GÜÝZ ÝATLAMASY


Ganat kakýar ýapraklaryñ bessesi,

Gara ýere tukat garap şahadan.

Günsaýyn çuñalýar güýzüñ gussasy,

Guş uçup, baglardan sowlup şagalañ.


Agşam seniñ adyñ girdi düýşüme,

Men ony gaýtalap, huşa öwürdim.

Hyýalymda dolandym soñ düýnüme,

Ot dek ölçerdim men öz köne derdim.


Ylham alyp seniñ eziz adyñdan,

Men oña bagtymdyr gussamy gardym.

Seniñ özüñ çyksañ-da meñ ýadymdan,

Galan ömrüm adyñ bilen ýaşardym.


Emma birçak özgäñ dilinde adyñ,

Amanat keşbiñi ýürekde gömýän.

Geçmişe golaýlap ädimme-ädim,

Men onda betbagt düýnümi görýän.


Solgun bu gün ganat kakýan ýapraklar,

Ne alajy gaýyp gaçmasa ýere?

Güýz meñ geçen günlerimi ýatladýar

Hem meñ gözýaşlarmy ykdyrýar ýele...