyp, Mirimi, Gammary, Öwez jany alyp, meýdana çykyp, odunyň lomaýrak ýerlerinde kakyň, süýji suwlarynyň başynda, üç oglana çaý gaýnatdyryp, çilim otladyp, nahar bişirdip, hyzmat etdirip birsalym bezm sürsem ýeke özüm...» Köse şeýle oýlandy-da:

— Haý, Öwez jan, seniň bilen hiç kim gitmese-de,biz gidýäs! Bar, Agaýunusa aýt, harajaty bolrak bersin! Mirim, Gammar,baryň, sizem derrew atyňyzy eýerläň! — diýdi.

Köseden bu sözi eşidip, söýünen Öwez jan Agaýunusyň ýanyna geldi-de:

— Agaýunus ene, Köse «gitjek» diýýä «Harajaty bolrak bersin!» diýýä — diýdi. Onda Agaýunuo aýtdy:

— Näçe   gerek-ýaragy bolsa äkitsin, Göroglysyz mal-dünýeni nädeýin men şu wagtlar?!

Harajaty kemsiz  bol alyp, bular ýola düşermen boldular, Köse:

— Haý, Öwez jan, Göroglynyň, Gyratyny mün, ýaraglaryny dakyn! —diýip öwüt etdi.

Öwez Gyratyň ozalky derini gazaw bilen sypalap-sermeläp, aýryşdyryp, ony täzeden bir gyldan eýerlemäge aýlanyşdy. Mahmal derlik, gülnary, ýene tylla gaýyşly eýer, zerewşan seçekli köýnekçe, güderi güpjek, jüp aýly tegmeden dartyp kemsiz bezedi. Ala

gaýşy-da Gyratyň başyna saldy. Özem bir gyldan ýasanyp, elin geýniberdi. Tylla myhly sagry ädik aýagynda, şahana geýimler egninde, tamamy zer guşak, tylla gynly pyçagy hem çar para gysdyrdy. Altyn ýakaly sowut, golçak, tuwulga, çar aýna, gyýak — hemmesini baglap, çar perre almaz suw berlen naýzany-da goluna alyp, Gyrata atlandy.

Mirim, Gammar bular kem öz dessuryna görä atlandy.Köse Bozdumanyny mündi. Bular, şeýdip, galadan çykyp, tirkeşip, sürüp ötägitsinler. Meýdana çykansoňlar, Gyrat Öweze eýgertmedi. Köse aýtdy:

—   Öwez jan, Gyrat saňa eýgertmejek bolýamy?

—   Mährem aga, Gyrat-a meniň el-aýagymy guratdy.

-- Öwez jan, el-aýagyňy guradan bolsa, sen bizden zup ötägit!Arap Göroglyny öldürip alyp barýan bolsa-ha, öňümizden çyk, onda gidesi işimiz ýok. Dirilyp barýan bolsa, gapdalyndan aýrylyşma, biz seniň yzyňy alyp ýeteris.

— Ýagşy — diýip, Öwez Gyratyň jylawyny  ýazdyryp goýberdi.Ol şo bada, garlawaç ýaly gözlerinden gaýyp bolup ötägitdi.

Öwez gidensoň, Mirimdir Gammaryň-da atlary alyp gaçmaga aýlanyşdy. Her alyp gaçanda, hol, gara görnüme baryp, atyň jylawyny zordan çekip durýarlar.

— Mährem aga, sür-sür, Mährem aga, senem sür! —diýýäler.

Mährem aganyň aty bolsa bir gün gorgunyna gidýä, iki gün geçensoň öňüni atyp, üçulenji günde toýnagy gyzýa.

— Haý, Mährem aga atymyzy çeke-çeke, biziňem halys el-aýagymyz gurady. Biz-de Öwez janyň yzyndan gidýäs, Sennem Bozdumanyn irde-giçde gyzyşar, şonda ýeter  ýörersiň-dä!—diýip, Mirim bilen Gammar ikisem ötägitdi.

Köse:

— Işim gaýtdy-ow! — diýdi. «Işim gaýtdy» diýiginiň sebäbi maýda külçe, çaý-temmäki, beýleki harajatlar — hemmesi oglanlaryň  torbasynda gitdi.

Köse aç öler boldy. Ana, onsoň, bu hem uruberdi Bozdumana  gamçyny. Hudaý uranda galkynýamy ol?!Her gamçy uranda, ýöne    guýrugyny bir bulaýlaýýa! Köse gylyjyn tyg ýanyndan tutup, desse ýany bilen ýaplaşdyrmaga  aýlanyşdy.

Bozduman şol seňkillewigine gidip, bir tokaýyn çetinden indi. Köse atyndan güpbe düşüp, bil pyçagyny syryp alyp, tokaýyň agajyn-dan dutaryň dessesine görä ýellesräk, pildessä  görä inçeräk, otuz bir taýagy pudap, daňdy syrtyna.

-- Haý, zaňňar  Bozduman, indi nädersin?! Biri döwülse,biri bilen — diýip,  Köse Bozdumanynyň kä sagrysyna, kä gapyrgasyna, kä kellesine ýaplaşdyryp ötägitsin.

Bular yzly-yzyna kowgynçy ýaly bolup gidibersin».

Indi habary kimden al, Görogly beg bilen Arap Reýhandai al!

Pylança günlük ýol ara düşensoň:

— Ýagydan saýlandym gerek — diýip, Arap Reýhan baran ýerinde Görogla gep atyp barýa:

— Aý, zaňňar Görogly sünni, Çardagly Çandybildäki Görogly sünni diýenleri sen bormuň?!

