Barçalary agladan şol

Atçapar


Aýdogdy aga süýrgünortanlar öýüne dolandy.Gelse öýünde myhman bar ekeni.

Ol myhmanlar bilen saglyk-amanlyk soraşdy.Demlenip getirlen gök çaýy olaryň öňüne süýşürdi.Özem bir çäýnegi öňüne çekdi.Ara düşen dymyşlygy myhmanlar bozdy.

-- Aýdogdy aga armaweriň !

-- Bar bol oglum.Bi ýyl daýhan bolup,armasa bolar-da.Ỳogsada,ýigitler,menlik işiňiz bolsa aýdyp oturyň.Meniň-ä gürrüňim gutarmaz.

--Aýdogdy aga,habarmyzy aýtsak,özümiz-ä Kazy oýundan.Körpe inimiziň aýagyny duşmakçy.Şol toy sowar ýalym bagşy diýip gelşimiz.Sähet çopan diýseň,gumlular tanar!

-- Hoş habaryňyz bar eken.Allaberdi janyň aşygy diýseňizläň.gaty gowa, onuň başy dik bolsa mähetdel etmän toýa barar….

Gumlular gaýdansoň,üç gün diýilende Allaberdi öýe dolandy.Oglunyň salam berşinden gaty argynlygyny aňsa-da,Aýdogdy aga gelip-gidenleriň sargydyny bada-bat aýtdy.Allabardi çokaýynam çykarman düşegiň üstüne göwresini göýberdi.Ulydan demin aldy.

-- Kaka, toýam toýdyr weli,hany oraga haçan başlaly? Men-ä günde-günaşa ýolda. Öýe kömegim degenok.

--On-a gaýgy etme. Bagşy diýeniň il ogludyr.iliň ýumuşyna ýarasaň, ataňa-da kömek berdigiň bor.

-- Be… 

--Aý ogul, ene-ataň bir nydar eder-le.ýöne iki gözüň dört bolansoň, ýagday kynlaşaý

-masa ýaban ýatyp ýörmegiň bir hilli.Ana, şol gelne agyrrak düşäýbiridir.

-- Be, Kaka, şu diýNirä gitseň bile gitjek bolsaň ber habary.

-- Ogul, diňle,bir tymsal aýdyp berýin.Obada bir owadan gyz bolupdyr.Aýdym-sazyňam ölemen aşygy eken.

Ene-atasam gyzlarynyň häsiýetine belet bolansoňlar, gownüni ýykman, bagşa beripdirler.Näme,aý-günem geçip dur.Günleriň birinde ol gyz atasy öýüne görme-göreşe barypdyr.

Goňşy-golamlary üşüpdirler.Hal-ahwal soraşypdyrlar.Gürrüňden gürrüň çykyp giýewlerini sorapdyrlar. Adamsyndan içi tütäp duran gelin : Wax, jan doganlar,täzeden barmaly bolsam,bagşa-ha däl,bagşyly obda äre barmazdym.Diýipdir.enem,oglum,şol gürrüňden çekinmän duramok.Biziňem edinjek gelnimiz şeýle tetellilerden bolaýsa-ha , näbleýin-dä……

--Kaka,beýle bir gyz almarys başgalaram bar-la…

Kel bagşy toýa gitmek üçin irgözünden ýola düşdi.Ol 4nji gün agşamsy Kazyoýuna ýetdi.Sähet çopan,kel bagşyny hormatlap,bugurçyny özi çökerdi.Gadyrly salamlaşdylar.

-- Kel bagşy, adyň bilen aşnadyrys.Tamamy ödediň,berekella.Sag-aman geldiňizmi? Ahal illeri saglykmydyr?

-- Dogaý salam ýoladylar.

-- Iberen getiren sag bolsun,hany öýe gireliň,adamlar.Sazanda öňüni başla—Diýip,    

Sähet çopan sözüni soňlamanka,Kel bagşynyň gözi topbak-topbak oda düşdi.Ol gapdalyndakylara ýüzlendi.

--Adamlar,hol otlar öňem barmydy ýa-da……

Şol pursatam :

--Haý,atly atyňa atlanaweriň-how, ýagy çozandyr-la how—diýen howsalaly seslar ýaňlandy.

Her kim duran-duran ýerinden atlandylar.kel bagşam eli ýaragsyz bugurçysyna münüp olara goşuldy.name etjegini bilmän bugurçysyny iki tarapa säpjedip ýören Kel bagşy kelebiniň ujuny ýitirdi.Ol howatyrlanyp başlady: “ Wiý, meniň bolup ýörşimi.Meni bijalagaýda kim tanaýar.Hiç kim,galtamanlaryň başyny tapyp bilmezmikäm? Belki, tapsam, gürleşerin.Bolmanda-da elimde ýarak ýok “ diýip,ol bugurçysyndan syrylyp düşdi-de,onuň owsaryny başyna orap,eline dutaryny alyp, garaňkylygyň içinde gum depeleriň arasynda siňdi.Ol çetidir-sazaklara bukulyp, ýagynyň arasyna ýeteňkirledi.Kel bagşy emedekläp galtamanbaşynyň çadyryna girjek bolanda sakçy-

lar oňa ýapyşdylar.Ony süräp galtamanbaşynyň ýanyna alyp bardylar.eli dutarly adamy group, onuň gaşlary tapyşdy.

-- Bi, nämäniň alamaty!muny nireden tapdyňyz?

--Özi gelidi.

 --Özi…Kim borsuň,gürläp otur.

-- men-ä iliň bagşysy.

