1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
|
§ 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 253-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözlerdäki çekimlileriň inçe çekimlidigini ýa-da ýogyn çekimlidigini aýdyp beriň.
Mahri bir gün goňşy çagalar bilen ýoluň gyrasynda oýnap otyr eken. Olaryň ýanyna Sonagül eje-de hasasyny tyrkyldadyp gelipdir. Çagalaryň oýunlaryny synlap, ep-esli wagt aýak üstünde durupdyr. Sonagül ejäniň hasasyna söýenip, henizem dik duranyna gözi düşen Mahri onuň ýanyna ylgap baryp: Sonagül eje, sen ýadansyň. Getir, hasaňy men saklaýyn . diýipdir. (G. Seýitmádow).
254-nji gönükme. Göçüriň we soraglara jogap beriň. Darak daragy erik erigi kitap kitaby Tertip tertibi sagat sagady çigit gigidi agaç agajy 1. Birinji sözleriň soňundaky çekimsizler nähili çekimsizler? 2. Bu sözlere çekimliler goşulyp ýazylanda, şol çekimsizler nähili çekimsizlere öwrülýärler?
* * * 255-nji gönükme. Göçüreniňiz.de, ýaýyň içindäki çekimlini onuň öň ýanyndaky söze goşup ýazyň.
1. Myrat(y) şaşka durnagyna çagyrdylar. 2. Okuwçylar mekdep(e) barýarlar. 3. Garry balyk(y) suwa goýberipdir. 4. Bu oturgyç(y) öýe eltiň! * * *
256-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleri dilden bogna bölüň we her bognuň açykdygyny ýa-da ýapykdygyny aýdyp beriň. Käkilik. Käkilik dag gözelliginiň ýaraşygydyr. Ol dag depelerinde bolýar. Käkilik gowaklarda çöp-galamlardan höwürtge ýasanýar. Olar orän çalt uçýarlar. Depelere, daglara çalt ýorgalap çykýarlar. Käkilik juda owadan guşdur. Onuň käkeleýán sesi diýseň ýakymly. (A. Gylyjow). * * *
257-nji gönükme. Okaň. Adam atlaryny,familiýalary,şäherleri we obalaryň,daglaryň we derýalaryň adyny tapyp, ýazuwda olaryň ilkinji harpynyňnähili harp bilen ýazylýandygyny aiýdyp beriň.
1.Meniň klasdaş dostumyň ady Aman, onuň familiýasy 2.Biz indiki dynç güni Mane hem-de Çäçe obalaryna 3. Biziň ýurdumyzda Etrek, Sumbar, Amyderýa ýaly 4. Geologlar Balkán hem-de Guba daglarynda * * * 258-nji gönükme. Özüňize tanyş adamlaryň,şäherleriň, obalaryň atlaryny getirip, sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň.
Nusga: Meniň doganym Ata Aşgabat şährinde gulluk edýar. * * *
259-njy gönükme. Bir zadyň hilini, reňkini, tagamyny aňladyň,sözleri tapyp,nusgadaky ýaly edip,depderiňize ýazyň. Nusga: 1. Gaty ýer. 2. Ak mata. 3. Süýji suw. Bir zadyň hilini, reňkini, tagamyny görkezýän sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň. * * * 260-njy gönükme Okaň. Bir zadyň hilini, reňkini görkezýän sözleri tapyp, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.
261-nji gönükme. Gögüriň. Nähili?, neneňsi? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň. 1. Seniň gyzyl, sary, gök, ýaşyl galamlaryň barmy? 2. Gumda süýji suwly guýular bar. 3. Biziň ýurdumyzda üly şäherler, beýik daglar köp. 4. Bir alaja ýüpüm bar, nirä uzatsam ýetýär (matal).
* * * 262-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleriň náhili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň. Gurban okady. Gurban okaýar. Gurban okajak. Gözel gitdi. Gözel gidýär. Gözel gider. Hereket aňladýan sözleri aýdyp beriň.
* * * 263-nji gönükme. Göçüriň we nokatlara derek ýaýyň içindäki soraglara jogap bolýan sözleri tapyp ýazyň.
Jigim gurjak ... (näme etdi?). Jigim gurjak ... (näme edýär?). Jigim gurjak ... (näme eder?). Biz ertir gezelenje... (näme etjek?). Bu gün ýagyş ... (näme eder?). * * *
264-nji gönükme. Göçüriň. Näme etdi?, näme edýär?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglara jogap bolup, gymyldy-hereketi anladýan sözleriň aşagyny çyzyň.
1. Biziň etrabymyz pagta borçnamasyny doldy. 2. Mekdep okuwçylary rus dilini öwrenýär. 3. Durdy okalgadan okamaga kitap alar. Ol ertekileri, goşgulary okamagy halaýar. 4. Men saňa teatrda garaşjak.
* * * 265-nji gönükme. Sözlemleri öz äheňi intonasiýasy bílen okaň. Her sözlemden soňnähili belgi goýlupdyr we bu belgiden soňky başlanýan sözlem nähili harp bílen başlanýar?
1.Ýuriý Gagarin ilkinji kosmonawt. 2. Biz Aşgabatdaky ýadygärlikleri gördük. Siz Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Magtymgulynyň ýadygärligini gördüňizmi? Kaka, maňa surat çekmegi öwretsene! Ýadygärlik sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.
* * * 266-njy gönükme. Suratlara seredip, kimiň näme edýändigi barada habar berýän sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň.
Nusga: Maral top oýnaýar. Ýazan sözlemleriňiziň nähili sözlemlerdigini aýdyň. * * * 267-nji gönükme. Her sözlemi öz äheňi bílen okajak boluň. Biz Garaşsyz Türkmenistanda ýaşaýarys. Kakam şäherde işleýär. Seniň kakaň nirede işleýär? Sen kim bolmak isleýärsiň? Ýaşasyn azatlyk! Türkmenistanyň okuwçylaryna şöhrat! Her sözlemden soň nähili belgi goýlupdyr? Bu belgilerden soňky başlanýan sözlem nähili harp bílen başlanýar!
* * * 268-nji gönükme. Suratlar bоуиçа iki sany habar sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň.
|
*********