TÜRKMENIÑ YKBALY


Türkmeniñ ykbaly – dagyñ ykbaly!

Kän asyrlap onuñ düýbün köwdüler.

Ýerde durup öwüp bolmaýan ýaly,

Basgylap, üstüne çykyp öwdüler.


Türkmeniñ ykbaly – çölüñ ykbaly!

Öz inine siñmedi öz ekini.

Akdyr gara, mawy altyn köwdürip,

Mis teññeden tölediler hakyny.


Türkmeniñ ykbaly – derýañ ykbaly!

Pagta bilen damagyny çaldylar.

Bu dünýäde başga jeza ýok ýaly,

Oñ elinden mertebesin aldylar.


Türkmeniñ ykbaly – merdiñ ykbaly!

Ol pany dünýäni etdi owarram.

Onuñ ”owarramy” kime ertirlik,

Kime günortanlyk, kime boldy – şam!


Türkmeniñ ykbaly – dünýäñ ykbaly!

Demir guşak bilen guşap bilini,

Ýagşy Ýaman doga ekizler ýaly,

Bil tutuşyp, torç edip ýör ilini.