ŞÜKÜR


Şükür, alhamdililla,

Ilden aýry görgüm ýok!

Açda algym ýok meniñ,

Şükür, bege bergim ýok!


Kimsäni örtemedi?

Durmuş bir gara gazan.

Ilden artyk ýanmadym,

Ýanmadym ilden azam.


Çeksem-de men ezýeti,

Ýalbarmadym namarda.

Şygrym derde ýarasa,

Ömrüm ýarar meñ derde.


Galagoply bu zaman

Şeýle ýürege ýakyn.

Çünki göreşip ölmän,

Diriligñi bilmek kyn.


Töhmet ölümden ajy.

Duşup, şeýle çakladym:

Ajydan ajysy bar,

Beterinden saklasyn!


Bu bir köne dünýedir,

Örtär, gözde ýaş eder.

Akmak sürer döwrany,

Akyl herne iş eder.


Birmeñzeşlik irizýär.

Etse-de ol bir pellä,

Birmeñzeş günleñ üçin

Şükürim kändir, Alla!


Şükür, alhamdililla,

Ilden aýry görgüm ýok.

Açda algym ýok meniñ!

Şükür, bege bergim ýok!