Gyrk ýyl bäri tanaýaryn

Gurbangeldi Ahunbäri

Sylaýar ol, sylaýaryn,

Gurbangeldi Ahunbary


Ýetimlikde önüp ösdi,

Şonda-da bir beýik sesdi,

Guýy dagdyr,päli pes-dir.


Sen ýetimdiň, men hem ýetim !

Ol ýetimdi, ol hem ýetim !

Tanandyr dört sany hekim !

Gurbangeldi ahunbarini.


Dört ýetimiň ýok ikisi*

Gara ýeriň gelýär sesi ,

Diýär barmy ?

Söýsin dosty,

Gurban geldi Ahunbary.


Kelçik däldir, sözi gerçek,

Ýaşandyr ol, erkin erkek,

Hazan ýakyp, dökdi pur dek,

Gurban geldi Ahunbary.


Mogallamdyr, beýik ustad,

Diýilýändir oňa gyt zat !

Ýakdy ýyllar gyssap! Gyssap !

Gurban geldi Ahunbary.


Bir elinde kitaby-dyr,

Bir elinde hesaby-dyr,

Ýüreginde ynsaby-dyr,

Gurban geldi Ahunbary.


Gaty çörek çeýnäp gezdi,

Gazan, gazan gaýnap gezdi,

Pelek gummar ! oýnap gezdi,

Gurban geldi Ahunbary.


Deldaryny berdi elden,

Zat galmady ilki gülden !

Şum ýoksollyk, kesdi bilden,

Gurban geldi Ahunbary.


Ol hem dag-dyr, hem dere-dyr,

Hem tumlak-dyr, hem çyra-dyr,

Gam!eýländir, zor pore-por,

Gurban geldi Ahunbary.


Siz tanamarsyňiz ony,

Mobteladan* soraň şony,

Gerçek dogan, dostlaň hany?

Galkar ýaly şeýle güni.


Maksat üçin ömrüň berdiň,

Tutän tüsse, ýa nan gurutdyň,

Takdyr sen hawala berdiň,

Gurban geldi Ahunbary.


Elli biriň hazanynda,

Tussak içre, ýok tinde,

Allah söýüp aldy şonad,

Gurban geldi Ahunbary.


Suw küýsedik, ot tepeşde,

Ot küýsedik,sawuk gyşda,

Töre * belläp goýduk başda,

Gurban geldi Ahunbary.


Ol şonda batyr çykandyr,

Zynnaryn* bile dakandyr,

Ýek özi ýük çekendir,

Gurban geldi Ahunbary.


- Nätdiň beýle?

( Gyssar jaellad! )

- Ene dilim !  Başga ýok zat,

Gaňtar* salyp! Urýar soldat,

Gurban geldi Ahunbary.


Zaryn çykýar imenç ses!

- fylan! Aman! Bir gulak as!

-Ýok ol däl!

Başga alys* !

(Gurban geldi Ahunbary.)


Bir on-üç aý artlap ýeri,

Agtardy parsaglary,

Tanandyr tagt * zalymlary,

Gurban geldi Ahunbary.


Şeýdip aňzak ýoldan gaýtdyň,

Çannak, çukur, kälden gaýtdyň,

Pany dünýä, inhä şeýtdiň,

Gurban geldi Ahunbary.


Ýygnanda, ýygnady ötdi,

Sygnanda, sygnady ötdi,

Il tanady ýüzük dakdy,

Gurban geldi Ahunbary.


Başan bolup men diýmedi,

Süýen * bolup sen diýmedi,

Bal balajyk , il sylady,

Gurban geldi Ahunbary.


Gutlaýaryn hormat toýuň,

Ömrüň doly, ýarty oýüň,

Ömri barka, saklaň , söýüň,

Gurban geldi Ahunbary.


( Sawçy )