ITLER ÜÝRÝÄR...


Itler üýrýär tümi persala edip!

Bir görseñ-ä orak,

Bir-de sary ýaý,

Gijäñ şöhle saçýan gämiklerini,

Ýyldyzlary orup barýar egri Aý!


Ýapraklara münüp üwrelýär tümlük.

Gije bu görnüşde bar syrly many.

Ýatladýar ol şahalaryñ üstünde

Kese ýerden uçup gelen gargany.


Ýadymda meñ,

Birçak oglan ýyllarym,

Ýürekde telwasym artykka çenden,

Tümlük her gün agşam çykýan ýalydy,

Gapymyzda ösýän bagyñ içinden.


Ertekiñ äheñi çaýylan ýyllar!

Dünýä göýä özüñ bilen deñ-duşdy.

Sowalgalyk berlen mis şaýlyk kimin,

Ol ýyllar ýolugra elimden gaçdy.


Guma gaçan ownuk pullar tapylmaz,

Yzyna dolanmaz ýaşalan ýyllar.

Bir gören gülüñi gaýdyp görmersiñ,

Açylsa-da, her baharda bägüller.


Gaýdyp gelmez indi ýetginjek döwür,

Ýogsam, ýene baga garañky gondy.

Indi bilýän tümüñ her gün ikindin

Meniñ ýadaw gözlerimden çykýanny!