Sil GELDIEý ýaranlar, emir kyldy ýaradan, ilimizde bir ýaramaz hal boldy. Asmanyñ ýüzüni tutdy garadan, Bulut aglap, göz ýaşyndan sil boldy. Bir müň üç ýüz segsen dördünji ýylda, obalar dagydy il galdy çölde, Mordadyň içinde köp akan silde, ömür ýatdan çykmaz agyr ýyl boldy. Katralar gaýnady, damjalar joşdy, Daşlar gazaplanyp, suw bolup süýşdi, pelegiñ gahary bir ýere üýşdi, dag-dereler tap getirmän, ýol boldy. Göz ýaşlar gan bolup goşuldy sile, iller ezizlerin tabşyryp sile, Asman kast eýledi bir ejiz ile, hasrat ýükin çeken ejiz bil boldy. Sil aldy belentden gurlan jaýlary, mätäç goýdy düýnki agyr baýlary, jaý bile jan gitdi çekip waýlary, bu ahwaly sözlän zaryn dil boldy. „Ah“ bilen jan gitdi, tende dert galdy, göz ýaşlar döküldi, gözde ot galdy, ak öýler ýykyldy boşap ýurt galdy, ýüreklerde köp arzuwlar kül boldy. Zalym pelek kyldyň şeýle günäni, sil suwunda akdyrdyñ sen sonany, gujakda çagasy aldyň enäni, alan Taňry boldy gören il boldy. Ata gözläp galdy, gitdi balasy, ýa reb, barmy ýer-ýuwurdyň alasy? dag goýupdyr çekip giden nalasy, Görenmiz zenzele ýa-da sil boldy. Ogul gözlär laý içinde atany, Ogrular ýygnaýar dagan matany, takdyrmyka ýa kyldykmy hatany? biz bilmedik, niçik bozuk päl boldy. Bir ujy Gülli dag, birisi Seýtler, toý gününde görüşmeli ýigitler, kerwen ýaly hatarlandy meýitler, gözlerinde ýaşy, elde pil boldy. Bu wakany gözläp dursaň gyrakdan, Her kim ýagdaýyna goldar ýürekden, kömek geler ýakyndan hem uzakdan, ýykylany tutan güýçli gol boldy. Gelen silmi ýa apatmy, belamy? Dostlar, ýatdan çykdy hoşluk kelamy, aňşyrmady bu obamy, galamy, gözler dile geldi, diller lal boldy. Ýa ýaradan, şeýle bolmuş halymyz, Dür gylyjy oýlansady ilimiz, synypmy ýa azypmy ýa pälimiz, niçik beýle her bir damja til boldy. Baýmohammed Gylyjy,Marawa depe, 22-05-1384 (13.8.2005) |