Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

MAMA SENI

MAMA SENI


Çandybile alyp bardym,

Garyp görüp mama seni.

Haýyr edip, engam  berdim,

Erk etdim dükana seni.


Sen neçün meni zar etdiň?

Bir goç ýigidi har etdiň,

Gyratymny ebgar etdiň,

Tapmyşam pinhanda  seni.


Şümi saýryýan dilleriň,

Gyraty tutan  ellerin.,

Indi bent boldy ýollaryň,

Öldürin merdana seni.


Gyratymny nirde goýduň?

Tap  basym, deriňi  soýdum,

Gazap bilen gözüň  oýdum,

Hudaý urdy, mama seni.


Şatyr bolup ýoluň tusup,

Ganym bolup üstün, basyp,

Gulagyň, burnuňy kesip,

Ryswaýy-jahana  seni.


Görogly, tapdym geregim,

Indi sowady ýüregim,

Gyrat ganatym, diregim,

Şol ýetir mekana meni.