— Hawa, men borun!

— Sen bolýan bolsaň, Weýeňňam diýen ýurtdan Öwez jany alyp gaçan zaňňar, Gürjüstandan Leke patyşanyň gyzy Gülruh jany alyp gaçan zaňňar, Arabystan-dan biziň agamyzyň gyzy Bibijany alyp gaçan zaňňar, ile ot ýakdyrman ýören, haramy, eşek ogrusy, galtaman, pudul zaňňar, ahyry elime düşdüň gerek?!

Göroglynyň gahary gelip, o hem, Arap Reýhana gyjyt berip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Arap Reýhan, bu işiňe guwanma,

Ol Peleň dagyndan aşdygym bardyr!

Ganymy göremde, guwanar gözüm,

Meýdanda mes bolup, daşdygym bardyr!


Tokmak Soltan bilen gylyçlaşdygym,

Gylyçdan gyrmyzy ganlar saçdygym,

Nowzeriň gyzyny alyp gaçdygym,

Şonda seniň bilen duşdugym bardyr!


Arap Reýhan, eştit menin sözümi,

Seýran etdim dagy-daşy, düzüňi,

Damagyna tumar dakan gyzyňy

Ol Pelen dagynda guçdugym bardyr!


Dokuz surnaý, elli nagra çekilse,

Ýüz gyzylbaş dört ýanymdan dökülse,

Galkanlar üzülip, jüpbe sökulse,

Baryn bir arkana çatdygym bardyr!


Görogly diýr,derelerden ýol edip,

Arwatlaryň gözýaşyny sil edip,

Ýigitlerňi Çandybilde gul edip,

Bahasyn arzandan satdygym bardyr!


Arap Reýhan Göroglynyň elini öňküden hem berk baglap, alyp ötägitdi. Şo barmana-da Görogly ýoldan gapdala ýüwrüp çykýar, zarbyna  neri-de tentirekledip, ýoldan eýläk bir çykarýa, beýläk bir çykarýa. Munuň ýoldan çykýanyny görüp, Arap Reýhan  piliň üstüne syrtyny kese taşlap, «Berada, berada» diýip, bir söz aýdyp barýar. «Berada» diýeni arap lebzinde «Dogry ýöre!» diýeni bolmaga çemeli.Arap Reýhan şeýle diýip, Görogla  garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Tutdum adam serdaryň,

Hoşwagt-horram, berada!

Çandybiliň hüňkaryny,

Hoşwagt-horram, berada!


Gözden akan ýaş galdy,

Ülkeleriň daş galdy,

Çandybiliň boş galdy,

Hoşwagt-horram, berada!


Söweş meýdanda ýörsem,

Ykbal nesibin görsem,

Näme biýr sen ibersem,

Hoşwagt-horram, berada!


Piriň gelmez ýanyma,  

Suwsamyşam ganyňa,

Pil ýaraşar şanyňa,

Hoşwagt-horram, berada!


Görogly beg mat oldy,

Ahyrada at oldy,

Arap Reýhan şat oldy,

Hoşwagt-horram, berada!


Arap Reýhan bu sözi aýdan wagtynda, bir ýerinde «Piriň gelmez ýanyma!» diýdi. Muny eşidip, Görogly hem:

— Haý, zaňňar Arap, enşalla, seni derrew aldym-aldym! — diýdi.

Onda Arap Reýhan:

— Hä, zaňňar, neneň edip aljak?! Hälem janyň-dan umydyň bamy?! Neriň sagrysyna şemşer bilen bir gondursam, ner boýnuňy üzüp gidýä seniň! — diýdi.

Görogly:

— Her iş etseň-de, ahyrda, enşalla, men seni alaryn! — diýip, Araba garap, baş keleme söz aýdar boldy:


Mert menem, ýoldan azaşdym,

Arap, sen men-menlik etme!

Gapyl bolup, gola düşdüm,

Zaňňar, sen men-menlik etme!


Her menzilde guzy gapdym,

Baryp Ystambyly çapdym,

«Men-menlik» edip men tapdym,

Kuffar, sen men-menlik etme!


Gyrat gitdi Çandybile,

Habar berer biziň ile,

Häli ýeter Öwez bile,

Küffar, sen men-menlik etme!


Gyrat harlap, dagdan öter,

Kyrk ýigidim kowup ýeter,

Öz ýurduňa läşin gider,

Küffar, sen men-menlik etme!


Dewuşmedim seniň bile,

Umydym bar Öwez gele,

Göroglyny saldyň gola,

Kuffar, sen msn-menlik etme!


Görogly sözüni tamam etdi. Ýöne bu sözler Arap Reýhanyň gulagyna-da ilmedik bolarly. Onuň piliň üstünde irkiljiräp, şol gidip oturyşy.

Pylança günden bäri gijäni gündiz edip, uklaman gaçyp oturan Arap säher mahaly piliniň üstünde yrdyp-yrlyp gidýä, ukusy tutýan bolarly zaňňaryň. Görogly muny synlap barşyna:

— Şu zaňňar halys bolup gelýär-ow. Şuňa bir zeper edip bolmazmyka, janym?! «Doňuzdan bir tüem ýolmak — ýolmak» diýipdirler. Duşmana sähel zeperem zeperdir — diýdi.

