1. Ses we harplar. 2. Çekimli sesler. 3. Ýogyn we inçe çekimli sesler. 4. Çekimsiz sesler. 5. Açyk we dymyk çekimsizler. 6. Dymyk k, p, t, ç sesleriň açyga öwrülişi.
7. Bogun. 8. Söz. 9. Baş harp. 10. Zatlaryň hilini aňladýan sözler. 11. Hereketi aňladýan sözler. 12. Sözlem. 13. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak. 14. Labyzly okaýyş üçin goşgular.
|
§ 9. Baş harp.
153-nji gönükme. Okaň we Orazyň ata-enesiniň, doganlarynyň adyny hem-de olaryň birinji harpynyň nähili harp bílen ýazylandygyny aýdyň.
Biziň maşgalamyz. Meniň kakam, ejem, we bir aýal doganym, bir agam bar. Kakamyň ady Aşyr. Ejemiň ady Enegül. Uly aýal doganymyň ady Maral. Agamyň ady Baýram. Meniň oz adym Oraz. * * *
154-nji gönükme. Suratlara degişli sözlemleri okaň we göcüriň. Olaryň adynyň, familiýalarynyň birinji harpynyň nähili harp bílen ýazylandygyny aýdyň.
155-nji gönükme. Okaň. Adam atlaryna degişjli edílen tapyp, depderiňize göçüriň we olaryň birinji harpynyň nähili harp bílen ýazylýandygyny aýdyň.
Biziň mekdebimiz iki gat jaý. Ol orän owadan. Onuň direktory Kakaly Nazarow. Mekdebimiziň gür bagy bar. Bagbanyň ady Çary. Çary aganyň agtygy Gözel ikinji klasda okaýar. Onuň mugallymy Maýa Gurbanowa. Biz öz mekdebimizi söýýäris. * * * 156-njy gönükme. Köp nokatlaryň ýerine öz garyndaşlaryňyzyň,dostlaryňyzyň adyny, familiýasyny ýazyň.
Meniň familiýam... Meniň adym... Meniň ejemiň ady... Meniň dostumyň ady... Meniň daýymyň ady... Biziň goňşymyzyň ady..., familiyasy...
Nokatlaryň ýerine ýazan adam atlaryňyzyň, familiýalarynyzyň birinji harpy nähili harp bílen ýazylýar? * * *
157-nji gönükme. Okaň. Adam atlaryny, familiýalary göçüriň. Merdanyň dosty. Merdanlaryň ýanyna täze goňşy göçüp geldi. Olaryň Pürli diýen ogly, Soňa diýen gyzy bar. Merdan Annamyradow Pürli Amanow bilen tiz dostlaşdy. Olar bile oýnaýarlar. goňşy
* * * 158-nji gönükme. Soraglaryň jogabyny depderiňize ýazyň. Adam atlarynyň, familiýalaryň aşagyny çyzyň we olaryň birinji harpynyň nähili harp bilen ýazylýandygyny aýdyň. Siziň mugallymyňyzyň ady we familiýasy kim? Seniň ýoldasyň ady kim? Mekdebiňiziň direktorynyň familiýasy kim? Nusga: Biziň mugallymymyzyň ady Nury, familiýasy Gurbanow.
* * * 159-njy gönükme. Şygry göçüriň. Adam atlarynyň aşagyny çyzyň.
Gardan adam. Ýasadylar gardan adam Döwlet, Çary, Sapar, Weli. Kellesinde gara telpek, Öz ýerinde aýak-eli. A. Mámmedow. Adam atlarynyň birinji harpy nähili harp bilen ýazylýar? * * *
160-njy gönükme. Okaň. Adam atlaryny, familiýalary hem-de olaryň birinji harpynyň nähili harp bílen ýazylýandygyny aýdyň.
Türkmenistán biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz. Onda öndürilýän pagta, çykarylýan nebit biziň uly baýlygymyz. Ussat pagtaçylar Jemal Durdyýewa, Myrat Bäşímow, Weli Gullyýew dagy pagta ekişine taýýarlanýarlar. Berdi Saryýew, Wolodýa Sarkisow, Anna Garlyýew, Ata Yaranow dagy gurluşykçy bolup işleýärler. Pagtaçy sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. Garaşsyz
161-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine familiýalary, adam atlaryny ýazyp, depderiňize göçüriň. Kakamyň ady..., familiýasy... Meniň familiýam... Meniň partadaş ýoldaşymyň ady..., familiýasy... Meniň dostum... gowy aýdymçy.
