AK ÖÝ


Ak öý gurdy märeke,

Alty, sekiz ganatly.

Myhman geldi alysdan

Hem düýeli hem atly.


Märekäniñ keýpi çag,

Ýitdi ýaman, ýagşylar.

Perde-perde galýarlar

Toýa gelen bagşylar.


Joşýar şatlyk, şagalañ,

Dürli hili öwsülýär:

Bir-de göreş tutulýar,

Bir ýaglyga towsulýar.


”Stop! – diýdi rejisser. –

Ýygnaşdyryñ zatlary!”

...Dyza galan bagşylañ

Ýatdy derrew batlary.


Guta girdi ak öýler,

Kinoçylar dagady.

Çünki gutardy olañ

Bu günki iş sagady.


”Toý” sowuldy bir demde,

Ne saz bar, ne aýdymy.

Galdy gözün tegeläp,

Ýalan öýüñ aýtymy...

                         1984 ý.