1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
§ 1. Ses we harp. l-nji gönükme. Hekaýany okaň. Dynjalyş günleri gutardy. Gyş dynjalyş günleri gutardy. Çagalar oňat dynç aldylar. Okuw ýylynyň ikinji ýarymy başlandy. Çagalar uly howes bilen mekdebe gelýärler. 1.Hekaýanyň birinji sözlemini depderiňize göçiriň. 2.Dynjalyş sözüniň manysyny sözlükden owreniň.
2-nji gönükme. Suratlary synlaň we olaryň atlaryny depderiňize ýazyň.
Ýazan sözleriňizde haýsy harplaryň bardygyny aýdyň.
3-nji gönükme. Miweleriň atlaryny okaň we göçüriň. Erik, injir, üzüm, alma, nar, garaly, armyt, Ülje, şetdaly. Göçüren sözleriňiziň her birinde näçe ses bardygyny aýdyň. 4-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Kitaby söýüň. Kitap siziň dostuňyzdyr. Ony arassa saklaň, ýyrtmaň. Ol size bilim berýär, sowat öwredýär. Sizi täsin zatlar bilen tanyşdyrýar. 1.Bu sözleriň her birinde haýsy harplaryň bardygyny 2.Täsin sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. 5-nji gönükme. Bularyň nämäniň suratlarydygyny aýdyň we atlaryny depderiňize ýazvň.
6-njy gönükme. Gök we bakja önümleriniň atlaryny okaň we göçüriň. Pomidor, hyýar, kelem, gawun, garpyz, kädi, badämjan, sogan, sarymsak, käşir. Her sözde näçe harp bardygyny sözleriň üstünden ýazyň. 7 5 Nusga: Pomidor, hyýar, ... 7-nji gönükme. Sözleri okaň we her iki sözdäki üýtgeşik harplary aýdyň.
çoýun
döle 8-nji gönükme. Suratlaryň atlaryny kesme harplardan
Düzen sözleriňizde haýsy harplar bar?
********* |