-- il diýýäniň kim?

-- Türkmen iliniň.

--Menem Türkmen däl.Maňa-ha sen tetelli bagşy Derek däl.Hany maksadyňy aýt.

--Men size töwella etmek üçin ýanyňyza gelşim.Nähak gan dökmäli diýjek bolýan.

--Nähak gan?Menem keýpine gan dökemok.Biz han adamlary.Hanyň buýrugyny berjaý edýäris.Janyňdan irmedik bolsaň,dutaryňy alda yzyňy ýel çalmanka şu ýerden göteril.ýogsa……

Kel bagşyny getirilşi ýaly südenekledip,çadyrdan alyp çykdalar-da,garaňkylyga iterip

Göýberdiler.Ol dutaryny gujaklap gum garbady.Näme etjegini bilmän,ýerinden galyp gözdürtme garaňkylygyň içinde gum depeleriniň arasy bilen ýene bugurçysyny göýberen ýerine geldi.Görse,ol janawar uly çetiniň pürüni iýip duran eken.Ol bugurçysyny çökerip mündi-de,tutuşlygyň iň gazaply ýerine haýdady.Gijäniň içinde kimiň-kimi urup-çapýanyny bilderenokdy.Gep-ün alaşar ýaly däldi.Kel bagşynyň uly ili bilen :

--Adamlar,uruşy bes edeliň.Öýlanip görüň.Kim bilen uruşýanyňyzy bilýärmisiňiz?

Diýip,gygyrasy geldi.Ỳöne näçe gygyrsada,ol göhi ýatyryp bilmejegine gözi ýetip, bolýan wakany doňan ýaly bialaç synlap durdy.Şol wagtam eli gylyçly bir adam onuň bugurçysynyň owsaryndan tutuklap ugrady.Kel bagşy zähresi ýarylan ýaly özüni çägä oklady.Görse,bugurçysyny idip barýan Sähet çopan bolup çykdy.Ol Sähdi garsa gujaklady.

--Sen meni bu garma-gürmelikde nädip tanadyň?

--Tanap-tanamaz ýaly senden başgalaryň ulusdan-kiçisi janlaryny halas etjek bolup iki ýana at salýarlar.Diňe sen janyňdan iren ýaly,bir ýerde butnaman duran.Heý,jeň wagtam beýdip durmak bolarmy?Hany yzymdan galma. Haý,diýmän ýowy gaýtarys.

Olar indi ýeňse berip başlady.bar adam sen bolduň.eýläk urundym,beýläk urundym, teý tapylmadyň.bir bolmasy iş bolýandyr öýdüp,gara janym galmady.sen meniň myhmanym ahyry…….

Duýdansyz dökülen ýagy daňa golaý ökje göterdi.Säher bilen Kazy oýunyň 7ýaşdan 70 ýaşa çenlisi ýow meýdanynda wepat bolanlary jaýladylar.

Ertesi Sähet çopan öz toýunyn ýasa öwürlenine axmyr çekip,soňuna çykyp bilmedi .

Ol ýas tutdy.Kel bagşynam zordan ýola salyp hoşlaşdy.

--Bagşy,sag-aman bar.nesip etse,ýene bir toý toýlarys…

ýasy wagty itleriň üýrüp başlanyny eşiden Juma çopan çäkmenini engine atyp ardynjyrap ,gapa çykdy. Bugurçysyny çökerip duranynyň Kel bagşydygyny tanap, allaniçiksi boldy.

--Bagşy,eýgilikmidir?

--Juma aga,başyň dik,malyň tükel oturanmysyň?

--Sen sorama,menem aýtmaýyn.

--Hany öýe baraly.Demiňi dürse.göwnüme bolmasa sesiň endiräp çykýan ýaly-da.

--Juma aga,ähtimal,sesimem,ýüzümem üýtgese üýtgändir.Iň gowsy,maňa nepesimi dürsär ýaly bir çäýnik çaý ber.Soň gören ahwalatymy gürrüň bereýin.

--Weý,bagşy çaýyňam gürrüňi bolarmy.

--Jiama aga,saňa ýalan,maňa çyn—diýip,çaý öňüne alan Kel bagşy gören wakasyny gürrüň berdi-de:

--Gören ahwalatymy dutaryň diline geçirmesem,ölsemem ýadymdan çykmaz.Häzir-

em ýüregim endiräp dur—diýidi.

…Kel bagşynyň dutary zarynlap başlady.Juma çopan mahal-mahal başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp :

--Bä, bä, şeýlemi, bolmandyr.gyrgynçylyk gursyn — diýýärdi.

Kel bagşynyň dutarynyň zaryn owazy bolsa gijäniň içinde gum depelerini elendirýärdi,çöle ýaň salýardy.Ahyry Kel bagşy ýüreginde dykyn alyp duran gam-gussany az-kem egisdim edip,ulydan demini aldy-da,zordan dillendi :

--Juma aga,siz şu sazy ilki gezek diňleýärsiňiz.özem wepat bolan şol gerçeklere ýadygär bolsun.Adyna-da “ Atçapar “ diýjek.

Ol ýene şol sazy gaýtalap-gaýtalap çaldy.

….” Atçapar “ sazy juda gaýgyl,hasratly bolany üçin bolsa gerek,soň-soňlar bagşylar ol saza “ Hüýrlukga – hemra “ dessanyndan, “ Aglaryn “ hem-de Zeliliniň sözüne  ýar senden diýen aýdymlary döredip biziň günlerimize ýetiripdir.


Ỳusup berdiýew