Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

TÖWRIZ  GIDELI

TÖWRIZ  GIDELI


Gezeli, her ýan gezeli,

Ýör, Öwez, Töwriz gideli,

Ganymyň bagryn ezeli,

Tur, Öwez, Töwriz gideli.


Beglerim esräp joşanda,

Daglar gümmür-gümmürlendi.


Bu daglaryň deresinden,

Çyka bilmen arasyndan,

Il-ulusyň nalasyndan

Gökler gümmür-gümmürlendi,


Al şerap içip gananda,

Duşman ýüregi ýananda,

Görogly Gyrat münende,

Ýollar  gümmür-gümmürlendi.