Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARDYR

BARDYR


Bimahal geldin  ýanyma,

Her bir başda ölüm bardyr,

Boýadyň gyzyl ganyma,

Ýalňyz  başda zulum bardyr.


Mert bolup, meýdanda ölseň,

Goç ýigidiň, gadryn  bilsen,

Ajal ýetip, ýalňyz  galsaň,

Aglap geljek kimiň bardyr?


Ýyldyz dagda kowup ýeten.

Ýaka birýan çalyp tutan,

Doganlyk wadasyn eden,

Görogly atly agam bardyr.


Gijeler dogan aý bolan,

Aty, esbaby şaý bolan,

Uruşda  müňe taý  bolan,

Aýsoltan diýen uýam bardyr.


Armanly öldüň,  Bezirgen,

Dogry gelseň, öter men gan.

Ganymlara  ahyrzaman,

Orta ýolda kazam bardyr.