Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GELINÇÄM

GELINÇÄM


Bir gözel alar men sen Öwez jana,

Toý şaýyny tutuň, tä men gelinçäm,

Bir habar iberiň,  şaga, soltana,

Bolsun gullugynda,  tä men gelinçäm.


Bir  habar iberiň Halap,  Şirwana,

Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana,

Günde kyrk guzyny çekiň bir ýana,

Iýsin goç ýigitler, tä men gelinçäm.


Bize duşman bolan Reýhan Arapdyr,

Pir bolmasa, merdiň, işi harapdyr,

Çişde kebap, pyýalada  şerapdyr,

Içiban mes boluň, tä men gelinçäm.


Görogln 'beg, sygyn kadyr suwhana,

Gyrat münüp, ylgar etsem her ýana,

Goý, görüpler bolsun bagry girýana,

Şaýyn tutsyn ilim, tä men gelinçäm.