|
Derede bir güýçli güýçli ýolbars ýaşan.Ahyry
ol ýolbars garrap, awdan galan. Ol köp pekirlenip, bir ýol tapan : “ Garry ýolbars
syrkawlapdyr “ diýen habary ýaýradan.
Her hilli haýwanlar bu syrkawyň ýagdaýyny soramaga gelip başlan.
|

|
Tilki hem gelen :
- Ýolbars aga, ganymatmyzyňyz ? diýip soran.
Ýolbars :
- Tilki dost, sen näme daşda durýarsyň, ýanyma gel
- diýen.
- Ýolbars aga, seniň ýanyňa barýan yz bar-da,
çykýan yz ýok.Şonuň üçinşu taýdan sorap
hoşlaşaýjak diýip, tilki Jogap beren.
--------- -----------
Duşmanyň gülenine ynanma.
|
 |
Guýrugy gaýçy ýaly,
Özi-de öýçi ýaly,
Hälisi ýok şindisi,
Jaýymyzda jay ýasar.
Şar garaja ýylmanak,
Döşjagazy ak menek.
Hälisi ýok şindisi,
Çagalarna jibirdäp,
Iýim daşaýar zybyrdap.
Kowsaňyz uçar gider,
Öýňüzden göçer gider.
Ýakymly onuň ady,
Söýýär ol adamzady.
Ilmyrat Pudakow
|
------------- ---------------
Göwün bir çüşe,
Döwülse, ýama tutmaz.

|
Bir öwünjeň tilki : “ Meniň şu günler ylgasym gelýär “ diýen.
Tilkiniň bu sözlerini bir awçy eşidýär we ony tazysyna görkezýär. Tazy tilkä topulýär.
Tilki “ assa gaçan namart “ diýip gaçýar.
Şol wagt bir towşanjyk : Tilki aga, näme beýle gaty gidýärsiň? Örän ylgasyň gelipdir öýdýän ? “ diýýär.
|

Onuň soragyna tilki :
-- Wah, halym agyr-da, ylgaman nädeýin diýip,
bir sürene özüni atýar.
----------------- ------------------
Dek gezen dok gezer.

|
|
Kepderi
Kepderjigim sypanyp,
Darandan soň başyny,
Enaýyja garanýar
Töweregni, daşyny.
Dostlugyny bildirip,
Mygyr mygyr seslenýär.
Ganatlaryny gabardyp,
Oýnan bolupjyk çişýär.
Aman Kekilow.
|
------------------- ------------------
Altyn alma, alkyş al.
.
Gurbaga we içýän
( Erteki )
 |
Bir gurbaganyň ýanyna bir
Içýän gelip :
-- Gurbaga, gel, ikimiz dost bolaly diýipdir.
Gurbaga :
-- Bolýar diýipdir.
Soň bu ikisi barýarkalar, öňlerinden ýap çykypdyr.
|
|
Şonda içýän :
-- Gurbaga dost ! Men bu ýapdan geçip bilmen diýipdir.
Onda gurbaga :
-- Dost, men seni arkama alar-da geçiräýärin diýipdir.
|
|

|
Olar suwuň ortarasynda baranlarynda,
içýän gurbagany çakypdyr.
Gurbaga :
-- Ýeri, içýän dost, bu näme etdigiň ? diýip
sorapdyr.
Içýän :
-- Bu meniň kärim-dä diýip, jogap beripdir.
Gurbaga :
-- Seniň käriň şu bolsa, biziň hem seniň ýaly
„ dost „
üçin kärimiz şu diýip, suwa çümüp gidipdir.
Içýän bolsa suwa gark bolupdyr.
|
------------ --------------
Ýaman bilen ýoldaş bolsaň,
ýörän ýoluň ýitirer.
|