Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAR-GÖRÜNER

ÝAR-GÖRÜNER


Goja daglaryň başynda

Lemmer- lemmer gar görüner,

Menin bu däli köňlüme,

Ala gözli ýar görüner.


Geldim dagdan aşa-aşa,

Söwer ýara duşa-duşa,

Ýar synaňda  goşa-goşa,

Gol degmedik bar görüner.


Almadym  ýaryň pendini,

Emmedim lebiň gandyny,

Çaprazly ýakaň bendini,

Açsam, goşa nar görüner.


Gyýylan galam gaşlary,

Pisse dahanda dişleri,

On sekiz örüm saçlary,

Syýa zülpi mar görüner.


Görogly aýdar, menem-menem,

Pany dünýäde mes gezem,

Jepaýy-jebrine dözem,

Dünýä göze dar görüner.