SONET


Güýz sary ýaglygyn atypdyr başa,

Şagalañly köçeleriñ sussy pes.

Aladalar meni horlapdyr aşa.

Ýadapdyryn. Menem dynç alaýyn, bes!


Ezýetli duýgulañ bereýin merkin,

Baraýyn boýuna owadan kölüñ.

Uly suw hem asman çekişsin derdim,

Tapyşýan ýerinde Ýer bilen Gögüñ.


Garaşaýyn suwa çeññegmi atyp,

Umyt bilen synlap asuda köli,

Çeññek dünýäñ görülmedik gudratyn

Gañyrçakda maña getirjek ýaly.


Köñül götermesin gussanyñ keşgin,

Tolkunlarda ýitsin meñ ýadaw keşbim!