Şu barşyna-da bikär gidenok. Eliniň daňysyna esewan etse, eli çişip, tanap içine batyp gidipdir

Aşak süýşürjek boldy — bolmady, ýokarlygyna suýşürmäge aýlanyşdy, birneme süýşdi. Süýşüre-süýşure tanapy tirseginden geçirdi. Tirseginden beýlesi boşady. Görogly indi barýan ýerinden: «Hudaýym, bir daş ýetir!» diýip, ýer sermeýä.

Çaýyň, siliň togalap gelen iki sany daşy eline ildi. Her haýsy ýetim oglanyň kellesi ýaly. Birini buýan goltugyna gysyp durup, birini bar güýji bilen rast atyp goýberdi. Degdi Arabyň ýeňsesine — gözi ýalpa açyldy. Yzy bilen Görogly buýankyny hem zyňan ekeni. Arabyň yzyna gaňyrlyp gözlän wagty bilen daşyň zyňlan wagty jüp düşüp, Arabyň burnunyň gapdalyna degdi-de, burnunyň ýarysyny goparyp, alyp ötägitdi. Gan tasap, elem-tas bolup, pilinden güpbe düşüp, Arap Reýhan geläkge, Göroglyny gabyr-gubur basdy, bilinden hanjaryny sogrup alyp, Göroglynyň bogazyna goýuberdi.

Görogly ýatan ýerinden gygyrdy:

— Haý, Arap, dur entek, dur entek, nätjek bolup ýatyrsyň, meni?

— Nätjegimi bilmeýämiň, kelläni alaýjak!

— Dur entek kellämi almankaň, üç-dört agyz sözüm bar!

.— Aýt, sözüň bolsa!

— Sözümi aýtsam, sen meniň kellämi alsaň, seniň emgegin köýýä.

— Ol näme diýip köýýä?

— Sen meniň kellämi alyp barsaň,Leke patyşa ynanmaz.«Mundan Göroglynyň kellesi bolmaz.Çandybile barmaga  gorkupsyn-da, bärden bir biçäräniň kellesini alyp gaýdyberipsiň» diýip ynanmaz.

Diri äkitseň, dilli kelledirin, emgegin jaýyna duşer, öldürme meni! — diýdi.

Ine, şeýdip, muny aldady. Arap öz ýanyndan: «Rast aýtdy bu» diýip, ustünden aýryldy.

— Eýse sen  zaňňar, pyýada  gitseň, hezil berjek däl bize — diýip goltugyndan tanap salyp, azyk-suwlugyna taý edip,Göroglyny hatapdan dikine asdy goýaýdy.

Görogly aýtdy:

— Wah, önki bolup barşym ýagşy eken-ä...

Goltugyny tanap gyýyp barýa  pahyryň, Esewan etse, Arap  ok-ýaýyny neriň hatabyna bent edip goýan.

 —  Oh-ow, zaňňaryň   aýdany çyn bold-ow, goşunynyň öňi etd-ow.

Arap şeý diýdi-de, dessine pili bir ýerde bent edip, ineri bir ýerde bent edip, alaşany münüp, ok-ýaýy alyp, Öweziň, garşysyna ýöriş etdi.

Öwez jan at gamçylap gelýädi. Gözlese, bir tüýsi bozuk, okuny gezäp gelýä. Öwez jan gorkup, atynyn jylawyny bu ýana sowuberdi. Arap:

— Haý, Öwez jan, gorkma-gorkma, bäri gel, bäri gel, saňa zat diýmerem, agaň bilen bile äkiderem! --diýdi.

Öwez jan: «Duşmana syýasat sözi her bir ýaragdan ötgür deger» diýipdirler — diýdi-de Arap Reýhana garap;

— Sen gorkýaňmy, men gorkýanmy, şu sözlerden many al! — diýip, bir nama aýdar boldy:,


Reýhan arap, gözläp sözle jyzany,

Söweşer men, ynha, meýdan — bäri gel!

Biajal çykmaýa peşäniň jany,

Dewüşer men, ynha, meýdan — bäri gel!


Uzak ýoldan geldim seniň kastyna,

Atar men, çapar men duşman destine,

Gorkan adam gelmez seniň ustüňe,

Seweşer men, ynha, meýdan — bäri gel!


Eýa, melgun, bakma ýaman gözüňden,

Zerre heder etmen aýdan sözüňden,

Men gorkmanam duşmanlaryň ýüzünden,

Sanjyşar men, ynha, meýdan — bäri gel!


Sen dek namart köpdür uşbu dünýäde,

Gorkanyňdan özüň ýüz müň gaýgyda,

Lah-lah urup, gülüp durma beýhuda,

Lap urma-da, ynha, meýdan — bäri gel!


Öwez diýer: gelip kylgyn dalaşy,

Bu meýdanda bolsun Rüstem söweşi!

Güýjüň ýetse, kesip algyn bu başy,

Seweşer men, ynha, meýdan — bäri gel!


Öwez şeý diýse-de, özi welin, Arabya ýanyna gele-de bilenok, aýrylyp   gide-de bilenok. Ol gaýdyrylyp, at goýup, Arabyň kä bu ýanyna, kä o ýanyna geçýä» Arap zat görmedik kişi bolup, ýere bakyp, gezip ýör„ Bir ýakynlaşyp gelen mahalynda, rast üzeňňä galyp ýaýy şatyrdadyp, atyp iberdi, Ýaýyň kirşi üzülip ok orta ýoluna patda gaçdy. Agramyna üzeňňi bagy uzülip, minara gaýdan ýaly atdan başaşak gaýdyberdi. Munuň ýykylanyny bilip, Öwez jan dogrulap at goýdy.Ýakyn geliberende, Arap Öweze garşy ýa'ýy gezäberdi. Öwez ýene atyň jylawyny bu ýana sowdy. Arap onuň yzyndan ýaýyny zyňyp galdy. Onuň yzyndan üzeňňesini zyňdy-da gyssana-gyssana ses ýeter ýaly meýdaný  Göroglynyň ýanyna geldi.