1. Adam atlaryny aňladýan sözleriň birinji harpy nähili 2. Adamlaryň familiýasyny aňladýan sözleriň birinji * * *
162-nji gönükme. Okaň. äher we oba atlaryny tapyp aýdyp beriň. Biziň ýurdumyzda Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy, Balkanabat, Türkmenabat, Daşoguz ýaly uly hem owadan şäherler bar. Her şäheriň golaýynda obalar bolýar. Biziň şäherimize Bagyr, Arçman, Astanababa, Gökje, Burdalyk, Gökýaýla obalaryndan myhmanlar geldiler. Şäherleriň, obalaryň atlarynyň birinji harpy nähili harp bílen ýazylypdyr?
163-nji gönükme. Göçüriň. Şäher we oba atlarynyň aşagyny çgyzyň.
1. Balkanabat, Büzmeýin, Aşgabat, Türkmenabat şäherleri demir ýoluň boýunda ýerleşýár. 2. Köşi, Gökje obalarynda gök onümler ýetişdirilýár. 3. Moskwa, Kiýew, Daşkent, Baku ýaly uly şäherlerde metro bar. Şäherleriň we obalaryň atlarynyň birinji harpy nähili harp bílen ýazylýar? * * * 164-nji gönükme. Nokatlaryň ýerine öz bilýan şäherleriňiziň we obalaryňyzyň adyny ýazyp göçüriň. 1. Meniň ... şäherini göresim gelýár. 2. Biz şu tomusda ... obasyna gezmäge gidýäris. 3. Sen ... obasyny gördüňmi? 4. Men ... şäherini halaýaryn. * * *
165-nji gönükme. Okaň. Şäher we oba atlarynyň birinji harpynyň nähili harp bílen ýazylandygyny aýdyň. Mary, Tejen, Daşoguz, Türkmenabat etraplarynda pagta kop ekilýár. Nohur, Deşt, Hojagala, Gerkez dag obalarydyr.
* * *
166-njy gönükme.Okaň we göçüriň. Şäherleriň we obalaryň atlaryny aňladýan sözleriň aşagyny Çyzyň. Türkmenistan öwletiniň paýtagty Aşgabat şäheridir. Aşgabat şäheriniň ýakyn yanynda Gökje, Gypjak, Bagyr, Köşi obalary bar. Mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy Gypjak obasynda eneden bolýar. Şäher we oba atlarynyň birinji harpy nähili harp bílen ýazylýar?
167-nji gönükme. Okaň. Şäher atlaryny biraýry, oba
atlaryny biraýry edip, depderiňize göçüriň. Mary welaýatynda Akybaý, Goňur, Garaýap, Çasgyn atly gowy obalar bar. Daşoguz şäherinden Gokçäge, Ataýap, Bedirkent, Aýbowur obalaryna awtobus bilen barmak bolýar. Siz Serdar, Büzmeýin, Balkanabat şäherlerinde bolduňyzmy?
* * *
168-nji gonükme. Okaň. Daglaryň we derýalaryň adyny aňladýan sözleri aýdyň. Serdar şäheriniň ilersinde Hazar dagy ýerleşýár. Balkanabat şäherine barsaň, Küren we Balkán daglaryny bilmeýán ýokdur. Pagtaçylar Murgap derýasynyň suwundan peýdalanýarlar. Daglaryň we deryalaryň atlarynyř birinji harpy nähili harp bílen ýazylypdyr?
169-njy gönükme. Göçüriň. Daglaryň we deryalaryň atlarynyň aşagyny cyzyň. Aşgabadyň ilersinde. Köpetdag uzalyp gidýär. Murgap, Tejen derýalarynyň boýunda pagta köp ekilýär. * * *
170-nji gönükme. Has gara ýazylan sözleri depderňize göçüriň. 1. Wolga uly deryalaryň biridir. 2. Garagum derýasynyň suwy Aşgabatdan gunbatarlygyna akýar. Kopetdagyň etegindäki obalar onuň suwundan peýdalanýarlar.
Göçürip alan sözleriňiziň birinj harpy näme üçin baş harp bílen ýazylýar?
171-nji gönükme. Atlaryny bilýän daglaryňyzyň,derýalaryňyzyň, şäherleriňiziň, obalaryňyzyň hersinden biriniň adyny sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň. Nusga: Men Etrek derýasynyň boýunda ýaşaýaryn. * * *
172-nji gönükme. Daglaryň adyny biraýry, derýalaryň adyny biraýry edip, depderiňize göçüriň. Türkmenistanyň daglary we derýalary. Türkmenistanda Balkán, Köpetdag, Köýtendag, Hasar, Küren, Soňudag ýaly daglar bar. Bu daglarda her hili guşlar, ýabany haýwanlar, mör-möjekler ýasaýarlar. Köp suwly Amyderýa Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň içinden geçýár.Sumbar, Etrek, Murgap, Garagum, Tejen derýalarynyň suwy halkymyzyň gowy ýaşaýşy üçin peýdalydyr. Daglaryň we derýalaryň atlarynyň birinji harpy nähili harp bílen ýazylýar?
