Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HAL   ÜSTÜNE

HAL   ÜSTÜNE


Garşymyzda bir aý dogdy,      

Gutly  bolsun il üstüne.

Boldy  ajap zamanalar,

Gadam goýsun ýol üstüne.


Ter gunçaly gülleri bar,

Göz üstünde ýollary bar.

Bir  ajaýyp hallary bar,

Halyn goýsun hal üstüne.  


Bir gyz geledir  bezenip,

Dosty-duşmany   gözenip,

Gimza tygyny  gsenip,

Hülle geýr  şal  üstüne,


Ýaryň bagyna  gireli,

Bagyň güllerin  tireli,

Sen   gelmeseň biz  baraly,

Bar, çykyp dur, ýol üstüne.


Ýedi    ýyldyr  synam  dagly,

Pir ýolunda  boýnum bagly,

Nowhuruş oglan Görogly,

Bir Allah – Diýdi, döw üstüne.