ENÄNIÑ SARGYDY ”Oglum, uly adam Bolarsyñ erte, Seniñem başyñda Aladañ arta. Ýöne bir sargydym Unutma hergiz. Gara başyñ gamyn Iýmegin ýalñyz. Tañrydan dilejek Zadyñy dile. Ýöne hem özüñe Hem dile ile! Señ öýüñ abatdyr Diñe il bilen. Diý: ”Ilim sag gezsin, Içinde bizem!” Aý dogsa, ýüzüñe Sylgyn her gezek. Şükürlä hudaýam Etmezmiş gazap.” Garryñ özi bilen Gitdi Hudaýy. Emma öñki ýerden Dogýar oñ Aýy. Kim Hudaýa uýýar Indi bu çakda? Emma sada sargyt Galdy gursakda. Şoñ üçin, Aý dogsa, Diýýän şindizem: ”Il-günem sag gezsin, Içinde bizem!” |