GIJEKI  MYHMAN


Ýyldyz ýere nur saçanok Aý ýaly.

Gije. Tüm meñzeýär gara pişige.

Kimdir biri dyrnaklaýar aýnany,

Kimdir biri azar berýär işige.


Biziñ bu köçede gezýän ýok entäp,

Il ýatypdyr, it uklapdyr. ümsümlik.

Emma kimdir biri ýatanok entäk,

Kimdir biri aýlanyp ýör sümsünip...


Öýümiñ daşynda öwrülýär gaýta,

Uzak ýola edýän ýaly ylgar ol.

Has-haslap daljygýar, galan dek gaýda,

Agaçlara münüp-düşýär ylgap ol.


Her gije goýýar ol meni azara.

Her gije gidýär ol sabrymy orup.

Ahmal gelýändir ol bukulyp jara,

Gelýändir ol gowy päli gutaryp?


”Heý, kimsiñ?” Çykýaryn elim fonarly,

Köneje papagmy başyma çümrüp.

Jogap ýok. Bilemok kimiñ barlygny,

Gapyñ arkasyna duwlanýar tümlük.


”Aýak çek! Men diñe görmekçi kysmyñ!

Ýalañaçmyñ? Barmy ýa-da geýimiñ?

Tanyt özüñ, kim sen: ynsmyñ ýa jynsmyñ?

Torç etdiñ-le töweregni öýümiñ!


Görkez ýüzüñ, eger bar bolsa ýüzüñ!

Ýaralymy? Gel dañaýyn ýarañy!

Gapym açyk, bolsa señ päliñ düzüw.

Seni görüp bilsem, men senden razy!”


Çyra tutýan. Otdan tisginýär tümlük.

Ökje ogurlaýar, girýär ol jara.

”Dur, kimsiñ! Jogap ber gijeki kümsük!”

Ýegdekläp gaçýar ol, bolýar bir çümmük:

Ýa tümlük, ýa garga, ýa-da bir gara...