Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SÜRELI

SÜRELI


Seriňe döneýin, gul ýüzli peri,

Gel,  ikimiz zowky-sapa sureli,

Saňa  pida bolsun-bu şirin janym,

Gel, ikimiz zowky-sapa sureli.


Awazaňa  geldim  seniň gaýybana,

Ýakma yşk oduna, kylma perwana,

Bir geda eýleýip,etme diwana,

Gel ikimiz zowky-Sapa süreli.


Weýeňňama bardym Öwez jan üçin,

Gürjustana geldim Gülruh jan üçin,

Köp jepalar çekdim sen dek jan üçin,

Gel, ikimiz zowky-sapa süreli.


Görogly beg, sen sygyndyň awana,

Bil bagladym  bir ýaradan suhana,

Senden, menden bir at galsyn nyşana,

Ýar, ikimiz Zowky-sapa sureli.