ÝALŇYZLYK  DESSANY


Daglarda birje jeren

Ýekelikden aglaýar

Ýalňyz men diýp özüni

Goşgy bilen çaglaýar.


Gaýgyň uzak ýoluny

Owaz bilen baglaýar

Aýralyk gussasyny

Tagma-tagma baglaýar


Şonça yollar tapsa-da – gam ýanyndan gitmedi


Ondan soň pikre batyp

 Ýol ýöräp gitsem diýdi

Hoş günlere duş bolup

Messana gezsem diýdi


Her ne görsem ýa gursam

Dessana düzsem diýdi

Ýolum bogup düwün düşse

Durmany çözsem diýdi


Şonça göwün hoşlasa

Dam ýanyndan gitmedi.


Bir gün jeren ýanyna

Bir dost gelip ýetişdi

Gamgyn ýüzüni görüp

Ýardam bolup sataşdy


Gam ýüküni ýazdyr diýip

Goşgusyna gatyşdy

Görüp diýdi gam-duman

Nähili başyňa düşdi


Şonça ol sorasa-da

Dem ýanyndan gitmedi


Diýdi jeren dostuna

Aşykdym men çyn bile

Ýar ýoluna garaşyp

Ertir säher gün bile


Bag içinde Tahyr dek

Bazy gurdum oň bile

Mejnun kibi çöllerde

Aglap galdym gum bile


Şonça söýüp gezsemde

Jem ýanymdan gitmedi


Duşman ýüzi garadyr

Üýşdiler dola- dola

Güripmiş men bilmedim

Ýüzüme güle-güle


Aýyrdylar ýarymdan

Gözýaşym syla-syla

Olar maňa hyşdandy

Kalbynda ýüz müň hile


Şonça ýanyp köýsemde

Şum ýanymdan gitmedi


Humaý diýr ýalňyz jeren

Aglady ýar zulmundan

Jebri-jepada galyp

Şikat etdi jürmündan


Görsem görmesem diýip

Sözledi öz ölmünden

Dosty eşidip bu hala

Haýran galdy görmünden


Şonça solup galsa-da

güm ýanyndan gitmedi.


                                 HUMAÝ