|
7. SADA WE GOŞMA SÖZLER 146-njy gönükme. Dik cyzygyň çep we sag tarapyndaky sözleri üns berip okaň we aşakdaky soraglara dilden jogap beriň
1. Dik cyzygyň çep tarapyndaky sözleriň her biri näçe sözden düzülipdir? 2. Dik cyzygyň sag tarapyndaky sözleriň her biri näçe sözden düzülipdir? 3. Demirgazyk, günbatar sözleriniň aňladýan manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.
147-njy gönükme. Sözleri okaň we bir sözden düzülen sözleri biraýry, birden artyk sözden düzülen sözleri biraýry göçüriň. Men, gül, gündogar, haly, günebakar, kitap, Ýer, Gün, Aý, Aýgül, günorta, kelem, kyrkgünlük, bäşdaş, kyrk, üç, üçburçluk, Sapar, Saparmämmet, tiken, demirtiken. Nusga: 1. Men, gül, ... 2. Gündogar, günbatar, ... Gündogar, günorta sözleriniň manysyny sözlükden öwreniiň.
* * * 148-njy gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsynyň sada sözdügini, haýsynyň goşma sözdügini aýdyň. Aşgabat şäheriniň günortasynda Köpetdag ýerleşýär. Aşgabadyň demirgazyk tarapyndan günbatara Garagum derýasy akyp ýatyr. Şäheriň töwereginde obalar, şäherçeler köp. Obalarda üzüm, kelem, sogan, käşir, hyýar, erik, alma ýaly gök we miwe önümleri ýetisdirilýär. Üzümiň gelinbarmak, halyly, akşekerek ýaly görnüşleri hem bar. Ýokarky hekaýajygyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň we oňa degişli aşakdaky başlanylan meýilnamany ýazyp gutaryň. Meýilnama: 1. Aşgabadyň günortasy. 2. 3. * * * 149-njy gönükme. Okaň we bulary nusgada görkezilişi ýaly ýazyp, depderiňize göçüriň. Ýaprak, üzüm, gülýaka, haly, başdarak, üç, almak, aýakgap, oklukirpi, günbatar, Akgül, garpyz, bäşbarmak, aýak, söz, gyl, gylguýruk. Nusga:
Göçüren goşma sözleriňiziň haýsy sada sözlerden düzülendigini aýdyň. * * *
150-njy gönükme. Aşakdaky sada sözleriň öňünden ýa-da soňundan degişli sözleri goşup, goşma söz ýasaň we olaryň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Myrat, gül, kyrk, Berdi, Gyzyl. Nusga: Myratdurdy akyllyja oglan. * * * 151-njy gönükme. Hekaýany okaň we goşma sözleri saýlap, depderiňize göçüriň. Nurmyrat aganyň dogany Amangeldi Gökdepeden Tejene göçüp gelipdi. Nurmyrat aga her ýyl cagalaryny alyp, Amangeldilere gezelenje gidýär. Olar kak dilip, toşap gaýnadyp, ýene Gökdepä, öz obalaryna gaýdýarlar. Mazaly bişen waharmanlaryň ysy bark urýardy. Orazgül ejäniň çagalary hezil edip begenýärdiler. Kak, toşap sözleriniň manysyny sözlükden öwreniiň. * * * 152-njy gönükme.Aşakdaky sada sözleri beýleki sada söze goşup, goşma söz ýasaň we depderiňize ýazyň.
Nusga: Gurbantaç,...
* * *
153-njy gönükme. Sözlemleri okaň we olardaky goşma sözleriň nähili sada sözlerden düzülendigini aýdyň. 1. Garrygala we Etrek etraplarynda naryň bol hasyly ýetişdirilýär. 2. Magtymguly türkmen halkynyň beýik şahyrydyr. 3. Toklutaý, garaguş, daşdeşen, gylguýruk, gyzylinjik, alahekek bular guşlaryň adydyr. * * * 154-njy gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleriň sada ýa-da goşma sözdügini aýdyň. BILBIL
Şygyrdaky Gün, hoş, guş sözleriniň öňünden ýa-da soňundan degişli sözler goşup, goşma söz ýasaň we depderiňize ýazyň. * * * 155-njy gönükme. Aşakdaky goşma sözleri okaň we olaryň her biriniň haýsy sada sözlerden düzülendigini aýdyň. Daşdeşen, gündogar, Meretdurdy, Enegyz. Ba goşma sözleriň her birine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. * * * 156-njy gönükme. Özüňizden on sany sada söz, on sany hem goşma söz tapyp, depderiňize ýazyň. * * * 157-njy gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleriň sada ýa-da goşma sözdügini, goşma sözleriň haýsy sada sözlerden düzülendigini aýdyň. 1. Türkmenistanda iň oňat hem süýji gawunlar ýetisdirilýär. Garrygyz, waharman, kyrkgünlük bular gawunlaryň görnüşleridir. 2. Biziň myhmansöýer halkymyz bar. 3. Balkanabat, Serdar şäherleri demir ýoluň ýakasynda ýerleşýär. 4. Sen älemgoşara syn etdiňmi? Gör, ol nähili owadan! 5. Amanmyrat, Ogulsona, Gurbantäç, Sapargeldi dagy ikinji klasda okaýar. 6. Meniň ejem aýakgap tikilýän ýerde işleýär. Myhmansöýer sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.
