NIÇIKDIR BU GÜN HALYÑYZ?

(Köşk ýazyjylaryna we jurnalistlerine)


Hakyna tutma bagşylar,

Niçikdir bu gun halyñyz?

Ýamana ýaran ýagşylar,

Niçikdir bu gün halyñyz?


Namysyn küle atanlar,

Gaflat ukuda ýatanlar,

Haýp, duza gaçyp ýitenler,

Niçikdir bu gün halyñyz?


Ysyrganyp soraşanlar,

Ýeñi tygly görüşenler,

Ýallaklykda ýaryşanlar,

Niçikdir bu gün halyñyz?


Dilini ýuwdan dilçiler,

Ilinden doýgun ilçiler,

Diýmäýin diýsem... gylçylar,

Niçikdir bu gün halyñyz?


Ant içip, awy ýalanlar,

It kimin guýruk bulanlar,

Iññän zäherli ýylanlar,

Niçikdir bu gün halyñyz?


Elipden şermende alymlar,

Kimdigi öñden mälimler,

Zaññar, zaluwat, zalymlar!

Niçikdir bu gün halyñyz?


Erkek bolup maýalanlar,

Öz adyny zaýalanlar,

Gulatyny saýalanlar,

Niçikdir bu gün halyñyz?


Çyrmaşyk siz, ýok köküñiz,

Çüýrük saman bar ýüküñiz.

Çykdymy eden çakyñyz?

Niçikdir bu gün halyñyz?


Din-imany ýuwutdyñyz,

Bil büküp, näme utduñyz?

Biçäre halky nätdiñiz!

Niçikdir bu gün halyñyz?


Parhy ýok hydyrmy, hyrsmy?

Siz oña gul: orsmy, pirsmi.

Aýdyñ, ýa meñ sözüm tersmi?

Niçikdir bu gün halyñyz?


Aýak astynda ýatanlar,

Namardyñ atyn tutanlar,

Dünýeden diri ötenler!

Niçikdir bu gün halyñyz?