SIZ MENI GÖZLEMÄÑ!


Siz meni gözlemäñ şowhunly ýerden,

Şagalañyñ göçi gaýtdy bireýýäm.

Bolsa, şatlygymy dost-ýara paýlap,

Men indi özüme gussany goýýan.


Ertiriñ sebäpsiz dabarasyndan

Ýeg görýän agşamyñ gülgün şerabyn.

Iñrigiñ şapagy meñ üçin al meý,

Gözlermiñ owasy meý içýän gabym!


Otuz bäş ýaşymda näme gördüm men?

Öñde-de, yzda-da ýollañ öwrümi.

Bir seretsem, entek ýaşap başlaman,

Eýýäm ýaşapdyryn bir är ömrüni.


Galagop eýýamda geçdi ýaşlygym,

Ne ýagşylyk ýeñdi, ne ýaman, elbet.

Gaty ýere döndi, hamana, durmuş,

Adamlar öküz dek,

Süsüşdi erbet!


Çaknyşyp, kapasa girdi hemmesi,

Bir topar nadanlar, diýmäýin diýsem!

Bar kişä ortalyk zatlar hakynda

Ortalyk dil tapyp bolmazmy eýsem?


Men bialaç ýekeligi saýladym.

Kimler menden kitüw edip gitdiler.

Kapasañ içinde şöhrat alanlar

Meni akmak saýyp, pitjiñ atdylar.


Emma men olara saglyk dileýän,

Gowy görýän uzak ömür sürenin.

Goý, görsünler olar ahyr ýaşynda

Meñ öñküm dek erkin ýaşap ýörenim.


Çünki şowhunyndan şöhratyñ-şanyñ

Ýeg görýän agşamyñ goýy şerabyn.

Al şapak meñ üçin gülgün şerapdyr,

Gözlermiñ owasy meý içýän gabym.