* * * 158-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Goşma sözleriň aşagyny çyzyň we olaryň nähili sada sözlerden emele gelendigini aýdyň. 1. Daýhan birleşiginiň orunbasary mekdebe geldi. Ol bizi ýowara çagyrdy. 2. Siz günortan nirede bolduňyz? 3. Amangeldi dagy demirgazyga tarap gidýän ýola düşdüler. 4. Biz geljek ýyl mekdebimiziň meydançasynda günebakar, mekgejöwen ekeris. * * * 159-njy gönükme. Bu sözleri nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň. Açar, kitap, orunbasar, ýolbaşçy, agaç, Herrikgala, geçiguş, gum, ýüzmek, agzybir, Ýolöten, gözbagçy, on, onýyllyk, dört, dörtburçluk, Aý, Aýdogdy, atmak, Daňatar, Gün, günebakar. Nusga:
Goşma sözleri düzýän sada sözleri aýdyp beriň. * * * 160-njy gönükme. Aşakdaky sada sözlerden goşma söz ýasap, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň. Demir, Myrat, Gün, daş, täç. Nusga: Bu ýerde demirtiken köp. * * * 161-njy gönükme. Sözlemleri okaň we goşma sözleri saýlap, depderiňize göçüriň. 1. Amangeldi meniň dostum. 2. Bedenterbiýäniň saglyga peýdasy köp. 3. Aýdogdy, Gündogdy, Annagurban, Amansoltan üçünji klasda okaýarlar. 4. Meniň daýym Köňeürgenç etrabynda yaşaýar. 5. Daşkömür ýeriň aşagyndan gazylyp alynýar. 6. Goýunlary gündogara tarap sürdüler. 7. Biziň mekdebimiz dokuzýyllyk. Göçüren goşma sözleriňiz haýsy sada sözlerden emele gelipdir? daşkömür * * *
162-njy gönükme. Özüiňizden bäş sany goşma söz tapyp, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň. Tapan goşma sözleriňiziň. nähili sada sözlerden emele gelendigini aýdyň. Nusga:Meniň Garagöz atly alaja güjügim bardy. * * * 163-njy gönükme. Sözlemleri okaň we ondaky goşma sözleri, olaryň haýsy sada sözlerden emele gelendigini aýdyň. Orazmyrat bilen Amangeldi ýaşytdaş. Olar dokuz ýaşynda. Bular üçünji klasda okaýarlar. Bu ikisi dost. Olar bir partada oturýarlar. Orazmyradyň Aýjeren atly jigisi çagalar bagyna gatnaýar. Olaryň terbiýeçisi Annagül Akmyradowa. Aýjeren akyllyja gyz. Ol çagalar bagynda öwrenýän zatlary barada gürrüň edip berýär. Ýazgynyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.
164-njy gönükme. Aşakdaky sada sözlerden goşma sözler ýasaň we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň. Gün, kädi, ýyllyk, burçluk, jöwen. Nusga: Mygallymymyz bize üçburçlugyň şekilini Çyzmagy tabşyrdy. Depderiňize ýazan sözlemleriňizdäki goşma sözleriň haýsy sada sözlerden emele gelendigini aýdyň. * * * 165-njy gönükme. Okaň we ondaky goşma sözleri saýlap, depderiňize göçüriň.
Biziň mekdebimizde kitaphana bar. Onda gowy, gyzykly kitaplar köp. Kitaphananyň müdiri Aýnagül Ýüzbaşyýewa. Men ýakynda ondan "Günebakar" atly hekaýalar ýygyndysyny okamaga aldym. Ýygyndydaky "Älemgoşar" diýen hekaýa maňa has gowy ýarady. Meniň dostum Atageldi bolsa ýygyndydaky "Mekgejöwen" atly hekaýany halapdyr. Göçürip alan goşma sözleriňiziň haýsy sada sözlerden emele gelendigini aýdyň. Älemgoşar, hekaýa sözleriniň manysyny sözlükden öwreniiň.
166-njy gönükme. Aşakdaky sada sözlerden goşma söz ýasap, depderiňize ýazyň. Oraz, Sona, bakar, batar, goşar, atar, dogdy, ýyllyk, güm, demir, Gün. Nusga: Orazgeldi, Orazmyrat, ... |