Göroglam nerin üstünde:

— Haý, Öwez jan,kyrklar basym geljekmi?!-- diýip gygyryberdi.

— Haý, aga, seniň tamaň köp ekeni. Saňa kyrklar kaýda, zat kaýda! — diýip, Görogla  garap, Öwez bäş keleme söz aýdar gerek:


Garşydan Reýhan gelipdir,

«Gel» diýsem, gelmez, Görogly!

Top-top halka gurulypdyr,

«Gel» diýsem, gelmez, Görogly!


Çandybil bize ýurt oldy,

Ýandy ýüregim, gert oldy.

Kyrk ýigidiň namart oldy,

«Gel» diýsem, gelmez, Gerogly!


Kyrk ýigit bize daş oldy,

Gözlerim ganly ýaş oldy,

Sapar Mährem ýoldaş oldy,

Özgesi namart, Görogly!


Kyrk ýigit diýenim etmez,

Bozdumanlym dagdan ötmez,

Men bir oglan — güýjüm ýetmez,

Gel, bir geňeş ber, Gärogly!


Çandybiliň ýoly düzdur,

Gijeler maňa gundizdir,

Han Öwez şu gun ýalňyzdyr.

Bar, alla ýaryň, Görogly!


Öwez bu sözi aýdandan soň, Görogly aýtdy:

--  Haýp, şu kyrk ýigide berip ýören duzum, edip ýören hyzmatym, «Sapar mährem ýoldaş oldy, BozduManlym dagdan ötmez» diýip aýdýa, Gelýän Köse bolsa, müneni Bozduman bolsa, hudaý bilsin — erte öýlänmi, birigün?! Oňa çenli Arap öldürmese-de, tanapdyr hatap gysyp öldürýä meni.

Görogly ýene artykmaç bir eden işine puşeýman etdi. Öweze uruş tälimini öwretmän ekeni. «Uruş tälimini öwretmänim öz aýagyma teşe boldy. Muňa uruş tälimini öwreden bolsam, duşman elinden alardy», ýene-de aýtdy: «Öwrenmese, uruş tälimini öwrenmän-Dir, özge tälimleri öwredipdim. Öweze uruş tälimini öwredip, bir söz aýtsam, gaýym zehinine alar, Zehini ýiti oglandyr, beýnisi kütek oglan däldir» diýip, Öweze garap, bäş keleme söz aýdar boldy;


Öwez janym, bu meýdana gireňde,

Ozal sypaýçylyk etmegiň gerek!

Gördüň sypaýçylyk başa barmasa,

At başyn dönderip gaýtmagyň gerek!


Men biler men bu uruşyň girdabyn,

Ozal başlap öldürerler serdaryn,

Goşun dogry gelse, merdi-merdanyň,

Basyp, ýykyp, sanjyp ötmegiň gerek!


Bedew münüp, meýdan meste köwlendim,

Ganymyma ajdar kimin towlandym,

Menem bu uruşy itden öwrendim.

Kähi gaçyp, kähi kowmagyň gerek!


Kyrk ýigidiň diýeniňi etmese,

Gardaşlyk eýleýip, ýola gitmese,

Oglanlyk eýleýip, güýjüň ýetmese,

Gyraty erkine goýmagyň gerek!


Müşgile düşende, ýat eýle bizi,

Mert ogly näbilsin ellini-ýüzi,

Öwez jan eşitseň, Göroglyň sözi,

Bize bir ogullyk etmegiň gerek!


Bu sözi aýdansoň, Öwez gaýym zehinine aldy. Arap zaňňar hem düşünäýdi muňa, Ol Ah, bu zaňňar muňa uruş tälimini öwredip dur-ow. Men özüm akylsyz, köwek bolmasam, bu zaňňaryň gepine gidermidim?! Öldürip, kellesini alman, inere ýükläp ýörün ahyry muny — diýdi. — Şuny öldürim kellesini alsam, başga ýüz müň-ýüz müň ýygny bolsa-da başararyn. Hemmesiniň sütüni şu zaňňrdyr.

Şeýle diýdi-de, Arabyň indi Öwez bilen işi ýok. Alaşany münüp, göni Görogla garşy sürmäge aýlanyşdy. Alaşany inere ýanap durup, hatapdan Göroglyny çözmäge durdy.

Öwez özüne göwünlik berip:

— Zaňňar Öwez, on bäşiňden on altyňa gadam basypsyň. Haçan iş bitirip, haçan är boljak sen? Şu ýerde bir iş bitirmeseň, ömrüňe iş bitirmersiň Seniň näme gaýgyň bar? Gyrat aýagyň teýinde, düýrme gylyç biliňde, syrly naýza golunda!— diýip, özüne göwünlik berip, gözüni ýumup, Gyratyň jylawyny Arabe garşy ýazdyryp goýberdi. Şol gaýdyşyna-da hyrlynyň oky ýaly bolup Arabyň ýeňsesinden hasyrdap geldi. Jylawy boş duran Arabyň ýabysy, Gyratyň zarbyna ürküp gaçyp ötägitdi.

