Türkmen şahyry Gurbangeldi Ahunber Aramyzdan gitdi! (25.2.2005 Türkmensahra)

„Il-ulusdyr dossy-ýary ýekäniň“ (Magtymguly)

Soňlanmadyk sözler (1)



Inim jan Gurbangeldi

Ajy habaryň eşdip,

Ajy-ajy agladym,

we,

Ajydan ajy güldüm!

.

Öň-de bir şahyryň aýdyşy ýaly:

Ynsan ogly güler eken haçan-da,

Derdi agydan agsa!

.

Eý beýik taňrym!

Saňa ýalbarýan!

Şeýle ajy gülkini özgelere dözmäwer!

Şeýle elhenç ölümü,

Il özüne gelsin diýip,

Dözensiň belki!

Indi bir, görkezmäwer!

.

Işi gaýdan ulusyň,

Işi gaýdan balasy!

Iň soňy bogdy ony,

Ömür boýy çekdigi ahmyry, ahy, nalasy.

.

Işi gaýdan ulusyň,

Işi gaýdan çagasy,

Arkasynda bolmady, arka berip söýenjegi,

Gaýa başly, galkan döşli inisi

Goltugynda bolmady, ruhuna daýag boljak,

Ak sakally, agyr başly agasy.

.

Şeýle gözgyn, şeýle ýalňyz,

Şeýle sowuk, şeýle gorkunç,

We,

Seýle ajy gülkünç,

Ölüp biljek eken!

Işi gaýdan ulusyň,

Işi gaýdan balasy!

.

Ahyry bogdy ony,

Ömür boýy çekdigi,

Diňe,

Ili-güni üçin,

Ahmyry, ahy, nalasy …                              

Daňatar, 28.2.2005  Berlin 

* * *

Soňlanmadyk sözler (2)


Sen ýaşadyň,

Sen ilde ýaşadyň

Il sende ýaşady

Il seni ýaşatdy,

Sen ili ýaşatdyň

.

Goşgy goşduň

Duýgy düzdüň

Soňlanmadyk goşgular…

Duýulmadyk duýgular

.

Asman ýaly giň

We, Türkmensähraň ýaly gözel,

Her söz, emma

Her bir türkmen söz,

Dünýä inen bir gara göz,

Türkmeniň bir garagöz balasy

Soňlamadyk,

We, soňlamajak sözler, garagözler…

.

Il seni ýaşatdy

Sen ili ýaşatdyň

Sende ýaşady:

Orazmuhammed Tekeler, Gazak Paňlar

Hojalar, Nazarlalar…

Galkanlar, Şaeriler, Annagurbanlar…

We, sende ýaşady:

Sähramyň gyzyl läleleri,

Ilimiň gerçek balalary, arka dagy

Şehitler…

Sende ýaşady,

Bu mukaddes kerwen…

.

We bu gün!

Seniň bilen uzady

Bu kerwen…

We uzar…, ilden ile gezer

We seniň sözleriňde ýüzer,

Bu mukaddes kerwen…

.

Sen,

Bu mukaddes kerweni, 

Ŷaşadaňsoň ýaşadyň!

.

We biz,

Seni, we

Bu mukaddes kerweni,

Ŷaşatdykça ýaşarys!

Dañatar, 1.3.05 Berlin


* * *

Soňlanmadyk sözler (3)


Sen öldüňmi!

Ölmek näme?

.

Biziň ilde,

„Pylany amanadyny tabşyrdy“, dirler

Sen diňe,

Amanadyňy tabşyrdyň!

Toprakdan alanyňy,

Topraga gaýtaryp berdiň.

.

Emma, seniň sözleriň?

Olar,

Amanat däl ahyry!

Olary,

Sen özüň ýaratdyň, döretdiň

We goradyň.

Olary, kimse senden almaz,

Almaga-da erki bolmaz!

Olar,

Seniň özüňki,

diňe özüňki.

.

Sözleriň gezýär.

Diýmek, sen ýaşaýarsyň.

.

Biziň ilde:

Ýaradana Taňry,

Döredene Eýe,

We gorana,

Pir, Eren dirler.

.

Biziň iliň aňynda:

Eýeler, Erenlar

Ölmezler dünýäsiniň,

Ölmezleridir.

.

Olar,

Aramyzda gezýärler,

we,

Bizi, il-güni,

Hem gözel Türkmensähramyzy,

Goraýarlar.

Daňatar, 1.3.05 Berlin