Ak Welsapar, ýazyjy

TÜRKMENIÑ SÖZI
(2005-09-04)
Ir döwürde birnäçe türkmen gepleşik geçirmek üçin ilerki hanlaryñ biriniñ ýanyna baran.  Sapar şowly bolup, olaryñ işi bitipdir: geleşige gelnipdir. Soñra han türkmenleriñ baştutanyndan geleşigiñ üstünde durjakdygyny tassyklap, ant içmegini talap edipdir. Bu talaby eşidip, gaharyna bäs gelip bilmedik türkmeniñ duran ýerinde takga jany çykypdyr.
Bolan işe geñ galan ilerki han: ”Siziñ serdaryñyza näme boldy? Nämüçin ol duran ýerinde jan berdi? Meniñ oña artykmaç diýen zadym ýok, bary diýenim: sözümde durjaklygyma men ant içdim, senem ant iç diýdim” diýipdir.
Şonda türkmen serdarynyñ ýany bilen baran egindeşleri oña şeýle jogap beripdirler: ”Bizde diñe öz sözüniñ üstünde durmaýan, gaýraty pes adamlara zor bilen ant içirilýär. Ant içmek gaýratly türkmene ýaraşmaz. Türkmeniñ sözi – antydyr.”
Tymsal görnüşli bu gürrüñi men 1965-nji ýylyñ tomsunda, entek 9-10 ýaşly oglankam, şol döwürde 80-90 ýaşan ak sakgally gojalardan eşidipdim…

SÖZI – ANТDYR ТÜRKMЕNIÑ

Türkmene ant iç diýlende, ol namysdan ölüpdir.
Türkmeniñ sözi – antydyr...

                                Aksakgallaryñ gürrüñinden

Jеýhun-Hazar arasy –
Ýürеgimiñ  ýarasy.
Ak günlеr öñdе kändir,
Başymyzda garasy. 

Namart eli öpüldi,
Ýol-ýodalar ýapyldy,
Saýrady bigaýratlar,
Akly bolan gapyldy. 

Bir pul boldy namys-ar,
Goñşy goñşudan bizar,
Açgözlеrdе – jübüt köşk,
Mеrdiñ öýi boldy dar. 

Görüp iliñ niçеsi,
Gеldi mundan gaçasy,
Binamysa – gündе toý,
Çola mеrdiñ köçеsi. 

Bagrym garaldy dеrtdеn,
Ýumruk dеgdi sag-çеpdеn,
Ar-namys ara açdy,
Oba göçdi edеpdеn.

Bеdеw atlañ ýalyna,
Gözüm gyýmaz halyna.
Тürkmеniñ maly döndi
Dul hеlеýiñ malyna! 

Egsik mеnzil gеçildi,
Abraýdan gaçyldy.
Sözi – antdy türkmеniñ,
Hеr gün kasam içildi! 

Öýdеn çykdym utana,
Janym gurban Watana!
Uzak ýolda mеñzеdim
Ýolda Güni batana.