Arap özüni rastlap, ýabysynyň jylawyny çekjek boldy. Onynça Öwez ýetdi-de ýagyrnysyndan urdy naýzany. Arap Reýhan naýzanyň zarbyna eýerden ileri düşäýdi. Şol baryşda Arabyň ýabysy büdräp gitdi. Arap hem ýabysynyň boýnuna gaçdy. Ýaby rast horguryp, satanyna göterip goýberdi — Arap Reýhan yer gujaklap ýatyberdi.

Öwez naýza işledimikä diýip Araby şol basyp dur. Emma Arap Reýhanyň ýagyrnysynda çar aýna bar ekeni. Şonuň üçin naýza goltugyndan ötüp, ýere degin duran ekeni. ýöne ol atdan ýykylanda essi aýylyp ýatan ekeni.

Şo wagtda habary kimden al? Mirim, Gammar dagydan al! Bu iki oglan beýleden zompa çykaýdylar. Bular-da Öweziň yzyny alyp, kowup gelýän ekenler. Görseler, Öwez Araby agdaryp, naýza bilen basyp dur.

Teni awamadyk oglanlar, bular uruş-galmagaly nirede görüpdir? Güpbe atdan düşüp, ýüwrüp gelip, her haýsy Arabyň kellesiniň bir ýan gapdalyna geçip uruberdiler. Biriniň elinde şeşper, biriniň elin-de aýpalta, sokuda däne döwen ,ýaly, gezekme-gezegine ýaňkynyň kellesine inderiberdiler, Öwez naýza bilen şol basyp dur. Mirim, Gammar şeşper, aýpalta bilen urup durlar. Görogly bolsa ineriň gapdalynda bulara tomaşa edýä. Şol durşuna ol:

— Berekella, han Öwezim! - diýip, Öweze    garap,bir söz aýdar boldy:


Bu meýdanda kowup ýetdiň,

Berekella, han Öwezim!

Maňa tüýs ogullyk etdiň,

Saňa gurban jan, Öwezim!


Ýanyna ýakyn baraýyn,

Gyratym saňa bereýin,

Çalma, damagyn göreýin,

Berekella, han Öwezim!


Ýigit gerek asyl zatdan,

Hünär öwrense ussatdan,

Araby agdardyp, atdan,

Berekella, han Öwezim!


Açylan gülleriň zary,

Ýetmedi sabry-karary,

Görogly begiň hossary,

Berekella, han Öwezim!


Şu sözi aýdanda, sözüniň bir erinde Görogly: «Ýigit gerek asyl zatdan, hünär öwrense ussatdan» diýdi. Öwez bolsa Araby atdan agdaranyna monça bolup, «Özümden başga är ýok!» diýip, gabarylyp duran ken. Ana, onson. ol:

— Pah, zaňňar-eý! Menden  asyl  bold-ow bu, ýene menden özi ussat bold-ow munuň! Sen bir asyl bolýan bolsaň, sen bir ussat bolýan bolsaň, munuň golunda ineriň gapdalyna daňlyp, näme iş edip barýasyň? — diýidi-de, Öwez jan   naýzany çekip alyp,   öýkeläp, beýläk ötägitdi.

Arap zaaňar atdan ýykylanyna henizem essi aýylyp ýatan ekeni. Şeşper, aýpalta bolsa oňa çybyn çakan-da ýok. Bir mahaldan essine gelip, tarsa yerinden turdy, Gözlese, gapdalynda iki sanjak oglan bar. Her oglany bir goltugyna gysyp, beýle ýany bir tokaýdy,  şol tokaýa garşy bükürdini urup ötägitdi büküdip. Aý, garaz, Öwez öýkeläp, bu ýana,Arabam oglanlary alyp, o ýana gitdi.

Görogly aýtdy:

— Wah, zaňňar, şu ýerde birje agyz gepi göwnüne ald-ow bu. Indn bolmady.Ýamaşgandan ýalbaryp bir söz aýtmasam.

 Ana, onsoň, Öwez jane ýalbaryp, ineriň gapdalynda golunda sazy bolmasa-da, dilinde sözi, bäş keleme söz aýdar boldy:


Seni maňa möwlam berdi,

Senmisiň, gassabyň ogly?!

Arşa direg — paýa urdy,

Senmisiň, gassabyň ogly?!


Durmagyn, ýolum tusarlar,

Şirin janymy keserler,

Eltibem dardan asarlar,

Rehimsiz gassabyň ogly!


Geçir, bu gün hatam, sen-sen,

Maly, mulki, matam sen-sen,

Agam sen-sen, atam sen-sen,

Ulymsyň, gassabyň ogly!


Gözüm gördi Öwez jany,

Baryp, ýykawer Reýhany,

Aldy gitdi iki oglany,

Ýet, bu gun gassabyň ogly!


Görogly aýdar, janym ajam,

Bir boldy gundizim-gijäm,

Hem halypam sen, hem hojam,

Pirimsiň, gassabyň ogly!


Bu sözi aýdansoň, Öwez jan akylyna aýlandy. Ol: «Alla, Görogly ýaly ýigitler neriň gapdalynda daňlyp durup, bize-de ýalbaryp, bu bolup barşym hebes ekeni» diýip oýlandy-da, Öwez jan Gyratyň jylawyny yzyna aýlady. Esewan etse, Arap her oglany bir goltugyna alypdyr. Tokaýyn seýregräk ýerinde daňa galan doňuz ýaly, hälem bukudip, şol gaçyp otyr.

