TÜRKMENIM

                              Bapba Gökleñi ýatlap...


Türkmen, türkmen – türkümdir,

Türkmen meniñ görkümdir.

Toklyny satar sekize,

Dümmesin alar dokuza!


Giñ goltugy ”garpyzly”

Gaçsa, ýeri boş bolar.

Nätsin dünýä-baýlygy?

Boş söz bilen hoş bolar.


Öz öýünde günlükçi,

Menzil aşmaz ”ah” sesi.

Ol ne hammal, ne ýükçi,

Ne-de ýurduñ eýesi.


Gar ýassanar – mal bakar,

Buz düşener – pagta eker.

Ýylda onki aý işläp,

Ýene bergili çykar.


Ýuka görüp aklyny

Wada bilen bakarlar.

”Ber” diýse öz hakyny,

Gözünde ot ýakarlar.


Gyrmyz dony bolar dar

Emma keýpli çagynda.

Kül üstünde orny bar,

Ah, göwni Kap dagynda!


Ýüz ýyl gul bolan halkyñ

Derdin müñ ýyl aýdyp bor.

Diýildi oña ”Galkyn!”,

Galkynaýsa, nädip bor?!


--------------------------------

Dümme – toklynyñ guýrugy, guýruk ýag.