YŞK ÖÝÜM.Eý ki pynhan sözleýän men derdimi Gurmuşam men weýaranada ýurdumy Weýranadan çykyp göçsem düzgüne Güýzünden-gyşyndan gonsam ýaz güne Yşk öýün gurupdym dört tärim bilen Işik söýe goýup öz kärim bilen Tüýnük aýlap öý üstünden gonduryp Dört ýerinden egri ugy galdyryp Berk edip ýerbe-ýer tärime saryp Düzüni uga düzgän bile ýörip Durluk tutdum dört ýerine ýar bilen Goşma salyp üzük goýdum zor bilen Tüýnigiň üstünden serpigi atdyk Gamyşy aýlap biz işimiz tutduk Ýüp aýlap daşyndan bile ýortduk biz Tanapdan toýnukdan urgan atdyk biz Tapýapary gapysynda sarkdyryp Gyş günleri içinde ot ýakdyryp Yşk öýüm gaýymdy her bir binadan Gymmatly bahaly kümüş tylladan Sörtük ösdi ýel gazygyn gopardy Gara ýel gelip barysyny göterdi Öýim darganakda Kaýda Bolsamkam?? Ýurdum hazan alsa nirde gonsamkam?? Bilmedim düzüni gaýym düzmedim Ýa ýelgazyk kakyp özüm ezmedim Ýa ygagazygy gowşak kakdym men Bilmedim dertdeşler gözýaş dökdüm men Umydym bar yşk öýümi diksem diýp Gara ýel sörtügi baryn ýyksam diýp Humay diýr hoşabat ösgün elgine Biziň üçin siziň üçin il-güne.
-ýelgazyk- gara oýüň ýel gelýän tarapynda kakylýan gazyk . Hoşabat Sörtük Düzi uklary daňylyan dokalan tanap Tapýapar gara öýüň gapysy HUMAÝ. Turkmensahra Eýran. |