Indi Öwez janyň ýüregi berkişdi, Arabyň ýagyrnysynda çar aýna baryny aňlady. Bu sapar gözuni şakäse kimin edip, naýzany goltugyna gysyp, «Alla!» diýip, Araba tarap at goýdy.Şol bada-da ýetdi Arabyň yzyndan, urdy ýagyrnysyndan naýzany edil degir-

mene süýbek kakan ýaly edip, Araby gaýym ýere berçinledi.

Oglanlar goltugyndan çykdylar bu ýana, howatyrlanyşyp dur neresseler. Bular bu ýerde Araby ýere berçinlediler.

Indi habary kimden al? Bozduman bilen Köseden al!

Aralykda bir dag bilen gyr bar, şonuň bärsinden Köse-de bardy. Bozdumanyň toýnagy gyzypdyr. Otuz bir taýagyň iň soňkusy galypdyr. Gorkak adam özuňe belli: «Alla, bu Arap Mirim bilen Gammary alan bolsa, Öwez jany-da alan bolsa, Gyraty-da münen bolsa, Bozdumanyň-a toýnagy gyzypdyr, bolsa-da Gyrat dyzgadyr, gaçanym bilen gutarmaz. Ol oglanlara-ha nirä baranda-da ölüm ýok. Süriniň içinden serkesini saýlap öldüren ýaly, ele duşsek, ölüm bizinkidir» diýip, Köse oý-çen edýä. Sonra: «Gel, işimi ham et« mäýin» diýip, atdan düşüp, dagyň gädiginden gözledi. Arabyň heläk bolanyny bildi. Ýamaşgandan Bozdumana münup, gygyryp at goýup, oýa garşy gaýdyberdi. Özi inere baka at salyp gelýä, iki gözi bolsa Öwezde, Şol gelşine-de:

— Haý, zaňňar Öwez, Görogly häli hem ineriň gapdalynda görunýä-le, muny çözup aýyrman, bu ýanda näme işläp ýörsüň ahyry?! — diýip gygyrýa.

Habary kimden al? Bozdumandan. Munuň, toýnagy gyzanda, damagy uwelýän haraz ýaly harryldaýa. Toýnagynyň hasyrdysam otuz ýabylynyňkyça bar. Damagyň harryldysy, toýnagyň hasyrdysy, Kösäniň galmagaly, parahat gäwuşäp, çökup oturan ineriň gulagyna ýetip, tarsa ýerinden turdy, kä tumşugyny ýere diräp, kä Kösä gözläp, lemmer berip, pyrlanyp, aýlanyberdi.Ýeke-ekeden pat-pat tezek taşlap, guýrugyny tersine gaňryp iner rast bir dyzady. Arkanlygyna taşlap-taşlap çetniginiň duýbunden uzup, ötägitdi selp-selp etdi-de, Köse at goýup gelýädi, gözlese, öňunde iner ýok. Gözlese, hol dagyň julgesinden barýa. Uruberdi Bozdumana gamçyny.

---------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Çetnik — düýäniň  burunlygy  bilen baş bagyny sepleşdirýän agaçjyk,,

 Aý, Bozdumana el berjekmi iner. Bozduma-nyýa etebilmejegini bilenden sod, Köse:

— Dat, Öwez jan, öňünden bol! — diýip, Öweze gy-gyrdy.

Öwez jan gözlese, Göroglyny alyp, iner gidip barýa. Bu-da naýzany goýup şol tarapa baka Gyratyň jylawyny ýazdyrdy.

Pah, ineriň tumşugy ýel alypdyr — garlawaja öňüni berjekmi?! Düşüpdir iki dagyň jülgesine, ýüzüni keseräge-de tutup, dodagyny tohum paçak ýaly edip, zyňýa patanaklap, heý, görlen däl!

Görogly hatapda bulaň-sulaň bolup barýa:

—  Işim gaýtdy, iner meni Gurjustana äkitjek...

Öwez  nere görünmän,gapdallap  kowmaga   aýlanyş-dy. Ýene bir dagyň gädiginde öňünden çykdy. Muny görüp, iner yzyna dolanyp gaçdy. Köse-de lepbildäp kowup gelýä yzyndan. Dagyň derbendini alyp duruber-di Köse zaňňar. Ineriň sowulara ýeri ýok, sürdi Kösäniň, üstünden.

Ýakyn geliberende,Köse-de Bozdumany depip baryp, ineriň boýnundan gujaklap, çetniginden tutup, dikine atdan zyňyberdi. Çetniginden tutulan-soň ineriň jany ýok, onynça Öwezem ýetip gelip, aty ýanap baryp, ýaňky tanaplary pyçak bilen kesip iberdi. Görogly şalka düşdi ýere. Ne dem bar ne düýt bar, ölen ýaly bolup ýatyr. Öwez atdan düşüp, el damaryny owkalamaga oturdy. Görogly üç sagatdan soň gözüni açyp:

— Haý, zaňňar Köse,Arap meniň din duşmanim  bolsa, sen  meniň süňk duşmanym ekeniň! — diýdi.

— Aý,  zaňňar Görogly,aç-suwsuz  yzyňdan gelip,senden  eşitjek  hoşamat gepim şu boldumy?! Baý hezzetlediň-ä!

— Şu gelşiňe, menden ýene hoşamat gepem eşitjekmidiň, ineri urkuzip, tas-a öldüripdiň meni!

— Ineriň ürkekliginden habarym ýok. Enesiniň burnuny sykyp, golda dogdurmandym, how!

