OGUZNAMA

DÜZÜJIDEN

Türk halklarynyň ruhy we medeni mirasynda ; Oguznama ; kitabynyň uly orun tutandygy taryhdan mälim.

Bu kitabyň köp sanly dessanlaryň hususiýetlerini özüne siňdirendigine garamazdan, oňa köp halklar, ilkinji nobatda bolsa , Türkmen halk hakyky taryhy kitap hökmünde seredip gelipdir.

«Oguznama»Türk halklaryň köp asyrlaryň dowamynda başlaryndan geçiren gün-güzeranyny, ylaýta-da uzak taryhy ýoluň başlangyç döwürlerini suratlandyranda, Ertekilere çalym edýär. Ýöne Türki halklaryň Ýuwaş-ýuwaşdan Gündogardan Orta Aziýa süýşmekleri , gadymy oturymly halklar bilen gatyşmaklary, medeni, ykdysady gatnaşyklaryň aktiwleşmegi «Oguznamanyň»taryhy mazmunynyň güýjemegine getiripdir.

Gündogar halklarynyň köpsine mahsus bolşy ýaly, Türki halklar hem öz taryhy geçmişini agzeki ýol bilen nesilden-nesile geçirip gelipdir. Elbetde  Hat-ýazuw peýda bolup , ony halkyň wekilleriniň özleşdirmegi kitap görnüşindäki ýazuwly çeşmeleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr. «Oguznama»kitaby hem irki döwürlerde hat üsti bilen kitapda berkidilipdir. Ýöne ýazuw serişdeleriniň ygtybarsyzdygy (deriniň gatap pytramagy) we irki hatyň (Runiki we uýgur) ýeterlik özleşdirilip ýetişilmänligi sebäpli ol çeşmeler bize gelip ýetmändir.

Diňe Uýgur we Arap ýazuwynda orta asyrlara degişli ujypsyz ýazuw çeşmeleri saklanyp galypdyr.

Arap ýazuwyndaky Türki kitaplaryň, her halda, köpräk bolandygy mälim. Bu ýagdaý  «Oguznama» kitabynda-da gös-göni degişlidir.Muňa delil hökmünde , hywa Hany we görnükli Taryhçy Abdulgazy Bahadur( 1603-1664) aşakdaky sözlerini görkezmek bolar:

Türkmeniň Mollalary we Şahyrlary we Begleri meniň Taryhy ýagşy bilerumny eşitip tururlar. Dagy bir gün barçalary gelip arz kyldylar. Kim „ Biziň içimizde; Oguznama ; köp turup, emma hiç ýagşysy ýok, barçasy galat we birsi-birsige muwafyk ermez, her kaýsy bir türlük we bir dürst,ygtybar kylgudek taryh bolsa erdi, ýagsy boludur erdi“ diýip öten kyldylar erse, anlarynyň ötenlerini kabul kyldym“ .

Bu sözlerden Abylgazy Hanyň Türkmenleriň ýörite haýyşy boýunça taryhy kitap ýazyp berendigi mälim bolýar. Ol kitap « Şejereýi Teräkime» (Türkmenleriň nesil daragty) ady bilen meşhur bolup, biziň halkymyzyň arasynda rowaçlyk gazanypdyr. Şol wagtyň özünde-de, Abylgyzynyň kitaby Oguz we onuň nesli baradaky rowaýatlary öz içine alyp, «Oguznama»kitabynyň birneme gyrada galmagyna sebäp bolan bolmagy hem ähtimal.

Abylgazy „ Şejereýi Teräkime“ kitabyny 1661-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Onuň güwä geçmegine görä, Türkmen wekilleriniň oňa öz aralarynda ; Oňguznama ; kitanynyň köp ekenligini aýdyp, ol kitabyň nusgalarynyň « Bir-birine dogry gelmeýändigini, her haýsynyň bir dürli» bolandygyny nygtamaklary gyzykly faktdyr.

«Oguznama» köp bolmagy, bir tarapdan, bu kitabyň Uýgur hatynda ýazylan nusgalarynyň hem bolan bolmagy mümkin diýen netijä getirýär. Ikinji tarapdan, nusgalaryň bir-birine dogry gelmezligi bu kitybyň dürli Redaktsiýalarynyň bolandygyny şaýat bolsa gerek.

Elbetde «Oguznama» Abylgazynyň döwri bolan XVII asyrdan has irki döwürlerde-de Türkmen halkynyň sowatly gatlagynyň elinde bolan kitaplarynyň biridir.

