Gapy gezen gara däli gökleň

XIX – Asryň başynda Hiwa hany Amyderýadan ägirt köp meýdany suwlandyrmaga ýeter ýaly suw almaga başarýar.Hiwanyň töwereginde bolsa suw berseň gyzyl öndürjek mes toprakly ýerler näçe diýseň bardy.Hiwanyň mes topragynyň tarapyny ýetirýän bir gepem bar :

„ Mazarystanlygy suwarsaň, hakyt adam gögerýärmiş „

Ynha,şol gonamçylyga suw berseň adam gögerýän mes toprak, bol suw, ýöne daýhan bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok.

Hiwa hany Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni toplamagyň ugruna çykýar.çünki bol suwy ýerlikli peýdalanmak üçin uly-uly ýaplar gazmaly, ekin eker ýaly ýerler açmaly.Garaz,adam güýji näçe diýseň gerek.

Işçi güýjüni toplamak üçin MUHAMMED RAHIM han çar tarapa çapawullap başlady.

Ol töwerekdäki merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaýardy, daýhanlyga ýarajak adamlary hiwa sürgün edýärdi,ýesir alýardy.

Şeýle basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820nji ýyllarda boldy.Muhammed rahym han GARRYGALA hem ARKAç Türkmenlerini ýesir alyp Hiwa sürgün edip äkidýär.Som-saýak bolup Hiwa ugran halk gyzylbaş nowruzy günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar gatyşykly ýagyşyň içinden barýardy.

Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan, batyp-çommakdan, sowukdan ýaňa heläk bolýardi.Şol ýesirleriň arasynda beýik sazanda GARA DÄLI GÖKLEŇ  hem bar eken.

Biziň şu günlerki “ýandym “ ady bilen diňleýän sazymyz Garadäliniň ömür mukamydyr.çünki Ỳandym sazynyň 1 nji bölümi şol Hiwa sürüşligiň bosgynlygyň ,ahy-nalasyny suratlandyrýar.

Şonuň üçinem “ýandym “ diňläniňde, Han atlylarynyň halys tapdan düşen ýesirleri gamçylap çalt ýöretjek bolşy, batyp-çomup, ýykylyp-sürşüp barýan garrylaryň, gelin-gyzlaryň ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini gyýym-gyýym edýär.

Bu pajygaly ýagdaýy Garadäli öz sazy bilen beýan eden bolsa,Zelili şahyr ol uçursyz agyr ýagdaýy :

                                    Sürüldiler il barysy eňşeşip,

                                    Pyganyna daglar-daşlar gymşaşyp

                                   Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp

                                   Bulutlar durdular nala, Seýidi

ýa-da

                                 ýesiriň ilersi barypdyr Tähran

                                  Gaýrasy dolupdyr Hiwa Seýidi

-Diýip, suratlandyrýar.

Sazyň ikinji bölümi Garadäli gökleň Hiwada ýesirlikde çeken agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor düşüp, gapy gezişi hakynda

Ynha, şu ýagdaýlara salgylansaň “ýandym “ sazynyň birden döremän,köp ýyllaryň dowamynda kämilleşendigini göz ýetirmek kyn däl.

Döreýiş möwritini köp ýyllarda, köp wakalara bagly bolşy ýaly, sazyň ady hem dürli-dürlidir.Ilki başda sazyň ady ** Gara däli gökleňiň ýas mukamy ** bolupdyr.

Gara däli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir.

** Gara däli gökleň ** bolupdyr.Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil elegiýanyň taryxyndan bihabar kimdir biri,onuň plastinkada Gara däli gökleň adyna garaman ýandym diýip goýberipdir.

Bu elegiýa häsiýetli, Iňňän kämil aslyýetinde, uly göwremli eser Garadäli gökleňiň Ömür mukamydyr.