Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARDYR

BARDYR


Gülaýym jan, Çandybiliniň,

Çar pasyl baglary bardyr.

Syýagatly, üsti garly,

Haýbatly daglary bardyr,


Biri-birine ulaşan

Bulaklary dolup-daşan,

Kükräp, bugra dek dalaşan,

Ýolbars, gaplaňlary  bardyr,


Ýigitleri içer  şerap,

Çişe sanjyp iýer kebap,

Otursaňyz  meýlis gurap,

Ajap gülzarlary  bardyr.


Çandybildir  merdiň jaýy,

Ýigitleri  bar sypaýy,

Görogly beg patyşahy,

Gaýym galalary  bardyr.


Perizatlar gezer her  ýan,

Göýä diýr sen hüýr gulman,

Ýigitleri derde derman,

Sen kibi ýarlary bardyr.


Garrylary öýde ýatar,

Ýigitleri ok-ýaý atar,

Gyz-juwanlar söhbet tutar-,

Zowky-sapalary  bardyr.


Bedewleri oýnap durar,

Çapylsa baýragyn alar,

Guş salsalar  awun awlar,

Awlakly  çölleri  bardyr.


Ärhasan diýr, ýagşy jaýdyr,

Aldyňda tylla  saraýdyr,

Agaýunus saňa gaýdyr,

Ajaýyp ýerleri bardyr.