— Alla, ýygna at saldyn-a,tuguna at saldyn-a.Atdan düşup «moh-moh, juk-juk» diýip gelsen bolmyýamy ahyry?

— Görogly, men atdan düşüp, badymy gaýtaryp,Bozdumany  iýdip  «moh-moh, juk-juk» diýip, düýe bakyp ýören çopan däl!

Öwez Görogla:

— Aga, kempir kinäňi goýsana, ýagşy bolan bolsaň, atlansana! — diýdi.

Atlanyp, Arabyň ýanyna geldiler. Naýzany çekip aldldylar.

— Ah!—diýip, Arap bir agdaryldy. Häli ölmän ekeni, zaňňar. Öwez Arabyň sytarasyna gezläp, golunda sazy bäş keleme söz aýdar boldy:


Çarşenbe gün çäş bolanda

Ajap bir merde uçradym.

Serim kemala gelende,

Bir şiri-merde uçradym.


Ýok dünýäniň ähtibary,

Batyr ähli çeker zary,

Üç müň ýygynyň serdary,

Bir şiri-merde uçradym,


Çäşgäh wagty saldym söweş,

Haýyp, boldy meýdanda läş,

Her murtlary dokuz garyş,

Bir şiri-merde uçradym,


Öwez, at oýnadyp ýetdim,

Gahar bilen bir tyg atdym,

Öldürdim-de puşman etdim,

Bir şiri-merde uçradym,


Onsoň Görogly:

— Öwez jan, düýrme gylyjy alyp ber bu ýana! -diýdi.

Düýrme gylyjy alyp berdi. Görogly Arabyň kellesiniň çykan ýerine kakyp iberdi. Kümmez ýaly kellesi bu ýana gitdi, gan şarlap, bu ýana akdy, Maslygyny bölek-bölek edip, gylyç bilen kesiberdi,

Onda Köse:

— Görogly, kaklap iýjekmi muny?! — diýdi.

Görogly:

— Seniň işin bolmasyn,  Köse! — diýdi. Göroglynyň dili siňňilli ýaly aýdan gepi geläýdi. Öň bir namasynda «Öz ýurduňa läşiň gider» diýipdi.

Öwez hem bu bolan işlere haýran bolup, bu merdana Arabyň beýle ölümine haýpy gelip, ýene bäş keleme söz aýdar boldy;


Gökden ýere bir ot duşdi,

Kuýaş ere duşdi, sandym!

Arap Reýhan bir daş atdy

Gürji dagdan aşdy, sandym!


Gahar edip geldi bäri,

Tutdy ol namysy-ary,

Gürji iliniň serdary,

Bu älemden geçdi, sandym!


Başyňa kysmaty geldi,

Bu gün peýmanasy doldy,

Bir goç ýigit zaýa boldy,

Ölüp, läşi çaşdy, sandym!


Öweze alladan perman,

Medet berdi Şahymerdan,

Gulaç germän, gylyç urman,

Arman bilen geçdi, sandym!


Öwez işim boldy efgan,

Öldüremsoň, çekdim arman,

Meýdanda söweşip görmän,

Ýigit gala düşdi, sandym!


Şundan soň Arabyň maslygyny bölekläp, bir çalça salyp, pile ýükläp, Gürjüstan ýurduna goýberdiler. Pil maslygyny alyp Gürjüstana ötägitsin.

Görogly dagy-da Arap Reýhanyn alaşasyny, inerini, kellesini alyp, dönüp gala gaýdybersinler, Göroglyny gelýän ýerinde birhili horluk basjak boldy.

Ol:

«Meniň şu gelşim böriniň agzyndan owlak-guzy gaçança ýok. Muny nämeden görýän — öz ýekeligimden. Gündizlikde barara nä ýüzüm bar?! Gijäni ýüzüme tutup baraýyn. Dostum haýsy, duşmanym haýsy, ony bileýin!» diýip, pikir öwürýä içinden.

Şeýle diýip, göwni bozulyp gelýädi. Öwez onuň göwnündäkini bilip, gala ýetmän, atdan düşüp, çaý-çilim bedessur kylyberdi,

Köse:

— Öwez jan, bu ýerde nämänin çaý-çilimi, bir gala baryp bedessur kylynanda bolmyýamydy bu?!—diýdi.

—   Köse, meniň göwnümdäkiný Öwez jan bilýä, siz   bilmeýäsiňiz — diýip, Görogly ýigitlerine bakyp, bäş keleme söz aýdar boldy:


Eý, ýaranlar, goç ýigidiň

Ozal-ha bir aty gerek!

Ýanynda kesgir gylyjy

Ýaýy ondan gaty gerek!


Pelegiň çirki dünýäsi,

Ötdi ömrüm, galdy näsi,

Jüpbe, sowut-tuwulgasy,

Bedewler gaşynda gerek,


ýigit gerek şirin sözli,

Köňli açyk, güler ýüzli,

Şir penjeli, laçyn gözli,

Bili, egni tutuş gerek!


Ýigidiň bolsa döwleti,

Bedew bolsa münen aty,

Hem sowady, bolsa-haty,

Seri-akly doly gerek!


Görogly aýdar, biçäräniň

Hasaby ýokdur ýaranyň,

Oturan goçak töräniň

Döwleti daşynda gerek!


Görogly bu sözi aýdandan soň, gün batdy, gögeýin ýygyldy, Bular-da şondan soň, gala tarap ýöriş etdiler.

