ATA WATAN


Watany her kimse özüçe söýer,

Watan hakda bir söz diýdim, bismylla!

Bu duýgyny her kes özüçe duýar,

Bir deñ Tañrysy bol barçanyñ, Alla!


Watanym! Meñ senden ýakyn kimim bar?

Arman, öwrüldiñ sen ýüpsüz kerwene.

Düýn boşadyñ demir zynjyrdan. Emma

Gabadylar bu gün başga germewe.


Niçik oý etmersiñ bu hakda uzak,

Haýsy zat bara-bar sogap-günäñe?

Eger-de erkiñe gurulsa duzak,

Mähriban topragyñ manysy näme?


Bir Tañra baglydyr boljak hem geljek.

Ýerden tapan ýokdur bu şirin jany.

Ýöne ýurt söýmäni öwredip biljek,

Çyksyn, ynha, Alyñ ala meýdany!


Görogly adyny dakynýan kimler?

Kim ol ýurdy alyp barýan ugralla?

Göç gaýtsa, agsagam ozduryp biler,

Ýöne sen agsaga ynsap ber, Alla!


Namart rüstem geldi, mert oña bakar,

Zamanadan baş çykarmak hyllalla.

Aglak ilde depä doñuzlar çykar,

Ýöne sen doñuza ynsap ber, Alla!


Ynsap iýilmesin açlygam bolsa,

Türkmeni öwürme parhsyz mähellä.

Metjidiñ gapysy açygam bolsa,

Oña it girmesin, keremli Alla!


Il-günüñ daşyny är ýigit gorar,

Ol hatda ýowa-da ynsaply darar.

Bu gün alahekek il-ýurdy sorar,

Ýöne sen hekege ynsap ber, Alla!


Watan diýmek, adam mertebesidir,

Erkidir üstünde ýanyp-köýeniñ.

Erkdir mertebäñe bolmasa gadyr,

Bir gysym gum dälmi toprak diýeniñ?


Sen Watany ýüregiñde güman et,

Ol ýyldyz dek hem ýakyn hem uzakdyr.

Watan mert ähline uçarga ganat,

Hem merdiñ erkine gurlan duzakdyr!