TÜNEK


Ýolda ýaşýar meñ Günüm,

Günaşa ýa her günde.

Çünki ýalñyz tünegim

Dur jaryñ erñeginde.


Agaç gapy jygyldap,

Geñ ses edýär üçegim.

Gije. Gelýän daş ýerden.

Ýadadym hem üşedim.


Boraganlap, çisñeläp,

Ýagyş buýduryp barýar.

Agaçlañ başyn bulap,

Ýüzkesdir ýüze urýar.


Paýtagtyñ pes jaýlary

Köçä şübheli bakýar.

Gijä galan ýolagçy

Aljyrap, gapy kakýar.


Köçe batga, taýgalyk,

Ýagyş juda kän ýagdy.

Çakmazmy, heý, ýyldyrym?

Salmazmy ýola ýagty?


Emma daşym tüm gije.

Bakýan içine gorpuñ,

Gorkup oña gaçmakdan,

Taýyp gitmekden gorkup.


Öñde bolsa, yşyksyz,

Üşäp hem ýekesiräp,

Ýalñyz otagly jaýym

Otyr ýoluma garap.


Baryp bärden, begenip,

Ot ýakaryn ojakda.

Onsoñ pejiñ turbasy

Hiñlener gyş, gar hakda.