Amanyň ejesi :
-- Elyüwaryň aşagyndaky legen suwdan dolupdyr. Bar, şony dasaryk döküp
gel ! diýip, Amana yümüş buýurdy.Ýöne zagraraga dökeweri kösek !
Aman göwünli _ göwünsiz legeni alyp daş çykdy.
Gözedürtme garaňkylyk. Howa örän sowuk. Aman işikden ätledi-de :
“ Ejem nirä dökenimi garaňkyda görmez “ diýip, suwy döküp
göýberdi....
Hemişeki ýaly, ol irden portfelini alyp, mektebe ugrady. Şol wagt hem aýagy typyp,
diň arkan gaýtdy.Görse öten agşam suw döken ýeri eken.
Kasym Nurbadowdan.
|
---------------
-----------------
Ýakma bişersiň,
Gazma düşersiň.
 |
Gar ýagday-la, gar ýagday
Ýöne gar däl, nr ýagdy.
Akga Öwez hem Çary,
Gurtdur Durdymyradam,
Tokgalap akja gary,
Ýasadylar gar adam.
Soňra ony göterip,
Gül düýbünde goýdular.
Eljagazyna pil berip,
„ Bägül suwar „ diýidiler.
Gelsin, görsün bar adam,
Suw tutýar bu gar adam.
Elinde piljagazy,
Suwarýar piljagazy.
Ertir tutrup görseler,
Güljagaz suw içipdir.
Ýöne gar adam welin,
Gör, nirädir „ göçüpdir „ .
Ilmyrat Pudakow.
|
------------------
------------------
Köp bileýin diýseň az ýat.
|
Pasyllar we günler
Bir ýylda dört pasyl bar : gyş, ýaz, tomus, güýz.
Bir ýylda on iki aý bar : Ýanwar, Februal, mart, aprel, maý, iýün, Iýül, awgust, septembr, nowembr, dekabr.
Bir hepde-de ýedui gün bar : düşenbe, seşenbe, çarşenbe, anna, şenbe, ýekşenbe.
|

On iki dogan
On iki dogan - üc üçden bolar Üçüsy gyş aý,
Dört sany üçem Meňseşdir gaty Üçi ýaz aýdyr.
Göi tutuşyp ýör, Üç üçdan olaň Üç tomus aýy,
Aýrylman hiçem, Deň häsiýeti. Üçi güýz aýdyr.
Bol jigim olaň Güldürme ili,
Adyny sana, Ýalňyşyp ýöne.
Myratgeldi Söýegow
-------------- ----------------
Ýaz ýatan gyş aglar.
 |
Ýol hereketi
-- Maksat şu gün kino bileje gideli-le !
-- Bolýar, jigim ! ....
Iki dogan köçeden barýar.
-- Jygym, Myrat jan, ynha biz köçede,Hanha, seret, ýolçyrasy bar.. Onuň gözlerini görýärsiňmi?
Eger gyzyl ýansa, ýoldan geçmek bolanok. Sary çyra ýananda säginmeli .
Ine, ýaşyl çyra hem ýandy.Ýöne öňürtiçep tarapa ser edeli. Ä- hä, hiç hilli maşin ýok.ynha, ýoluň ortasy.Indi saga ser edeli. Sagda-da hiç hili ulag ýok. Onda biz arkaýyn geçinereli.
Düşündiňmi jigim ?
-- hawa.
-- Berekella ! .. Hanhada kinoteatrymyz.
|
---------- -------------
Ýedi ölçe, bir kes.
|