ÝOLLAR, HEÝ!

              Avdy Kula


Günler geçdi, dolanmady baş bilmedik taý kimin,

Yzda galdy, öñde ýatyr tükeniksiz ýollar, heý!

Türkmen ilim bir bigänä tutulan ak öý kimin,

Aglap galdy nämynasyp elde ýüpek ýallar, heý!


Il-halkyña hormat, wepa ilki zerur dert diýip,

Howp-hatary ýolda ýatan kirşen diýip, gert diýip,

Ynandym men, buýsandym men türkmen ilim mert diýip,

Hany indi nirde galdy merdi-merdan iller, heý!


Ýurt ykbalyn göre-göre ýandy meniñ janym, heý!

Bu ahwala her dem gyzyp, gaýnady meñ ganym, heý!

Jowranyp ýazdygym emma okalmaz dessanym, heý!

Lal bolupdyr, jim bolupdyr, güñ bolupdyr diller, heý!


Namart ogly eselipdir, şirmiş şagal beçesi,

Çolarypdyr, adam ötmez, bentdir merdiñ köçesi,

Çasly çykar her meýlisde, toýda kemçinleñ sesi,

Güýçsüz galdy gurt ogly gurt, gaplañ, ýolbars, piller,heý!


Hak diýenler ruhdan düşdi hakda görmeýen many,

Niçe misgin göwünlere saldy şeýtan gümany,

Teşne iller küýsäp gezdi süýji suwly ummany,

Çyrpynyp öñünden çykdy möwjäp duzly köller, heý!


Il öñüne düşdi gitdi egsik loly jenanlar,

Dünýe düzkä nyrhy mis pul, il içre gury sanlar,

Edebinden ejap etdi dogry gezgen zenanlar,

Tikenler pajarlap ösdi, soldy näzik güller, heý!


Şahyr sözi – il mydary, il bilen deñ halym bar,

Señ ýoluñda, meñ ýolumda pygly bozuk mälim bar,

Tanalmaz-geñ hossarym ýok, ýagşy niýet-pälim bar,

Ýagty güne ýetir ilim, ýagşy niýet, päller, heý!