Abylgazy Iran-da ak öýli edilip, Isfehanyň golaýyndaky Tabarek galasynda 10 ýyl saklanýar. Şonda ol taryhy kitaplaryň 20-ä golaýyny emikli okapdyr. Şol kitaplaryň arasynda Fazlolla Reşideddiniň (1318-nji ýylda ölen) «Jami at-tawaryh» ( Taryhlaryň ýygyndasy) atly örän ähmiýetli kitabynyň-da bolandygy Hanyň öz sözlerinden belli.

Fazlolla Reşideddin bu işini ( „Jami at-tawaryh“) 1300-1310-nji ýyllarda ýazyp gutarypdyr. Örän uly ähmiýete eýe bolan bu ählumumy taryhy kitap Pars dilinde ýazylypdyr.Ol tiz wagtyň içunde bir näçe dillere, şol sanda Türki dilde terjime edilipdir. ( «Jami at-tawaryh» bir bölegi ( oguz han we onuň nesliniň taryhy) we ( Türk Soltanlarynyň we padyşahlarynyň zikri) atlandyrypdyr. Reşideddiniň kdalanypdyr. Itabynyň şu böleginde Abylgazy ýerlikli peýdalanypdyr. Emma Abylgazy handan bir asyr töweregi öň Nusaýli Türkmen Salar baba Gulaly ogly harydary Reşideddiniň ( «Jami at-tawaryh» kitabynyň gös göni parsça-dan şol döwrüň Türki diline terjime edipdir. Taryh we Medeniýet babatda örän uly ähmiýete eýe bolan bu terjime 1555-1556-nji ýyllarda amala aşyrlypdyr.Bu terjime indi 50 ýyla golay TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we Edebiýat inistutynyň Golýazmalar Fondunda saklanýar.

Şu Fondaky senesi belli bolan Türki Dilli kitaplaryň arasynda Salar babanyň kitaby iň gadymy kitapdyr, XVI asyra degişli bolan başga Türki Dilli kitap bizde (TSSR  YA-da) häzire çenli ýok.

Örän uly göwrümli bu terjime ( „Jami at-tawaryh“)  kitabynyň ((TÜRKI kowumlaryň Taryhy)), ( Seljuk nesliniň taryhy), ( Hytaý taryhy), ( Izraýyllaryň taryhy), ( Hundi taryhy), ( Gazanhanyň taryhy) bölümlerini öz içine alýar.

Gürrüňi edilýän golýazma barada Edebiýatçy alym M. Kösäýew 1945-nji ýylda ( Türkmen Taryhçysy Salar baba) atly makalasyny ýazýar. Soň bu golýazma düýbünden gözden salnypdyr diýilse  ýalňyş bolmaz. Munuň esasy sebäbi durgunlyk ýyllarda köp halklaryň Milli ýazuw mirasyna nädogry baha berlip, oňa sowuk-sala garalyp gelenligidir. Medeni mirasa sowuk-sala garamaklyk islendik jemgiýete watançylyk ruhy pese düşmegine eltýär. Taryhsyz halkyň bolmaýşy ýaly, bir halkyň taryhyny öçürmeklik ýa-da ony bir maksat bilen ortadan syryp   bolmaz. Her bir Halk öz Taryhy bilen gyzyklanmasa , ol özüniň ownamagyna , sotsial taýdan  pessiwleşmegine , öz geljegine biperwaýlygyna ýol açýar.

Biz salar babanyň terjime eden bölümlerinde diňe (( Oguz we onuň nesliniň Taryhy)) , ( Türk Soltanlarynyň we padyşahlarynyň zikri) atly bölümleri okyjylarynyň dykgatyna hödürleýäris. Şu ýerde bir zat belläp geçmeli .

Terjimäniň diliniň dilçi alymlar umuman, Türkmen diliniň Taryhy bilen gyzyklanýarlar üçin örän gyzykly bolmagyna garamzdan okyjylary giň köpçiligi üçin belli-belli ýerlerde kynçylyk döretmegi mümkin.

Şeýle ýagdaýlary nazara alyp, terjimäniň tekstiniň dilini häzirki zaman Türkmen edebi diliniň normasyna golaýlaşdyrmagy makul bildik. Munuň üstesine-de Salar baba öz terjimesinde Arap we Pars sözlerini giňden ulanypdyr. Käbir hallarda bolsa, onuň tutuş sözlemleri Pars dilinde  ýazyp giden ýerleri-de bar. Golýazmanyň hatynyň dört ýüz  ýyldan gowrak wagtyň geçmegi bilen öçüp giden ýerleri-de az däl.

Elbetde, beýle ýagdaýda goşmaça çeşmelere—Reşideddiniň (( Taryhynyň)) elde bar bolan nusgalaryna we onuň terjimelerine daýanmaly bolduk. Ýeri gelende aýtsak, bu ugurda  dünýäniň Gündogary öwrenjin Alymlary ep-esli işler etdiler.

