Gaýdýarsyň 

Ne gözel gözleri goýup gaýdýarsyň                    

Gözellige uýýanlary goýup gaýdýarsyň         

Elden ele hyjran közi alýarsyň                                

Toprak söýenleri goýup gaýdyarsyň                


Gözelleri öz ilimde söýsedim                                

Nagmalaryny eşide-eşide doýsadym                   

Lälelerini düýe-düýe köýsedim                              

Nalalar, nagmalar goýup gaýdýarsyň                   


Gözüňge düşende tanyşlaň ýüzi                          

Muň salam, muň ahwal soraýar bizi               

Şirinden, şirindir öz diliniň sözi                       

Ne şirin dilleri goýup gaýdýarsyň                    


Bir zady ýok, ýoklaýaryn bir zady                             

Näme –ka diýip oýlanýaryn köp zada                      

Ýürek eken galyp-dyr, gözel sähram-da            

Sada , sahy , ýürekleri goýup gaýdýarsyň


Sebäp näme, bilmedik biz sebäbin                      

Jogap näme, almadyk biz jogabyn                         

Hiç haçan edmeris,tersiň togabyn                

Erkinlige köýenleri, goýup gaýdýarsyň       


Eşitmeýärsiň dos-doganyň sesini         

Açyp bolmaz ýürekleiň posyny                          

Tanamarsyň adamlaryň pesini                             

Dogany, dos-ýary,goýup gaýdýarsyň             


Watanyň hiç haçan gözüňden gitmez               

Ýatlar mylgyryp, ýüzüňe bakmaz                               

Öz iliň kiçe-jik göwnüňi ýykmaz                        

Mäherli ildeşleri, goýup gaýdýarsyň                 


Hyjran berdi bize gam bilen gussa                        

Şöhläni söndürip, lawlady tüsse                 

Tümlige eteläp, oklady pese                            

Sähraň säherini, goýup gaýdýarsyň                  


Näm bolsaň-da bolgun öz iliň bile                      

Güllerimiz solmasyn, hyjran ýel bile                  

Ömrüňi ötürgin dogry ýol bile                               

Enän mährini, goýup gaýdýarsyň                          


Goşgy: Parahat.