Habary kimden al, galada galan kyrk ýigitden al!

Görogly gideli bäri, hapaçylykda ýatypdyrlar. «Bu günlere çenli Görogla näme boljak bolsa bolandyr-la. Bu ötüp barýan dünýäde wagtyhoşçulyk eden utar, gowusy, meýlise, gürrüňe başlalyň» diýşip, kyrk ýigit ondan-ondan —dört bölünip, Göroglynyň barjak agşamy meýlise başlapdyrlar. Her haýsy bir semiz berre-guzyny soýup: «Kimiň nahary ýagşy bolarka?!» diýşip, biri kabla, biri şüle, biri süzme, biri ýahna bişirýä.

Görogly dagy derwezäniň, daşyndan bardylar. Köçe bilen sürüp barýalar, meýhananyň agzy ýapyk, derejeden yşyk çykýa, üzeňňä galyp gözleseler, käsi nahary salyşdyryp otyr, käsi et dograp otyr, käsi süňk gemrip otyr.

Köse:

— Öwez jan, işigi açyp goýber. Köp dursa,agaň zyýany tutar! —diýdi.

Öwez atdan düşüp, işigi açyp goýberdi. Işigi açansoň, durmak bolmaýa-da, Görogly atdan düşüp, ätläp içerik girdi. Oturan ýigitler ýalta äňetseler, Görogly ýüzlerine bakyp dur. «Işimiz gaýtdy. Iň soňunda wagtyhoşlugyň üstüne geler boldy» diýip, oýa batdylar. Et dograp oturan goluny gybyrdadyp, bu otyr, süňk gemren it dişlän ýaly, bu otyr. Nahar iýip oturan owurdyny topbardyp, bu-da otyr, garaz, boldy bir haýrançylyk. Onynça Köse-de Arabyň kellesini ortara zyňdy gülçüldedip. Öweze-de: «Agaň gaharynyň açylma enjamyny edewer!» diýip, ümläp goýberdi.

Şol wagt Görogly ýigitleriň bu bolup oturyşlaryna gülüp goýberdi. Göroglynyň gülenini görüp, Öwez gol gowşuryp durşuna:

-- Haw, aga, arzym bar?! — diýdi,

— Näme arzyň bar, Öwez jan?!

— Şu ýüzigaralaryň ganam bolsa, günäsem bolsa, maň,a öt, aga!

-- Haý, Öwez jan, gabagyňy çytma, bar ötdüm!

Ýigitler turup, gulluk aýtdylar.

— Haw, Görogly aga, ganymyz-a ötdüň, indi bir gullugymyz bar. Başyňa düşen işlerden bize habar beräýseň diýýäs indi!

— Bolýa! — diýip, Görogly sazyny goluna alyp, başyna düşen işleri habar berip, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Arap at girse meýdana,

Çapar harlaýa-harlaýa.

Düýrme gylyç Öwez bilen

Keser parlaýa-parlaýa.


Başyňyzda elwan leçek*,

Biliňizde tylla pyçak,

----------------------------------------------------

1 Leçek — aýallaryts başdaňysy,;

Arap golunda bir goçak

Gitdi horlaýa-horlaýa.


Beglere diýsem sözümni,

Duzum baglasyn gözüňni,

Ondan-ondan bir guzyny

Iýiň gürlee-gürlee!


Göründi Gyratyň tozy,

Ýalan däldir merdiň sözi

Han Öweziň güler ýüzi,

Ýetdi derlee-derlee.


Sapar ýanynyň ýoldaşy,

Mirim, Gammardyr gör daşy

Palaw başynda köp kişi,

Otyr gürlee-gürlee.


Goç ýigitler söweş gurar

Mert işin alladan görer,

Batyrlarym gylyç urar

Dönüp arlaýa-arlaýa!


Eşitsinler begi-hanlar,

Sowuldy ümür-dumanlar,

Ýarasyndan akan ganlar,

Gitdi şarlaýa-şarlaýa!


Dag başyndan duman ösen,

Arabyň kellesin kesen,

Görogly beg aman-esen

Geldi barlaýa-barlaýa.


Görogly bu sözi aýdansoň, Öwez oňa:

— Aga, sen kempir kinäňi goý-da, apamyn ýanyna bar! Biz kyrklar bilen meýhanada wagtyhoşçulyk edeli! — diýdi.

Onda Görogly:

— Öwez jan, meniň göwnümdäkini sen bilýäsiň! — Diýdi.       

Şol mahal Agaýunus periniň özi haremhana geläýdi. Ol Öwez janyň, bitiren işine guwanyp, bir nama aýdar boldy:


Şükür edeýin, ýüzüm düşdi ýüzüňe

Bir beýik abraý aldyň, Öwez jan!

Aýlanaýyn atyň bilen özüňe,

Kyrk ýigide serdar bolduň, Öwez jan!


Reýhan bilen söweş gurduň merdana,

At bökdürip, oýun saldyň meýdana,

Owazaň ýetişdi Rum, Ispyhana,

Mertlik bilen belli bolduň Öwez jan!


Ýunus diýr, başymy gurban edeýin,

Indi saňa ahyr sözüm aýdaýyn,

Seni kyrk ýigide serdar edeýin,

Çandybile soltan bolduň, Öwez jan!


Bu sözi aýdansoň, kyrklar hem mes bolup, toý-tomaşada boluberdiler.Görogly beg hem öz perizady bilen gujaklaşyp, keýpi-sapada döwran sürüberdiler, Goý, sürübersinler!