«Oguznama» geçen asryň başynda Ewruppa Taryhçylarynyň gyzyklandyryp ugrapdyr. Russ Alymlary hem Türki halklarynyň bu Gahramançylykly Eposyny öwrenmeklige önjeýli goşant goşupdular. Şeýele işler biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär. Dogry «Oguznama» ýa-da (Gorkut Ata) Eposlaryny öwrenmekligiň bökdençilige salnan ýagdaýlary-da boldy. «Oguznama» kitaby ilkinji gezek 1987-nji ýylda Azerbaýjan SSR  YA-sy trapyndan neşir edidi. Bu neşirde «Oguznama» Reşideddiniň ( «Jami at-tawaryh»)  eseriniň asyl nusgasyndan P. Şükýurowa tarapyndan russ diline terjime edilipdir. Terjimäniň sözbaşysy we düşündirişli bölekleri P. Şükýurowanyň köp sanly çeşmelerden peýdalanandygyny görkezýär. Bu terjime Alymlar üçin niýetlenip «Oguznama» eposynyň mazmuny bilen Russ dilinde okaýanlary tanyş edýär.

Düzüji sözbaşyda şeýle belleýär: (( Oguzlaryň Taryhy)) ýa-da onuň doly atlandyryşy ýaly, (( Oguzyň we onuň nesliniň Taryhy)) şeýle hem ( Türk Soltanlarynyň we padyşahlarynyň zikri)  ýazuw çeşmelerine esaslanandäl-de rowaýat we reallygyň  ýugurlyp berlen Halk döredijiligi häsiýetli eserdir.

Kitabyň ähmiýetini görkezende, düzüji onuň köp halklaryň taryhyna täsir edendigini şeýle belleýär: (( XI asyrdan başlap  Türkmenler adyny alan Oguzlar häzirki wagtda Azerbaýjan, Türkmenistan Iran-da Türkeýede we Yrakda ýaaşaýan Türki halklaryň ata-babalarydyr. Seljuklar hem-de Osmanlar Dinastiýalarynyň wekilleri hem şolardan gelip çykandyrlar. Oguzlaryň diňe Syrderýanyň demirgazagyndaky Sähralarda ornaşan bölegi şäherlerde ýaşapdyrlar we şol oturymly, harby ýörişlere gatnaşmadyk Oguzlar( Göwnüýetmezlik bilen) Sähraly ýatyk adyna eýe bolupdyrlar.

Düzüji P. Şükýurowa «Oguznama» kitabyny terjime etmekde Stambulda Topkapy kitaphanasynda saklanýan ( Bagdad köşgi Fondunda) nusgadan peýdalanypdyr.Biz bu Oguznama Tekstini özümizde saklanýan Salar babanyň terjimesiniň esasynda düzdik.

Tekstleriň ikisiniň hem mazmuny esasan, deň gelýär. Ýöne biziň pekrimizçe  ( „Jami at-tawaryh“)  eseriniň Salar babanyň eline düşen nusgasy häzir stambul-da saklanýan nusgadan birneme gysgarak bolan bolmagy mümkin. Galyberse-de, Salar baba köplenç has atlary noktasyz ýazýar. Bu bolsa onuň elindäki ( „Jami at-tawaryh“)  kitabynyň tekstinde şeýle ýagdaýyň bolandygyndan habar berýär. Şoňa meňzeş sebäplere görä,

«Oguznamanyň» Azerbaýjan neşrinden hem (( Şejereýi Teräkimäniň)) Leningrad-Moskwa neşrinden hem peýdalanmaly bolduk.

Türkmen alymy Ahmet Bekmyradow özüniň (( Andalyk hem Oguznamaçylyk däbi)) ylmy işinde, «Oguznama» barada giňden gürrüň berýär.Ol «Oguznama» eseriniň Türkmenleriň medeni durmuşynda uly rol oýnaýandygyny , halkyň sowatly wekilleri bu Tema bilen asyrlar dowamynda yzygiderli gyzyklanyp gelendikleriniň üstünde durup geçýär.Tire-Taýpa atlarynyň az-kem üýtgeşik ýazylmagyna we awtoryň käbir meselelerde örän batyrgaý çaklamaklary getirmegine garamazdan, kitap okyjylaryň giň köpçüligi üçin peýdalydyr.

Sözümiň ahyrynda şu kitaby okap, öz belliklerini, islegdir, arzuwlaryny iberen okyjylara tüýs ýürekden minnetdar bolardym.