AK  DEREK


Maña senden näme gerek?

Serwi-rowan, eý, ak derek!

Şuglasymy gara gözleñ,

Zülpüñmi şemala çözlen?

Ak alkymyñ gijesimi,

Ýa-da bagtyñ bijesimi?


Maña senden näme gerek?

Eý, sen ýöräp ýören derek!

Dodaklaryñ pissesimi,

Gara saçlañ dessesimi?

Inçe bilmi ýa şirin dil?

Men bilemok, sen özüñ bil!


Gyz köýnekli, eý, ak derek!

Her ädimde batýan oýa:

Maña senden näme gerek,

Näme: şermi ýa-da haýa?

Gözleriñde gözüm galdy,

Ýüreklerim dilim-dilim.

Gursagym gussadan doldy,

Sen zerarly, eý, meñ gülüm!

Ah, bu sözler niçik köne?!

Şoñ üçin galmandyr many.

Şatlygmy äkitdiñ, ýöne

Rowa gör maña gussañy!


Sen äkitdiñ, ýok gümany!

Hany daglaryñ dumany?

Ýalbarýaryn misli Haka,

Alan meniñ ygtyýarym,

Aý kümüşdi, Gün – gülýaka!

Sen olary nätdiñ, ýarym?

Neçün sem etdiñ güñ ýaly,

Ah, sen ýönekeý derek däl!

Gaýdyp ber meniñ dünýämi,

Maña başga zat gerek däl!