OTPARAZ


Gözleriñden gözlerime ot düşdi,

Ýandym men.

Men agladym,

Sen göwnüñi çagladyñ.

Soñ men ýanyp duran dodaklam bilen

Señ günäkär dodaklarñy dagladym!

Näzik duýgularñy otladym seniñ,

Ak şem ýaly ak bedenñi otladym,

Ömrüni paýawlan otparaz kimin,

Soñ özümi señ gujagña okladym!

Düşdük bir möwç alyp akýan ummana,

Gök asmandan ýüzüp gitdi salymyz,

Müñ ýyl owal bir-biregi ýitirip,

Ýene müñ ýyldan soñ duşan ýaly biz.

Manysy däl,

Sözleñ tagamy galdy,

Sözler dilleñ uçlarynda owrandy.

Seniñ inçe biliñ,

Barmak dek biliñ,

Nika ýüzügine giren dek göýä,

Gollarymyñ halkasynda towlandy!