GARRY WE TÄZE AÝ


Aý dogdy. Bu älem umytdan doldy.

Garry täze Aýy ýüzüne syldy.


Ençe ýyl husnunyñ gedaýy bolan,

Bu gün gürrüñ etdi Hudaýy bilen:


Hakgaý-hakgaý telim baý,

Ýagşylyga elim baý.

Ýeneki köp aýlara

Özüñ ýetir-dä, Hudaý!


Aýlar geçer – göreris,

Ýyllar geçer – göreris.

Ýogam bolsañ, ýoluña

Ýene janly bereris.


Ýere düşme, eý Tañrym,

Otur mydam belentde.

Düşseñ, senem adamlañ

Biri borsuñ, elbetde...