OBA


Geldim ýene küýsäp oglanlyk ýeri,

Emma öñki aýtym indi göze dar.

Sus görünýär çagalygyñ güzeri,

Ne köçede,

Ne-de öýde hezil bar.


Şäherliñ geýminde işikme-işik

Synlap gidip barýan töwerek-daşym.

Ynha-da, öñümden sygryny idip,

Duşýar maña bile okan ýoldaşym.


”Salam-helik” entek kadada bärde,

Soñ degişip, sowal berýän: ”Bilýämiñ,

Aýtsana, dost, beýle içgysgynç ýerde

Neneñ edip, ölmän ýaşap bilýäñiz?”


Dymyşlyk. Soñra ol ukuly pallap,

Egnin gysýar, egip kellesin bir ýan.

Diýýär: ”Işli bolsañ, tukadam dälle,

Men-ä sygrym buka äkidip barýan!”


Aýagyzdan doly egri köçeler,

Ýaz çyksa-da, gyş gitmändir bu ýerden.

Ýol üstünde durlanyp dur kölçeler,

Peç ýakylýar, tüsse çykýar öýlerden.


Adamlar ”Ỳaz gamyn gyşdan iý!” diýşip,

Öýde geñeş edýär, çykýar galmagal.

Täzeje tezegiñ daşyna üýşüp,

At ýatakda bazar gurýar gargalar.


Oba, oba! Menem söýýärin seni!

Saña söýgim – bu meñ ýürekde derdim.

Gursagma uranda ýaşlyk heseri,

Ýogsam, şäher hakda arzuw ederdim.


Emma ýadap, saña özüm atamda,

Bilýän, sen bolmasañ, dünýäñ darlygny.

Her kesiñ bu ägirt uly Watanda,

Bir kiçijek watanynyñ barlygny.


Şoñ üçin bilmerin bahañy ölçäp,

Zyñamok serimden gaýdyp gelmegi.

Eger gelsem, bolar maña öz köçäm,

Bolar maña öz kakamyñ mellegi!