GÜÝZÜÑ BIR GÜNI


Çagbaly ýagyşly,

Güýçli ýelli gün,

Ýakasy gaýyşly,

Ile belli gün.


Garaşdym men pirler

Dada ýetişer:

Ýagyş-a kiparlar,

Ýelem ýatyşar.


Ýöne ýatyş nire?

Kiparla nire?

Ýagyş-a irelýär,

Ýele ýok çäre.


Meñ zerur işim bar

Bu biwagt çak.

Emma öýden häzir,

Heý, nädip çykjak?


Ýüpsüz dañyp goýan

Gitjegi näler,

Belki, bu ýelli gün

Taryhda galar?

                 1982 ý.