ÝITGI


Bu düzlükde ýiten zatlañ sany ýok!

Ýaýnap ýaşanyñ hem ömri köýeniñ.

Taryhçylar ýazýar: ”On farsah geçseñ,

Duşup dur bu ýerde şäher diýeniñ.”

Indi Mäne bilen Çäçe galypdyr,

Galanlarnyñ bary guma garlypdyr.

Obalar ýitipdir,

Ýitipdir kentler!

Derýalary bilen

Ýitipdir bentler!

Güwläp duran şäherler,

Märekesi bilen

Güñläp duran säherler

Ýom-ýok bolupdyr!

Şeýle bir ölüpdir munda ýaşanlar,

Hoşuña gelsin!

Begi,

       bezirgeni,

                        gedaýy bilen,

Şalary,

Şatyry,

Hudaýy bilen!

Galmandyr olaryñ dini, ynanjy,

Galmandyr şalaryñ dünýäsi-genji.

Ýolagçysy ýoly bilen ýitipdir,

Bilbilleri güli bilen ýitipdir!

Ýitipdir bu ýerde hasyl alanlar:

Bugdaý ekip,

Harman atyp,

Üfläpläpler

            saýlan ýel bolmasa,

Harpykdan çäjin…

Ýazda baryn ekip,

Güýzde hasylyñ

Üçden birin ýa-da ýaryn alanlar.

Men bilmedim, Garrygalañ üstünde

Ýa-da gumlarynda Altyndepäniñ

Monjukmy agaryp doñup galan zat?

Monjuk-monjuk gözýaşymy gallajyñ?