ÇÖL ETDIÑ


Eý, Tañrym, niçiksi zamana boldy,

Merdi neçün namartlara gul etdiñ?

Daglar, daşlar sarsyp amana geldi,

Keremli derýany neçün çöl etdiñ?


Öñe saldyñ binamysy jemleýip,

Gören muña başyn ýaýkar geñleýip,

Iliñ-günüñ otyr seniñ eñreýip,

Neçün ah-pygany beýle bol etdiñ?


Niçeler gezmişdir wezipe diýip,

Il-günüñ bähbidin ardynda goýup.

Mert ýigitleñ ýüregine gan öýüp,

Neçün namartlaryñ keýpin gül etdiñ?


Hany sende kerem? Hany adalat?

Neçün asman sary okyr il nälet?

Ne söwdadyr munyñ, ne-de hyýanat,

Bar zadyñ ölçegin kagyz pul etdiñ!


Toprak aglar ak dabanlañ astynda,

Namartlar kükreşer kürsi üstünde,

Dogan-dogan bir-biregiñ kastynda,

Mertleriñ ýüregni üýşmek kül etdiñ!


Şahyr bagry başly aýdar halyny,

Pes tutar ol niýetini, pälini,

Çar tarapa çeker ýaly malyny,

Türkmeniñ ýurduny kime ýal etdiñ?!