* * * 173-nji gönükme. Aşakdaky sözleri sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň. Olaryň nämeleriň adyny aňladýandygyny aýdyň. gurban, meredowa, murgap, türkmenabat, köşi. Degişli atlaryň birinji harpynyň ýazuw düzgüni ýadyňyzda bolsun! Nusga: Gurban meniň dostum. * * *
174-nji gönükme. Göçüreniňizde, daglaryň, derýalaryň adyny aňladýan sözlerňi daşyndaky ýaýy aýryp ýazyň, olaryň ýazuw düzgünine üns beriň. (köýten, hasar, balkan) daglarynda süýji suwly çeşmeler köp. Derýalaryň suwy süýji bolýar. (wolga, dunaý, amyderýa, don) uly derýalardyr. * * *
175-nji gönükme. Suratlar hakyndaky ýazylanlary depderiňize göçüriň. Atlara hem-de itlere dakylan atlaryň aşagynyçgyzyň.
Haýwanlaryň atlarynyň birinji harpy nähili harp bilen ýazylypdyr?
176-njy gönükme. Göçüriň. Haýwanlara dakylan atlaryň aşagyny çyzyň. Çagalar oýnaýarlar. Meret bilen Illi dost. Bularyň güjükleri bar. Merediň güjiginiň ady Akbaý. Illiniň güjüginiň ady Ýolbars. Akbaý, Ýolbars çagalar bilen oýnamagy halaýar. * * * 177-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Haýwanlara dakylan atlary aýdyp beriň. Meniň Garagöz atly itim bar. Çopanlar Aždar, Akbaý diýen itlerini gowy gorýárler. Itler çopanlaryň dostudyr, olar goýunlary goraýar. Baýramçylykda at çapşygy boljak. Çapyljak atlaryň arasynda Meleguş, Dordepel, Ýyldyz diýen atlar hem bar. Haýwanlara dakylýan atlaryň birinji harpy nähili harp bilen ýazylýar? * * * 178-nji gönükme.Suratlar hakynda ýazylanlary göçüriň. Nokatlaryň ýerine özünizden degişli atlary tapyp ýazyň .
Adamlara, haýwanlara dakylýan atlaryň birinji harpy nähili harp bílen ýazylýar? * * * 179-njy gönükme. Hekaýajygy okaň. Öý haýwanlaryna dakylan atlary tapyp, depderiňize göçüriň. Aýlawda. Biz maşgalamyz bolup. aýlawa gitdik. Ol ýerde uly toý atçapyşygy geçirilýár. Bu gezek çapyşyga alty sany at göýberildi. Olardan pellehana ilkinji bolup Laçyn, ikinji bolup, Meleguş geldi. Soňky uzak aralyga çapyşykda Meleguş birinjiligi eýeledi. Ikinji ýeri Akdepel aldy. 1. Depderiňize göçüren atlaryňyzyň ilkinji harpy nähili 2. Pelechana sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.
180-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň nämäniň adydygyny we onuň ilkinji harpynyň nähili harp bílen ýazylýandygyny aýdyp beriň. 1. Aşgabat şäheriniň günortasynda Köpetdag seleňläp görünýär. Sumbar, Etrek derýalary az suwly derýalardyr. 2. Atanyň kakasy Çary obamyzyň belli seýsi. Onuň seyisleýän Garaguş, Meleguş atly atlary ýaryşda hemişe baýrak alýarlar. Men gezelenje çykanymda oz güjüjegim Aždary hem alyp gidýärin.
181-nji gönükme. Göçüriň. Haýwanlara dakylan atlary tapyp, aşagyny cyzyň. 1.Biziň daýhan birleşigimiziň Ýyldyrym, Garaguş 2.Petýa daýynyň Laýka atly tazysy bar. Onuň agtygy 1. Haýwanlara dakylan atlar nähili ýazylýar? 2. Tazy sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 182-nji gönükme. Aşakdaky degişli atlary sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň. baýramdurdyýew, aman, dordepel, akbaý. Nusga: Aman Baýramdurdyýew biziň mekdebimiziň ussasy. Bu atlar nämeleriň adyny aňladýar we olaryň birinji harpy nähili harp bílen ýazylmaly?
* * * 183-nji gönükme. Okaň. Her setirdäki atlaryň nämäniň adyny aňladýandygyny we olarň ýazuw düzgünini aýdyp beriň. 1. Aman, Annaýew, Jemal, Saparowa, Ogulnäzik, Meret. 2.Balkanabat, Kiýew, Mary, Bagyr, Aýböwür. 3.Gimalaý dagy, Pamir dagy, Kawkaz daglary, Ýeniseý derýasy. 4.Akmaýa, Ýol, Garlawaç - biziň obamyzyň gowy atlarydyr. 5.Ýolbars, Gaplaň, Akbaý goýun itleridir. |
*********